15:41 Halallyk modadan gaçýar | |
HALALLYK MODADAN GAÇÝAR...
Goşgular
Halallyk modadan gaçýar diýdiler, Bilmedim, siz oňa garşymy razy. Ýöne şol çyn bolsa, oňa günäkär, Ilki bilen halal adamlaryň özi. Şeý diýip bir tanyşym nahar başynda, Täze bir modadan başlady gürrüň. Diýdi, goňşulykda täze bir ahwal, Moda bolupdyr bu gün. Mundan 10-15 ýyl ozal başlandy, Bu üýtgeşik täze modanyň başy. Juda üstünlikli ösüşiň barşy, Dünýäni ýumursyn, agdarsyn, ýyksyn, Döwletiň malyny tünewine çeksin, Ogurlasyn, göwün solpudan çyksyn, Goňşy goňşysyna çykanok garşy. Dünýäde diýdi ol, dostumdan ozal, Ilki bilen goňşa goýýaryn hormat. Goňşy diýen zada göripligim ýok, Goý, biri-birinden ýaşasyn oňat. Ýöne zähmet çekip eşret görmek bar, Zähmetsiz eşter bar, şonda ähli gep. Ynha men inžener, alýan aýlygym, Käbir kişiňkiden esse ýarym köp. Goňşularym hem şeýle, Mugallym, şofýor, ussa, tokar, Bary gününden hoşal. Hemmesiniň oňat güzerany bar, Iýýär, içýär, geýýär kassasam boş däl. Ýöne üýşüp ýatan harman puly ýok, Juda rejeli pullaryny sowuşy. Emma puly saman ýaly sowurýar, Başga bir kiçijik aýlykly goňşy. Ilki bilen şonuň öýüne gelýär, Iň modaly gymmat zatlaryň gowusy. Olar fors atýarlar biz hem syn edýäs, Göriplik etjekmi, goňşyda goňşy. Biz hem her aýda bir çebşi ýykýas, Ýaňky bolsa her gün bögürdýär çebşi, Garagumda süriň barmy diýemizok, Öýkeläýse nätjek, goňşyda goňşy. Törebek hanymyň mawzoleýi dek, Jaýynyň asmanda seleňläp durşy. Beýle zada nädip harajat tapýaň Diýemizok, sebäbi goňşyda goňşy. Bir gün irden tursaň ýaňky jaý hem ýok, Deň ýaryny ýykypdyr, ýaňjady gurşy. Metjit ýaly edip täzeden gurdy, Biz hem gutlap gaýtdyk, goňşyda goňşy. Metjidiň içinde namaz okaýsa, Gelişjegem weli, dine-de garşy. Ne namaz okaýar, ne-de bir kitap, Bir ortalyk bir zat, goňşyda goňşy. Näme kärdediginem biljek miltiň ýok, Her gün bir tarapda galgaýar köwüşi. Uprawlýaýuşimi, bazaň müdiri, Hetjikläp duramyzok, goňşyda goňşy. Howlyň ortasynda uly howzy bar, Bakjasaraý ýaly fontanyň çogşy. Çagalarymyz barsa jyrryldyp kowýar, Käte-de kowanok, goňşyda goňşy. Wolgasyn göz üçin çalşyrýar her ýyl, Gara, goňur, mele soňkusam ýaşyl. Dogurdanam bilip saýlapdyr reňki, Ýolunda päsgel ýok, goňşyda goňşy. "A-haw, pullaryňa ýer tapaňokmy" Diýýän ýok, agzyna alan dek daşy. Kä jaýyna, kä maşynyna bakýas, Arkasyna kakýas, goňşyda goňşy. Ol bolsa hiç zady bilmeýändir öýdüp, Tekepbirlik satýar gaýşardyp döşi. A-haw döşüňi ýap, diýmegiň ýerine, Salam goňşy diýýäs, goňşyda goňşy. Kyrk-elli goňşym bar, şeýle halalhon, Tämiz, sada bir-birinden ýagşy. Biri sement çekýär, biri daş döwýär. Hemmesi-de haram gazanja garşy, Hemmämiz dylym dyrs, ählimiz lal jim, Näme gygyrjakmy, goňşyda goňşy. Diýýäris hemme zat aýan bolmaly, Şony talap etýär durmuşyň barşy. Näme ala-böle şolaryň içinde, Aýan bolmasyz zat goňşymy goňşy. Sözün jemledi-de inžener dostum, Diýdi: "Içimi hä boşatdym ýagşy, Sen goňşular hakda bir felýeton ýaz, Goý, kimiň-kimdigini tanasyn goňşy". Dem salym oýlandym ýüzüne bakdym, Ne hä razy boldum, ne de bir garşy. Ömrümde etmändim oň ýaly işi, Atamyň wesýetin ýatlatdym oňa, Goňşy hakda diňe sözlegin ýagşy. Papkasyn goltuklap çykdy-da gitdi, Gygyrdy: "Görersiň ýamanmy-ýagşy, Saňa-da sataşsyn şoň ýaly goňşy, Eý adamlar, birden ýaňkyň dilegi, Kabul bolmasa ýagşy! Kerim GURBANNEPESOW. | |
|
√ Ballaryň islär / Goşgular - 22.08.2024 |
√ Meniň gimnim / Goşgular - 07.09.2024 |
√ Aýal dogan gelende / Goşgular - 23.08.2024 |
√ Eý kylyp röwşen, ulus tapmaga enweri hüdä... / Goşgular - 03.08.2024 |
√ Çaganyñ öweý enesine aýdany / Goşgular - 20.08.2024 |
√ Marguşda / Goşgular - 21.10.2024 |
√ «Ýa men ahate elmükel-eşýaýe külleha» / Goşgular - 03.08.2024 |
√ Ajap ýaýlam / Goşgular - 15.05.2024 |
√ Ahunyň jogaby / Goşgular - 19.11.2024 |
√ Ene gudraty / Goşgular - 01.07.2024 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |