GORKUT ATA TAGLYMATY
I.
Her bir taglymatyň esasy aýratynlygy bolýar. Türkmeniň ata-baba ruhy dünýäsi türkmen taglymatlarynyň her biriniň – Oguz hanyň, Gorkut atanyň, Göroglynyň, Magtymgulynyň, Beýik Saparmyrat Türkmenbaşynyň taglymatlarynyň esasy aýratynlyklary bar. Türkmen halkynyň asyrlarboýy başga ýerden gelen taglymata däl-de, mydama öz içinden dörän bir gudratly äriň taglymatyna uýup gelendigini söhbetiň başynda aýratyn buýsanç bilen bellemekçi bolýaryn.
Gorkut ata taglymatynyň esasynda Oguz hanyň esasy dünýägaraýyş, dini-pelsepewi ýörelgeleri ýatyr. Ol ýörelgeleriň iň esasysy bolsa AGZYBIRLIKDIR. Biziň agzybirlik, jebislik şygarymyz atamyz Oguz hanyň, onuň beýik patyşa ogullarynyň, Gorkut atanyň, seljuk-türkmen soltanlyklarynyň baş şygarlarydyr.
Türkmen enesi, gelin-gyzlary Oguz hanyň tertip boýunça beren agzybirlikleriniň gylyny gymyldatman türkmen halysyna geçiripdirler. Ýigrimi dört göl – türkmen halysynyň esasy göli. Oguz hanyň ogullary şol halylaryň üstünde agzybirlik bilen oturyp, nahar-şam edinipdirler. Ulusy uly ýaly, kiçisi kiçi ýaly.
Beýik Serdar Mukaddes Ruhnamalarynda Oguz hanyň, Gorkut atanyň, Görogly begiň, Magtymgulynyň ruhy dünýälerini doly açyp berdi. Biz Mukaddes Ruhnamalardan juda köp zatlary öwrendik:
Türkmen çöregi mukaddeslik, kämillik derejesine ýetiripdir.
Türkmen duzy mukaddeslik derejesine ýetiripdir.
Türkmen halyny mukaddeslik, kämillik derejesine ýetiripdir.
Türkmen bedew atyny mukaddeslik, kämillik derejesine ýetiripdir.
Türkmen saçagy mukaddeslik, kämillik derejesine ýetiripdir.
Türkmen päkize şaý-seplerini kämillik derejesine ýetiripdir.
Türkmen saryja goýnunyň tohumyny kämillik derejesine ýetiripdir.
Türkmen gelin-gyzlaryny mukaddeslik hökmünde görüpdir. Ony özüniň halallygy, ary-namysy hasaplapdyr.
Türkmen öz saýlan Serdaryny mukaddeslik, keramatlyk derejesine göteripdir. Şonuň netijesinde hem agzybirligini, jebisligini saklapdyr.
Bir ulamadan: «Perişdeler nirede mesgen tutýar, olaryň ýaşaýan ýeri nirede?» diýip sorapdyrlar. Ulama: «Jem bolup nahara bissimilla edilýän, jem bolup töwir edilýän ýerde» diýip jogap beripdir.
Bu pelsepäni, taglymaty müňlerçe ýyl soň beýik alym Konfusiý döwlet derejesine çenli ýokary göterdi. Konfusiniň taglymaty şeýle: «Ata ata bolmaly, ogul ogul, uly uly bolmaly, kiçi kiçi». Döwlet derejesinde şu taglymaty ulanyp gelen Hytaýda hemişe uly-uly şadöwletler ýaşamagyny dowam etdi. Biri ýykylsa, beýlekisi dikeldi, ýöne Konfusiniň taglymaty daşa ýazylan ýaly bolup, olara hyzmat etdi.
Gynansak-da, şol berk Oguz han düzgüni eýýäm Gorkut ata zamanynda dogry berjaý edilmän başlanýar.
Beýik Saparmyrat Türkmenbaşynyň nygtaýşy ýaly, taryhda duşmanlarymyz mydama türkmeni türkmeniň garşysyna goýup, dogan bilen doganyň agzyny alartdylar, olaryň biri-biri bilen garpyşmagyny guradylar. Netijede, türkmen kösendi.
Her döwür bir taglymata uýan türkmen başky taglymatyny bütinleý unudaýmandyr. Ol döwre görä täze ruhda, täze taglymat bilen ýaşasa-da, öňki taglymatlaryň ruhy gymmatlyklaryny saklap galmagy başarypdyr.
Ol taglymatlar biri-birinden nähili tapawutlanýarlar?
Ol taglymatlaryň esasy aýratynlyklary, bitiren hyzmatlary nämelerden ybarat?
Kitabyň «Gorkut ata taglymaty» atly şu bölüminde, esasan, ýokardaky sowallara jogap berler.
II.
Miladynyň birinji müňýyllygynyň tas ahyryna çenli türkmenleriň esasy milli aňyýetini olaryň dini dünýägaraýşy bolan şamançylyk ýa-da porhançylyk kesgitledi. Türkmeniň dünýäni duýşunyň hem görşüniň esasy görnüşi diniň şol görnüşi boldy. Türkmeniň edebiýaty-da, sungaty-da, däp-dessury-da, halk hökmündäki serhal-da şol tarapyndan kesgitlendi. Şonuň üçinem, milli ruhuň ösüşindäki şol döwri porhançylygyň düýp manysyna dogry düşünmezden oňat häsiýetlendirmek mümkin däl.
Ýöne, şamançylyk türkmenlerde otparazlyk bilen gatyşyk görnüşindedi. Şol sebäpden men şamançylyk diýenimde hökman bir gapdalda otparazlygy hem göz öňünde tutýaryn.
Şamançylyk-otparazlyk diýip men diniň bir şekiline ýa-da keramatyna düşünýärin, onuň esasy ýörelgesi bolsa adamzat köpçüligi bilen ruhlaryň (hudaýlaryň) arasyndaky aýratyn araçylaryň zerurlygyna bolan ynançdyr. Hamana, ol araçylary şol ruhlaryň özi saýlaýarmyş, üýtgeşik adam edip ýetişdirýärmiş hem olary ruhlar okadýarmyş. Araçy şamanlaryň wezipesi – ruhlara hyzmat etmek we olaryň kömegi bilen öz urugdaşlaryny her hili belalardan goramakdyr. Şamanlar ruhlar bilen öwç halynda gürleşýärler. Özem goraýjy ruh şaman bilen bir zada öwrülip bilýärmiş: şamanyň ruhy onuň bedeninden çykyp, şamanyň öz sypatynda ýa-da goraýjy ruh (ýoldaş) sypatynda özge dünýälere gidip bilýärmiş. Netijede, olar bir işiň oňmagyny üpjün edýärler, boljagy öňünden aýdyp bilýärler, belany gaýtaryp bilýärler, ýitigi tapyp, keseliň sebäbini bilip, kesellini bejerip we beýleki zatlary edip bilýärler.
Türkmen taryhynyň oguz döwri diýilýän döwürlerinden galan edebi ýadygärliklere, halkyň yrymlaryna, halk döredijiligine, köne türkmen jemgyýetiniň ahlak ýörelgelerine şamançylygyň-otparazlygyň nämedigini bilmezden dogry düşünmek mümkin däl. Bu dini dünýägaraýşyň esaslaryndan habarly bolanyňdan soň, biziň irki geçmiş taryhymyzdaky köp zatlar düşnükli bolýar duruberýär.
Şonuň üçinem Oguz han, Gorkut ata ýaly taryhy şahsyýetleriň pikirlerine şamançylyk-otparazlyk bilen baglanyşykly taglymat hökmünde seretmek dogry bolar. Bu dünýägaraýşyň düýp manysyna akyl ýetireniňden soň, dürli edebi ýadygärlikleriň aslyny tapyp hem olaryň üstüne soňky yslam dünýägaraýşynyň täze gatlak edip goýan zatlaryny emaý bilen aýryşdyryp bolýar. Hatda häzirki türkmen ruhunyň käbir özboluşlylyklaryny-da taryhy taýdan düşündirmek mümkinçiligi döreýär.
Şonuň üçinem bu hakda – türkmen ruhunyň özeni hakda giňräk gürrüň etmek isleýärin. Ilki bilen, porhanlygyň diniň özboluşly şekilidigi hakynda.
Din – halkyň ruhy kuwwatynyň gadymy döwürde hem orta asyrlarda esasy ýüze çykyş şekilidir. Din – ruhuň esasy hereket ediş meýdany, ruhuň ýaşaýşyny üpjün etmegiň şekili hem-de şol bir wagtda-da adamlaryň ruhy üpjünçiliginiň esasy şekilidir. Şuňa laýyklykda-da gadymy oguz jemgyýetinde, şol jemgyýetiň ruhy-ahlak düzüminde esasy iki şahsyýet: porhan hem-de döwletiň baştutany – han esasy orun tutupdyr. Munuň şeýledigine gadymy döwürlerden galan oguznamalarda kän duş gelýäris. Oguz elipbiýindäki «Oguznamada» Ulug Türük atly bir kişi düýş görýär. Düýşünde ol altyn ýaý hem-de üç sany kümüş peýkam görýär. Munuň özi Oguzyň döwletiniň geljekki ykbalyny rejeleşdirmegiň usuly bolup görünýär. Diýmek, iş ýüzünde ol kişi Oguz hanyň döwletini ruhy taýdan dolandyrmaga gatnaşýar. «Oguznamada» ol şahsyýet tüşimal diýip atlandyrylýar. Munuň düýş sözünden gelip çykýandygy görnüp dur. Häzirki zaman türkmen dilinde düýş ýorujy adam diýildigi bolýar. Ol Oguz hana mundan beýläk nähili hereket etmelidigini görkezýär. Onuň maslahaty bilen Oguz han ýurduny ogullarynyň arasynda paýlaýar.
Oguz jemgyýetinde şeýle uly ruhy-ahlak orun eýelän bu şahsyýet bagşy, hoja, ata, baba diýlip hem atlandyrylýar. Beýleki oguznamalarda Orgil hoja, Ýuşa hoja, Gorkut ata ýaly şahsyýetler dürli han-begleriň üstünlik, ýeňiş gazanmagyna, ýeňlişden, bela-beterden sowulyp geçmegine sebäp bolýarlar. Olar keramatly şahsyýetler bolup durýarlar. Hiç kim olaryň diýeninden çykyp bilenok. Olaryň gadymy oguz jemgyýetindäki orny hem abraýy soňky yslam jemgyýetindäki halyflaryň, hatda pygamberiň derejesine barabardyr. Oguz jemgyýetiniň ruhy ýörelgelerini bitewi taglymat hökmünde göz öňüne getirseň, onda ol taglymatyň mazmunyny düzüji hem ony şekil gutarnyklylygyna getiriji şol şahsyýetlerdir. Şeýlelikde, biziň seredýän nukdaýnazarymyzdan – taryhy döredijilik nukdaýnazaryndan şaman oguz jemgyýetiniň ruhy özenini düzýän şahsyýetdir. Taryhy-döreýiş nukdaýnazaryndan beýleki halklaryňky ýaly, türkmenleriňem saz sungatynyň, edebiýatynyň, halk döredijiliginiň aňyrsynda dini garaýyşlar ýatyr. Edil şonuň ýaly-da, dörediji şahsyýetiň derejesinde bagşynyň şahsyýeti, ozanyň şahsyýeti, şahyryň şahsyýeti, sazandanyň şahsyýeti, işanyň şahsyýeti ilkibaşky şaman şahsyýetiniň soňraky taryhy bölünişiginden gelip çykýar. Şunuň bilen baglanyşyklylykda, Gorkut atanyň şahsyýeti hakda käbir pikirleri aýtmak isleýärin.
Bu adamyň şahsyýetiniň ilkinji gatlagy – onuň keramatly pirdigine, şamandygyna degişli gatlakdyr. Döwletiň aňyýet-ruhy gurluşy bilen baglanyşyklylykda alanyňda, dürli eserlerde şamanlar patyşanyň ýanyndaky wezir edilip görkezilýär. Gadymy «Oguznamada» Ulug Türük – tüşimal, Abulgazynyň «Türkmenleriň nesil daragtynda» Yrkyl hoja, Reşideddiniň «Oguznamasynda» Ýuşa hoja Oguz hanyň wezirleri hökmünde agzalyp geçilipdir. Emma şu şahsyýetleriň hemmesiniň dürlüçe atlandyrylan bir adamdygyny, has dogrusy, bir şahsyýetdigini çaklamak mümkin. Çünki tüşimal – düýş ýorujy, yrkyl – pal atyjy diýmekdir.
Mahmyt Kaşgarynyň sözlüginde yryklamak diýen işlik duş gelip, ol pal atmak, täleý garamak manysynda ulanylýar. Reşideddiniň «Oguznamasyndaky» Ýuşa hoja bolsa aýratyn bir keşp bolup durýar. Oguzyň dünýäni basybalyşlarynda bu hojanyň durmuş tejribesiniň, maslahatlarynyň ähmiýeti uly bolupdyr. Elbetde, Reşideddiniň beýan edişinde onuň şahsyýetiniň başky görnüşinden az zat galypdyr. Ýazar öz döwrüniň aň ölçeglerine laýyklykda uly özgertmeleri girizipdir. Munda Ýuşa hoja üýtgeşik, Taňry tarapyn berlen keramatly adam (aýdaly, Ulug Türük ýaly) däl-de, ýöne durmuş tejribesi bolan goja hökmünde suratlandyrylýar.
Oguz han ýörişe şaýlananda, gurpdan düşen garrylary ýörişden galdyrýar. Emma Gara Sülük diýen ýigit kakasyny sandyga salyp, ony ýany bile ýörişe äkidýär. Gara Sülügiň kakasy Oguz han hem onuň goşunlary çykgynsyz ýagdaýa düşende, olary kynçylykdan alyp çykýar.
Iş ýüzünde hojasyz Oguzyň ýeňşe ýetmegi mümkin däl bolup görünýär. Reşideddin soň Oguzyň uly ogly Gün hanyň weziriniň Yrkyl hoja bolandygyny aýdýar.
Hojanyň şahsyýetinde şamanyň kesbi – düýş ýormak hem pal atmak bar. Oguz han ýa onuň ornuny tutan Gün han oguz durmuşyny harby taýdan dolandyrýan bolsa, hojalar jemgyýetiň ruhy aladalaryny öz üstüne alypdyrlar. Hatda döwleti syýasy-ruhy taýdan dolandyrmak diýibem gürrüň etse boljak: Oguz han ölenden soň, Yrkyl hoja onuň agtyklarynyň hersiniň lakamyny kesgitleýär, tagmalaryny görkezýär, oňonlaryny düşündirýär. Munuň özi döwletiň geljekki gurluşyny kesgitlemekden başga eýse näme?!
Hawa, hojalar – ýaşulular. Häzirki zaman türkmen gepleşik dilinde «ýaşuly» sözüniň döwlet ýolbaşçysy hem ýolbaşçylary bilen täsin baglanyşygyny görüp, şol hojalar ýada düşýär. Munuň özi berk kanunalaýyklyk, içki baglanyşyk bolsa gerek. Janly gepleşik diliniň düýpli pelsepesi bar. Gepleşik dili – umumyhalk diliniň ähli içki gujurynyň manysynyň hem tagamynyň iň aýdyň ýüze çykýan ýeridir. Diliň taryhy many arabaglanyşyklary janlylygynda galýar, diýmek, ruhuň hem üznüksizligi dowam edýär.
Şu närse bilen baglanyşyklylykda bir jümläni – «ruhuň geçmiş hasraty-gamy» diýen jümläni girizmek maksadalaýyk bolsa gerek. Türkmenleriň yslamdan öňki dini dünýägaraýşynda diniň özboluşly görnüşleri – ata-babalaryň keramatlaşdyrylmasy diýilýän görnüşi, animizm – jansyz zatlara hem düşünjelere ruhy girizmek, totemizm – ösümligi ýa haýwany keramat (kult) hökmünde görmek ýaly görnüşler agdyklyk edipdir. Ýaşuly sözüň özboluşly hadysalygy hem şondan galan keramat bolsa gerek.
Ýöne hoja – goja däl, baba, ata sözleri hem keramatly ýaşuly sypatyny göz öňüne getirýär. Şu baglanyşygyň üsti bilen biziň Gorkut atamyz hem ýokarky hojalaryň hataryna goşulýar. Diýmek, şu hili pikir hem dil arabaglanyşyklaryny yzarlaberseň, Gorkut ata gudraty taryhy-resminama ýa-da edebi maglumatlygyndan-da beter taryhy-ruhy hadysadyr. Gorkut atanyň ýaşy barada näwagt, nirede ýaşap ötenligi, nämeler edendigi hakda taryhçylar, etnograflar, edebiýatçylar ýazdylar.
Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy «Gorkut ata» şadessanynyň 1500 ýyllygyny bellemek hakynda görkezme berdi. Eger bu şadessanyň döränine şonça wagt geçen bolsa, onda Gorkut ata-da şonçarak wagt mundan ozal, hatda ondan aňyrrakda ýaşap öten adam bolmaly. Şonuň üçinem Abulgazynyň, Reşideddiniň, olara daýanybam, aýdaly, R.Rejebow ýaly alymlaryň Gorkut atanyň IX asyrda ýaşanlygy hakda netije çykarmagy o diýen dogry däldir. Umuman, bitewüligine saklanan «Gorkut ata» şadessanynyň özünden tapawutlylykda biz Gorkut atanyň özüni taryhda asly bolanam bolsa, jemleýji şahsyýet hökmünde göz öňüne getirýäris. Bu meselede A.Bekmyradow mamla. Ol Gorkut atany yslamdan öňki ynançlar bilen baglanyşdyrýar.
Edebi makalalar