22:06 Dawudyñ mynajatlary | |
DAWUDYÑ MYNAJATLARY
Goşgular
1. Bagtyýardyr gatnamaýan Mekirleriñ geñeşine; Galplar bilen oturmaýan, Goşulmaýan şer işine. Diñе Hakyñ kanunyna Baglaýar ol öz erkini. Diña şol ýakýar janyna. Miweli agaç deý ösen Meýdanda - çeşme başynda, Dogruçyl kişi güýç alýar Haýyrlaryñ gözbaşyndan. Mekirlerden hem galplardan Soñra galmaýar nam-nyşan. Olaryn küli öwüsýän Güýçli ýellere bolýar şam. Kyýamat toýdur päk kişä, Ýamana ahy-pygandyr. Ýagşylaryñ işi güllär, Ýamanyñ işi weýrandyr. 2. Ýa, Ýaradan! Hemişelik Çykaraýarmykam ýadyñdan? Ýüz öwürýärsiñmi menden, Kowýarsyñmy öz ýanyñdan? Ýüregim sanjarmy uzak, Kalbym kän bihal bolarmy? Ganym duşmanym üstümden Kän hahaýlap gülermi? Ýa, Hudaý! Meni halas et, Güýç-kuwwat dileýän Senden. Diýmesin ganym duşmanym: "Geldim onuñ hötdesinden!" Görüp ýesir düşenimi, Ýaman galmasyn begenip! Halas eýle, agyr-agyr Azaplara dözme meni! Meni halas et. Üstüme Özüñ bol mydama pena. Beren nygmatlaryñ üçin Ederin kän hamdu-sena. 3. Ýürekleri däliränler Hudaýy edýärler inkär, Bikanunlyga ýar bolup, Haýry saýmaýar olar kär. Hudaý bolsa gözleginde Özüni gözleýänleriñ. Haýyr iş edýän kişi ýok, Zalymlar tutdy bar ýeri! Haçan günä ulaşanlar Gazabyñdan geler dada? Bizi gemirýärler dynman, Hudaýy salýan ýok ýa-da. Ähli ýer gorkudan doly, Gorkynyñ ýok ýerinde-de Adam öz-özüni aldap, Gorkup başlaýar özünden. Halas etjek barmy bizi, Kimden ýeter haýyrly paý? Bendesinden etme tama, Bize erk berjek täk Hudaý. Ýaradan, Saña känden-kän Aýdarys biz hamdu-sena. Şatlanar Ýakubyñ ruhy, Izrail gol götär sema. 4. Hudaýym, höküm et, ýalka, Saña tabşyrýan özümi. Kesekidir güýji zoruñ Ýüregine guý sözümi. Çünki olar ýüregimiñ Gyrýarlar ganat-perin. Bardygyñy añmaýarlar, Bilmeýär olar ederin. Hudaý maña berýär ýardam, Onuñ bilen aman serim. Tämiz hakykaty bilen Ýok edýär olaryñ şerin. Ýalñyz ýürekden syzdyryp, Oña dogada bolaryn. Ýamanlara, zalymlara Men ýagşy nazar salaryn... 5. Hudaý ýamanlara jeza Berýär. Kalbym syzýar - bu hak. Hudaýym, çekinmän, saña Gör, tekepbir atýar şyltak. Gaýypdan garap Zemine, Bu ýagdaýa bir alaç tap. Şöhratyñ hem şanyñ bilen Onuñ ulumsy gözün gap! Hudaýym hilegär şeýdip Duwlanar ýörmi ýalana? Günäsi bilen öwünmek Haçan dert boljak ýamana? Seniñ bende-gullaryñy Gandallap goýdular tümde. Seniñ ýaradan dünýäñi Gana gark etdiler günde. Ötegçini öldürdiler, Dul aýaly-da bogdular. Olar Seniñ bardygyña Ynanmaýandan boldular. Akylyñyza aýlanyñ, Ol - dünýäniñ hökümdary. Ol bilip dur aklyñyzda, Kalbyñyzda näme baryn. Onuñ müdimi şanynyñ Ýalkymyna galyñ siz geñ. Dirikäñ jezañy çekmek Bolanyñdan gowudyr teñ Girip topragyñ astyna. Hudaý söýýär öz halkyny, Bendesin söýýär ol gaty. Ol garaşýar biz ýalylar Añşyrýança hakykaty. Ondan başga barmy meni Şer işden eýlejek halas? Ol kömek etmese, kalbym Tüm içinde tutardy ýas Galyp nurlañ näletine. Hudaýym, bil baglap seniñ Ýardamyña urýan gadam Hem janym ynjalýar meniñ. Seniñ erkiñde, işiñde Ýokdur zerre ýaly nogsan. Zalym kişiler dogruçyl Adamlara bermän aman, Aýyplan çagy olary, Hudaýyñ ýardamy bilen Olardan halas bolaryn. Ýaradan göge çykarar Hersiniñ dat-perýadyny Hem masgaracylyga öwrer Olaryñ at-şöhratyny. Taras ŞEWÇENKO. Terjime eden: Orazgylyç ÇARYÝEW. | |
|
√ Galtak / Goşgular - 28.06.2024 |
√ Ýogaldy / Goşgular - 05.05.2024 |
√ Kyrk ýaşa ýeteniñde / Goşgular - 03.02.2024 |
√ Atlar / Goşgular - 25.06.2024 |
√ Naýynsap / Goşgular - 01.11.2024 |
√ Туркменский Маугли / Goşgular - 28.07.2024 |
√ Är garrar... / Goşgular - 30.04.2024 |
√ Patyşahym, sen geçirgil gerçe guldandyr hata / Goşgular - 11.08.2024 |
√ Owadan pyçak hakynda erteki / Goşgular - 09.04.2024 |
√ Jisim... / Goşgular - 31.05.2024 |
Teswirleriň ählisi: 1 | ||
| ||