20:00 Ýürege ýüzlenme | |
ÝÜREGE ÝÜZLENME
Menzilimiz — ynam, umyt, bakylyk, Ýeň bermek bolmaýar, ýetmeli pellä. Çünki ak ertirler berdi çakylyk, Sagymyz, solumyz, ýolumyz del däl. Duşýan şowsuzlyklaň bereli merkin, Ýolumyzdan ürküzmesin zenzele. Gowşama, ýüregim, gowşatma erkiň, Biz ir-u-giç ýeteris şol menzile. Haýyrdan, zyýandan paýymyz ýetik, Şujagaz ömürem köp zat öwretdi. Täze ýara alyp, könämiz bitip, Durmuş bizi ýara bilen höwür etdi. Ýat boldy ýakynlar, dost boldy ýatlar, Kösenip öwrendik ýaşamagy biz. Ykbaly ýyladýar gursagy otlar, Gursagy köz edip ýaşamaly biz. Söýgi bilen gazanylýar bakylyk, Ýöne olam mümkin diňe seň bile. Şonuň üçin düzüw Päli şa kylyp, Gel, howlukman, ýeteli şol menzile. Sapa HOMMADOW. | |
|
√ Sen nebisiň ýörtünden / Goşgular - 16.07.2024 |
√ Meniñ monologym / Goşgular - 01.01.2024 |
√ "Gelin jan..." / Goşgular - 26.03.2024 |
√ Owadan pyçak hakynda erteki / Goşgular - 09.04.2024 |
√ Pyglym harapdyr / Goşgular - 29.06.2024 |
√ Tumar / Goşgular - 24.05.2024 |
√ Döwür oýlanmasy / Goşgular - 22.06.2024 |
√ "Diýdiñ: Gelin bolup görkezeýinmi?.." / Goşgular - 14.02.2024 |
√ Я блондинка / Goşgular - 26.07.2024 |
√ Nesliň göterer / Goşgular - 11.06.2024 |
Teswirleriň ählisi: 1 | ||
| ||