GÖROGLY TAGLYMATY
Saparmyrat Türkmenbaşy Ruhnamada Görogly eýýamyna beýik baha berdi. Biz «Görogly taglymaty» diýenimizde şol eýýamyň ruhy aňyýetini däl-de, ol eýýam synandan soň başlanan döwrüň – döwletsizlik döwrüniň aňyny göz öňünde tutýarys. Bu aňyýet «Görogly» şadessanynda oňat beýan bolupdyr. Şonuň üçin hem «Görogly taglymaty» Görogly eýýamynyň däl-de, ol eýýamdan soňky döwrüň – XVII – XVIII asyrlaryň Magtymgulynyňkydan tapawutlanýan bir aňyýetidir.
TAGLYMAT – dünýä gatnaşygyň esasyny düzýän düýp pikirleriň jemidir. Taglymat diňe uly-uly pelsepewi kitaplarda däl, halkyň dileki döredijiliginde-de ynançdyr däp-dessurynda-da öz beýanyny tapýar.
Oguzyň türkmene öwrülmegi halkyň taryhy ýaşaýşynyň dürli ugurlarynda düýpli öwrülişikleri alamatlandyrdy. Ruhy taglymat meselesinde munuň özi bitewi Gorkut ata taglymatynyň iki ugra – Göroglynyň taglymatyna hem-de Magtymgulynyň taglymatyna bölünmegine getirdi. Seljuklaryň döwletiniň ýaşamagyny bes edip, türkmeniň döwletsiz galan sekiz asyrynda bu taglymatlar milletiň taryhy ýaşaýşynyň biri-birinden tapawutlanýan iki sany ruhy şekilini aňladýardy.
Göroglynyň taglymaty – özünde türkmen ruhunyň hiç hili çäklendirilmedik, syýasy ýa gaýry şekillere salynmadyk özakymlylygyny aňladýar. Munuň özi türkmeniň akyl başlangyçlaryna kökerilmedik kakabaş, irrasional badalgalaryň jemidir. Taryhy geljegiň gamyny iýmeýän erkanalyk, aňrybaş özakymlylyga geçýän erkanalyk, tasdanam öz gapma-garşylygyna geçäýjek erkanalyk – ine, Göroglynyň erkanalygy şeýledir. Bu ýerde türkmen taryhynyň pelsepeçisi üçin juda ähmiýetli hem syrly aýratynlyklar kän. Görogly üçin geçmiş hem şu gün bar, ol geljegiň aladasyny edip, baş agyrdyp oturanok. Bu aýratynlyk, syýasy, döwletlilik manysyndaky mümkinçiliksizlik Göroglynyň «Ertiriň gamyny iýme» diýen ýörelgesinde oňat beýan bolýar. Taryhy ýaşaýyş keşbi hökmündäki şu hili erkanalyk maksady hem oňyn, hem, gynansagam, tersin pursatlary özünde jemleýärdi. Munuň şeýledigine ruhy taglymatyň ikinji bir ugruny goldanan şahsyýetler – Ýusup Has-Hajyp Balasagunly, Salar Baba, Döwletmämmet Azady, Magtymguly dagy oňat düşünipdirler.
Emma bir zada düşünmeli – gürrüň adam şahsyýetine, şahsy aňyna garaşly bolmadyk taryhy hadysa hakda gidýär. Gep türkmen ruhunyň tebigy ýaşaýşy hakyndadyr. Adamyň ygtyýaryndaky zat hem-de adam ygtyýaryndaky däl zat diýen mesele taryhyň pelsepesinde iň bir çylşyrymly meselelerdendir.
Men häzir başardygymdan taryhyň pelsepeçisi hökmünde pikirlenmäge synanyşýaryn. Taryhyň pelsepeçisi üçin bolsa Görogly türkmen ruhunyň özakymlylygynyň bir şahsyýetde janlandyrylmasydyr.
Ruhy pelsepeleri, dünýä gatnaşygynyň jemi hökmündäki Görogly taglymatyny ýüze çykarmak üçin «Görogly» şadessanynyň mazmunyny göçme manyda tefsir etmeli. Şu tarapdan alanyňda, «Görogly» şadessanynda üstüni açara taryhy-ruhy syrlar ýeterlik bolup, olar türkmeniň sekiz ýüz ýyllyk taryhynyň «näme üçinlerine» gowy jogap bolup bilerdiler. Görogly – Çardagly Çandybiliň hany, eýsem-de bolsa ol ýurdy nähili dolandyrýar, nähili serişdeler arkaly edara edýär?! Kyrk ýigidiniň üsti bilen edara edýär diýib-ä boljak däl. «Bilimnamadaky», «Wagzy-Azatdaky» syýasy-döwlet taslamalary-ha Göroglynyň aňynda ýok. Eýsem-de bolsa türkmeniň taryhynda bularyň haýsy (Azady ýa-da Görogly) anyk syýasy taryhy tejribäni özünde jemleýär?! Türkmen janly taryhy ýaşaýşynda bu iki ýörelgäniň haýsyny iş ýüzünde köp amal edipdir?! Görogly – han, emma «goşunsyz general» diýen ýaly, ol döwletsiz handyr. Aslynda, onuň şadessandaky ömrüniň köpüsi Çandybiliň çäklerinden daşarda geçýär.
Göroglynyň şahsyýetini türkmen taryhynyň kynçylygy öňe çykardy. Ol syýasy aňyň tejribesi däl-de, daşky duşmanlara harby gaýtawul bermäniň serişdesidi. Göroglyny haýsy taryhy şertleriň öňe çykarandygy şadessanyň «Göroglynyň döreýşi» şahasynda gaty aýdyň görünýär. Ýöne bu teswirlemä geçmezden owal, Göroglynyň edebi gelip çykyşy barada kelam agyz.
Adybir gahrymançylyk şadessandaky Göroglynyň keşbiniň aňyrsynda nähili şahsyýetiň ýatandygy barada şu wagta çenli köp alymlar ýazypdyrlar. Bu meseledäki pikirleri iki topara bölmek mümkin. Birinjileri Göroglynyň taryhy aslyny XVI – XVII asyrlarda Gündogarda giňden ýaýran jelalylar hereketine gatnaşan adam edip görkezýärler. Emma beýleki taryhy taýdan ýakyn wagtda Göroglynyň keşbiniň häzirki derejesine ýetip bilmejekligi düşnüklidir.
«Görogly» şadessany özüniň düýp esaslary boýunça Oguz han şahsyýetinden hem gadymy oguz dünýägaraýşyndan gaýdýar. Göroglynyň aýaly – otdan, aty – suwdan, özi bolsa, bilşimiz ýaly, toprakdan. Megerem, şu ýerdenem oguzlaryň gadymy duýgy-düşünjeleriniň dünýä hem adam baradaky garaýyşlarynyň diniň täzelenmegi bilen bütinleý ýitip gitmän, aňyň has içki gatlaklaryna geçendigi aýan görünýär. Emma öňki ruh bitewüligini ýitirip, diňe döwükleri galypdyr, olaram diňe edebi-çeper aňlatmalar görnüşinde ýaşap bilipdir.
Gadymy «Oguznamada» Oguz han şugla, nur bile asmandan inen gözele öýlenýär. Elbetde, nur hem otdur. Wagtyň geçmegi bilen, medeni pikirlenmäniň çalyşmagy netijesinde owalky dünýägaraýyşdaky bitewülikleriň diňe döwükleri galypdyr. Aýdaly, Görogly begiň ýyldyz görende gutulýandygy, şadessanda Ýyldyz dagynyň uly çeperçilik ähmiýetlidigi, esasanam, Göroglynyň amanadyny tabşyrmak üçin Ýyldyz dagyna ýörite gaýdýandygy düýpli manysy bolan pursatlardyr. Diýmek, şol döwüklerden, galyndylardanam ata-babalarymyzyň dünýägaraýyş ulgamynyň nähili özboluşly hem çylşyrymly bolandygyny çak edip bilýäris.
Ruhuň içki many bitewüligini ýüze çykaryp, döwükleriň arasyny öz ruhuň bilen sepleşdirmek – gadymy oguzlaryň dünýäsini gaýtadan dikeltmekdir.
Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy diňe bir Oguz hanyň, Gorkut atanyň, Magtymguly Pyragynyň ruhy dünýäsini türkmen halkyna açyp görkezmek bilen çäklenmän, eýsem Görogly begiň eýýamynyň ruhuny ussatlyk bilen dikeltdi. Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy birnäçe açyşlary etdi we türkmen taryhynyň ruhuny bir uşlyba düzdi.
Döwletsiz ýyllar. Bir uly ýol uzap ýatyr diýýär. Megerem, taryhyň şaýoludyr. Setanda-seýranda, esasanam, kä täze Günüň gyzaryp dogup gelýän, ýanyp dogup gelýän çagy, käte-de Gün batyp, iňrik garalyp ugran çagy şol ýoldan adam-gara geçýärmiş. Ýoluň bir gapdalynda bolsa ýüzi ýazgyly agaç dikilgi diýýär. Geň zat, irden geçýän adam şol ýazga seredip, aglap gidýärmişin, agşam ýoly düşen adam bolsa gülüp-gülüp, soluk başyny ýokary galdyryp gidýärmişin. Bar gepem şol agajyň ýüzüne ýazylan ýazgydamyş.
Eýsem-de bolsa, bu hekaýatdaky geňligiň aňyrsynda taryhyň oýunlary ýatyr. Eger tanan bolsaňyz, gülüp gidýän taryhyň indiki öwrüminde döwlete ýüzi düşjek türkmendir, çünki ol: «Bu-da geçer» diýen ýazgyny okap, döwletsiz ýyllaryňam öz başyny alyp durmajagyna göz ýetirýär. Beýleki – aglap gidýän bolsa, onda owalky türkmendir. Bu biri gülüp, biri aglaýan türkmeniň arasynda näçe ýüz ýyllyk wagt ýatyr?!
«Görogly» şadessany türkmeniň döwletsiz ýaşan asyrlarynda dünýägaraýyş, durmuş ýörelgeleriniň jemi hökmünde kemala gelipdi. Onuň manysynyň içki göçme many nyşanyýetini-de şol taryhy döwrüň aýratynlyklary bilen göz öňüne getirmeli.
Sowet döwri diýilýän edebi döwürde biz göçme many nyşanyýetini (simwol) ýasajak bolup çyr-çytyr bolduk. Emma görlüp oturylsa, göçme many nyşanyýeti, birinjiden-ä, ýasalýan zat däl eken, ikinjiden bolsa, ol bir adamyň döredijilik ygtyýaryndaky önüm däl eken. Hiç bir kişi, hatda beýik ýazyjy-da dilde asla ýok bolan sözi oýlap tapyp bilmeýär. Aýdaly, hiç bir biologyň tebigatda asla bolmadyk güli döredip bilmeýşi ýaly. Şonuň ýaly göçme many nyşanyýetini hem halkyň ruhunyň tebigy ösüşiniň hadysasy bolup, onuň döreýiş kanunalaýyklyklary bir adamyň aňynyň serhetlerinden has giň meýdanda dowam edýär. Hatda akyldarlaram simwoly döredenoklar-da, diňe bar bolanlaryny kämilleşdirmäge hem çuňlaşdyrmaga ukyplydyrlar.
«Göroglymyzyň» türkmen ruhundaky özge taglymatlardan aýry gelýän öz dili bar. Şol diliň düýp özboluşly manysy meselä türkmen taryhynyň özgerişiniň çäginde seredeniňde, has gowy hem dogry açylýar. Ol dil garaşylmadyk üýtgeşik dildir, ol dil eseriň üstki many gatlagynda gezilip ýörkä göze görünýän şady-horramlykdan ybarat bolan dil däldir. «Her bir degişmede hakyň dänesi bar» diýýärler. Her bir degişmede gussanyň hem dänesi bar. «Görogly» eseriniň – muňa diňe çeper eseriň hili hökmünde garalanda – mazmunynda, adam häsiýetlerini dörediş ülňülerinde degişmäniň, henegiň paýynyň güýçlüdigi islendik okyja mälim. «Görogla» özge nazarýetden – oňa türkmen ruhy taglymatynyň jemi hökmünde taryhy-pelsepewi many tarapdan garanyňda, bu henegiň manysy üýtgeýär. Tas öz gapma-garşylygyna çenli üýtgäp gidýär. Çünki islendik degişme kakdyrmadyr, kinaýadyr, kinaýa bolsa bir tarapdan gürrüňsiz iç ýangyjy bilen baglanyşyklydyr.
Onuň içki manylar ulgamyna özüňiz aň ediň:
«Görogly»
mazar bilen başlanýar,
mazarda-da gutarýar.
«Göroglynyň» ruhy taglymat hökmündäki taryhy esaslaryna hem taryhy manysyna düşünmekdäki esasy pursat onuň başy – «Göroglynyň döreýşi» şahasydyr. Şundan şowly, şundan mazmuna laýyk gelýän ady tapmak mümkin däl. Wagt eleginden geçen aňlatmalar! Başda Göroglyny türkmen taryhynyň, türkmen ruhunyň kynçylygy döretdi diýip ýaňzydypdyk. Elbetde, bu hakykatdyr. Hakykat diýýänimiziň sebäbi jemgyýetde, jemgyýetçilik aňynda hem ynançlarynda, hakyky durmuşda öňe tutarlyk, arka tutunarlyk hiç hili adam galmandyr weli, halk ruhy öz gahrymanyny, hossary boljagyny nalaç görden çykaryp almaly bolupdyr. Ine, Göroglynyň başlangyjynyň şeýle ýowuz, ruhy talwaslaryň (ideallaryň) hem daýançlaryň gahatlygy manysyndaky şeýle ýowuz alamaty bar. Türkmen ruhunyň taryhynda şahsyýetsizlenmek diýen döwürler bolupdyr. Munuň özi halkyň arkadagy boljak şahsyýetleriň gözden uçan, adamlaryň heýhat çüprän döwürleri eken. Onsoň ruhuň hyýalyýeti (fantaziýasy) şeýle gerçegi görden çykarmaly, ýagny, bir wagtky ata-babalarynyň dünýäsinden gaýtaryp getirmeli bolýar. Aslynda ruhuň döredijiliginiň bir täri hökmündäki hyýalyýet ýokdan bar etmekdir. Eýse şu ýaşaýşyň, dünýäniň özi-de Allanyň emri bilen ýokdan bar edilendir.
Emma Göroglynyň döreýşini bütinleý adaty zatlar bile düşündirjekler-de tapylar. Aýdaly, dogrudanam, haçandyr bir wagtlar adamlar ýeri gazyp edilýän gabyrlarda jaýlanman, ýeriň ýüzünde dikilýän jaýlarda jaýlanypdyr diýen maglumat-da bar. Hut otparazlarda şeýleräk däp bar eken. Hatda mundan-da beter adamlar ýagyçylyk döwründe gazylan ýerzeminlerde uzak wagtlap ýaşamaly bolýan ekenler. Onsoň şeýle ýagdaýda çaganyň ýer astynda dogulmagy-da geňlärlikli wakalardan bolmandyr. Megerem, «Görogly» eserinde-de şeýle taryhy hadysalaryň özüçe beýany saklanýandyr diýilmegi mümkin. Ýöne munuň özi biziň pikirimizi ýalana çykarmaýar. Bu diňe biziň alýan göçme manymyzyň ilkibaşky durmuşy esasyny tapyp berýär. Eger şol durmuş maglumatyny görkezmek bilen çäklenýän bolsa, onda «Görogly» halkyň ýüzlerçe ýyllyk gözellik islegini kanagatlandyryp gelen göçme many, göçme manyly sungat eseri bolman, ýöne bir etnografik ýazgylar ýygyndysy bolardy.
Umuman, adamzat diliniň many taýdan gatlaklanyşynyň iki basgançagyny bellemek mümkin. Ilkibaşda ol ýaşaýşy gönümel, erkin maglumatlar derejesinde beýan edýär. Mysal üçin, adamzat dilinde «arassa adam» diýen düşünje bar. Munuň özi häzir ahlaky-pelsepewi kesgitlemedir. Emma haçandyr bir wagt ol jümle ýuwnup-ardynýan, tämiz eşikleri geýýän adamlary aňladypdyr. Diliň many ösüşiniň ikinji basgançagynda ol eýýäm gönümel-durmuşy däl-de, ahlaky mana eýe bolýar. Bu kanunalaýyklyk sungata-da degişli bolup, göçme manyly sungatyň dili ilkinji gurnaýjy dil diýilýän kesgitleme bilen häsiýetlendirilýär.
Görden çykmak – taryhyň ýowuz basgançagynda gara ýere öwrülen halk mertebesiniň öz-özünden gaýtadan ýokary galmagydyr. Bu göçme (simwoliki) many oguzyň men diýen wagty, dünýäni sürýän wagty Gorkut atanyň ýeriň giňinde aýdan:
– Çykan jan gaýdyp gelmez – diýen çürt-kesik paýhasyna belli bir derejede garşy çykylmagydy. Zerurlyk bolanda göre giren janam görden çykyp geljek eken.
Göroglyny döwletsizlik ýyllary dogurdy, emma Görogly bilen türkmen döwlete-de ýetmedi. Onuň görden çykarylmagynyň maksady muny göz öňüne-de tutmaýardy. Ol diňe watany, il-güni goramak üçin ýaradylypdy. Göroglynyň watany bolsa daglardyr.
Togrul beg Jibal ülkesiniň patyşasy bolýar. Jibal – daglyk ýer diýmekdir.
Edebi makalalar