11:28 Eli emli adamdy | |
ELI EMLI ADAMDY
Ýatlamalar
Özüñ barada ýazmak uslyb-a däl, şeýle-de bolsa, şu makalanyñ başyny çatyp, gürrüñ açyljak bolunýan ýagşy adamynyñ hatyrasy üçin özüm hakda kelam agyz söz aýtmaly boldum. Mugallymçylyk kärinde 51 ýyl işläp, dynç alşa çykdym. Goýundan galan çopana döndüm. Indi näme iş etmeli? Ýer depmek, mal bakmag-a maña başartjak däl. Oturdym-turdum, oýlandym. Maksadymy bir düwünçege düwdüm. Ýetginjek ýyllarymda ýaşululardan eşiden gürrüñlerim edebiýata aralaşmak üçin hazynady. Şol döwrüñ ýaşululary maña öñki mahalda dünýäden öten keramatly ahunlar, hakdan içen şahyrlar, ýany ýere degmedik pälwanlar, Hydyr atany gören baýlar, düýşünde Gorkut atany gören Ýegejan hajy ýalylar, belli seýisler, bedewler hakynda gyzykly gürrüñleri bererdiler. Biz bolsa olaryñ gürrüñlerini hezil edip diñlärdik. Türkmen ilinde, ene toprak üstünde täsin adamlaryñ ýaşap geçenine guwanardyk. Şeýle adamlary okyjylara ýetireýin diýen niýet bilen galama ýapyşmaly boldum. "Barylmadyk illerde, eşidilmedik gep ýatyr" diýenleri. Demir ýol ýakasyndaky şäherlerdir oturymly obalara, gum ýakasyndaky, dag içindäki çarwa obalara-da barmaly boldum. Gep hazynasy gabardy gitdi. Edebiýat meýdany örän gyzykly eken. Onuñ menziliniñ añyrsy-bärsi ýok. Ömrüñ ahyryna çenli ol menzilden sowulaýyn diýen pikir kellä gelenok. Şu makalany ýazmaklyga itergi beren zat täsin duşuşyk bolupdy. Aşgabada barypdym. Türkmenistanyñ halk ýazyjysy Atamyrat Atabaýewiñ ejesiniñ ýogalanyny eşitdim. Öýüne näbelet bolanym üçin iş ýerine bardym. Gynanjymy bildirdim. Hoşlaşyp onuñ kabulhanasyndan çykanym hem şoldy welin, daş işikden mylaýym ýylgyryp duran, ýüzi nurana adam gapydan ätläp: "Salam, Tatar aga" diýip, ikelläp görüşdi. Şu çaka çenli ömrümde görmedik şähdaçyk adamyñ meñ adymu tutanyna haýran galdym. "Meni nireden tanaýañ?" diýip soramaly boldum. Ol "Gazetlerde suratyñy görüp, goşgularyñy okap tanaýaryn" diýip, jogap berdi. Soñra-da: "Men Atamyrady göreýin. Şu ýerde maña birki minut garaş" diýdi. Aýdyşy ýaly ol tiz ýanyma geldi. - Inim, özüñiz bilen tanyşdyraýsañyz gowy boljak? - diýip oña ýüzlendim. Garşydaşym mylaýym ýylgyrdy-da: - Men Rejep Rejebow, añrym bamyly. Ir wagtda meniñ dogan daýym Gulja siz tarapda işledi, ýaşady. Isgender diýen obada hem amanadyny tabşyrdy - diýdi. - Siz kompozitor Rejep Rejebowmy? - Hawa, men şol. Özara tanyşlyk gürrüñi edip esli durduk. Biri-birimize saglyk arzuw edip hoşlaşdyk. Men içimi hümledip: "Bolsa-da bizi Allatagala duşurdy. Aradan bir minut geçen bolsa, men ony görmezdim, olam meni. Sag-salamat gezip ýörsek, bir-birimizi unutmaga hakymyz ýok" diýip oýlandym. Kompozitor Rejep Rejebowyñ daýysy Gulja aga meniñ tanaýan adamymdy. Gulja aga hakynda makala ýazmagy ýüregime düwdüm. Öz bilýänim azlyk eder öýdüp, ony ýakyndan tanaýan adamlar bilen söhbetdeş boldum. - Gulja aga, 1881-nji ýylda Ahal welaýatynyñ Bamy obasynda dünýä inýär. Onuñ ene-atasy ir ýogalýar. Gulja kemala gelenden soñ özüniñ ykbalyny demir ýola baglaýar. Gazanjyk etrabynyñ Perewal (häzirki Arkaç) stansiýasynda işe başlaýar. Şol ýerde Isgender stansiýasyna çenli demir ýoluñ remont-täzeleniş işlerine gatnaşýar. Soñ Isgender stansiýasynda hemişelik işlemek üçin galýar. Gulja aga şol stansiýada ilki brigadir, soñ bolsa ussa bolup işleýär. Halka tiz özüni tanadýar. Sowady bolmasa-da hasabat işine ökde eken. Şol wagt demir ýoluñ sazlygyny ölçeýän gural bolmanyr. Şonuñ üçin ol demir ýoly ýüzj ýatyp onuñ näsaz ýerlerjni kesgitleýär we düzedýär eken. Janypkeşlik bilen işlänsoñ, Gulja aganyñ işlän uçastogynda hiç hili näsazlyk bolmandyr. Demir ýoluñ sarsgynlygyny iñ aşak derejede saklapdyr. Işçileri bilen birlikde köp sylaglara mynasyp bolupdyr. - Gulja aganyñ elleri iş wagtynda çenden aşa güýçli bolupdyr. Ol hiç wagt dowar etini dogranda süñklerini döwmek üçin pyçak ulanmandyr. Eli bilen gañryp döwüpdir. Özüne göwni ýetýän pälwan oña bir gezek: - Ikimiz bil tutuşyp göreli - diýip, halys goýmandyr. Olar bir toýda göreşmeli bolupdyrlar. Gulja garşydaşyna gezek beripdir. Heniz ýany ýere degmedik pälwan turuwbaşdan ony göterip ýere çalmakçy bolupdyr. Emma Gulja ony iki eli bilen itekläp ýanyna-da goýbermändir. Gulja gezek gelende bolsa, onuñ bilinden berk gysyp, ony dyza çökeripdir. Şonda pälwanyñ her tarapyndan bir gapyrgasy döwülipdir. "Ony özüm bejermeli boldum" diýip, Gulja aga soñ-soñlar gürrüñ bererdi. 1937-nji ýylyñ tutha-tutlugy Gulja aganyñ hem üstünden sowlup geçmändir. Ony hiç bir günäsiz ýerden on ýyl türmä basypdyrlar. Ol köp jebir çekipdir. Emma güýçli gollary hiç zay syndyryp bilmändir. Gulja aga 1943-nji ýylda tussaglykdan gaýdyp gelipdir. Ol şol wagt altmyş ýaşan adamdy. Onuñ günäsiz tutulanyny anyklaýarlar we aklaýarlar. Oña pensiýa almagay maalahat beripdirler. Emma ol bu teklipden ýüz dönderipdir. Ol: - Men öz zähmetim bilen ýaşajak. Maña düşýän pensiýany ýetim çagalara, mätäçlere beriñ! - diýýär. Gulja aga tä ömrüniñ ahyryna çenli pensiýa almady. Ol dükanyñ garawuly bolup işleýärdi. Küşt oýnamagy halaýardy. Oýunda 3-4 göçümi öñünden görerdi. Gulja aganyñ küşt oýnamakda garşydaşlary Mämmet kör bilen Arazdurdy torköýnekdi. Ikisi bir tarapa bolsa-da, Gulja agany asyl tutup bilmezdiler. Garşydaşlarynyñ lakamy barada gürrüñ gozgasak, okyjylar üçin gyzykly bolsa gerek. 1914-nji ýylda Gyzylarbat etrabynyñ Paraw obasynda meniñ babam Mämi arçyn ýaşapdyr. Onuñ geñeşdary dilewar adam ekeni. Bir gün Mämi arçyn ony ýanyna çagyryp: - Arçyn aga, olara şeýle bir lakam dakaryn welin, ene-atasynyñ dakan adyna tirkeler. Birine Mämmet kesik diýeris. Onuñ sag gulagynyñ ýokarsyny garagollyk edeni üçin kesdiler. Gulagynyñ kesik ýerini görkezmejek bolup, gaba telpegini kellesiniñ sag gapdalyna gyşardyp geýýär. Ikinjisiniñ çep gözi gyýtak, oña Mämmet ker diýeris. Üçünjisi her bir işe kenek ýaly ýapyşýar. Ol Mämmet kenek bolar. Dördünjisi öz bilşiñ ýaly ýalta, mydama baran ýerinde keserip ýatyr. Oña bolsa Mämmet kese diýeris welin, edil şaplar durar - diýip aýdýar. Şeýlelikde her Mämmediñ yzyna lakam tirkelýär. Etrek derýasynyñ boýunda uly baý ogul öýerip, uly toý tutýar. Aýak ýeter ýere çapar iberilip, toýa çagyrylýar. Bu toýa Arazdurdy pälwan-da gatnaşýar. Geñeş toýuñ, uly toýuñ baş baýragyny alýar. Ýene-de köpçüligiñ islegi boýunça üç sany men diýen pälwan bilen göreşýär. Olary-da ýykýar. Şol toýda Arazdurdy aganyñ egninde tor köýnegi bolupdyr. Şondan soñ ol pälwan lakamyny alýar. O pakyra mydama Arazdurdy torköýnek-de diýerdiler, ýöne torköýnek-de. Atabaý Arbadow, Akmämmet Atanyýazow, Nurmämmet Nurmämmedow dagymyz Isgender stansiýasynyñ günortasynda Gulmaç obasyndaky mekdepde mugallymçylyk edýärdik. Aralyk üç kilometre golaý bardy. Dynç alyş günleri dört bolup Gulja agadan küşt oýnuny öwrenmäge gatnardyk. Küşt oýnalýan ýer dükanyñ güneşidi. Gulja aga şol wagt altmyşy arka atan adamdy. 1944-45-nji ýyllardy. Atabaý pakyr diýseñ degişgen, şadyýn adamdy. Ol Gulja agadan: - Tebip aga, garrylyk bilen arañ näçeräk diýip sorardy. Gulja aga: - Atabaýjan, eliñi bir bäri ber, bir çarşaklaşaly, şondan soñ aralygy özüñ ölçäber - diýip degşerdi. Atabaý aga bir gezek Gulja iki elini uzatdy. Gulja o pakyryñ elini gatyrak gysandyr-da: - Haý, goýbereweri elimi, Gulja aga! Arañyzy ölçedim, örän açyk ekeni - diýip, Atabaý aga gülümjiredi. Gulja agany Gazanjyk etrabynyñ hemme ýerinde hormatlaýardylar. Sebäbi ol ile gerekli tebipdi. O pakyr ýaz aýlary derman ösümlikleri ýygnap guradardy. Aýry-aýry düwünçege düwerdi. Nähoşlary dermanlyk otlar bilen bejerip, köp tañryýalkasyn alardy. Adamlaryñ el-aýagy ýa-da başga bir ýeriniñ süñkleri döwülse bejererdi. Il-günden hak-heşdek tamakin däldi. Aşyrmämmet Dawudowyñ gürrüñinden: "1970-nji ýylda bukawlyk süñküm döwüldi. Lukmanlara ýüz tutsam-da, peýda tapmadym. Gulja aganyñ ýanyna bardym. Tebip aga süñklerimi birleşdirip, ýapgy ýapdy, emaýlyk bilen sarady. Bir hepdeden sargyny aýyrmagy, emma bir aýa çenli agyr ýük götermezligi tabşyrdy. Şol döwük ýerim tiz wagtda bitip, öñküsi ýaly boldy. Türkmenlerde "Döwük ýer egri bitmek üçin döwülýändir" diýen söz bar. Ýöne Gulja aga döwügi egri däl-de, dogry bitirip bilýän açyk ýüzli, süýji sözli, sada, ynsaply, il-günüñ derdine ýaraýan uly tebipdi. Gulja Mommaly ogluna maşgala babatynda ykbal gülüp bakmady. Onuñ ilkinji aýalyndan bir gyzy bolup, 12 ýaşynda ýogalýar. Soñra başdaşy-da dünýäden ötýär. Soñra Manat diýen gazak aýala öýlenipdir. Ol aýaldan çaga bolmandyr. Gulja aga şol aýalyñ yzyna düşüp gelen oglany ogullyk edinip, örän gowy görer eken. Ol ýigit 18 ýaşa ýetende, mugallym bolup işe başlaýar. 1941-nji ýylda ilkinjileriñ hatarynda urşa gidýär, dolanyp gelmeýär. Gulja aga tussagdan gelensoñ üçünji gezek aýal alýar. Emma ondan-da çaga önmeýär. Şeýlelikde onuñ yzynda çaga galmaýar. "Çagam ýok" diýip ejizlik etmän, pakyr takdyryñ ýazgydyna razy bolup dünýeden ötdi. Harsydünýälik edip, mal we pul toplamaga kowalaşmady, öz halal zähmetine kaýyldy. Ol bir sözli, sözünde durup bilýän mert adamdy. Gulja aga 98 ýaşynyñ içinde aradan çykdy. Gazanjyk etrabynyñ ähli halky ony ýagşylykda ýatlaýarlar. Ol şeýle hormata mynasyp adamdy. Tatar ÜÝŞMEKOW. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |