ASAL ZYBANYÑ MEKANY...
Türkmen dili, onuň arassalygy, owazlylygy, şirinligi, mylaýymlygy barada oýlananyňda, milli mirasymyzyň gymmaty hiç wagt egsilmejek, asyrlary aşyp halkyň hakydasy arkaly Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüne gelip ýeten folklor eserleri hakda öňi bilen ýatlanylmalydyr. Çünki bu sadaja eserleriň dili halkyň kalbyndan syzyp çykan hakyky türkmen dili. Ata-babalarymyz, ene-mamalarymyz bu eserlere ýürek sedasyny, kalbynyň owazyny siňdiripdir. Halkyň taryhy başdan geçirmeleri, yrym-ynançlary, edim-gylymlary, däp-dessurlary, ahlak ýörelgeleri barada bu eserlerden isledigiňçe, maglumatlar tapmak mümkin. Bu eserleriň dili hem hakyky halkyň gündelik durmuşda ulanýan dili, her welaýatyň özüne mahsus bolan dil aýratynlyklaryna, ýagny ýerli gepleşikde häzirki günde hem ulanylýan sözlere bu eserlerde duş gelmek bolýar. Halk köpçüligi tarapyndan döredilip, geçmişiň ýaňyny häzirki döwre ýetiren halky eserlerde türkmen taryhyna, medeniýetine, sungatyna, diline degişli maglumatlar hem ýeterlik derejede gabat gelýär.
Türkmen halkynyň uzak asyrlaryň dowamynda kämilleşip gelen asal zybanyna degişli sözler käwagtlarda golýazmalara siňip, köplenç ýagdaýlarda bolsa, bagşylaryň döredijiliginde orun alyp, şirin mukama eýlenip, adamlara ruhy lezzet berip gelen nusgawy şahyrlarymyzyň döredijiligine-de aralaşypdyr. Türkmen halkynyň döreden gymmatly mirasy şeýle baý, aňyrsy-bärisi görünmeýän umman kimin hazyna. Ol baý hazynanyň içinde guwwas kimin ýüzmäge bizde mümkinçilik bar. Hormatly Prezidentimiz ata-babalardan galan baý mirasymyzy öwrenmäge, halka ýaýmaga giň mümkinçilikler döretdi. 2016-njy ýylda çuňlaşdyrylyp öwrenilen baý mirasymyzýurdumyzda kabul edilen Maksatnama laýyklykda, geljekde has hem düýpli öwreniler. Çünki mirasy öwrenmek we wagyz etmek işlerini alyp barmak barada 2016-2021-nji ýyllar üçin kabul edilen Maksatnamada aýratyn durlup geçilýär.
Geçmişde ar-namyslylygy, watansöýüjiligi, lebzi halallygy, sabyrly-kanagatlylygy, gaýduwsyzlygy, mertligi, ruhubelentligi bilen dünýäde meşhurlyk gazanan ata-babalarymyz söz baýlygynyň üsti bilen hem her hili ýaramazlyklara garşy göreşipdirler, adamlarda ýagşy gylyklary terbiýelemäge çalşypdyrlar. Olaryň ähli şirin söz baýlyklary ajaýyp pähimlere, nakyldyr atalar sözlerine, uzak ýyllaryň dowamynda timarlanyp, sünnälenip gelen halky eserleriniň läle, monjugatdy, hüwdi, toý aýdymlary ýaly dilewar gelin-gyzlar tarapyndan döredilen täsin bentlere, ertekidir rowaýatlara,matallara, şeýle hem, uly göwrümli dessandyr eposlara siňipdir. Nusgawy şahyrlarymyzyň baý döredijiliginden hem beýle ajaýyp sözleri isledigimizçe, tapyp bileris.
Türkmen halkynyň dürdäne paýhasyndan dörän bu hili eserler her bir döwürde-de adamzadyň kalbyny tämizleýär, olary halallyga gönükdirýär, ýol salgy berýär, azaşany dogry ýola salýar, akylsyza akyl berýär, bu dünýäde ýagşylyk edene ýalkaw, ýamanlyk edene zowal bardygy barada oýlandyrýar. Umuman, ata-babalarymyz söz sungatynyň ynsan kalbyna täsir edijilik güýjüniň uludygyna, ýaman sözleriň atylan ok ýaly täsir edip biljekdigine, ýagşy sözleriň bolsa ýag ýaly kalba siňip gidip biljekdigine göz ýetirip, ençeme öwüt-ündew beriji, dogry ýollary salgy beriji nakyllary, dürli aýtgylary döredipdirler. Olar durmuşda gören, başyndan geçiren wakalarynyň täsiri bilen döreden pähimlerini kem-kemden timarlap, gitdigiçe çeperleşdiripdirler. Söz, sözüň täsiri bilen dörän ata-babalarymyzyň, ene-mamalarymyzyň pähimleri siňen nakyllar sanardan kän. Olar bu günki günde ýol görkeziji şamçyrag bolup ýollarymyzy ýagtyldýar. “Tyg ýarasy biter, söz ýarasy bitmez”, “Seresap bolup sözleseň, dildir daşyň galasy, biseresap sözleseň, dildir başyň belasy”, “Ýerin bilip sözleseň, ýüzüň nury tükenmez, ýerin bilip harçlasaň, jübiň puly tükenmez”, “Ýaman dil dost ýitirer, ýagşy dil rahmet getirer”, “Edep başy – dil”, “Dagy-daşy ýel bozar, adam arasyny –dil”, “Hoşamaý söz süňk döwer”, “Dil – bela, diş – gala” ýaly köp sanly nakyllar ata-babalarymyzdan nesil dowamatlaryna galan gymmatly mirasyň ajaýyp nusgalarydyr. Mysal üçin, soňky nakylyň manysyny tirmekçi bolsak, geplejek gepiňi oýlanyp geplemelidigini, öňünden “Ýedi ölçäp, bir kesmelidigini”, ýogsa göwün ýykmagyň aňsatdygyny, ýerliksiz sözlenen sözden başa bela gelip biljekdigini, dişiň bolsa galadygyny, ynsanyň her hili kynçylyklara gabat gelende-de, dişini gysyp, sabyr-kanagatly bolup çydamalydygyny, “Sabyr düýbüniň sap altyndygyny” aňşyrýarys.
Elbetde, danalaryň aýdyşlaryna görä, bir göwün ýykmak Käbäni ýykan ýalydyr. Bu ýerde “Müň Käbeden ýegräkdir, bir köňül zyýaraty” (Ýunus Emre) diýen setirleri ýatlamak ýerliklidir.Bu ajaýyp ynsanyň ajaýyp sözleri ynsanlaryň biri-birine hoşamaý bolmalydygyny, diňe ýagşylyk etmelidigini, ýagşy sözli bolmalydygyny ýatladyp durýar. Birek-birege mähriban dost bolmalydygyny ýatladýan paýhas siňen nakyllar hem sanardan kändir. Dost dogruçyl bolmaly, ýamanyňam, ýagşyňam ýüzüňe aýtmaly. “Dost sözi ajydyr, baran ýerin öl eder, duşman sözi süýjüdir, baran ýerin guradar”, “Dost – ýüzüňe, duşman – yzyňa”, “Dostsuz – başym, duzsuz – aşym”. Beýle nakyllary näçe artdyrsaň, artdyryp oturmaly. Bulara halkyň şireli, owazly sözleri siňipdir.
Şu ýokarda agzalyp geçilen nakyllar türkmen diliniň şeýle şirinligine, owazlydygyna, çeperligine güwä geçýän delillerdir. Türkmen diliniň süýjüligi, ýakymlylygy, mylaýymlygy babatda näçe mysallar getirmek mümkin. Ylaýta-da, halkyň gymmatly mirasynyň esasy bölegi bolan, ajaýyp şygyrlary bilen halkyň kalbynda ýer eden nusgawy şajyrlarymyzyň döredijiligi şireli, gadymy sözlere baýdyr. Bu günki günde biz olaryň döredijiliginiň içine aralaşanymyzda, şeýle ýagdaýlara göz ýetirýäris. Ussat şahyrlar Andalybyň, Gaýybynyň, Magrupynyň, Şeýdaýynyň, Magtymgulynyň, Mollanepesiň, Keminäniň, Mätäjiniň, Zelilidir Seýdiniň we beýleki köp şahyrlarymyzyň döredijiliklerinde halkymyzyň asal zybanynyň döreden gymmatly nusgalaryna gabat gelýäris.
Türkmen şygryýetiniň taýsyz ussady, ylym atamyz Magtymguly Pyragynyň dil, söz, ony ýerini bilip ulanmak barada aýdan pelsepewi pikirleri sanardan kän. Magtymguly nesil dowamatlaryna märekede “ýa lal oturmagy, ýa dür saçmagy”, “özüňe söz nobaty ýetende geplemegi” öwran-öwran gaýtalap sargaýar. Käbir mysallara ýüzleneliň:
Parasat kyl, bakyp akla,
Goç ýigidiň sözün hakla,
Magtymguly, diliň sakla,
Nobat berilmegen ýerde.
Ajaýyp şygyrlarynyň käbirlerinde bolsa “sözläbilseň ýagşy sözlemegi” ündeýär. Şahyryň:
Öňüň gara, ardyň gözle,
Hoş sözüň diý, gahryň gizle,
Sözläbilseň, ýagşy sözle,
Halk ýamanyň bizarydyr
– diýen setirleri şu günki günde-de öwüt-nesihat bolup ýaňlanýar.
Oraz Aşyky halk nakylyny örän ýerlikli ulanyp, “Başa bela dilden geler, ýaman özün gözden salar” diýmek bilen, diliňe häzir bolup sözlemelidigini ýatladýar. Beýle mysallar iňňän kän.“Yşk mülküniň şasy” adyna eýe bolan Mollanesiň mysal alynjak aşakdaky ajaýyp setirleri türkmen diliniň şireliliginden, owazlydygyndan, iňňän baýlygyndan habar berýän bolsa gerek.
Guwandym reňňi-alyna,
Aldandym mekr-u-alyna,
Golun daldalap alyna,
Zülpleri şamarym geldi.
Şu mysal alnan bentde al sözi birinji setirde reňk (al reňk), ikinji setirde al-hile, üçünji setirde bolsa alyn-maňlaý manysynda gelýär. Şahyr bu goşguda sözleri şeýle ussatlyk bilen ulanmagyň hötdesinden gelipdir. Şahyr gyzyň saçlaryny şamara meňzedýär. Pederlerimiziň ulanyp, kem-kemden kämilleşdirip gelen çeper dili hem-de ýiti zehin bolmasa, şeýle ajaýyp bentler, çeper şygyrlar dörärmidi?!
Beýleki nusgawy şahyrlarymyzyň döredijiliklerinde hem ussatlyk bilen ulanylan sözler gymmat bahaly hünjidüzümini ýatladýar. Kemine şahyryň “Üç ýogyn, üç inçe, üç ak, üç gara, onki syn ýaraşar inçe bil bile” diýip, sazlaşdyryp ulanan tapmaça häsiýetli setirleri nusgawy şahyrlarymyzyň dile çeperliginden habar berip, şu günki günde hem ynsanlary haýran galdyrmagyny dowam etdirýär. Beýle setirleriň hemmesi hem mirasymyz, mirasa sarpa goýlup öwrenilse, bu setirler gymmatly, öwüt-nesihat beriji setirlerdir. Diýmek, halk döredijilik eserlerine, nusgawy şahyrlarymyzyň döredijiligine siňip, nesillerden-nesillere geçip, Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüne gelip ýeten dil baýlygymyz terbiýäniň gönezligidir. Asal zybanymyzy aýap saklap, gitdigiçe kämilleşdirip, geljekki nesillerimize kämil görnüşde ýetirmek üçin çalyşmalydyrys. Bu asylly işde mekdep mugallymlarynyň bitirip biljek işleri kändir. Muňa biziň Watanymyzda giň mümkinçilikler bar. Diňe şol mümkinçilikleri ýerlikli peýdalanmagymyz gerek. Alnyp barylýan işleriň sakasynda duran hormatly Prezidentimiziň jany sag, işleri rowaç bolsun!
Gurbanjemal Ylýasowa,
TYA-nyň Milli golýazmalar institutynyň esasy ylmy işgäri, filologiýa ylymlarynyň kandidaty.
Türkmen dili