00:59 Emewiler halyflygy | |
BENI ÜMEÝÝÄNIÑ AHWALATY HAKYNDA
Taryhy makalalar
Ol dört emirleriň ilkinjisi Mugawyýe ibn Abu Sufýandyr. Ol kuraýyş tiresiniň eshabydyr. Ilkinji fethleriň birinde yslamy kabul edipdir. Dindar we salyhatly adamdyr. Beýik, ýakymly, buýsançly, hökmürowan şahsyýetdir. Owadan eşikler geýýärdi, gözel atlara münýärdi özüni şalar ýaly alyp barýardy. Medinedäki musulmanlaryň halyfy tarapyndan Şam welaýatyna emir bellenip, soňra uruşda üstünlik gazanyp, Şam welaýatynyň hakyky emiri bolup, kyrk ýyl häkimiýeti alyp barypdyr. Hijriniň 48-nji ýylynda, Mugawyýe Stambula uly leşger iberip, ogly Ýezidi olara serdar belledi. Ibn Apbas ibn Omar ibn el Zebir we Eýýup el-Ensary bu goşun bilen bilediler. Olar Söwütlä ýetenlerinde Jemal Ependiniň guburynyň ýanynda düşläp, Stambuly gabadylar. Soňra yza dolandylar. Hijriniň 52-nji ýylynda Sufýan ibn Ouf biraz goşun bilen Ruma söweşe gidip, Stambula geldi we ol gyş ol ýerde ýerleşdi. Eýýup el-Ensary hezretleri hem bu goşun bilen bile gelipdi. Hezreti Eýýup el-Ensary ol ýerde wepat boldy we jaýlandy. Hijriniň 55-nji ýylynda Sagyt ibn Osman ibn Affan Horasana beg boldy. Soň atlary bilen Jeýhun suwundan geçip, Samarkanda we Sogda bardy. Kapyr esgerlerini ýeňip, Termize bardy.Ony parahatçylyk bilen eýeledi. Hijriniň 60-njy ýylynyň Rejep aýynda Mugawyýe Şamda Hakyň rähmetine gowuşdy. 78 ýyl ömür sürdi. Gürrüňi edilýän Ýezidiň kakasy wepat boldy. Ol Hamasyň ýakynyndady. Habar iberip getirilenden soň hem metjidi-haramdakylar ony kabul etmediler. Soňra Ýezit Muslim ibn Ukbe atly kapyr kişi esgerlerini iberip: “Ilki bilen Medine şäherine çozuň. Olary ýeňip, üç gije-gündizläp, adamlary gyryň, aýallary we çagalary ýesir tutuň” diýdi. On müň atly bilen gelip, medinelileri gyrdylar. Muhajyrlardan we ensarlardan ýedi ýüz adam öldirildi. Galan medinelilerden on müňisini gyryp, bu mukaddes şäherde üç gije-gündizläp azgynlyk etdiler. Muslim atly kapyr kişi Mekgä çözup, eýelemegi niýet edip, özi heläk boldy. Häzir hem daşlanan gabryň üsti beýik daşdan depe bolup galypdyr. Ol serdaryň ady Hasyn ibn Gaýr. Hasyn gelip, Abdylla ibn Zubeýri Käbäniň metjidinde gabady. Jebil Abu Kabysdan manjanyk1 alyp Käbä daş atdy. Allanyň hikmeti bilen şol wagtda Ýezidiň ölenligi hakynda habar gelip gowuşdy. Soňra Hasyn söweşmegini bes edip, Abdylla ibn Zubeýre: “Gel saňa tabyn bolaýyn, seni Şama eltip, Mugawyýanyň ýerine halypa edeýin” diýdi. Abdylla ibn Zubeýr oňa ynanmady. Hasyn Şama gitdi. Bir rowaýata görä,, Abdylla ibn Zubeýr Hasyna tabyn bolmadygyna gynanyp, puşman edipdir. Ýezit 39 ýaşyndan başlap, 7 ýyllap hökümdarlyk etdi. Hezreti Hüseýniň öldürilmegine razylyk bildirenden bäri hiç rahatlyk tapman, gaýgy-hasratdan haly bolmady. Ahyrýet azabyna ýetdi. Yslam halypasy Mugawyýe ibn Ýezit ibn Mugawyýe barada gürrüň Mugawyýe Abu Sufýan neslinden soňky soltanydyr. Ýigrimi ýaşynda tagta oturdy. Şükürli adamdy. Hemişe kakasy Mugawyýanyň huzurynda peýda bolardy. Olaryň eden işlerine gynanardy. Netijede,, kyrk gün halypalyk adyny göterip, soň halky metjide jemledi. Münbere çykyp, Allatagala hamdusena2 etdi. Hezreti Muhammet pygambere salawat we salam ýollady. Biraz nesihat etdi. Soňra kakasynyň özünden ýüz öwrenini duýanyndan ylym öwrenip, kemillige ýetenini, we halypalar we emirler bilen eden dogalaryny ýatlady. Soňra kakasynyň ýagdaýyny we onuň halypalyga hiç hili mynasyp däldigini we halypalyga pygamber alaýhyssalamyň neberesi mynasyp diýip örän dogumly, edepli aýtdy. “Şu ýagdaýdaky adamlaryň üçünjisi men boldum. Men sizi ynjydanlygymdan razy däldirin, men siziň günäleriňizi göterip bilmeýän, men Allatagalanyň huzuryna günäli bolup barmazlygy isleýän. Soltanlygyňyzy kime isleseňiz şoňa beriň, Men siziň ýakynlygyňyzdan öz tagatymy galdyrmaryn” diýip, kyrk günläp, daşary çykmady. “Size bir halypa tapylynça Zuhak ibn Kaýs halypa bolsun we metjitde ymam molla bolsun” diýip buýurdy. Kyrk günden soňra Mugawyýe wepat boldy. Ýezit ýaly ganhor adamdan şular ýaly gowy adamyň döremegi Allatagallanyň hikmetidir diýdiler. Abdylla ibn Zubeýr barada Ejesi Asma Abubekr Syddygyň oglunyň gyzydyr. Medinede mekgeli musulmanlardan ilkinji doglan çagadyr. Ýezidiň zamanynda Abdylla ibn Zubeýr halypalyga bellendi. Soňra Mugawyýe ibn Ýezit ölenden soň ähli halk oňa tabyn boldy. Mekge, Medine, Ýemen, Yrak we Şam halklary oňa tabyn boldular. Külli musulmanlaryň halypalygyny ele almaga az galdy. Sekiz gezek haj etdi. Soňra Şamda Merwan ýüze çykyp, Müsüri, Şamy Abdylla ibn Zubeýriň tabynlygyndan çykardy. Hijriniň 64-njy ýylynda Ibn al-Zubeýr Käbäni ýykdy. Çünki Hasyn ibn Numeýr ony daş bilen urup, Käbä zyýan ýetiripdi. Käbäni täzeden abatlap, hazynany bina etdi. Hijriniň 66-njy ýylynda Yrakda Muhtar ýüze çykyp, hezreti Hüseýiniň öldürilmegine gatnaşanlaryň ählisini gyrdy. Şöhraty artyp, kän ýerlere eýe boldy. Muhtar zandynda erbet adamdy. Niýeti ýagşy bolmandan soňra ol Basra emiri Abdylla ibn Zubeýriň dogany Mugasybyň elinden öldirildi. Hijriniň 71-nji ýylynda Abdylmälik Yraga baryp, Mugasyb bilen jeň edip, ýeňiji boldy. Mugasyby heläk etdi we Yraga soltan boldy. Hijriniň 72-nji ýylynda Abdylmälik Hejajy ibn Zubeýriň jeňini gördi, gelip ýeňiji boldy. Käbäni gabady. Ibn Kabys dagy manjanyklar gurdy. Soňra ýedi aý gabawyň netijesinde, Zubeýri heläk etdi. Hijazlylar we başga welaýatdaky halklar Abdylmälige tabyn boldylar. Merwan ibn Hakem Merwanyň kakasy Hakemi Muhammet pygamber (Alladan oňa salam bolsyn!) halamazdy. Ony şäherden çykaryp kowupdy. Ogly Merwan Hezreti Osmanyň baş kätibidi. Merwan hezreti Osmanyň başyna ýüz müň bela inderdi. Ibn Zubeýriň halypalyk döwründe Jabyýa atly ýerde soltanlyk dawasyny etdi. Abdylla ibn Zubeýriň tarapdary bolup, Zahak ibn Kaýs bilen söweşdi. Ýeňdi we ony heläk etdi. Soňra Müsüri gabady. Ogly Abdylezizi ol ýere baştutan edip, özi Şama gelip, hatynynyň elinden heläk boldy. On aý töweregi hökümeti dolandyrdy. Ýetmiş üç ýaşynda wepat boldy. Abdylmälik ibn Merwanyň halypalygy barada aýdanmyzda, ol hijriniň 65-nji ýylyň Remezan aýynda kakasyndan soň tagtda oturdy. Aslynda akylly, kiçi göwünli adamdy. Soňra baýlygyna buýsanyp, tekepbirlik etdi. Bize ýetirilşine görä,, beglik buşluga geleninde Gurhany kerimi okaýardy. Şol bada pany dünýä bilen hoşlaşyp, baky dünýä ýygyldy diýdi. Abdylmälik öňünden özüne garşy ediljek hereketleri duýup, ýurtlaryň barysyny aldy. Ilki altyn pullar, arap nagyşly zikge urduran Abdylmälikdyr. Ondan öň zikgäniň haty rumy we pars dilindedi. Hijriniň 72-nji ýylynda Ata ibn Rafyg bilen söweşdi. Beýik ýeňişler gazandylar. Köp wagtlap, yslam dininiň alymlaryny okadyp ýetişdirdi. Yslam dininiň merkezi boldy. Soňra efrenj taýpasy ýeňiş gazanyp, yslam merkezini, kapyrlar merkezine öwürdi. Hijriniň 86-njy ýylynyň Meret aýynyň ortalarynda Abdylmälik Şamda wepat boldy. Hökümdarlyk eden döwri 27 ýyl. El welid ibn Abdylmälik Welid kakasyndan soňra tagta geçdi. Öz döwründe uly, giň döwlet gurdy we Resul Ekremiň (Alladan oňa salam bolsun!) metjidini gurdurdy. Soňra Şamda Beni Emewileriň metjidini gurduryp, ol ýere gaty kän mal-mülk sarp etdi. Kuds metjitlerde abatlaýyş işlerini geçirmek üçin ummasyz altyn iberdi. Beýleki metjitleriň hem köpüsinde bejeriş işlerini geçirdiler. Şamly Beni emewileriň iň gowy nesillerindendir. Omar ibn Abdyleziz şeýle diýýär: Welidi gabra goýan wagtymyzda kepeniniň içinde azap çekdirip ellerini boýnuna bagladylar. Onuň döwründe, ýagny hijriniň 90-njy senesinde rehimsiz halypa emir Hajjaj Sakafy öldi. Beýan edilşine görä, Hajjaj ölende otuz müň erkek we aýal onuň tussaglygyndady. Onuň tussaghanasynyň üsti açykdy, aşaklarynda düşek hem ýokdy, sal-saldy. Hijriniň 96-njy ýylynda Welid aradan çykdy. Ömri 42 ýyl, halypaalyk döwri 9 ýyl 7 aý. Süleýman ibn Abdylmälik barada Süleýman halypaalygy doganyndan aldy. Ol owadan, syratly adamdy. Kakasynyň dogany Omar ibn Abdylezizi wezir edip belledi. Özünden soňky soltanlygy hem oňa wesýet etdi. Kapyrlar bilen köp söweşdi. Dogany Muslimi Ruma iberip, oňa Stambuly basyp almagy tabşyrdy. Soňra Muslim hem Stambula gelip, ol ýerlerde ekerançylyk etdi, gyşlady. Stambul halky hor ýaşaýardy. Soňra Süleýman ibn Abdylmäligiň ölenligi barada habar geldi. Musalleme Galta diýen ýerden musulmanlara bir jamy metjit salypdyr. Ol jamy metjit häzirem bar. Süleýman Hijriniň 92-nji ýylynda öldi. Halypaalyk döwri 12 ýyl 6 aý. Ölen wagtynda 40 ýaşyndady. Omar ibn Abdyleziz hakynda Mugawyýe ölen ýylynda Omar ibn Abdyleziz Medinede doguldy. Enesi Hezreti Omaryň ogly Asymyň gyzydyr. Süleýman ibn Abdylmälikden soňra halypalygy oňa berdiler. Özi şol wagt Daýyk atly ýerdedi. Soltanlygyň atyny getirseler hem öňa münmedi. Öňden bäri münüp gelýän atyna mündi. Ol Saraýa girip, diwarlardaky zatlary söküp, satdyryp, onyň pulyny musulmanlaryň hazynasyna goşdy. Beni Emewi nesliniň musulmanlaryň hazynasyndan alýan aýlyklaryny, edýän çykdaýjylaryny kesdi. Onuň döwründe Omaryň garyndaşy Apbas ibn Welidden bir kapyr öz hakyny talap etdi. Kapyryň hakyny öz garyndaşyndan alyp berdi. Soňra bir jöhitden Omar ibn Abdyleziz tälim aldy. Jöhit onyň gyzyny almakçy boldy. Oňa “Sen jöhit, men musulman, musulmanyň gyzyny kapyrlara almak mynasyp däldir” diýdi. Jöhit şeýle diýdi: “Iniňiz näme üçin ymam Ala gyzyny berdi” diýdi. Omar aýtdy: “Ymam Aly aemmelerdendir . Şonuň üçin ol kapyr däldir”. Soňra jöhit aýtdy: “Näme üçin oňa münberleriňizde länet aýdýarsyňyz”. Omar yzyna dönüp, ýaşulylara bakyp, olaryň jogap bermegini isledi. Olar hem jogap berip bilmänden soňra münberlerde olara länet aýtmagy gadagan etdi. Hijriniň 101-nji ýylynda beni Emewiniň elinde zäherlenip, 39 ýaşynda wepat boldy. Halypaalyk döwri 25 ýyl, 5aý. Aýdylşyna göra halypa bolanyny gördiler. Üstündäki geýimleriň gymmaty on iki akja-da ýetmändir. Halypalar köpdir. Hezreti Abubekr, Hezreti Omar, Hezreti Osman, Hezreti Aly, Hezreti Omar ibn Abdylleziz. Ýezit ibn Abdylmälik barada Ol Omaryň kakasynyň doganydyr. Ýezit kyrk gün Omar ibn Abdyleziziň ýanynda boldy. Soňra azyp başlady. Ordan welaýatyndan. Hijriniň 105-nji ýylynda doguldy. Hanana atly bir gyrnagy gowy görýärdi. Ikisi bir bagda gezelenç edip ýörkäler, Ýezit degişen bolup, gülüp Hanananyň agzyna bir däne nar oklady. Nar dänesi bokurdagynda galyp, Hanana wepat boldy. Ýezit oňa juda gussalandy. Iýmedi-içmedi. Şeýlelikde,, ýedinji gün Ýezit hem aradan çykdy. Soltanlyk döwri 4 ýyl, 1 aý dowam etdi. Ýezit kyrk ýaşynda wepat boldy. Haşam ibn Abdylmälik Haşam uruş-jenjeli halamaýardy. Hijriniň 118-nji ýylynda Horasan emiri Esgat ibn Abdylla Samarkant tarapyna geçip, türk(men)lerden üstün çykyp, kän adamlary heläkledi, baýlyklary ele geçirdiler. Hijriniň 121-nji ýylynda Jeziraniň begi Merwan ibn Muhammet Saheb Seririň ýurduna girip, her ýylda ýetmiş müň ýesir bermek şerti bilen şertnama baglaşyp, parahatlyk bilen yzyna gaýtdy. Bu ýyl Musleme ibn Abdylmälik rum goşuny bilen söweşip, galalary eýeläp, kän baýlyklary ele geçirdi. Nasr ibn Ýasar Samarkanda baryp, şalygy sorady we Fergana baryp, kän ýesir aldy. Hijriniň 125-nji ýylynda Hyşam aradan çykdy. Welid bilen aragatnaşygy gowy bolmandygy üçin Welid hazynanyň bar açarlaryny alyp, birnäçe wagtlap, Hyşama hiç zat bermeýär. Hat-da ölende kepen puluny-da bermedi. Aýdylşyna görä, Hyşam haja gideninde 6 ýüz düýe ýüküni çekýärdi. Soltanlygy 19 ýyl 9 aý dowam etdi. Welid ibn Zeýd Abdylmälik Welid şahyrdy köplenç içgili bolyp, wagtlar saz-söhbetde hoş geçirmegi halaýardy. Bir howzy şerapdan doldurup, içine girip, oturardy. Aýşy-eşretden soň haram halda namaz kylardy. Bir gün gyrnaklarynyň birine ýanaşyp oturyp, oňa birnäçe wadalar berdi. Gyrnagy ertir namazyny kylanlarynda hem ýanyndady. Aýdylşyna görä,, Gurhany Kerimi eline alyp, bilmediksirän bolup, bir gatyny açanda aýat gabat geldi. Soňra bu aýatda ýazylanlara gahary gelip, ok-ýaýy bilen kitaby urdy we şeýle diýdi: “Jepbary gorkuzarmyň? Ynha, ol Jepbar diýeniň men. Haçanda Rebbiňe duşanyňda seni Welidiň ýaralandygyny aýt”. Soňra şamlylar bu bolýan wakalara çydaman Ýezit ibn Welide habar iberip, gije getirdiler. Oňa tabyn boldylar. Soňra Welide birnäçe esger iberip, Kasrynugmanda gabadylar. Welidiň başyny kesdiler. Onuň başyny Ýezidiň ýanyna eltdiler. Ýezit şükür edip, sejde etdi. Ýezit bu kesilen başyň şamlylara görkezilmegini emr etdi. Hijriniň 126-njy ýylynyň dört tirkeşikleriniň dördünji aýynda Ýezit tagta çykdy. Ýezidiň enesi Kesranyň ogly Şiruýanyň gyzyndandyr we Şiruýanyň enesi Sezeriň (kaýsar) gyzydyr. Ýezit buýsanýardy: “Men Kesranyň neslidirin, ata-babalarym merdandyr we enemiň kakasy Kaýsardyr”. Ýezide hymslylar duşman boldy. Soň halaplylar hem ondan ýüz öwürdi. Ýezit olaryň üstüne esger iberip, ýeňiş gazandy. Ol 5 aý 12 gün soltanlyk sürüp, kyrk alty ýaşynda wepat boldy. Ybraým ibn Welid Ybraýym garyndaşynyň ýerine Ýezidiň wesýeti bilen patyşa boldy. Hiç kim Ybraýyma gulak asmady we hiç kim yhlas bilen Watana gulluk etmedi. Netijede,, dört aýdan soň hijriniň 128-nji ýylynda Jeziräniň emiri Merwan segsen müň leşger bilen gelip, Ybraýymyň serkerdebaşysy Süleýman ibn Haşam hem ýüz ýigrimi müň adam bilen gelip, ikisi gazaply jeň etdi. Ertirden öýläne çenli dowam eden jeňiň netijesinde, Merwan Süleýmany ele saldy. Ybraýym bu ýagdaýy eşidip, gaçyp gizlenmäge ýüz urdy. Merwan ibn Muhammet ibn Merwan Halk ony Merwan eşek diýip atlandyrardylar. Tagta eýe bolandan soň hamslylar oňa duşman boldy. Bu ýagdaý sebäpli halypasyň olara gahary geldi. Şamlylar hem halypa duşman bolup, onuň üstüne goşun sürdi. Soňra boýunegmezek halk bolan halaplylar hem halypa duşmançylyk edip, ýeri gelende goşun sürdiler. Soňra Süleýman ibn Haşam orta çykyp, ýanyna ýetmiş müň şamlyny ýygnady we Kaýsar topragyna tarap gaçdy. Merwan ony eşidip, Süleýman bilen söweşip, ony ýeňdi, otuz müň adamy gylyçdan geçirdi. Soňra Süleýman Hamsa baryp, kän esger ýygnady. Merwanyň üstüne ýöräp, täzeden halky dargatdy. Hijriniň 128-nji ýylynda Horasanda Beni Apbaslar soltanlyk dawasyny etdiler. Abu Muslim Horasany apbaslylaryň tarapyndan orta çykyp, at gazandy. Merwan olaryň orta çykandygyny hakyndaky habary Horasanyň begi Nasr ibn Ýasre ýetirdi we oňa birnäçe müň esger bilen Ýezit ibn Häbiräni iberdi. Nasr bilen Abu Muslimiň arasyndaky aýgytly söweşiň netijesinde, Abu Muslim ýeňiş gazandy. Abu Muslim hijriniň 130-njy ýylynda kuwwatlanyp, Merwi ele saldy. Hijriniň 131-nji ýylynda Abu Muslim Horasanyň ähli ýerini basyp aldy. Hijriniň 132-nji ýylynda Yragyň emiri Ýezit ibn Häbire bilen Hasan ibn Kahtaba söweşdiler. Ýezit ýeňilip, apbaslylar Yragy aldy. Dört tirkesikleriň birinji aýynda Kufe şäherinde Abdylla Sefah Apbasly halypa boldy. Merwanyň Şam topraklarynda ýüz ýigrimi müň leşgeri bilen Sefahyň kakasynyň dogany Abdylla ibn Apbaslynyň goşunlarynyň arasynda aýgytly söweş boldy. Abdyllanyň bary-ýogy ýigrimi müň esgeri bardy. Hakyň takdyry bilen Merwan aýak ýoluna gitmek isledi. Atyndan düşdi, at ürküp, gaçdy. Ol Şeýlelikde,, iki leşgeriň arasynda öldi diýip halk içinde habar ýaýrady. Apbaslylar ýeňdiler. Mosuldan Hyrata, Hyratdan bolsa Hamasa geldi. Ol ýerden hem gaçyp, Şama bardy. Abdylla ibn Alynyň esgerleri Merwanyň yzyndan gelýärdi. Haçanda Şama ýetenlerinde Abdylla ol ýerde galdy. Sefahyň buýrugy bilen dogany Salyhy Merwanyň yzyndan iberdi. Salyh Müsür töwereklerinde Busir atly ýeriň golaýynda Merwanyň yzyndan ýetip, başyny kesdi. Aýdylşyna görä, Merwan Busire geleninde bir hyzmatkärine igenip, dilini kesdi. Ol kesik dili iýdi. Soňra Merwanyň başy kesilip, derisiniň syprylmagy, diliniň sogrulmagy buýruldy. Buýruk ýerine ýetirildi. Soňra ol Merwanyň dilini iýdi. Bu gudratly we şöhratly Allanyň tagbyry-ýorgudy. Merwan emewileriň iň soňky patyşasydyr. Ol öldirilende altmyş iki ýaşyndady. Ol 15 ýyl 10 ýarym aý hökümdarlyk etdi. Gadyr gijesi müň aýdan haýyrlydyr.1 Beni Emewileriň Andalusdaky şalary Emewiler barada aýdanmyzda, olaryň uly taýpalarynyň biri Andalus welaýatyna göçüp, ol ýerde şalyk sürdüler. Olaryň serkerdesi Elnasr Abdyrahmandyr. Mugawyýe ibn Haşam Abdylmäligiň soltanlygy Damaskdadyr. Hijriniň 131-nji ýyly onuň döwletiniň döredilen ýylydyr. Apbaslylar dörän wagty emewileri gören ýerlerinde heläk etmek niýetine geldiler. Muny eşiden emewiler pytrap gaçdylar. Nasr Abdyrahman apbasly halypasydyr. Mansur Awaniki döwründe hijriniň 130-njy ýylynda Andalusa baryp halky özlerine tabyn bolmaga çagyrdylar. Halk bularyň şa neslinden bolany üçin tabyn boldylar. Hijriniň 150-nji ýylynda Kartebiň galasy dikildi. Kartebe şäherini bina edip, ony paýtagt edindiler. Ol ýerde uly metjit guruldy. Hijriniň 171-nji ýyynlda Abdyrahman wepat boldy. Andalusda 33 ýyl soltanlyk sürenden soň ýerine ogly Haşam geçdi. 7,5 ýarym ýyl soltanlyk edenden soň, hijriniň 180-nji ýylynda wepat boldy. Ýerini Häkim ibn Haşam aldy. Ýigrimi alty ýyl geçenden soň Hijriniň 206-njy ýylynda wepat boldy. Ýerine ogly Abdyrahman eýe boldy. Onuň döwründe mejusiler taýpasy ýeňip, köp musulmanlary heläk etdiler. Soňra musulmanlar ýeňiş gazandylar. Abdyrahman 31 ýyl soltanlyk edip, hijriniň 238-nji ýylynda wepat boldy. Kyrk dört ogluny terk etdi. Ýerine ogly Muhammedi soltan etdi. 272-nji ýylynda Muhammet wepat bolup, otuz oglyny terk edip, içinden Mendez ibn Muhammet soltan boldy. Onuň ogullary hem diňe hijriniň 422-423-nji ýyllarynda halypalygy öz ellerinde saklap bildiler. Soňy. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |