TÜRKMEN – HUPBULWATAN HALK / edebi filosofik söhbet
Göräýmäge, şol bir zatlar ýaly bolsa-da, türkmen ruhy gymmatlyklarynyň ulgamynda Watan we il-gün düşünjeleri aýry-aýry ruhy gymmatlyklardyr. Bu biri-birine juda golaý, dogan düşünjeleriň arasynda nähili inçe tapawut bar? Meniň pikirimçe, şol inçe, bitewülik hem birlik içindäki tapawudy nähili göz öňüne getirmeli?!
Il-gün – milletiň ruhy umumylygynyň we birliginiň ruhy keşbi.
Watan – şol umumylygyň we birligiň öz ýaşaýan wagtyna hem giňişligine bolan ruhy gatnaşygy.
«Watan» diýilýän düşünje millet daşyna ser salyp, toprak, daglar, derýalar we gaýry tebigy giňişlik bilen galtaşanda, ýüze çykýar.
Adamyň watany – onuň dogup-dörän, kemala gelen, ömür süren ýeri. Edil şonuň ýaly-da, milletiň millet hökmünde dörän hem ösen, örňän, güýç toplan, özüni görkezen giňişligi-de watandyr. «Gorkut atada» soň halkymyzyň gepleşik diliniň şahyranalygyna öwrülip giden örän süýji jümle bar: «Gözüm açyp görenim, göwün berip söýenim». Şu seýrek mähirli sözler, göwnüme bolmasa, ilkinji nobatda, watan söýgüsini aňladýan ýaly bolup dur, sebäp diýseň, adamyň gözüni açyp göreni, elbetde, onuň Watanydyr. Watan söýgüsini ata-babalarymyz hupbulwatan diýen düşünje bilen aňladypdyrlar.
Watan söýgüsi söýgüleriň soltanydyr, Çünki ol bakylyk bilen dahylly. Bu söýgi enä-ata bolan söýgüden, dost-ýara, dogan-garyndaşa bolan söýgüden başlanýar. Emma taryhy wagtyň uzaklygyndan garanyňda, bular, gynansagam, ötegçi närseler ahyryn. Emma Watan – bakylykdyr. Şonuň üçinem Watana söýgi bize bakylygy öwredýär.
Watansyz millet, milletsiz hem watan bolmaýar. Watan ruhy giňişligiň – milletiň fiziki esasydyr. Biri-biri bilen baglanyşykly «watan» hem «millet» düşünjeleriniň içki baglanyşygyny oňat göz öňüne getirmek üçin Dawut pygamberden galan bir hadysy ýatlamakçy bolýaryn.
Hezreti Dawut beýik Allatagala ýüzlenip: «Eý, Biribar, meni näme üçin ýaratdyň?» diýip sorapdyr.
Şonda Hudaý: «Men seni özüme gapdaldan seretmek üçin ýaratdym» diýip jogap beripdir.
Bu gysgajyk, täsin sowal-jogap «ruh» diýilýän hadysanyň düýp manysyny we maksadyny juda oňat açyp görkezýär.
Ruh – zadyň, ýaşaýşyň öz-özüni aňladyş usulydyr.
Millet – watanyň öz-özüni aňlaýşynyň ruhy usulydyr we serişdesidir.
Aýdaly, türkmen milleti Türkmenistan diýilýän ýurduň – şu daglaryň hem meýdanlaryň, çölleriň hem sähralaryň, derýalaryň hem deňizleriň öz-özüni ruh bolup synlaýşynyň usulydyr. Hut şonuň üçinem türkmen ýüregi mydama öz ontologik aslyna – Watana telwas edýär. Aýdylyşy ýaly, barça zatlar öz aslyna ymtylýar. Duýgynyň tene, pikiriň akyla, instinktiň endama ymtylyşy ýaly, ruh hem watany küýseýär.
«Watan» düşünjesinde türkmen ruhy özüniň absolýut gymmatlygyny aňladýar. Absolýut gymmatlyk bolanda bolsa biziň üçin serişde däl-de, hemişe ahyrky maksat bolup galýan gymmatlykdyr. Biz Watanyň nygmatlaryny öz ýaşaýşymyzyň serişdesi hökmünde ulanýarys. Emma watanyň özi ruhy gymmatlygynda galýar. Watan – alaga-da paýlaşaýar ýaly, Artygyň harmany däl, watan – üst-başyňa, iniňe, teniňe siňdirer ýaly maddy nygmat hem däl.
Watan – biziň ähli ýaşaýşymyzyň beýik ruhy esasydyr, ata-babalarymyzdan bize galan ruhy mirasdyr. Watan söýgüsi bolsa atalarymyzdan galan beýik mähir mirasydyr.
Biziň türkmenlerimiziň «ata Watan» diýen jümlesinde beýik ruhy-filosofiki many bar. Bu jümlede iki sany many gatlagy bar. Munuň özi, birinjiden, biziň Watanymyzyň atalarymyzyň watany bolandygyny aňladýar. Elbetde, manynyň şu birinji gatlagynda saklansaň, munda üýtgeşik bir ruhy filosofiýa hem ýok, bu ýerde diňe taryhy-durmuş jäheti bar. Emma bu many gatlagynda aýak çekmek – ýoluň ortarasynda, hamana, soňky menzile ýeten ýaly, aýak çekmeklige barabardyr. Könelerimiz «Ata Watan» diýenlerinde, Watanyň her birimize atadygyny, onuň barçamyzyň beýik ruhy hossarymyzdygyny nygtamak islän bolsalar gerek. Şu-da jümläniň esasy, ruhy manysydyr.
Emma sözüň hem düşünjäniň ruhy manysynda «Watan» diňe bir giňişlik däl, eýsem wagtdyr hem. Biziň ýaşaýan zamanymyz, döwrümiz hem biziň watanymyzdyr.
Döwür – watanyň içindäki watandyr. Eger ruhy giňişlik manysyndaky «Watan» millet ähli ötlem-ötlem nesilleriniň ruhy bitewüligini aňladýan bolsa, ruhy wagt manysyndaky Watan – şol nesilleriň biri-birinden tapawutlaryny aňladýar. Şonuň üçinem biziň wagt manysyndaky Watanymyz – bu beýik galkynyşlar we ösüşler zamanasydyr.
Wagt hem giňişlik jähetlerindäki «Watan» düşünjesiniň içki tapawudyna däl-de, eýsem bitewüligine üns bermeli bolsa gerek. Çünki Watan ruhy gymmatlyk hökmünde özüniň dolulygyny hem bitewüligini ruhy wagtyň we ruhy giňişligiň birliginde tapýar. Watan gymmatlygynyň döremegi hem milletiň aňyňa siňmegi üçin, bir tarapdan, taryhy hakyda gerek bolsa, beýleki tarapdan, milletiň belli bir giňişlikde mäkäm ornaşmagy, ýurt, mekan tutunmagy gerek.
Taryhy hakyda – wagtyň ruhy bitewüligini üpjün etse, belli bir mekan, ýurt hupbulwatan duýgysynyň we düşünjesiniň giňişlik esasy bolup hyzmat edýär.
Hakyda milleti wagt taýdan, mekan bolsa ony giňişlik taýdan ruhy bitewülige salýar. Şeýdip hem «Watan» diýen ruhy gymmatlyk – milli gymmatlyklaryň iň beýigi döreýär.
Watan meselesinde wagtdyr giňişligiň bitewüliginiň möhümligine çarwa medeniýeti bilen oturymlylyk medeniýetiniň aratapawudynda oňat göz ýetirip bolýar. Çarwalarda watan meselesinde şol iki möhüm tarap aýrybaşgalykda ýaşaýar. Şahyrana aýdylanda, çarwanyň watany ýanyndadyr. Şonuň üçinem çarwa hiç mahal watanyndan çykyp gitmeýär, ony ýany bilen äkidýär. Çünki ol belli bir ýurda, mekana baglanylan däldir.
Çarwa medeniýeti taryhy hakyda däl-de, durmuş tejribesine daýanýar. Çarwa medeniýetinde mazarystanlyk iň bir ähmiýetsiz zat hökmünde görülýär, sebäbi çarwa ata-babalarynyň mazaryna baglanyp oturyp bilmez, ol öz çarwa durmuş ýörelgelerini dowam etdirip, ondan-oňa göçüp ýörmeli bolýar.
Bir wagtlar «Watan nämeden başlanýar?» diýen sowal ýoň bolupdy. Bu gün şol ýoňly sowala şeýle jogap bermek isleýärin: – Watan mazarystanlykdan başlanýar.
Çünki ol hem adamy, halky bir ýere, mesgene baglaýar, mazarystanlyk arkaly adam öten nesiller bilen baglanyşykly bolýar, onda taryhy hakyda kemala gelýär. Türkmeniň mazarystanlyk bile baglanyşykly duýgularynyň hem düşünjeleriniň birgiden ulgamy hut şol hakykata şaýatlyk edýär. Her birimiziň ýogalanymyzdan soň, öz dogan-garyndaşlarymyzyň golaýynda ýatasymyz gelýär. Şeýle islegiň aňyrsynda ata-babalar bilen hem ruhy birlikde, hem fiziki birlikde bolmak ymtylyşy ýatýar. Ýogsa-da fiziki birlik, bitewülik hakynda, türkmen halk mifologiýasynda adamyň toprakdan ýaradylanlygy we topraga siňmelidigi baradaky rowaýatlar iň meşhur rowaýatlardyr. Köplenç şeýle rowaýatlar adamyň tebigat, zemin bilen baglanyşyklydygynyň teswiri hökmünde düşündirilýär. Muňa bütinleý ýalňyş diýip biljek däl. Emma dini-ruhy paýhasyň aýratynlygyndan ugur alsaň, bu ýerde fiziki däl-de, megerem, ruhy bitewülige yşarat edilýär.
Tebigat ylymlarynyň diňe soňky iki asyrda hakyky ösüşi başdan geçirendigini bilýäris. Ruhy ylymlaryň, ruhy dünýägaraýşyň hem dünýäni ruhy jähetden duýuşyň ösen döwürleriniň bolsa has irki wagtlara degişlidigini aýtmak isleýärin. Şu nukdaýnazardan seredeniňde, topragyň simwoliki, mifiki manysy şunuň ýalydyr: toprak, ýer – adamyň ýaradylan çig maly diýen düşünjeden-de beter ata-babalaryň mifiki mekany, ata-babalaryň ruhy manysyny berýär.
Gadymy oguzlaryň dünýäni üçe bölendigini, aşaky dünýä diýip, ýerastyna düşünendigini olaryň yslamdan öňki garaýyşlaryndan bilýäris. Munuň yzlary «Gorkut atada» saklanyp galypdyr. Eseriň on birinji boýunda Salyr Gazany gäwürler tussag edip, ýeriň astyna salýarlar. Şu ýerde oguzlaryň ýerasty dünýä baradaky düşünjeleriniň çeperçilik galyndylaryny görüp bolýar.
Watan – sözüň filosofiki manysynda ruhy wagtyň hem ruhy giňişligiň özboluşly suratda bitewüleşmegi we şol bitewüligiň milli röwüş almagydyr.
Watan biziň belli bir giňişlige ruhy gatnaşygymyzdyr. Geografiki, fiziki giňişlik entek öz-özünden watan bolup bilmeýär. Dünýäniň taryhy ýüz müňlerçe ýyllar bilen ölçelýär. Şonça wagtyň içinde şol bir daglarda, şol bir sähralarda dürli döwürlerde birnäçe milletleriň mekan tutanlygy düşnükli zatdyr. Emma olaryň hersiniň öz watany bolandyr, Çünki her bir milletiň özgäniňkä meňzemeýän öz milli ruhy bar ahyryn. Nemes filosofy A.Şopengaueriň filosofiýasynda şeýle bir düýpli pikir bar: «Men» – dünýäniň surata gelişi, dünýäniň hakykylygynyň, janlydygynyň ölçegi. «Men» bolmasa, dünýä-de ýok!
Elbetde, gürrüň adam şahsyýeti hakynda gidýär. Emma ony gylyny gyrman, tutuşlygyna milletiň şahsyýeti, milli «men» barada-da ulanmak mümkin!
Millet bolmasa, dünýä-de, has dogrusy, onuň dünýäsi-de ýok. Millet bolmasa, watan hem ýok. Çünki watan – milletiň dünýäni özüçe gurnaýyş prinsipi we onuň guran ruhy-maddy giňişligidir.
Watan bolmasa, millet hem ýok. Onuň deregine birtopar adamyň, mähelläniň bolmagy mümkin.
Watan hakyndaky bu pelsepäni mazarystanlyk, öwlüýäler bilen baglanyşyklylykda dowam etdiresim gelýär.
Öwlüýäler – türkmeniň geçmişde ruhy ýaşaýşyny kemal eden we ony dolandyran şahsyýetler bolupdyr. Milletiň ruhy diregi bolan ol ärler ýogalandan soň hem, olaryň mazarlaryna zyýarat edipdirler, olardan dalda hem goldaw gözläpdirler. Şonuň üçin hem mazarystanlyk hem «Watan» diýilýän ruhy düşünjäniň möhüm bir bölegi bolup durýar.
Adamyň ruhy kämilligi ölüm hakynda sagdyn, ruhubelent pikir etmekden başlanýar.
Millet bolsa diňe bir ýaşaýşyň däl, eýsem ölümiň hem özboluşly owadanlygy bar diýen pelsepeden başlanýar. Çünki beýik şahsyýetleriň mawzoleýlerini, aramgählerini owadan ymaratlar görnüşinde galdyrmak diňe bir sungat däldir. Olar arkaly millet özüni belli bir topraga örkleýär.
Türkmen milletiniň beýik ösüşleri gazanan döwri bolan orta asyrlarda beýik-beýik mawzoleýleriň gurulmagynyň şeýle filosofiki-ruhy esasy bar.
Arhitektura – bakylygyň suraty, sungatlaryň içinde iň bakysydyr.
Bina – ruhy bakylygyň maddy dilde iň şowly aňladylmasydyr. Sungatyň ähli beýleki görnüşleri wagtdan, birhili, gaçganaklaýan ýaly, onuň bile ýüzbe-ýüz durmaga ýöwselleýän ýaly görünýär. Ol sungatlar ruhuň has içki hadysalarydyr.
Bina – rehimsiz hem doňýürek wagt bilen Alynyň ala meýdanyna ýekme-ýek göreşe çykyp bilýän ýeke-täk sungatdyr.
Hormatly Prezidentimiziň şäher gurluşygyna, binaçylyga aýratyn üns berýänligini şeýle düýpli faktorlar bilen baglanyşdyrardym. Bu türkmen milletini täzeden döretmek ýaly düýpli hadysanyň çägindäki wakadyr. Elbetde, millet edebiýat, teatr, aýdym-saz, ylym arkaly-da öz ruhy barlygyny – Watanyny ykrar hem berkarar edýär. Emma sap fiziki wagt bilen ýüzbe-ýüzlükde ol diňe bina arkaly öz ruhuny maddylaşdyrýar.
Mawzoleý – wagtyň bakylyga öwrülýän ýeridir.
Göwnüme bolmasa, biz ýer astyna duwlan eziz adamymyzy mazarynyň üstüne gümmez galdyrmak bilen ony yzyna, ölümden ýene ýaşaýşa gaýtaryp alýan ýaly bolup durus. Şu manyda bina, beýleki sungatlardan tapawutlylykda, ölümiň ýöne bir sap ruhy däl, eýsem maddy ret edilmesi, fiziki dünýäniň öz dilinde ret edilmesidir.
Mamam pahyr biziň – agtyklarynyň olara edenini gaýtarmaýandygyny görende: «Sizden näme görjegim bar, ölemde, üstüme gümmez galdyrjakmy siz?!» diýip gaharlanardy. Beýle diýmek, indi düşünip otursam, maňa bakylyk hyzmatyny etjekmi siz diýen manyny berýän ekeni.
Ýadygärlik – ýada, hakyda salmak, ruhy bakylyk bermegiň bir usuly bolmaly.
Hakyda ýerden, ýere örklenmekden başlanýar. Milletiň ýere, topraga örklenmeginiň üç basgançagyny görkezesim gelýär.
1. Bendiwanlyk.
2. Dilbendilik.
3. Hupbulwatanlyk.
Muňa özboluşly suratda watan duýgusynyň hem düşünjesiniň, watançylyk ruhunyň kemala gelşiniň tapgyrlary diýip aýtmak mümkin.
Bendiwanlygyň sap maddy manysy bar. Adam özüni diňe maddy taýdan ekleýänligi, rozugärini üpjün edýänligi üçin belli bir ýere, topraga baglanýar, oňa bendiwan bolýar. Munuň hiç hili ruhy jähetiniň ýokdugynyň sebäbi – beýle örklülik hatda haýwanlarda hem bolup bilýär. Dilsiz-agyzsyz, ruhsuz mallar hem ot iýýän, aw awlaýan ýerlerine bagly bolýar. Emma adamyň topraga baglylygy bu tapgyr bilen çäklenmeýär. Adam öz topragyna ruhy – duýgusy hem ýüregi arkaly dahylly bolýar. Aýdaly, ol şu mähriban toprakda öz ata-babalaryny jaýlaýar, ony ömrüniň, duýgularynyň örki hökmünde aňlap ugraýar. Bu eýýäm dilbendilikdir. Dilbendilik hem entek ruhuň tene ýakyn pes derejesi – duýgy we endikler bilen baglanyşyklydyr. Haçan-da topraga gatnaşyk sap ruhy derejä ýetende, topragyny adam ruhunyň örki hökmünde, ykbaly hökmünde aňlanda, şonda hupbulwatanlyk başlanýar. Hupbulwatanlygyň manysyna Keminäniň şu pelsepesi arkaly has oňat düşünip bolýar:
Baýlar-a bähbidin arar, pukara – hupbulwatan.
Bu ýerde bähbit däl-de, sap ruhy gymmatlyk esasy orunda durýar. Keminäniň pukara diýýäni asla-da garyp-gasar manyda däldir, geçmiş ruhy durmuşymyzyň ölçeglerinde, pukara – ruhy şahsyýetdir. Pukaralyk – orta asyr türkmen ruhunyň dilinde zada mätäçlik däl-de, ruhy gymmatlyklara mätäçlik manysyny berýär.
Şeýlelikde, hupbulwatanlyk – ruhy düşünjedir. Ol watana bolan mähir gatnaşygydyr. Watan bolsa ýöne bir meni ekläp-saklaýan ýer däl-de, eýsem milletiň geçmişinden galan ruhy gymmatlyklary döredýän özboluşly ruhy giňişligidir. Adamyň ruhy şahsyýeti hem şol giňişligiň ölçeglerine laýyklykda kemala gelýär.
Türkmen: «Gawun gawundan reňk alar» diýip dünýäniň mana hem kemala gelşiniň içki tilsimatyny we pelsepesini açypdyr. Çöl ýerde ýaşaýan jandarlaryň endamynyň mele reňkde bolşy ýaly, otlukda ýaşaýanlaryň gök-ýaşyl reňk alyşy ýaly, adamyň ruhy milletiň ruhuna görä reňk alýar.
Reňk hem onuň bina bilen baglanyşygy hakynda. Türkmen mawzoleýleriniň gümmeziniň reňkiniň gök, asman reňkinde bolmagynyň bakylyk filosofiýasyna dahyllylygy bar. Mazaryň üstüne gümmez galdyrmak merhumy ýaşaýşa – gök asmanyň astyna gaýtaryp getirmegiň ruhy amalydyr.
Ýadygärlikler, mazarystanlyklar, ýatlamalar. Hupbulwatanlyk duýgusy şolar bilen galtaşanynda, ruhuň tygy kimin hasam ýitelýär. Kalbyň almaz kimin duýgy ýitiliginden hem ýogyny sozýan, inçäni üzýän bahar kimin duýgy inçeliginden süýji ejir çekýär. Şeýle ejirli hem mähirli hupbulwatanlyk duýgusy baryp-ha çagalykda, obamyzdaky Astanababa mawzoleýine her gezek baran çaglarymda kök urup ugran ekeni. Enem elimden tutup, keramatlynyň çaga gözüne has hem belent görünýän ymaratyna alyp barardy. Ýürek ol belentligi görüp, özüniň kiçiligine aglaýan bolmaly. Mawzoleýiň içi başga dünýädi. Piriň ruhuna sadaka berýän, ondan haýyr isleýän, dileg edýän adamlar ejizlerden däldi. Içi manydan doly pukaralyk ejizlik däldi, içi boş, palak tekepbirlik ejizlikdi. Mawzoleýiň diwarlaryna togap edýän, piriň ruhuna aýat-töwir okaýan adamlar juda bagtly adamlardy. Çünki olaryň ýüreginde – ynanç – ruhy direg bardy.
Haýwan görüp ynanýar, adam görüp, ynanmaýar, adam ynanyp, görýär.
Hawa, hawa, haýwan görüp ynanýar, adam bolsa görüp ynanmaýar, adam ynanyp görýär.
Ynanç adamyň jan gözlerini açýar. Adam ynanyp, eşidýär, ynanç adamyň jan gulaklaryny açýar. Ol jan gözlerini açyp, Watanynyň keşbini, didaryny görýär, ol jan gulaklary bile Watanyň owazlaryny eşidýär. Şeýdip hupbulwatanlyk duýgusy döräp hem örňäp ugraýar.
Mawzoleýden çykýarys. Enemiň ýüzi nurlanan hem manylaşan ýaly bolýardy. Bu belent ymarata girende bir oglanjygy yzyna tirkäp giren, çykanda bolsa indi başga bir oglanjygyň elinden tutup çykan enemiň keşbinde, hereketlerinde hem sözlerinde ata-babalarynyň öňündäki parzyny berjaý eden, nesilleriň öňündäki borjuny bitiren adamyň arkaýynlygy, öz-özünden razylygy bildirip dur. Meniň bolsa gözüm töwerekdäki tümmeklerde.
Oba ujundaky depe
Eýerlenen ata meňzär.
Şu ýerler-dä biziň watan diýenimiz! Ölüm sebäpli nesillerinden aýra düşen atalar ruh arkaly olara dolanyp gelýär. Astanababanyň seleňläp duran mawzoleýini görüp, soň-soňlar şeýle netijä gelipdim: ähli sungatlar bir ýaňa, ymarat – bir ýaňa.
Ähli sungatlar – dünýäniň düýşi,
Ähli ymaratlar – dünýäniň huşy.
Hupbulwatanlyk dünýäniň huşunda başlanyp, onuň hakykata berimsiz düýşünde we şol düýş bile dowam edýär.
Osman ÖDÄÝEW.
Filosofiýa