ÝESENINIÑ OBASY
Aý alma deý tänip, derýa gaçypdyr.
Derýa sähraň aýasyndan akyp dur.
Aý ýyldyzsyz gijä bergä batypdyr,
Gögüň ähli dükanlary ýapyk dur.
Sneginiň öýi agaryp ýatyr,
Akja guňa meňzäp, derýaň düýbünde.
Aý Ýeri emdirip, gabanyp ýatyr,
Galan ykballary, dünýäň düýbünde.
Gögi aýasynda saklap otyrlar,
Owadan derekler, goja sosnalar.
Bir şahyr ýetenok, waspyňy dire,
Bir didar ýetenok, eziz doslara.
Buthananyň zaňy zaňňyrdaman dur,
Aý nur bilen süpürip ýör ýollary.
Beýle yhlas bilen garaşylýanlar,
Ahyr bir gün gaýdyp gelýän bolmaly.
29. 07.1988.
■ MOSKWANYÑ KEPDERILERI
Moskwanyň ap-ak kepderileri.
Päklenip säheriň sergin demine.
Daranyp güneşiň parlak çygyna,
Iň owadan lybaslaryn geýine,
Bu mawy asmana çüykypdyr seýle.
Olaryň gözünde bedewlwer galdy,
Hem-de Moskwanyň ägirt didary.
Olar päk umyt deý gaýyp saýhally,
Jigeriň gaýnadyp, ýakyp didäňi
Täze gelniň depesinden seçilen,
Nogul deýin, al-asmanda gaýyp ýör.
Olar türkmen ruhunyň seçegin,
Moskwanyň dünýäsine ýaýyp ýör.
Olar misli, köňlümiziň buşlugy,
Hemem çyn dostlukdan zerreje perman.
Olar görýär munda çyn gardaşlary—
Hem bedewleň ýetip gelýänin görýär.
Moskwnyň akja kepderileri,
Uçuň, uçuň, buşluk bolup ýaýylyň.
Bu gün size geldik, yza gitmeli,
Ýüregmizde ýatyr buşluk paýyňyz.
30.07.1988.
■ TAŞLANAN RUS OBASY
Bu obada bedew alar kişňänok,
Bu obada omurlypdyr tamdyrlar.
Myhmangelip, arzylanyp düşlänok,
Bu obanyň päk umydy ýandyrlan.
Işikler jygyldap, el serip ýatyr.
Didara delmurup, bagry gijäp dur.
Tumşuklar mazara berlip ýatyr,
Gijeleň garasy, agy süýjäpdir.
Daňdanlaryň dmanyny tirenýok,
Owadan säherler ala boýalyp.
Hyrydarsyz galan owadan gyz dek,
Geçip durlar şo-ol uýalyp, uýalyp.
Ötenleň ruhy geçip gidipdir,
Bez-bez bolup, garaşmakdan, sabyrdan.
Olaň ýodalarna ot-çöp bitipdir,
Goýlan daşyn zeň iýipdir gabyrlaň.
Bu obada çagajyklar aglanok,
Sögüşenok, gülüşenok aýallar.
Işiklerde ajap atlar agnanok,
Munuň ýaly dert bermäwer, eý, Allam.
Bu obada bedewatlar kişňänok,
Sebäp onuň bar umydy ýandyrlan.
Yrsgal uçup, ýapylypdyr işigi,
Bu obada omurlypdyr tamdyrlar.
25.07.1988.
■ BERÝOZA
Owadan didaryň görüp begendim,
Ýürek Mejnun boldy, kalba sygmady.
Aşgabadyň ak deregne deňedim,
Meňzeşligiň duýup, inim dyglady.
Gyr atly ýigide ter çemen beren,
Ak meňiz gyz, gözi meňzeş asmana.
Kamaty ülgiňi alypdyň, hemem,
Dolanypsyň şelpewli ak desmala.
Hoşamaý galgadyp näzik gollaryň,
Rus mähri bilen egýärsiň başyň.
Garagumdan aryp geldik, golladyň,
Berýoza, garşyla, türkmen gardaşyň.
Garşyla bürgüt deý algyr bedewler,
Seň didarňa telwas bolup kişňeýär.
Şelpeleňden näzik mukam göterlen,
Gyzlaň didesinde tämiz çeşme bar.
Ýigitleň gözünde ýanyp dur ýalaw,
Her kim öz ýaryna deňeýär seni,
Ak berýoza, aýlanaýyn başyňdan,
Ýöri, biziň ile seýle gideli.
19.07.1988.
* * *
Mymyk şemal öwsen çagy,
Hüwdüle, uýam, bu topragy.
Goýnuňda esger mazary,
Hüwdüle, uýam, bu topragy.
Güneş nurun sepelände,
Yazlar süňňünde erände,
Asman gözýaşyn elände,
Hüwdüle, uýam, bu topragy.
Men saňa dogan diýeýin,
Zemine oýan diýeýin,
Enem yzlanda inerin,
Hüwdüle, uýam, bu topragy.
Boýnuňda tylla egmesi,
Leýlisaçlaryň jorasy,
Rusyň ak berýozasy,
Hüwdüle, uýam, bu topragy.
Men seniň göwnüň bolaýyn,
Men seniň höwrüň bolaýyn,
Dogan, eý, eziz doganym,
Hüwdüle, uýam, bu topragy.
■ WOLGA DERÝASY
Sen Russiýaň damary sen,
Oňa sözüm ýok.
Rus gursagynda seniňem janyň.
Hakyň nazar salany sen.
Saňa ölüm ýok.
Sen duýup ýatansyň meňem barýanym.
Sebäbi seň damaryňdan,
Ýüregime gan barýar.
Seniň mawy tolkunlaňda
Ganymyň reňki bar.
Çünki, agam, kyrk ýyl ozal
Duşmanlara ýan bermän,
Seň gujagňa özün urup,
Bizi goýdy intizar.
Aýdymlaňda ady bar oň,
Umydy bar möwjüňde.
Seniň bilen ýaşap ýör, ol,
Bir damjaňa öwrülip,
Ykbal oňa ýer bermedi
Garagumuň göwsünden,
Ejem welin garaşyp ýör,
Bize berip göwüllik.
Bu gün, ine, geçip barýar
Garagumyň gyraty.
Türkmeniň ýüregniň bagy,
Ilimiziň zynaty.
Janym agam, gal garyňa,
Gel, seni gujaklaýyn,
Sarsdy Wolgaň synasy.
Diýdim göze ýaş aýlap:
Men bir seni ýakmaýyn.
14.07.1988.
* * *
Seni deňeýärin döwletli töre,
Hemem nazy nygmat doly saçaga.
Sen pälwan deý ägirt, baş egýäň, ýöne,
Myhmana ýol goýýaň, köňül açara.
Tokaýlaň, bulaklaň asmanda eräp,
Gök hem eräp, seň gujagňe çümüpdir.
Agşamlarna Aý yşkyna sülmüräp,
Ýaşyl maýsalaryň bagty çüwüpdir.
Deriň ysy gelýär halal nanyňdan,
Säherleňden, uly gyzlaň deminden,
Ýigitleri artyk görýär janyndan,
Berýozaň deý näzik gyzlaň-gelinleň.
Biziň ilde „jennet ýaly' diýilýän,
Mawy sähraň ölçäp bormy hözirin.
Del seniň ter maýsaňa deginmän,
Gül-çeüegiň harlanmasyn, ezizim.
Eziz toprak, geçýäň diýme törüme,
Tez bedewme umyt besläp ýeteýin.
Togap eýläp gursakdaky köz bile,
Gel, seň derli maňlaýyňdan öpeýin.
11.07.1988.
■ MOSKWA
Ak arzuwdan doly seniň gujagyň,
Ak aýdymdan doly arzuw-umydyň.
Ak bagt geýip, äleme ýol açanym,
Moskwa, Moskwa, eý, parlak aýdym.
Aýyň nury bilen üwrelen meňziň,
Al öwser säheriň, gülgün daňyňda.
Dünýäniň ýüregi seň bilen urýar,
Keramat bar metjitleňiň zaňynda.
Dünýä saňaabakýar, senem, äleme,
Meňziň zyýaratdyr, didaryň dowam.
Her öüde bark urar gül-çemen, läle,
Iň ýagşy günleriň ertä rowan.
Dünýäň dynçlygynda seniň sesiň bar.
Sen dursaň dynç ýaşar her öý, her ynsan.
Meniň ýüregimde müň höwesim bar,
Eý, eziz Moskwa, gözel Moskwa.
Aýdymlaň eşretli, umydyň dury,
Seniň bilen bile bu bagtly eýýäm.
Sen meň umytlamyň gyrmyzy güli,
Eý, eziz Moskwa, men seni söýýän.
■ RUSSIÝANYÑ MAWY GÖZLI ASMANY
Russiýanyň mawy gözli asmany,
Meni göresiň gelýändir seniň.
Meňem seni juda göresim gelýär.
Russiýaň al ýaňakly lälesi,
Meni göresiň gelýändir seniň.
Meňem saňa atygsaýar ýüregim.
Rusyň jennet deý ýaşyl didary,
Tokaýlaň içinden akýan derýalar.
Meniň didelermiň hasraty-zary,
Ýüregimi üzüp-üzüp barýalar.
Ýaşyla boýalan käller, öleňler.
Seni gorap, atam ýatyr goýnuňda.
Barsam, tirsegine galar ölenlem.
Menden özge barjak ýokdur kowmunda.
Ruhuňda bardyr olaň ruhy,
Olar rus ýeri bolup ýatandyr,
Ýöne ýere söýmeýän men Rusy,
Atam ýatan ýerler, maňa Watandyr.
Şonuň üçin mawy gözli asmanyň,
Al ýaňak lälede bulduran ruh.
Seni söýüp, küýsäp, owsun atýaryn,
Hem seni bagryma basaýyn, Rus.
Russiýanyň mawy gözli asmany,
Russiýanyň mawy gözli gözeli,
Ezizim, garşyla, men saňa barýan..
■ RUS ZENANY
Sen Russiýaň uýasy sen,
Hem keramat nusgasy.
Kalpda jahan sahawaty,
Gözüňde rus nusgasy.
Dünýäni saklap duran sen,
Dünýä seniň eginleňe,
Labyryny atypdyr.
Eger sen bolmasaň,
Dünýä birçak weýran bolup giderdi.
Eý, mähriban rus zenany.
Sen ýazlary doguran,
Eziz rus enesi.
Ýagşylygy doguran,
Haýyryň näzik söýesi.
Rusuň derdimiz derdiň,
Bar şatlygýz seniňki.
Ýoksyrdaşyň, perzendiň,
Dünýäň lälesi seňki.
Dünýäň balasy seňki.
Dünýä gelip, başyn goýup dyzyňa,
Dynç alýa.
Älem gelip başyn goýup, uzuňa,
Ynjalýa.
Emma sen ýataňok, dynç alaňok sen,
Rusyň derdine gözleýäň melhem.
Rus ynç alýança ynç alaňok sen,
Agralýar aladaň. Agralýar gerden.
Rus dynç alýança dynçalaňoksen.
Eý, rus zenany. Eý zziz zenan,
Sen dirikäň rus bagtly, penaly.
Gel, men seniň gözleriňden öpeýin,
Eý, haýryň baýdagy. Rus zenany.
■ SEN MENIÑ UKRAINAM
Gyzgyn Garagumyň hamrak uýasy,
Eý, meniň Ukrainam, eziz doganym.
Yrsgalmyzy deň bölüşip iýeni,
Eý, meniň Ukrainam, eziz doganym.
Mawy gözleň bilenýaňagyň alyn,
Ýüregimiň gatlarynda aýanym,
Sen buýsançly umyt,,parlak hyýalym,
Eý, meniň Ukrainam, eziz doganym.
Tokaýlarňy esger bolup goradym,
Digaryňy dideleme soranym,
Seniň läläň ömrüm boýy soragym
Eý, meniň Ukrainam, eziz doganym.
Doganyň didary, doganyň zary,
Dogan mertebesi- dogan ykrary,
Sen türkmeniň aýrylmajak ykbaly,
Eý, meniň Ukrainam, eziz doganym.
Sahawatdan dolu gadamlaň eziz,
Seň kalby aýdymly adamlaňeziz,
Seniň deý gardaşy tapamok heniz,
Eý, meniň Ukrainam, eziz doganym.
Eý, meniň Ukrainam, eziz doganym.
Öňküden müň esse uzalsyn binaň,
Bagtyň, merdanlygyň ojagy synaň,
Türkmeni ezizläp, ýürekden sylan,
Eý, meniň Ukrainam, eziz doganym.
Seniň gyzgyn göýnuň edinip watan,
Topragňy ýassanyp, rahat ýatan,
Agalarym üçin tutýansyň matam,
Eý, meniň Ukrainam, eziz doganym.
13.10.1983.
Öwezdurdy NEPESOW.
Goşgular