13:01 Gezmek - ömürden / sahna | |
GEZMEK ÖMÜRDEN
Satiriki hekaýalar
Şageldi - Ömür boýy ýokary wezipelerde işlän, häzir hormatly dynç alyşda. Gulgeldi - Daýhançylykdan hormatly dynç alşa çykan. (Şageldiniñ otagynyñ işigi açylýar. Gapydan orta boýly, hortap Gulgeldi aga girýär). Gulgeldi: - Essalawmaleýkim! Giç ýagşy! Şageldi: - Waleýkimessalam! Gelen ýagşy! Gel-geç! Amanlykmy, Gulgeldi, saglykmy? Gulgeldi: - Şükür Hudaýa, saglyk-gurgunlykmydyr. Özüñde sag-gurgunmyñ? Sag-aman ýatyrmysyñ? Şageldi: - Aý, hawwa, Gulgeldi, ýatma kem-ä galýan däldir. (Çaý başynyñ gürrüñi başlanýar.) Gulgeldi: - Bä-ä, Şageldi, ýalançyda bardygyñ, ýokdugyñ belli däl-aý señ. Ne jyn urdy seni? Toýa-tomaşa, ýas düşegne bararlar ahyry. Şageldi: - Şo zatlar maña berilmändir-dä, Gulgeldi. Ýorgan-düşek bilen halys öwrenişipdirin. Hal-ahwal soraşmaga gelip gidýän ýok. Kaşañ kabinetiñ eýesimikäm-ä, işigiñ agzy nobatlydy. Girjekler sandyraşyp ýanyma barardylar. Adamlaryñ gorkmasa alajy ýok eken. Kärimden pyzylarmykam diýip, syrtlary saz eder durardy. Indi şolaryñ biri-de gapymdan gara berenok. Gulgeldi: - Zorlap gapyñdan adam getirip bolmaz. Islän geler, islemedik gelmez. Olar-da özüñ ýaly adamlar. Toý-da, ýasda görünmeseñ, gapyñdan adam gelmese gerek. Şageldi: - Gelseler gelsinler, gelmeseler öz işleri. Ol hiç-le. Gel, gowusy, ýaşlygymyzy ýatlaýly-la. Gulgeldi: - Aýdyşaly diýjek bolýarmyñ? Şageldi: - Bardyñ üstünden. Ýaşkañ-a sypdyrmazdyñ. Indi göreli. Gulgeldi: - Başla, onda goja! Şageldi: - Ýatsam, ýanym agyrýar, Tursam, aýak bagyrýar, Ýürek Hudaý çagyrýar, Wah... wah... (säginýär) Dert ýamant garrylyk. (Gulgeldi çöke düşýär. Ykjamlanýar.) Gulgeldi: - Sen beý diýme, Ýatmak ölümden ahyr. Dañdan tur-da gezmele, Gezmek ömürden ahyr. Şageldi: - Ir tur diýme, Gulgeldi! Razy bolmaz gözüm, Gana uky almasam, Pytyrar aýtjak sözüm. Gulgeldi: - Il deñinde işle-de, Mellek edin özüñe. Irginsiz çekseñ zähmet, Nur çaýylar ýüzüñe. Şageldi: - Ömrümde birje gezek Pil almadym elime. Okadym, aldym bilim, Düwme dakdym dilime. Dil bilen mes ýaşadym, Işlemedim el bilen. Tanaýanlar bilýändir, Iş gurmadym pel bilen. Gulgeldi: - "Ýatan öküze iým ýok" Diýipdirler köneler, Bilin guşap işleýär Ýaşytdaşyñ eneler. Şageldi: - Dişlemek yrsga bagly Işläsim-ä gelenok. Bu ýalançyñ lezzetin Köp kişiler bilenok. Şageldi: - Ähli zatlañ seresi - Saglyk gerek ynsana. Düşekden ýan galdyrman, Sütem etmegin jana. Baş baýlygyñ gidensoñ, Pula aldyrmaz saglyk. Ýatsañ öýden çykmany, Arasyn açar beglik. Toýa, ýasa barmasañ, Eliñden gider abraý. Dört diwara höwrükseñ, Il-günden ýetmez haraý. Ertir bilen gelerin, Taýýar bolgun öñümde. Giñ howlyñ hañlap ýatyr, Işlederin deñimde. Şageldi: - Ýýak, walla, sen-ä indi Goýjak däl-ow günüme! Işlemek agyr düşer, Sütem etme janyma! Gulgeldi: - Öñki ýatanyñ bolar, Döwür üýtgedi, Galkyn! Ýaltalykdan saplan-da, Düşekden tur-da, silkin! Şageldi: - Aýdyşykda başartjak däl, Gulgeldi, sen! Hakykaty aýdýañ. Şonuñ üçin ýeñiji bolduñ. Ýene-de bir çem düşen wagty bolar-da. Gulgeldi: - Bolar, enşalla! Sag-aman ýaşap ýörsek, ýene-de aýdyşarys. Şageldi: - Gulgeldi, gepiñ tümmek ýerine baraly! Öýden çykanyñda, meni işletjek bolup çykypsyñ öýdýän! Ýarasam işläýin. Näme etmeli? Gulgeldi: - Ýararsyñ, näme ýaraman! Ýeñsäñe päki çalybermeli. Etmeli iş gözüñe basylyp dur. Giñ howlyñ bar. Içiniñ gyzyl getirjek topragy bar. Şaglap akýan krantyñ bar. Mende-se alawuz ýaly piller bar. Iki bolup ýeriñ daşyna geçibermeli! Şageldi: - Bäh... bäh..., Gulgeldi! Işimi görjeg-ow sen! Gulgeldi: - Gorkma, "Işlän ölmez, iglän öler" diýipdirler, köneler! Şageldi: - Aý... how, başardaýsa ýagşy, Gulgeldi! Gulgeldi: - Başardar, näme başartman! Men miwe nahallaryny ýetişdirdim. Geregiñ alma, armyt, injir, nar, üzüm nahallarymy? Hemmesinden oturdarys. Ýuwaş-ýuwaşdan bagban bolar gidersiñ. Ondan soñ bol-bol Şageldi bol! (Gulgeldi aýdanyny gögertdi. Ýer özleşdirildi, nahallar oturdyldy, pyntyklap ugrady. Şageldiniñ ýere, ir-iýmişe baga höwesi artdy. Taplandy. Eti çekildi. Dañ bilen turan badyna bossanlyga baranyny özü-de duýmady. Bir gün Gulgeldi geldi). Şageldi: - "Eşigiñ täzesi - dostuñ könesi" diýleni! Bala-çagaña guwan, Gulgeldi! Men- ä tapladyñ, Tañry ýalkasyn! Gulgeldi: - Bile ýalkasyn, Şageldi! Belki, aýdyşarys. Indi seýislenensiñ, ýeñseñ-de ýeñersiñ! Şageldi: - Ýaltalygym ýat boldy, Berekella, Gulgeldi! Goja göwün şat boldy, Berekella, Gulgeldi! (Gulgeldi başlamakçy bolýar. Oña elini salgaýar). - Dur sakgaldaş! Sen başlama. Bile işledik, aýdymy-da bile aýdaly. Gulgeldi: - Baş üstüne, goja dostum! (Ikisi bilelikde aýdýarlar): Zähmet çeken hor bolmaz, Zähmet çeken zor bolar. Rysgal ýagar üstüne, Döwlet berkarar bolar. Gojalyk yza teser, Arzuwlar geler başa. Şatlyk şemaly öwser, Ýaşa, eý, zähmet, ýaşa! Çyn dostlaryñ arkañdyr, Tutalyñ dost sarpasyn! Iş bitirip diýeli: Bizi Alla ýalkasyn! Gulgeldi: - (Eli bilen "boldy" diýen yşarat edýär.) - Sakgaldaş, "Garry oýnasa, gar ýagar" diýenleri bolaýmasyn! (loh-loh gülýär). Bes edäýeli indi. Şageldi: - Ýör, onda dost, bir çaýlaşaly-da! Gulgeldi: - Ine, munyñ bolýar! (Gidýärler). Tatar ÜÝŞMEKOW. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |