08:13 Uçuryma gidip barýas / satiriki hekaýa | |
UÇURYMA GIDIP BARÝAS
Satiriki hekaýalar
• Şondan soñ maña näme bolanyny özümem bilemok Çaýhanada "Şarp!.." diýen zarply şarpyk sesi eşidildi. Nardadyr, domino we kart oýnap hem-de özara gürrüñleşip otiranlaryñ ählisi sakga doñup galdy. Hemmeler ses gelen tarapa çiñerildiler. Urlup oturan iri süñkli daýaw pyýadady. Tersine, ony kötekläp oturan kelte boýly, hor we ejizje biridi. Daýaw adamyñ çep ýañagynda bäş barmagyñ yzy mesaña bildirip durdy. Hatda häzir polisiýa işgärleri gelse, onuñ ýañagyndaky barmak yzlaryndan şarpygy kimiñ berendigini anyklabam biljekdi. Çaýhanadakylar daýawyñ özüni urup duran kelte boýlyny aýak astyna alyp mazaly depgilär öýtdüler. Garaşylan çykmady. Gaýtam ol: - Arz etjek! - diýip zörlediberdi. Hiç kimden ses çykmady. Şapbat iýen durdy-durdy-da: - Hemmäñiz gördüñiz dälmi?!. - diýdi. Soñra ol boýy öz egnine-de ýetmeýän hor kişä tarap öwrüldi: - Ýör, polisiýa uçastogyna! Şarpyk uran oña jogap bermegiñ deregine, misli siñek kowalaýan ýaly elini ikiýana salgady-da, agzyndan birtüýsli ses çykardy: - Psssuurn!.. Şondan soñ daýaw dazanaklap daşary çykyp gitdi. Çaýhanada oturanlar bolsa oýnap oturan oýunlaryna we gürrüñlerine dowam etdiler. Az wagt geçenden soñ ýañky daýaw yzyna polisiýa işgärini tirkäp geldi. Ol hora barmagyny çommaltdy: - Ynha, şu! - Soñra ol oturanlary şaýat tutundy: - Bularam gördüler! Polisiýa işgäri hor bilen dawanyñ bolan ýerine iñ ýakyn oturan dört adamy polisiýa uçastogyna alyp gitdi. Polisiýa uçastogynda daýaw gyzyly öçmedik ýañagyny tutup: - Ýoldaş komissar, men bu adamyñ üstünden arz etjek, ol meni urdy. Bu oturanlaram gözli şaýat - diýdi. Komissar ilkinji nobatda üstünden arz edilen bilen arzaçynyñ, soñra şaýatlarynyñ şahsyýetini anyklady. Arzaçy özüne şarpyk bereni öñ tanamaýandygyny aýdýardy. Şaýat diýip getirilenlerem, biragyzdan: - Biz hiç zat göremzogam, bilemzogam - diýdiler. Arzaçy: - Şapbadyñ sesinem eşitmediñizmi? - diýdi. "Şaýatlar" hiç zat görmedigini we eşitmedigini aýdyp, bir depen ýerlerini depdi durdular. Kelte boýly hor kişi: - Hawa, men ony uranymy inkär edemok - diýdi. - Hakykatdanam men urdum. Komissar: - Näme üçin? - diýip sorady? - Arañyzda düşünişip bilmedik meseläñiz dagy barmydy? Ýa ol size hapa-paýyş söz aýtdymy? - Aramyzda hiç hili mesele ýok. Men ony öñ tanamogam. - Ýeri, onda nädip oña sataşyp ýörsüñ? - Düýn agşam işden soñ öýe gelemde, bir seretsem, togumyz kesilen eken. Toguñ puly tölenmedikdi. Gijäni garañkyda, toksyz, uklaman geçirdik. Üstesine ejemem iki ýyllap düşekde kesel ýatyr. Äñiniñ agyrysy köseýär biçäräni. Lukmanyñ beren derman-därisini atsa, biraz düzelişýärem. Hany, indi oña berilýän dermanlar barmy näme? Irden ýerimden turanda çep tarapymyñ ysmaýandygyny duýdum. Ýatýan otagymyñ äpişgesiniñ aýnasy üç aý mundan öñ döwülipdi. Indi oña oturmaga aýna tapamzok. Ahyryn äpişgä prostyn gerdim. Ýöne bulam peýda bermedi. Dañ atýança bir ýerde ýel bolsa, sowuk bolsa, barsy içerde. Çep tarapym doñupdyr. Bagyşlarsyñyz, ýerimden turşuma hajathana tarap ylgadym. Suw akanok eken. Daşarda bedreden guýan ýaly ýagyş ýagýar, içerde ýuwunara bir damja suw ýok. Yzyma otagyma girdim. Özümiñem endam-janym titreýär. Bize kömür paýymyzam berenoklar. Az-owlak odun alypdyk. Onam ýakyp gutardyk. Indi ýakmaga odun hem tapamzokdyk. Poçtalýon gazet goýup gidipdir. Her gün irden işe gitmänkä gazetlere göz gezdirip çykýan. Bir gazete seretdim: "Gözellik bäsleşigi", "Galatasaraý liganyñ çempiony boldy!", "Gümrükde saklanan 300 tonna kofäni näme ederlerkä?", "Abidin Dawer gämisiniñ borty kem-kemden çüýredi" diýen ýaly sözbaşylar bar. Daşaryk çykasym geldi. Ýañy çykyp barýarkamam ýerine ýetiriji suduñ işgäri bilen aklawjy gapyny kakdy. Kireý tölegini berip bilmändigimiz üçin jaýyñ eýesi bizi suda berem eken. Gelenler öýden tussag eder ýaly ibaly emläk tapmadylar. Men hiç wagt ýerine ýetiriji suduñ we emlägi tussag astyna alýan işgärleriñ öýüme gelmegini islemeýän. Çünki meniñ öýümde olaryñ çolpysyna iljek hiç zat ýok. Barybir özleri masgara bolarlar. Gelen aklawjy: - Şu diwany alaýaly! - diýip elini urandan, sandygyñ üstüne atylan köne-küşül jalbarlar, bölek-büçek matalar, ýyrtyk-yşyk ýorganlar orta döküldi. Adwokat bu gezek: - Radio! - diýip gygyrdy. Şu radio belasyny başymdan alsalar, menem dynsadym! Ol ýylyñ on aýyny abatlaýyş ussahanasynda geçirýär. Gydyrdanyp bar gazanan pulyñy radio bejeriji ussa berip gaýdýañ. Wah, bizi şu güne dalan radio dälmi eýse... Gapydan çykyp barýarkam aýalym: - Gyzyñ mekdebe gitjek däl diýýär - diýdi. - Nämüçin? - Bedenterbiýe mugallymy "şorti bilen krossowka geýip gelmeseñ sapaga salman" diýipdir. - Ýeri, ýeri... - Öýde zeýtun ýagy-da gutarypdyr... Özümi zordan köçä atdym. Işe-de gijä galypdym. Içimden "Bu günem galaýsammyja?" diýdim.. Ýagyşam depäñden guýup dur. Biziñ ýanymyzdan geçýän tramwaý gatnawyny-da kesdiler. Ýarym sagatdan bir awtobus gelýär. Hyryn-dykyn bolansoñ, oña-da müner ýaly däl. Deñäñden awtoulaglar zybyrt-zybyrt geçip durlar. Biri alaýyn diýenok. Köwşümiñ içem suwdan doly. Ýagyş edil bedreden guýulýan ýaly ýagýardy. Myžžyk boldum. Özümem ysytma tutan ýaly titreýän. Onýança bir ýaş ýigit ýanyma geldi-de: "Bagyşlarsyñyz, agam" diýdi. Ol menden wagtyñ näçe bolandygyny sorar öýtdüm. Gaýtam "Düýnki futbol duşuşygyndan habaryñyz barmy?" diýäýmezmi! Toba, estapyrylla!.. Dişimi gysdym-da ýolum bilen boluberdim. Soñ öñümden çykan çaýhanalaryñ birine sümüldim. Üst-başymdan yagşyñ suwy syrygyşyp durdy. Men çaýça çaý buýurdym. Garşymda bolsa, ynha, şu şarpyk çalan adamym gazet okap otyrdy. Men öz ýanymdan: "Bäý-bä, indi meniñ halym niçik bolarka? Soñumyz nirä baryp dirärkä?" diýip, oýa batyp otyrdym. Men oý-pikire çümüp otyrkam, bu adam gahar-gazap bilen elindäki gazeti zyñyp goýberdi. Soñam "Heýhat, ýurt uçuryma tarap gidýär!" diýip gygyrdy. Men ony özüm ýaly derdi başyndan agdyk biridir öýtdüm we özara söhbet edip derdinişeris diýen maksat bilen: - Näme boldy, byradar? Bagyşlarsyñyz, goşulýandyr diýip pikir etmäñ welin, nämä gaharlandyñyz? - diýdim. Ol şol gahary bilen: - Näme bolsun-aý! - diýdi. - Ýurtda ibaly emin galmandyr!.. Emin ýok, tohumsyz! Düýnki futbol duşuşygynda emin ýene tarapgöýlük edipdir... Şondan soñ maña näme bolanyny özümem bilemok. Walla, menem düşünmän galdym, ýoldaş komissar. Men şu ömrüme adam ogluna el galdyran adam däl. Göýä endamyma dag basylan ýaly zöwwe galdym-da, sag elimi salgap goýberdim we bu dikdüşdä şarpyk çaldym. Men urmadym diýemok. Şarpyk çalanym dogry. Ýöne men muny bilgeşleýin edemok. Walla, bilgeşleýin edemok. Bu maña bagly däl ýagdaýda bolup geçdi. Urmasyna urdum welin, gaýtam "häzir bu adam meni bir uranda ýere sokar" diýip gara janym çykdy. Emma nätjek, boljak iş boldy. Jenaby-Hak misli sag elime Rüstem Zal pälwanyñ güýjüni beren ýaly "şu dikdüşdiniñ ýüzüdir-dä" diýip, bir goýdum. Komissar şarpyk iýen daýawa alarylyp seretdi. Dişini gyjady. Ýerinden turan ýaly etdi-de, sag eliniñ aýasyny gaşamaga başlady we daýawa ýüzlenip: - Hany, bes ediñ indi, ýaraşyñ! - diýdi. Şarpyk iýen: - Ýok, yaraşjak däl! -diýip, tersine tutdy. Gahary gelen komissar, kömekçisine ýüzlenip: - Ýaz! - diýdi. - "Arzaçy "ýurt uçuryma gidýär" diýmek bilen ýurdumyzyñ bähbitlerine we hökümetimiziñ ruhy şahsyýetine..." - Ol ýene bir gezek daýawa tarap öwrüldi: - Hany, ýaraşyñ! Daýaw elini häzirem şarpygyñ yzy gitmedik çep ýañagyna gezdirip: - Ýeri bolýa-da, başlyk, ýaraşaýmaly bor onda - diýdi. Eziz NESIN. Terjime eden: Has TÜRKMEN. | |
|
Teswirleriň ählisi: 1 | ||
| ||