AÝDYLMADYK SÖZLER
Rahman giç öýlänler ajy gök çaýdan kemsiz ýetirip, işine ugrady. Ýöne onuň gül açan keýpi uzaga çekmedi. Kimdir biri onuň suw tutýan atyzynda hysyrdanyp ýördi. «Baý, inim, seniň köpbilmişdigiňi» diýip, ol närazylyk bilen başagaý bolup ýören ýigide seretdi.
– Bilýän-le, turba oturdýansyň. Baryny goparyp zyňaryn häzir. Goý, şolardan peýda görýän özüň bol. Günde iki normany güzledip durkam, seniň turbaňy başyma ýapaýynmy men.
Şol pikirler bilenem ol atyzyň gyrasyna gelip saklandy. Birdenem Rahman gözlerine ynanmajak boldy.
Döwlediň turbajyklary oturdan hatarlaryndaky joşgunly suw kadalaşypdy. Şeýle-de bolsa batly akan suwuň zarbyna keşler tes-tekiz bolupdy, gowaçalar düýplerini saraldyp ýatyrdylar. Heniz turbajyklaryň oturdylmadyk hatarlarynda bolsa suw gowaçalary bokurdaklaýardy.
Döwlet turbajyklary oturdyp, suwuň akyşyny peselden dessine pilini göterdi-de, özüniň suw tutýan atyzyna tarap ugrady. Muny gören Rahman seslenenini-de duýman galdy.
– Hany, aýak çek.
Ol weýrançylygyň bolandygy mesaňa bildirip duran atyza seredip, Döwlediň ýanyna bardy. Näme etjegini bilmeýän ýaly, kürtdürip durşuna maňlaý derini süpürdi.
– Hany, çilim bersene.
Rahman çilimini elinde saklap durşuna, Döwlediň yzyndan uzak wagtlap seredip, soňam aýdyp bilmedik sözüne gahar edýän ýaly çilimini pyzyp goýberdi-de, pilini göterip atyza ugrady.
1979 ý.
Osman ÖDÄÝEW.
Hekaýalar