21:30 "Ýüküm - söýgi" / hekaýa | |
«ÝÜKÜM — SÖÝGI»
Hekaýalar
Olaryň gugurdaşyp, biri-birine iň arzyly, iň muhabbetli sözleri aýdýandyklaryna men düşünýärdim. Olaryň ganat kakyp, towlanyşlaryna men düşünýärdim. Seret oňa, seret, olaryň biri öz agzyndaky şerbetli dänesini öz taýynyň agzyna tutýar, olam ony ýuwutmaga dözmän, ýene yzyna berýär. Olar şeýdişip durkalar, nepislik bilen gerilýän kümüşsöwgögüş ganatlarynyň perçin-perçin ak perleriniň hatary üýtgeşik bir dilde — heýkeltaraşlyk zybanynda ýazylan söýgi sözleriniň suraty ýaly. Ýok, ýok! Ol gerlen ganat-perleriň hatary roýalyň ak perdeleri ýaly. Olaryň göge galkyp, asmanyň mawy giňişligine hat ýazýan ýaly owadan hereketlerinden owaz tolkunlary ýaýraýar. Bu jübüt gögerçiniň söýgi oýunlarynyň soňy hökman höwürtge gurmagyň arzyly aladalary bilen dowam edäýmelidi. Elbetde, şeýlede boldy. Olar indi gözýetimde salgym bolup, gök öwüsýän, her ýerräkde biri oturan topbaktopbak ýylgynlara tarap ýazylyp gidýän bu sary giňişlikden — türkmen sährasyndan saýlapsaýlap, çeýe hem tämiz çöpjagazlary daşamaga başladylar. Olaryň dişläp, ynjytman alyp gaýdýan çöpjagazlary ýuwaşýuwaşdan ýumşajyk höwürtgä öwrülýärdi. Şeýle gözel ýaradylan bu jübütiň höwürtge ýasaýşyny göz öňüňe getirjek bolsaň, edil olaryň öz boluşlary ýaly, sözleri saýlapsaýlap, çöpläpçöpläp, ýerliýerinde goýmaly... Ýöne bu höwürtgäniň hemem bu höwürtgäni gurýanlaryň mundan buýanky ykbal nesibesi çylşyrymlydy, wakalydy, hikmetlidi. Häzirlikçe ony bu jübütem bilenok, hiç kimem bilenok. Ýöne, olar, honha, öý gurýarlar... * * * Uzak-uzak ýollary külterläp, kerwen bolup tirkeşip gelýän mähnet ýük awtoulaglaryň biri erbet silkindide, haşhaşlap, togtamak bilen boldy. Onuň öňünden hem yzyndan bile barýan ýoldaşlarynyň biriikisi togtady. Ulagyndan böküp düşüp, onuň ýanyna gelen sürüjiler awtoulagy birlaý gözden geçirdiler, o ýerinebu ýerine seredişdiler. Ölçeripdöküp, maslahat etdiler. Has öňden barýanlar bilen telefonda habarlaşdylar. Dogrudanam, şikes çynlakaýdy. Mähnet ýük ulagy eýesi bilen ýoluň gyrasynda galmaly boldy. Beýlekilerem ýuwaşýuwaşdan gitdiler. Osman ugrap barýan ýerinden ýolda galmaly bolan ýoldaşyna göwünlik berýärdi: — Temirbek, gaýrat et, garaş! Habarlaşar durarys. Yzdakylaram şu ýere gelip ýeterler, belkem, gerek şaýyň olarda bardyr. Bolmasada bäşalty gün bize garaşmaly borsuň. — Sag bol, gardaşym! Ýoluň ak bolsun! Garaşaryn... Köp ýyl bäri bir ýurtdan başga bir ýurda, bir ilden başgabaşga illere aşyp, «Wol wosy» bilen ýük daşaýan Temirbek bu uly ýoluň ýakasyndaky obanyň deňesinde, çaklaňja awtoduralgada munça günläp ýatmaly bolaryn öýtmändi. Nätjek-dä, üsti ýükli bu äpet ulagy tirkäp äkidibem boljak däl. Gerek şaýlar sargaldy, ýöne olar gelip ýetýänçä... «Gelip ýetýänçä garaşmaly, dost, başga alajyň ýok» diýip, Temirbek özözi bilen ylalaşýardy. Temirbekiň gyşyň aýazly günlerindede ýolda galan wagtlaram bolupdy. Ýone indi welin jöwzaly tomus günleriniň epgegi onuň jahyl bedenini hem kalbyny synagdan geçirýärdi, taplaýardy. Ol awtoulagyna dümtünip ýadanyndan soň, ýoluň gaýra ýüzüne, oba tarap geçip, ol ýerdäki dükançynyň ýanyna barýardy. ...Töwerekde mal bakýan oglanjyklaram onuň ýagdaýyny ataenelerine gürrüň berendirlerdä, olar Temirbeke agaran bilen çörek getirip berdiler. Bu mylaýym duýgudaşlyk oňa öz obasyny ýatladýardy. Çagajyklara pul uzatsa: «Gerek däl. Sag bol daýy» diýip gidiberýärler... Ynha, gadymy atababalarynyň ýurdy ony şeýle ýeňillik hem ýakynlyk bilen özüne imrindirýärdi. Oňa garry atasy, oglanka: «Oglum, türkmenler biziň dädebabalarymyzdyr» diýerdi. Ol öz ene diliniň kökleriniň şu ýerlerden başlanýandygynyda bilýärdi. Indi onuň özi Beýik Ýüpek ýolunyň täzeden dikeldilýän döwründe ýurtlaryň arasynda ýük daşaýardy. Ýurtlaryň arasyndaky şeýle hyzmatdaşlyga azajygam bolsa dahyllydygyna ol çyn ýüreginden begenýärdi... Ol heniz düýe çalyny içip görmändi. Agarany welin dadyp görmägede çekinýärdi. Berdimyrat dükançynyň ýanyna baryp: «Muny nädip iýmeli?» diýip soranynda, ol onuň elindäki tegelek çörekden bir döwümi bölüp aldyda, şakäsä batyryp: — Muny, ine, şeýdip iýerler, dost — diýip, agzyna oklady. Temirbekem onsoň onuň hereketini gaýtalady: — Şeýlemi?... Käse boşanyndan soň, doga okap, düýäniň piri Weýis baba degsin etdiler. — Sen garnym agyrar öýdüp, alada galyp ýörmegin! Il, gaýtam, aşgazany agyrsa, şu zatlary iýip gutulýar. Lukman Hekimden ölmeziniň öň ýany: «Siz gitseňiz, mundan beýläk biz sizsiz nädip oňarys?» diýip soranlarynda aýtmandyrmy, näme... — Ne söýlemiş, abi?! — diýip, Temirbek gyzyklandy. Berdimyradam gepi süýjütjek bolup, eýläkbeýläk ýöräp, barmagyny ýokaryk çommaldýar. — Bilýäňmi näme diýipdir? — Ne söýlemiş, abi? — Ol aýdypdyr: «Siz nämäni gaýgy edýärsiňiz? Siziň düýäniz bar ahyryn. Men gitsemem, düýe galýar ahyryn» diýipdir. — Maşalla! Wah, bizde şimdi düwe ýok. — Düýe ýok?! Baýbow. — Bolsada, azdyr. Men gideýin, abi. Sag bol! Gideýin öz «düwämiň» ýanyna. Ol, hakykatdanam, ýaban çöken düýe ýaly näçe gündür gymyldaman ýatan awtoulagyna tarap dolandy. Goýy gömgök iňrik, göýä — umman, haýbatly aw toulagam ak gämi ýalydy. Onuň üstünde meýdan kepderileri uçuşyp-gonuşyp ýörler. Temirbek gök deňizli Türkiýäni, dogduk Diýaryny ýatlap ýylgyrdy. * * * Telefon bir gowy zat. Ol ähli müşgil işleriň açary ýaly. Habaram gelip dur, gelmeli şaýlaram gelip dur. Kömege çagyrmaly bolanda ýigitlerem gelip ýetişýär. Şu gün, sekizlenji gün diýlende, Temirbek owal Hudaýy, soňam Dawut pygamberi çagyryp, awtoulagynyň açaryny towlady. Äpet ulag tarlap, çaýkanyp uly ýola çykanyndan, ol özüne penakär bolan oba hem täze obadaşlaryna tarap elini dyngysyz bulap hoşlaşdy. * * * ...Temirbekiň öňünden dosty Osman barýardy, yzdanam ýene iki sany ýoldaşy tirkeşip gaýtdy. Indi onuň ýüregi suwludy. Ýoldaşlary bilen bileje ýenede ýola düşüp di, şonuň üçinem keýpi çaglanyp, aýdyma gygyryberesi gelýärdi. Deňesinden ganat kakyp, deňje uçup gelýän goşa kepderä gözi düşenden, onuň has hem göwni açyldy. ...Ýörüň bile, biziň bile, Dönüm size, aý, dönüm size... ...Ýöne, näme üçindir, bu gök kepderiler ondan hiç galanokdylar. Olaryň uçuşam, birhili adaty däl ýaly, düşnüksiz. Halys golaý gelýärler. Kepderileriň biri has hem aljyraňňy ýaly, has janygýan ýaly. Ol aýlanypdolanyp, pasyrdap gelip, özüni tas aýna urupdy. «Kiş, janawar. Beýtmäweri, ajalyňa howlugýaňmy?». Temirbekiň sözlerini, hereketini olar asla duýmaýardylar. Gaýtam, wagt geçdigi saýy, olaryň howsalaly uçuşy hasam güýjeýärdi. Başda «Dönüm size» diýip, aýdyma başlan Temirbek «Dönüň yza» diýip ýalbaryp, aýdym aýtmaga başlady. Birdenem kepderiler sumat boldular. Dogrudanam, olar yza dönen ýaly boldular. Temirbek kellesini aýnadan daşaryk çykaryp, saçlaryny şemala ykjadyp, töwerege garanjaklady. Gapdal aý nadan yza göz aýlady. Kepderiler hiç ýerde görnenokdy. Indi ol azkem ynjaldy, sebäbi olaryň boluşlary boluş däldi ahyryn, olaryň pelesaň kakyşlary nämedir bir howply zadyň alamaty ýaly üýşendirijidi. Temirbek nämedir bir wehimli zady göwnüne getiren ýaly howpurgap, uludan dem aldy: «Estagfrulla!». * * * Esli menzilleri külterlänlerinden soň, uzagaraçylar dem-dynç almak üçin, gara ýoluň gyrasyndaky ýörite meýdançada saklandylar. Osmanam, beýleki ýigitlerem Temirbek bilen tirkeşip gaýdan kepderileri gören ekeni. Asla, olary, honha, ýene de görüp bolýar. Ikisem Temirbekiň ulagynyň üstünde joňkaryşyp otyrlar. — Bularyň nämehow?! Ýa şunça gün ýol ýakada galan çagyň bulary iýmläpsuwlap ekdi edäýdiňmi? — diýip, Osman Temirbeke kepderileri görkezdi. Ol kepderilere seredip, geň galdy. — Bular näme üçin meniň bilen tirkeşip gaýdyberdilerkä? Ol bir zatlary aňlajak bolýan ýaly, ýeňsesini gaşady. Awtoulagyň uzyn hem belent çeleginiň üstüne gonýan kepderileriň gugurdysyny diňläp ýatan gijelerini, gündizlerini bir pursat ýadyna saldy. «Şolardan bolmaly. Öwrenişäýdilermikä?!». Soňra usullyk bilen awtoulagynyň goşagoşa tigirlerine, ol ýerinebu ýerine sere dişdirip, töwereginden aýlandy. Biynjalyk bolar ýaly zada gözi düşmäninden soň, kürsülerini gurnap, öňlerine çaýçörek alan kärdeşlerine tarap ýöneldi. Awtokerwende Temirbekiň yz ýanyndan ýöreýän Polat oňa öz gören täsinli gini aýtmaga howlukdy: — Gel, Temirbek. Gel, gardaşym! Olar başda bir bölek bolup, bary yzy ňa düşüp gaýtdylar. Bijaý owadan boldy. Töweregiň durşuna kepderi. Seni dabara bilen ugratdylar. Soň olar ýuwaşýuwaşdan galýardylar. Şu ikisinden başgasy galdylar. Bularam uzak ýoldaş bolasy ýokla. Bularyň seni ugradyşy şeýle owadan boldy. * * * Kepderiler onuň awtoulagynyň depesinde ikibaka gezmeläp, töwerege how salaly garanjaklap, galkyjaklap ýördüler. Temirbek olara bakyp, az salym böwrüni diňledi. Soňam aýgytly bir pikire gelen ýaly, ulagyna çalasynlyk bilen mündide, gapysyny jarkyldadyp ýapdy: — Ýol bolsun! — Ömrüň bolsun! — Ýol bosun! — Ömrüň bolsun! ...Ýigitler ýola düşdüler. Jübütlerem olardan galmady. Kepderiler ýenede pelesaň urýardylar, ýenede bir ýerlere sumat bolup gidýärdiler. Ýolboýy olary synlap, biynjalyk bolup gelýän Temirbek indiki menziliň düşelgesinde olaryň syryny açdy. Onuň çak edişi dogry çykdy. Soňky sapar düşleşilende, ol Osmany, Serdary, Polady ýanyna çagyrdy. Awtoulagyň uzyn çeleginiň aşagyndaky demir gözenekleriň arasynda, örän ykjam ýerde gök kepderileriň höwürtgesi tegelenip durdy. Içindede iki sany naşyja gökdaş ýaly ýumurtga bardy. Temirbek kepderi diýilýän jandara örän beletdi. Olaryň jübütleşip, her üç aý dan bir sapar iki sany jüýjäni çykarýandygyny, şol iki jüýjäniňem galapyn biriniň jüýjehoraz, beýlekisiniňem mäkiýan bolup, uçurym bolýandygyny ol bilýärdi. Oglan wagty asmana uçurýan kepderileriniň alasmandaky oýunlaryny synlamakdan boýny ýadan mahaly köne kepderibazlardan öwrenen emelini ederdi. Ol ullakan legeniň içine suw guýardyda, suwuň ýüzüne suraty düşýän asmandaky kepderileriň oýunlaryna tomaşa kylardy. Hany, indi bu oýun nähili oýun boldy?! Bu tomaşany nähili çözmeli bolar?! Uzagaraçy ýigitleriň bu mesele baradaky maslahaty uzaga çeken dymyşlyk bilen başlady. Ilki bilen Polat hemmeler üçin düşnükli bolan pikiri aýtdy: — Nätmelidigi belli. Höwürtgäni usullyk bilen almalyda, hol, otçöpleriň arasynda goýmaly, wessalam... — Dogry, ýöne otçöpleriň dälde, hool, agajyň üstünde goýmaly — diýip, Osman onuň pikirine azkem düzediş berdi. Serdar dymýardy. Temirbekem dymýardy. Olaryň ikisem göçürilen höwürtgä kepderileriň hiç haçan gaýdyp barmaýandygyny bilýärdi. — Hany, ýöräliň. Görübererisdä — diýip, Temirbek mähnet awtoulagyna tarap ýöneldi. Göwnüne, indi onuň ulagynyň ýüki has agralan ýalydy. Ol örän ynjyk ýüki uzak menzile äkitmeli bolan ýaly duýgularyň girdabyna düşüpdi... ...Gapdaly bilen pelesaň urup, gaýyp barýan guşlaryň haly perişandy. Olar ýadaýar dylar. Olar aljyraýardylar. Şonda Temirbek ulagynyň badyny mazaly gowşadýardy, kep derilere çelegiň üstüne gonmaga maý berýärdi. Şeýdip, ýöräbermeseň, nätjekdä?! Bu boluşdan onuň özem ýadaýardy. Ol indi türk dünýäsiniň meşhur aýdymyna hiňlenýärdi: Daşlaramy döndi kalbyň, sen gelmediň... Guşlar ýuwa gurdy, sen gelmez olduň... Sen gelmez olduň, sen gelmez olduň, sen gelmez olduň... Onuň «Ýüküm — söýgi» diýen täze bir aýdym düzesi gelýärdi. Ýöne ol, arman, şahyr däldi. Ýöne ol bu aýdymyň şirin heňiniň öz kalbynyň jummüşindedigini syzýardy. * * * Indiki düşelgede üç ýigit eýýäm Temirbeke «Temir kepderi» diýip, ýüzlenmäge başlady, sebäbi indi olaryň ýoldaşy öz täze «ýoldaşlary» bilen gümrady. Ol ýaýbaň tabaga suw guýup, kepderileri suwa ýakjak bolýardy, çörek owuntyklaryny ýaňky tabagyň töweregine sepeläp, sykylyk çalyp, guşlaryny nahara çagyrýardy. Geň ýeri, olaram, gorkagorka, garaz, gelýärdiler. — Siziňem akylyňyz ýerindeow. Alaböle meniň ulagymy saýlaýşyňyzy. Anha, bulara ýoldaş bolan bolsadyňyz, baýbow! — Sen näme bizi olara ýamanlap otyrsyň? Birnäçe günläp duran ulagyňa harabadyr öýdendirler, janawarlar. Indem ýumurtgasy bar, nätsinler?! — diýip, Osman dostunyň ýanyna gelip çommaldy. Ara uzaklaşdygyça, meseläniň kynlaşjakdygyny dostuna ýatlatdy. Temirbek kepderilere seredip dymdy. Ol gussaly gözlerini uzaklara dikip dym dy. Gözýetimde daglaryň belent gerşine gyzylelwan reňk çaýyp Gün ýaşýardy. Kepderiler awtoulagyň çeleginiň aşagyna sümüldiler... Uzak ýolda kynam bolsa, Temirbek kepderilere görä hereket etmeli bolýardy. Ol, ýanyndakylar näme diýselerde, jogabyny nagt etdi: — Hemme zat gül ýaly bolar! Meniň ýüküm söýgi ahyryn. * * * Ençeme ýol geçip, öz dogduk Diýarynyň topragyna gadam basan Temirbekiň kalby giňäp, awtoulagynyňam ýüki has ýeňlän ýaly. Honha, ol dagyň belentliklerine sary uzaýan kötel ýollara, hamala ýüki ýok ýaly ýarmaşyp barýar. Onuň süýnmek ak ýük ulagynyň her gapdalyndan bir gögerçin tüweleý göteren gyýkyndy ýaly gaýdyrylyp, kä aşak, käte bolsa dik ýokarlygyna çawup gidýärdi. Hamala, kepderiler bu äpet ulagy ganatlarynda göterýän ýaly. Olaryň bolup barşy örän giň çarçuwa nagyşlanan surat ýalydy. Temirbek kellesini aýnadan çykaryp, garşydan gelýän ýolagçy ulaglaryň içindäkilere elini bulaýlap, salam berýärdi. Olaram nähilidir bir hoş habaryň bardygyna düşünip, onuň şatlygyna şatlanýandyklaryny aňladýan manyda gol bulaýlap, ulaglarynyň zoguny gygyrdyp geçip gidýärdiler. Ol bagtlydy. Bagtyýardy. Näme üçindir, ol basym hasam bagtly boljagyna ynanýardy. Ol «Ýukum — söýgi» aýdymynyň sözlerini gözleýärdi hemem özuniň şu bolup barşynyň şol aýdymdygyna duşunýärdi... * * * ... Aslynda, bu waka höwürtgäniň içindäki mawy ýumurtgalaryň gyzgyn mähirden soň, çatlap-çatlap, ýarylyp, içinden kepderi jüýjeleriniň çykyşy ýaly ajaýypdy. Ahmet HALMYRAT. | |
|
√ Mawy itiñ gözleri / hekaýa - 08.09.2024 |
√ Ynsap bizden aýrylmasyn... / hekaýa - 14.12.2024 |
√ Umyt – bu dem / hekaýa-esse - 26.01.2024 |
√ Ogry / hekaýa - 18.12.2024 |
√ Gürp / hekaýa - 08.09.2024 |
√ Çöldäki jaň sesleri / hekaýa - 06.03.2024 |
√ Kislowodskide bolan waka / nowella - 25.07.2024 |
√ Seniň baryňda / hekaýa - 11.10.2024 |
√ Nälerkerde / ajy hekaýat - 14.09.2024 |
√ Durmuş diýseň ajaýyp... / hekaýa - 15.08.2024 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |