07:13 Dogan / hekaýa | |
DOGAN
Hekaýalar
Men ol günler deň-duşlarym bilen öz oýnamaly oýunlarymy oýnap ýetişip bilmez bir gara gündedim. Deň-duşlar bilen bäsleşilip, basdaşlyk edilip oýnalýanyndan bolsa gerek, oýunlar bolsa şonda bir-birinden hezildiler. Aşyk utmalydym. Düýn Töre meniň telim gün daşa süýkäp-ýylmap, gyýpy eden gowy görýän gyzyl aşygymy utup alypdy. Enem öýüň içinde oturan ýerinden her gün telim gezek maňa käýinip gygyrýar: — Nirä atlandyň-uw! Enemiň gulagy jam ýalydyr. Meniň eşegimi dikgirdedip barýanymy eýýäm eşidendir görseň. — Eşegimi suwa ýakyp geljek. — Heý, güýzde-däm bir eşek gün içinde iki-üç gezek suw içermi? Dogrusy, meniň üçin eşegiň suw içip-içmezliginiň şeýle bir geregi-de ýokdy. Ýap-ýaňyja biz oglanlar bolup gumak ýolda eşek çapyşygy gepleşipdik. Eşegi suwa ýakmak, maňa ony öýden alyp çykmaga bir bahanady. Ýogsam, sygyrlaryň ýatagyny arassalap, goýunlara ot-suw berýänem, enesiniň «kömek ogly» od-a men-laý... Şonda-da häli-şindi eşegimi äkidip, ony Göroglynyň Gyraty hasap edip, gara dere öwrüp, çapyp ýörenimi enem halanok. Onsoňam, men öýde ýeke oglan hem däl, öýde ýene-de mendenem başga Babageldi diýibem alty ýaşyny dolduryp gelýän ini diýenem bir azar bar. Onuň-da bar işi mendirin. Bir ýere ugranyňy görse bolany, «Menem» diýer-de, düşer yzyňa. Aýtmaýyn diýsem, hut baran ýeriňe baryp, giren ýeriňe girip, yzyňa düşüp ýören itiň bar-da. «Sen gal!» diýseňem, çyrlap tutar bir nadaralygyna. Onuň sesini eşidişip, onsoň enemdir ejemiň ikisi iki ýerden: «Hä, näme boldy, balam!» diýşip, hamala ony kimdir biri bogup, urup duran ýaly, ylgaşlaşyp çykarlar hersi bir ýerden. Inimem ýarym-ýaş bolup aglap, arzyny aýdar-da durar: — Meni özi bilen äkidenok — Ana, onsoň enem ugumy ýekeläp, maňa ýalbaryp ugrar. — Oglum, sen akylly ahyryn. Jigiňdir. Onam oýnadaý özüň bilen. Uly bolsaň, jigiňem oýnatmalydyr... — Ol oýnap bilenog-a... — Öwretseň o-da oýnar, oglum... Şu arada enemi köp ýalbartmaly däldigi ýadyma düşýär. Ýogsam, onuň gaharlanyp: «Hany, onda bile oýnamajak bolsaňyz, ikiňizem öýden butnamaň!» diýäýmegem mümkin. Düşünýän, enemiň diýenini etmekden başga alaç ýok. Egninden siltäbräk çekip, öýkeli «Ýör, onda» diýýärin. Babageldiniň ýüzi gül bolup açylýar. Diýenini gögerden kişi-dä. Ýadymda, bizi bu gezek «ar ýoluna» ataran enemiň ýanyna görme-görşe goňşy obadan gelen aýal, enemiň gowy görüşýän jorasy bolupdy. Men jigim bilen enemiň gapdalynda üç sany aşykda «üç-üçem» oýnap otyrdym. Enem ol aýalyň gelenine begendi: «Wa, gyz, sen nireden çykdyň?» diýip, ony gadyrly garşylady. Öz-ä, dogrudanam, hiç neneň aýal hem däl ýaly, ol gele-gelmäne bize-de guwançly seredip, eneme bize ýaraýjak sözleriň birnäçesini aýdyşdyrdy: — Tüweleme, agtyjaklaryňa ýaş ýigit çykypdyr. Ikisem agyn kakalarynyň çagalygy-da, keşmer berşip durlar... Ol aýal jigimi dagy has gowy gördi öýdýän, saçyny sypanynam az görüp, soň ony gujagyna göterip hem ogşady. Enem iki aýal — iki jora bolşup, könäni dörüşip, çaý içişip, nahar iýşip otyrkalar, enem myhman aýalyň, alty-ýedi aýlykda durmuşa çykan aýal doganymyzyň obada goňşurakdyklaryny ýatlap, olaryň hem öýleriniň sag-gurgunlygyny sorady. Doganymyz ýatlananda, onuň mähriban keşbi biziň göz öňümize geldi. Sebäbi ony menem, jigimem gowy görýärdik. Şu günlerem häli-şindem ony göresimiz gelýärdi. Doganymyz öňler öýde biz bilen bile ýaşaýarka, ol joralarynyň ýanyna oturmaga, keşde edişmäge gidende ýoldaş edinip, ýany bilen meni, soňky döwürler bolsa hemişe Babageldini äkiderdi. Indi bolsa ol gaýyn öýlerinden öz öýümize gezmäge gelende, bize derek «baldyzym» diýip bir hüžžük saçly, ýortmança gyzy yzyna düşürip gelerdi. Umuman, uly gyzlaryň «durmuşa çykdy» diýlip, gidibermegi meniň göwnüme jaý däl. Belki, şonuň üçindir soňra «giýew» diýilýän garyndaşam men kän bir halap baramok. Onsoňam men ol giýewi näme üçin halamalymyşym?! Törüňdäki guwandyryp, begendirip, öýe gelşik berip oturan doganjygyňy alyp gider-de... Enemiň «A, gyz, biziň gyzam görýänsiň-dä?.» diýip, beren soragyna myhman aýalyň biraz ýüzüniň üýtgemegine ilki men birbada düşünmedim. Yzysüre ol eneme bir ýakymsyz habary aýtjagyny mälim edip, boldumly ýüzüni el ugruna hamala ol ýerdäki pikirini bozýan ýaly edip sypalaşdyrdy. — A gyz, aňyrdan aýtmaýyn, ýüregiňi bulamaýyn diýip gelýärdim welin, ýöne soraňsoň, indi aýdaýaýyn. Özüm-ä gözüm bilen göremok welin, ýöne ýakyn goňşulary görenmiş. Gyzyň giýew bilen kän bir mäşi bişişmeýän borly. Giýewiň hol gün onuň ýaňagyna çalaýypdyram öýdýän... Enemiň ýüzi könelip, üýtgese-de, ol birbada «hümmden...» başga söz diýmedi. Soňra onuň ýüzi: «Bazara gitsem, ony alsam, muny alsam, pulumam munça...» diýip, içinden hasap ýöredýäniň ýüzüne meňzedi. Ol diňe birhaýukdan özüne gelip, öz gepini myhman aýal obasyna dolanyp baransoň, şol ýerde ýatlasyn diýýäne meňzäp gepledi. «Ejizlerine şarpyk çalnanyny eşitseler, doganlar-a halamaz...» diýdi. Soňra pikirinde kakama baýrynyp, Babageldi ikimiziň ýüzümize «Entek bularam bardyr» diýýän äheňde buýsanç bilen seredip goýberdi. Enemiň aýdýan sözleriniň hemişe dogry bolşy ýaly, bu gezegem dogrudy. Bu habar maňa-da ýaramady, gowy görýän adamsynyň bir ýerlerde ynjaýanyny eşitse, adam asla öz haly bilen bolmaz ekeni. Şol günüň ertesem bu gürrüň telim gezek ýadyma düşüp, göwnüme degdi. Enemiň: «Türkmen ejizine zulum edilse-hä, halaýan däldir özün-ä...» diýen nägile sözleri telim gezek gulagymda ýaňlandy. Men ahyrsoňy oýlanyp, ölçerip özümiň ejizimiň arkadagy-hossarydygymy ýatlap, çemini tapyp, ar almaly diýen karara geldim. Şol günüň ertesi men Gün görnenine mähetdel eşejigimi gaňňalap, bir amady bolanda enemiň gözüne sap atyp, öýdäkilere syr bermezden goňşy obadaky giýewiň üstüne ýöriş etmäge taýynlandym. Gün çykyp duranam bolsa howanyň çigregi bardy. Penjegimiň üstünden geýen güpbimiň jübüleri daşdan doly, tümmerilip durlar. Hany bir goňşy oba ýeteýin, onsoň bu daşlaryň öňünde giýew dursun! Bu daşlary men düýn ar almaga gitmegi ýüregime düwemden soň gaýramyzdaky daşly ýola gidip, şol ýerden saýlap alypdym. Hiç kime görünmäýin diýip, ýeriň pessi bilen uly ýola çykanymam şoldy welin, ine, jigim Babageldem bir ýerden «Gyg-gyg» diýip, «dörtýüzlük» welosipediň bir tekerini öňüne salyp, sürüp-kowalap geldi. Ine, saňa gerek bolsa! Men-ä şu göräýmesin diýip, köwejekläp, öwrüm edip, şundan gaçyp barýan, bu-da öňümden çykýar. Soňam hut şol öňki pikir edişim ýaly hem boldy-da. Tigirini gapdala taşlap, «menem» diýdi. “Ýok” diýseň-ä boljak däl, çabalanyp, turuzjak bir gohy. Onsoň hiç ýere gitmejegiň bes-belli. Nädeýin, elimi uzadyp, elinden tutup, aýagymyň daraklygyna basgançak edip basdyryp, onam ýüzugra eşegiň syrtyna gondurdym. Ýogsam, enem dagy duýsa, asla goýberýämi nä bu ýola meni. Barmaly ýerine ugrugan eşek daşly ýoluň gyrasyndaky gumak ýol bilen dikgirdäp barýar. Babageldi diýşim ýaly, eşekden ýykylmazlyk üçin geýen güpbimiň daşyndan gujaklap, eşegiň syrtynda, arkama ýaplanybraga-da otyr. Ýolda men oňa bu gezek doganlarymyzyňka öňküler ýaly enemiň ugradan bir zatlaryny dadyrmaga ýa-da haýsydyr bir ýetirilmeli habary ýetirmäge däl-de, ar almaga barýanymyzy, jübimdäki daşlary görkezip düşündirdim, baranymyzda giýewleriň öýlerine atyp salaýar ýaly oňa hem öz daşlarymyň iki sanysyny berdim. Babageldi nirä barýanymyzy bilensoň, dessine ol ýerdäki öz duşmanyny ýatlady: «Şolaryň çal horazlaram bardyr, men şonam urjak...» Çal horaz... ol şol Babageldi enem bilen doganlarymyzyňka gezmäge baranymyzda, onuň üstüne zyňan horaz bolmaly. Gorkuzany üçin inim ondan öňem ahmyrlydy. Men şondan soň inimiň hem ar almak höwesiniň özümiňkiden pes däldigine düşündim. Ýürekdeş ýoldaş bolanda adam özüni öňküdenem güýçli duýýar ekeni. Gün bolsa depede bulutlaryň arasyna girip-çykyp ýör. Biraz ýörelensoň, ýalazy meýdanyň birneme çigreginiň barlygy duýuldy. Ýöne bizi «ar almak» maksadymyz biraz ýylydýardy. Barmaly obamyz biraz üşänimiz üçin öňküsinden biraz daş ýaly bolup göründi. Biz ahyr günortanyň öň ýanlary az ýöräp, köp ýöräp, öz gelmeli ýerimize gelip ýetdik. Giýewleriň gapysynda eşegimizi keserdip durus. Giýew çykaýsa, daş ýagdyrjak, ýöne wagty bilen öýden çykan adam bolmady. Görsek, gapylarynda ullakan bir gulpam asylgy dur. Gör-ä, nesibäni. Olaryň gapyny gulplap, bir ýere gideni belli boldy. Şol barmana biziň sesimizi eşidip, bir saryýagyzdan gelen inedördül adam goňşy öýden ýaýkanyp çykdy. Gözüni süzgenekledip: «Bular kim boldugykan?» diýip dikanlady. Jigim ony giýewdir öýdüp, elindäki daşy atyp salmak üçin oturan ýerinden gozganjyrady. Öň gepleşişimiz ýaly, doganymyzyň göwnüne degen giýew göründigi, biz oňa ýerli-ýerden daş ýagdyrmalydyk. Ýöne jigimiň eli biraz galsa-da, onuň daşly, juda üşän ýumrugy açylmady. Onýança sary adam golaý gelip, bize ýüzlendi: «Eý, ýigitler, siz Nazar aganyň ogullarymy?» diýdi. Ol biziň kimligimizi ýaňy doganymyzyň adyny tutup gygyranymyzdan çen eden bolmaly. — Hawa. — Nazar aganyň ogullary bolsaňyz, gaty gowy, hany, atdan düşüň, özüňizem üşäpsiňiz, öýe girip ýylynyň, myhman bolup gidiň! Bibi ejeňiz dagam ýokdur, olar şu gün irden togalaklar topbagy bilen diýleni bolşup, şäherdäki gyzlary gelin edinýär, şoňa gitdiler. Toýy sowmanam, gelmeseler gerek. Men kän üns bermändirinem welin, Babageldä gaty üþän ekeni, görsem onuň dodaklary titir-titir edýär. Ýaňy gelýärkä ýeňsämde bir şakyrdy bardy welin, men inim ellerindäki daşlaryny şakyrdadyp, özüni oba ýetenimizden soňky boljak söweşe taýynlaýandyr, diş gyjaýandyr öýdüpdim, onuň bolsa üşäp, dişleri şakyldaýan ekeni. Biziň Nazar traktorçynyň ogludygymyzy eşidip, hoş bolup myhman alan adamyň ady Aky, lakamy “sary” ekeni. Biz oňa Aky sary diýilýänine «ar alyşdan» dolanyp gelenimizden soň eşitdik. Görüp otursam, ol kakam öz traktory bilen şu obada ýer sürende, Aky sary hem onuň ýanynda kömekçi bolup, traktor sürmäni öwrenen ekeni. Aky sary jigimi eşegiň üstünden göterip alyp, içersine girdi, eltibem ony ýylyjak pejiň gapdalynda oturtdy. Men ondan ýeňseräkde oturdym. Onsoň saçak ýazyldy, onuň bizi naharlajagy belli boldy. Biziň öňümize tabakda bişirilen heýgenek geldi. Aky sary ýanymyzda: «Alyň iýiň!» diýip, bize iýdirip, özem käte bir tabaga elini uzadyp, iýenden bolup otyr. Jigimiňem iýşiniň ugry ýok, ol bir elini henizem jübüsinden çykarman otyr. Men onuň bu bolşuny gelşiksiz görüp, elini jübüsinden çykartdym. Ine, şu ýerde-de biziň syrymyz öz-özünden açyldy. Babageldi biraz ýylan elini açan mahaly, ol ýerde meniň beren daşlarymyň biri bar ekeni. Men onuň häliden bäri üşän elini açyp bilmän oturanyny diňe häzir bildim. Aky sary jigimiň aýasyndan çykan daşa seredip: «Bu näme?» diýip, atyp salaýmaga amatly daş bilen gyzyklanansoň, men oňa ar almaga gelenimizi aýtmaly boldum. Meni diňlän Aky sary ilki bir agzyny ýokary tutup, hezil edip güldi. Ol gülen wagty gözi ýaşaryp, sary ýüzi gyzyl ýüze öwrülýän ekeni. Soň ol gülküsini gülüp gutarman, iç girip, daş çykyp ýören aýalyna gygyrdy: — Aý, heleý, eý, soýdur horazlaryň birini, ogluňam çagyr, käşir köwläp gelsin, palaw atar! Nämüçinligini bilmesem-de men öz sözümiň Aky sara ýarangylygyny, onda özümize guwanç duýgusyny döredenligimizi bildim. Ol bizi ýylyndyryp, ululara hezzet-hormat edilişi ýaly, hezzet-hormat edip, guwanç bilen ugratdy. Atlanyp doganymyzyň öýüniň gapysyna ýetenimizde, men ýene-de bir salym eşegi sakladym. Meniň şonda atyp salan daşym «taňk» edip olaryň gapysyna degdi. Inim menden mergen ekeni, onuň atan daşy penjirä degip, ony kül-uşak etdi. Biziň gidenimizi bilmeselerem, dolanyp yzymyza gelenimizi welin bada-bat bildiler. Eýsem, onça egleneňsoň, syr galarmy diýsene? Aky saryň süýji diline, tagamly palawyna meýmiräp, esli oturan bolsak näme. Gelsek, enem bilen ejem öýme-öý goňşulara baryp, bizi gözläp ýören ekenler. Bize nirä, näme üçin gidenimizi boýun alaýmakdan başga alaç galmady. Enem meni diňläp: «Şu sowukdamy?» diýip, sözüniň yzyny aýdyp bilmän, hamsygyp, jigimi gujaklap aglady. Diňe birhaýukdan biz öýe girip, üstki geýimlerimizi çykarynyp, ýyljak pejiň gapdalyna geçenimizsoň, enem ýene-de bizi eý görýän, hemişe arkamyzy alýan mähribanymyza öwrüldi. Soň bizi mähir bilen gurşap gepledi: — Heý, bularyň şeýle aýazda digdireşip, bolup ýörüşlerini. Otursaň-tursaň ýadyňa düşjek zatmy bu. Arsyz ýola gidip, nämemiş, Görogly bolup, ar alyr gelenmişler. Size ar alyp däl-de, üşäp, doňup gelen çagalar diýerler... Onsoň «güjümiň» daşyna üç mertebe at aýlap, ondan sary ýaýyň okuny hem geçirip, nyşan goýubam gaýtmaly ekeniňiz-dä... Enem käýinse-de, hüňňürdese-de, indi onuň gep saluwynda, ýaňky aňyrdan gelen mahalymyz eşiden gahar gatyşykly alada ýok, gaýta oňa derek niredendir bir ýerlerden gelen garaşylmadyk buýsanç duýulýar. Enemiň gepiniň arasynda Görogly begi ýatlamagyna, inim-ä bilemok, men-ä derrew düşündim. «Görogly» biziň öýde köp okalýan kitap. Onda Görogly gidip, ýaş wagty agladyp, ýeňňesini alyp giden Arap Reýhandan ar alyp gaýdýar. Ol Bibijany atyň syrtyna alansoň, Arap Reýhanyň aşagynda ýatan güjüminiň daşyna, turansoň görsün diýip üç mertebe at aýlap, güjüme ok urup — nyşan goýup gaýdýar. Biziň ar alşymyz hem eneme şol Göroglynyň ar alşyny ýatladan borly. Gep arasynda ýylgyrybam goýberýär. Agageldi ALLANAZAROW. | |
|
√ Ýuşka / hekaýa - 14.10.2024 |
√ Obada / hekaýa - 20.07.2024 |
√ Diriligiň derdi / hekaýa - 12.01.2024 |
√ Ahmyryň awusy / hekaýa - 13.01.2024 |
√ Kitap / nowella - 16.03.2024 |
√ Kyrk ýyldan soñ gaýdyp gelen şol aýazly gün / hekaýa - 19.01.2024 |
√ Gök gözli Ýefrosinýa / hekaýa - 13.05.2024 |
√ Шер аминь / рассказ - 20.01.2024 |
√ Ýolbars / hekaýa - 17.12.2024 |
√ Ýüz manady tygşytlan balyk / hekaýa - 27.11.2024 |
Teswirleriň ählisi: 1 | |
| |