21:10 Ene biziñ ilkinji Watanymyzdyr | |
ENE BIZIŇ ILKINJI WATANYMYZDYR
Filosofiýa
«Jennet enäniň dabanynyň (aýagynyň) astyndadyr». Muhammet pygamber. Ene türkmen üçin maşgala gatnaşyklarynyň çägindäki ahlaky nusgadyr. Türkmenler çagalaryny ene-ata, ilki bilenem enä sylag-hormat ruhunda terbiýeläpdirler. Şeýle jemgyýetçilik ahlagy türkmenleriň hem dini-ahlak düşünjeleri, hem gan-garyndaşlyk düşünjeleri bilen baglanyşyklydyr. Muhammet pygamberiň özi şu babatda birnäçe hadyslary miras goýupdyr. Şolaryň birinde aýdylyşyna görä, bir gün bir adam pygamberiň ýanyna gelip: «Men kime ýagşylyk etsem, jennete düşüp bilerin?» diýip sorapdyr. Şonda pygamber: «Eneňe ýagşylyk et!» diýipdir. Onda ol kişi: «Soňra kime ýagşylyk edeýin?» diýip ýene sorapdyr. Pygamber: «Ýene eneňe ýagşylyk et» diýipdir. Ol adam üçünji gezek «Ýene-de kime ýagşylyk edeýin?» diýende, Muhammedem «Ýene-de eneňe ýagşylyk et» diýip jogap beripdir. Diňe üçünji gezekden soňraky şol bir soraga Muhammet: «Soňra ataňa ýagşylyk et» diýip salgy beripdir. Görnüşi ýaly, adam atasyna bir ýagşylyk, hyzmat etse, enesine üç gezek hyzmat etmeli diýip düşünilipdir. Bir kişi enesiniň beren süýdüni haklamak niýeti bilen ejesini arkasyna mündürip, Mekgä zyýarata äkidip gelipdir. Bitiren işinden göwnühoş kişi Muhammet pygamberden sorapdyr: «Men enemiň çeken jebirlerini ýerine saldymmy?»-diýip. Muhammet pygamber: «Hawa, sen ejeň bir gijeki seniň üçin çeken azabyny ýerine saldyň»-diýip jogap beripdir. Türkmenlerde perzent atanyň biliňden, enäniň ýüreginden önýär diýen düşünje-pelsepe bar. Adam ylaýta-da çagaka ene onuň üçin ata garanda-da has mährem, has eziz bolýar. «Atasyz ýetim, enesiz – ýesir» diýen nakyl türkmeniň durmuş tejribesiniň önümidir. Ýetim bilen ýesiriň arasynda uly tapawut bar, ýetim – hossarsyz, ejiz, garawsyz, ýöne näme diýseňem, öz eli, öz ýakasy, azat kişi. Enesiz çaga bu betbagtlyklaryň üstesine ýesir, il bilen deň hatarda görülmeýän, hukuksyz hasaplanypdyr. «Gorkut atadaky» Oraz «Ene haky – Taňry haky» diýen nakyly ulanýar. «Gorkut ata» eposynda köp gaýtalanyp, özbaşyna bir çeper motiw hem ruhy-durmuşy pelsepe bolup giden jümleler bar. «Enesi aýdar: «Ogul, ogul, aý ogul! Dokuz aý dar garnymda göterdigim, ogul! On aý diýende, dünýä getirdigim, ogul! Dolama bişiklerde bildigim, ogul! Dolap-dolap ak süýdümi emdirdigim, ogul! Emma, biz «epos» diýýäris, çeper motiw diýýäris, şeýdibem özge edebiýatlaryň çeperçilik tejribesinden dörän düşünjeleri öz edebiýatymyz babatda ulanyp, göze görünmeýän ýalňyşlyklar goýberýäris. Şol ýalňyşlyklar bolsa öz edebi geçmişimiziň manysyna dogry düşünmäge päsgel berýär. Meniň şeýle edebi-estetiki pelsepä ýüz urmagymyň sebäbi ýokarky bäş setirlik goşgy boldy. «Gorkut ata» epos däl-de, türkmen edebiýatynyň yslamdan öňki birnäçe çeperçilik žanrlaryny özünde tebigy suratda birleşdiren uly bir edebi görnüşdir. Ine, ýokarky mysaly alalyň. enäniň dilinden çagany ezizläp, söýülip döredilen şygyrlar bizde «Alla-Alla» ýa-da «hüwwä-hüw» sözler bilen tirkeşdirilýär. Bular ýöne bir manysyz sözler däldir. «Alla-Alla» – munuň özi Allanyň adynyň iki gezek gaýtalanmagy, eýsem-de bolsa «hüwwä-hüw» hem şol ahyryn, «hüw» ýa-da «hüw-hak» – bu-da Allanyň ady. Şu sözler biziň yslamy kabul edenimizden soň dilimize we halk döredijiligine siňipdir. «Gorkut ata» eserindäki ýokarky şygyrlar bolsa, meniň pikirimçe, biziň enelerimiziň yslamdan öňki aýdan hüwdüleridir. Bu hüwdüler dürli çeperçilik kanunlaryna laýyklykda «Gorkut ata» eseriniň mazmunyna çeper düzüm görnüşinde siňip gidipdir. Ene çagasyny ak süýt berip ulaldýar. Ene süýdi türkmenlerde mukaddeslik hem keramat hökmünde görlüpdir. Ondan ant içip, kasam edipdirler. Göwnüme bolmasa, türkmeniň: «Çaga enäniň ýüreginden önýär» diýen durmuş-ahlaky düşünjesiniň düýp manysy-da ene süýdi bilen baglanyşykly ýaly bolup dur. Elbetde, sözüň pelsepä öwrülmeginiň öz kanunalaýyklygy, öwrüliş mantygy-logikasy bar: ilki pelsepäniň asyl durmuş manysy, durky emele gelýär, soň şol durkuň üstünde-de ikinji filosofiki-ruhy many barlygy düzülýär. Ine, adatça, biz ýokarky düşünjäniň üstki ruhy manysyny kabul edýäris: ene çagasyny mähir-muhabbet berip, dünýä inderýär we ýetişdirýär. Dogry. Ýöne asyl-ky, birinji many durkunyň nukdaýnazaryndan seredeniňde, «ýüreginden öndürmek» düşünjesiniň gönüden-göni ene süýdi bilen baglanyşygy bar ýaly bolup dur. Süýt enäniň göwsünden önýär, dilimiziň iň gadymy döwürlerinde bolsa göwüs, gursak, ýürek ýaly agzalar häzirkisinden tapawutlylykda, şol bir söz bilen aňladylan ýaly bolup dur. Onsoň: «göwsünden süýt berýär-ýüreginden iýmitlendirýär» – bu ikisi bir zat bolýar duruberýär. Düşünjeleriň şu hili asylky fiziologik manysy ylaýta-da «Ata bilinden öndürýär» diýen jümle bilen deňeşdireniňde aýan bolýar, soňky jümlede bolsa nämäniň göz öňünde tutulýandygy gaty düşnüklidir. Türkmen psihologiýasynda, ahlagynda, ynançlarynda hem pelsepesinde ene süýdüniň uly manysy bar. «Hem daýymlara barýan, hem taýyma baş öwredýärin» diýen ýaly, degişli temadaky gürrüňi dowam etmek, şol bir wagtda-da agyr taryhy-pelsepeli gürrüňiň arasynda okyjynyň kellesine biraz dynç bermek üçin şorta söze ýüzleneýin. Bir gün Keminäniň öýüne myhman gelipdir. Kemine-de iliň bilşi ýaly, has dogrusy, iliň ony öz döredişi ýaly, gaty garyp adam bolupdyr. Öýünde öýlänlik ýok diýilýän-dä. Beýle adamyň gelene-de garşy çykmaga, hezzet-hormat etmäge hödür-tagamy bolmaýar. Onsoň myhman pahyr ajam bolsa, Keminäniň towuk çorbasy ýaly şorja, palaw ýaly şirelije gürrüňlerinden başga içine düşýän zat ýok, görgüli myhmany gep bilen doýuraýjak bolýar diýýä. Birdenem myhmanyň gözi gapyda daňylgy duran çebişe düşýär. Ol: – Kemine aga, beýdip aç oturanymyzdan şujagaz çebşi soýup, garnymyzy doýraly-la diýýär. Beýle teklip wäşi Keminäniň göwnünden turmandyr. – «Toba!» diý, myhman! Öz doganyny öldürip, garnyny doýran adamy nirede gördüň?! – O nähili? Nädip bu janawer seniň doganyň bolýar? Wäşiligiň hem çeni bar, şahyr aga? Onda Kemine gülüpdir-de, şeýle jogap beripdir: – Aý, inim! Bu çebişiň enesi meniň ýekeje guwanjym, eklenjim. Biz iki bolup onuň süýdüni içip gün görýäs, onsoň bu-da meniň doganym bolar-da!» Hawa, görgüli Kemine at oýnadýar, emma ondan tapawutlylykda, türkmen aňy, psihologiýasy at oýnadanok, türkmen düşünjesiniň çyny: bizde bir enäni emen çagalar, atalary başga-da bolsa, dogan hasap edilýär. Men muny türkmen däp-dessuryndan, adatyndan alnan hem-de halk döredijiliginden alnan mysallar bilen düşündireýin. Dogan okalyşanda goşaryň iç ýüzünden pyçak bile dilik edilip, geljekki doganlar ganlary gatyşar ýaly, goşarlaryny biri-biriniň üstünde goýýarlar. Gan – süýdüň himiki düzüminiň üýtgän bir görnüşidir. Başga bir mysal. Nika adatymyzda şeýle bir aýratynlyk bar. Dürli-dürli maşgalalardan bolan oglan bile gyz çagalykda eneleriniň haýsy hem bolsa biriniň göwsünden süýt emen bolsalar, ýetişenlerinden soň, başga bir päsgelçilik bolmasa-da, nikalaşyp bilmeýärler. Sebäbi olar oňa bendiwan bolýar. Olar emişenler, ýagny doganlar hasap edilýär. Gadymy dünýäni boýun egdiren meşhur serkerde Isgenderiň bir aýby bar eken: maňlaý saçynyň içinde iki sany şahy bolupdyr. Bu ýagdaý her gezek saçyny syrdyranda ýa bejerdende, Isgender üçin uly alada bolup durupdyr. Saçyny bejeren dellek aýbyny açmaz ýaly, Isgender her gezek dellegi öldürmäge mejbur ekeni. Günlerde bir gün bir garyp dellegiň, özem ýeke ýigidiň Isgenderiň ýanyna barmak gezegi gelipdir diýýä. Serkerdäniň saçyny bejermäge barýan dellekleriň näbelli sebäplere görä at-sorsuz ýitýändiginden habarly garyp ýigit uly gama batypdyr. Onsoň ol näderini bilmän, ýeke hossaryna – garabagyr enesine sala salypdyr. Balasynyň janyna gezek gelende enäniň çykalga tapmajak gümany barmy diý! «Patyşa – Taňrynyň wekilidir, garybam bolsaň, onuň huzuryna eli boş barmak aýyp bor» diýip, enesi ýigide külçe bişirip beripdir. Süýtsüz bolsa külçe bolanok, garyp ene bişiren külçeleriniň hamyryny öz süýdüne ýugran ekeni. Isgender hezzet-hormat edilip eltilen nanyň ýüzüne urmagy uslyp bilmän, külçeden birki döwüm iýip görüpdir. Şolam onuň işini görýär. Dellegi öz syryna şaýat bolany üçin, öňküsi ýaly ölüme buýurmakçy bolanda, ol biygtyýar halda garyp ýigit bilen dogan bolaýandygyny bilip galypdyr we onuň dilinden syryňy açmaryn diýen äht alyp, ýigidi boşatmaga, ony azat etmäge mejbur bolýar. Ene süýdüniň perzendi ölümden alyp galyşy «Gorkut ata» eserinde hem bar. Bu ýerde ene süýdi sözüň hakyky manysynda melhem bolýar. Ata perzentden döner, ene dönmez. Derse han ýanyndaky namartlaryň gepine gidip, şerapdan başy aýlanyp, öz eli bilen ogluna ölüm ýarasyny salýar. Enesi ýaraly haldaky ogluny Gazylyk dagyndan tapýar. «Oglan ýene aýdar: – Ene, aglamagyl! Maňa bu ýaradan ölüm ýokdur, gorkmagyl! Boz atly Hydyr geldi maňa. Üç kerem ýaramy sypady. «Bu ýaradan saňa ölüm ýokdur. Dag çeçegi, eneň süýdi saňa melhemdir» diýdi. Beýle diýgeç, kyrk inçe billi gyz ýaýyldylar. Dag çeçegini üýşürdiler. Oglanyň enesi emjegini bir sykdy, süýdi gelmedi. Iki sykdy, süýdi gelmedi. …Üçünjide özüne zarp eýledi, gany doldy. Sykdy, süýt bile gan garyşyk geldi. Dag çeçegi bile süýdi oglanyň ýarasyna urdular. Oglany ata mündürdiler». Nan hem ene süýdi. Gül hem ene süýdi. Bular eseriň owadanlygyny üpjün edýän ýöne bir şahyrana tapyndylar däl. Şahyranalygyň aňyrsynda düýpli filosofiýa, dünýägaraýyş bar, filosofiýanyň esasynda bolsa türkmene asla-da ýeňil düşmedik taryhy durmuş bar. Ruhy pelsepe – taryhy durmuşyň dili we onuň gaýmagydyr. Türkmenler gaty gadymy döwürlerden ýer, toprak adamzadyň enesidir diýen ynanja uýup gelipdirler. Şol ynanjyň çäginde pikir ýöretseň, gül hem ene ýeriň göwsünden önýän süýtden başga hiç zat däldir. Bugdaý hem ene ýeriň süýdüdir. Hut şu hili ruhy gatnaşyk güle, çörege ýöne bir maddy nygmatlar ýa-da ösümlik hökmünde garaman, olary halkyň ruhuny kemala getirýän närselere öwürýär. Şu ýerden hem türkmeniň Watan, Dünýä pelsepesi gözbaş alyp gaýdýar. Adamyň doly ömri üç Dünýäde, üç Watanda geçýär. Şolaryň ilkinjisi-de Ene rehemidir. Oguzlar adam ýaşyny hasaplanlarynda, onuň enesiniň reheminde ýatan dokuz aýyny-da bir ýaş hasap edip, ömrüne goşupdyrlar. Şeýle düýpli ömür pelsepesi we dünýägaraýşy ene bilen gönüden-göni baglanyşykly. Ene düşünjesi türkmeniň ruhy gymmatlyklar ulgamynyň kemala gelmeginde esasy ähmiýetli närseleriň biri bolupdyr, Ene – biziň birinji Watanymyz. Ene – Dünýäleriň birinjisidir. Ene – giňişligiň, Ata – watanyň suraty. Giňişlik – durnuklylykdyr, wagt bolsa agyp-dönmelikdir. – Düşünen bolsaň, tigiriňi goýdajyk, gidiber. Akmyradyň gözleri tas hanasyndan çykypdy. – Tigirimi? Tigirimi näme üçin goýaýyn? Men ony Yslam diýen oglandan sagadyna on bäş teňňe bereýin diýip, karzyna aldyn-a. – Men seniň karzyňam, teňňäňem bilmen. Sen gowja bol-da, diýleni et, ýa-da... Akmyrat Akga aga özüni ýene garaňky tamça salyp barýan ýaly gorky bilen tisgindi-de, sesini çykarmagy. – Ile ýüz ýagşylyk edeniňden soň gelip, hasabatyňy berersiň, şondan soň gepiňe ynanylsa, diňe şondan soň tigiriňi alarsyň. Bolmasa saňa tigir ýok. Seniň ýaly il masgarasynyň gül ýaly tigire münmäge-de haky ýok... Akmyrat öýlerine paý-pyýada gaýdypdyr. Ol bolan wakany ejesine-kakasyna aglaý-aglaý gürrüň beripdir. – Ony milisä, Ata daýyma aýdyň. Özüni gazamata saldyryň. Tigirimi derrew yzyna bersin... Edil, öläýse-de, ýüz ýagşylyga däl, ýekeje ýagşylygam etjek däl. Meret hasapçy bolan ýagdaýa bada-bat düşündi-de,oglunay:. – Sen, ol Akga aga diýen adamy ýöne goýaýgyn. Ol oglan wagtymyz betçlik edenimizde, bizem şol tamçasyna salyp, gulplap goýupdy. Ol bir tutan bolsa, indi gaýdyp sypdyrmaz. Iň gowusy, sen onuň diýenini edäýgin... Bolmasa, ol gelip sen-ä beýlede dur, asyl şeýle edepsiz ogly terbiýeläniň üçin diýip, menm äkider-de, şol garaňky tamçasyna salar. Men-ä ondan gaty gorkýan. Gör, diýmäýin diýsem, sen öz masgaraçylygyň bilen bize-de bir topar ýamanlyk getirýäň... – diýip, pugta ynandyrdy. Ine, indi Akmyradyň ýene-de ýigirmi sogaby galypdy. Ýoldaşym şoňa gülýän eken. Menem oba adamlaryň terbiýesiniň şeýle usulyna buýsandym-da, ýylgyrdym. Osman ÖDÄÝEW. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |