HALALLYK WE HARAMLYK / edebi filosofik söhbet
Pähimleriň adaty sözden tapawudy – munda birgiden pelsepe gatlak-gatlak, ötlem-ötlem many çuňluklarynda ýaşaýar. Okyjynyň ýa diňleýjiniň üşügine, sowadyna baglylykda, ol pähimleriň manysy barha çuňalyp gidip barýar. Herhal, bir söz bilen aňlatmaly bolsa, meniň düşünişimçe, bu pähimleriň şeýle manysy bar: türkmen milletiniň ruhy hem maddy barlygy binýat edilende, onuň binýatlary, esaslary halallykdan gurnalandyr, halallyk bolsa ahlaky düşünje. Ahlaky düşünje hökmünde halallygyň örän giň manysy bar, hatda şol many giňligi boýunça bu aňlatma, umuman, ahlaklylyk düşünjesiniň özi bilen hem barabarlaşýar.
Halallyk türkmeniň düşünjesinde, elbetde, arassalykdyr. Muňa eliň, sözüň, pikiriň, hereketiň, niýetiň, işiň arassalygy manysynda düşünmeli bolsa gerek.
Asyl gelip çykyşy boýunça türkmeniň halallyk we haramlyk baradaky düşünjeleri ýeke-täk Allatagala, ruh bilen baglanyşyklydyr. Şu jähetden alanyňda, halallyk – Allanyň dergähine, ýakynlygyna mynasyplygyň, haramlyk bolsa ondan daş düşmegiň sebäbidir. Din arkaly, Allatagala düşünjesi arkaly adam özi bilen baglanyşykly maddy närseleri, öz sredasyny ruhlaşdyrýar. Halal çörek, halal mal, islendik başga bir halal närse – munuň özi, Allanyň nukdaýnazaryndan, Allanyň makullamagyndan ruhlaşdyrylan zatlardyr we nygmatlardyr. Türkmeniň taryhynda halallyk düşünjesi ilkinji gezek atamyz Oguzyň ömür wakalary bilen baglanyşdyrylýar.
Oguz han, rowaýatlara görä, eneden bolandan soň, birnäçe wagtlap enesiniň süýdüni almaýar. Diňe enesi Allanyň birligini Oguzyň öňünde ykrar edenden soň, ol enesiniň süýdi bilen iýmitlenip başlaýar. Diýmek, Oguz öz enesiniň süýdüniň halallanmagyna sebäp bolýar. Türkmeniň: «Ene süýdi ýaly halal», «Ene süýdünden halal» diýen ganatly sözleri şondan gözbaş alyp gaýdýar. Soňra ol ýigit çykyp, agasynyň gyzyna öýlenýär.
Emma, ol başky iki uly gyzlar bilen ýakynlyk etmekden saklanyp, diňe Allanyň birligini dilinde tekrarlan üçünji gyz bilen ýakynlyk edýär. Mundan bolsa türkmeniň maşgalanyň, aýalyň halallygy diýen ahlak düşünjesi gaýdýar.
Şol wakalardan logiki netije çykarsaň, halallyk – munuň özi Allanyň birligine, barlygyna hem onuň hökmürowanlygyna esaslanýan ahlak ýörelgelerdir. Has türkmençeläp aýdanyňda, halallyk Allanyň halajak, oňlajak närseleri we işleri bolýar.
Aslynda, ahlagyň ruh bilen çuňňur baglanyşyklydygyny, ahlagyň: «Ähli zadyň esasynda ruh ýatýar» diýip ykrar edýän jemgyýetçilik aňynyň bir görnüşidigini bellemek gerek. Ahlak ruh bile nebsiň, ruh bile teniň gapma-garşylygyndan syzylyp çykýar. Ten öz isleglerini gögertjek bolýar. Ol – akylsyz, kör, onuň şol isleglerini kanagatlandyrmagynyň nähili netijelere getirjekdigi hakynda pikir hem edesi gelenok. Ol men-menlige eýedir. Emma adamzat özüniň ýaşaýşynyň dowamynda şeýle islegleriň nähili ýaramaz ruhy hem jemgyýetçilik kynçylyklaryna, hatda betbagtlyklaryna getirýändigini sansyz gezek görüpdir. Şonuň üçinem ol ahyr soňunda hut parahat, asuda hem ylalaşykly jemgyýetçilik ýaşaýşynyň gözbaşy, esasy hökmünde ruha hem ahlaga gol ýapypdyr. Şonuň üçinem ahlagyň juda kesgitli hem esasly jemgyýetçilik manysy we ähmiýeti bardyr.
Halallyk, haramlyk düşünjelerini öz içine alýan türkmen ruhy, ahlagy dünýäniň ruhy başlangyçlara esaslanýandygyny tekrarlaýar. Çünki Alla dünýäni ýaradyjy, onuň başynda durandyr. Alla diýmek bolsa beýik ruhdur. Şeýle ählumumy ruhy esaslylygyndan ötri, bu ahlak her bir, hatda ownuk durmuş meselesiniň çözgüdi diýip hem ruhy başlangyçlary görkezýär. Taryhdaky we durmuşdaky oňatlyklaryň we şowlulyklaryň esasynda ruhy halallyk ýatyr; tebigy betbagtçylyklaryň, gurakçylykdyr ýer titremeleriň, durmuşdaky maddy nogsanlyklaryň, keselleriň, garaz, ähli ekologiki, biologiki hem sosial ýaramaz hadysalaryň aňyrsynda ýaramaz ruhy badalga – haramlyk ýatýar hasaplanypdyr. Ogluň bikemal, gyzyň bihaýa bolup ýetişmegi olara berlen çöregiň haramlygyndandyr. Halallyk hem haramlyk hakynda türkmen edebiýatynda hem, il arasynda hem ajaýyp hekaýatlar we rowaýatlar giňden ýaýrandyr.
Biriniň ogly näkes bolup ýetişipdir. Emma, göräýmäge, bu hadysa juda halal saýylýan şol ene-atanyň ömrüne, abraýyna laýyk gelmeýän iş hasaplanydyr. Çünki iliň hem bilşi ýaly, onuň enesi-de, atasy-da juda halalhon, juda päkize, atly-abraýly adamlar bolupdyr. Bütin halk munuň şeýledigine ynanypdyr, onsoň ogluň şeýle näletkerde bolup ýetişmeginiň sebäbine asla düşünmändir. Emma halk bilmese-de, halyk bilýär. Özüniň bütin ömrüni pursatma-pursat, sahypama-sahypa gözden geçirip, oglunyň beýle bolmagyna şol ýerde hiç hili sebäp tapmadyk atasy aýalynyň ýanyna barypdyr. Barybam:
– Eý, keýwany, munuň sebäbi, belki, sendedir. Aýt, näme üçin oglumyz haramy bolup çykdy? diýip sorapdyr. Şonda aýaly:
– Dogry aýdýaň, atasy. Ýadyma düşdi, munuň sebäbi mende. Şu oglum göwrämde galyp, aş saýlaýarkam, men obanyň içindäki, han aganyň baglygynyň deňinden barýardym. Birden ýüregim küýsäp, bagdaky almalaryň birini eýesinden soraman, alyp iýipdim. Bu näletkerdeligiň sebäbi şol haram alma bolmaly – diýip jogap beripdir.
Halallyk – ruhy energiýanyň iň esasy ahlak çeşmesidir. Ruhy energiýa bolsa energiýalaryň iň rüstemidir we fiziki hem biologiki energiýalaryň dürli betbagtçylyklara, ölüme hem kesellere, çaknyşmalara we oňşuksyzlyklara getirip biljek ýaramaz täsiriniň öňüni almaga, ýatyrmaga ukyplydyr. Haramlyk bolsa ruhy energiýanyň ýoýulmagy, azmagy, aýak astyna taşlanmagydyr. Bu azgyň energiýa diňe erbetlikleriň başy bolup durýar. Azadyň «Wagzy-azat» eserinde muňa ajaýyp mysallar getirilipdir.
Bir häkimiň ýoly garry kempiriň çadyrynyň üstünden düşýär. Töwerekde başga aýak ýazara gara-beýleki görünmänsoň, häkim şol çadyrda düşleýär. Kempiriň ýekeje, emma juda süýtli sygry bar eken. Başga hödürläre zady bolmansoň, garry kempir sygrynyň täzeje süýdünden häkimiň öňünde goýýar. Süýdi gören häkimiň köňlüne bet, haram niýet inýär: ol garry kempire sygry, süýdi rowa görmeýär. Soňra kempir ýene sygry sagaýyn diýip barsa, malyň emjeginden zat çykanokmyş.
Şu hekaýat haram niýetiň nähili güýçli täsiriniň, özem ýaramaz täsiriniň bardygyny aýdyň görkezýär. Şonuň üçinem ata-babalarymyz haram sözleri dile almandyrlar, haram pygyldan ýüreklerini, haram pikirden aňlaryny, haram işden ellerini arassa saklapdyrlar. Ruhy energiýanyň baş görnüşi bolan halallyk bolsa adamyň bedenini, ähli agzalaryny hem köňlüni arassalaýar, ruhlaşdyrýar, şonuň üçinem ol adam hatda adatdan daşary keramatlylyk ukyplaryna-da eýe bolup bilýär.
«Gorkut atanyň» bir boýundaky çopan haram duýgusyna bäs gelip bilmän, peri bilen haram, ýagny binika jynsy gatnaşygyny edýär. Ondan haram dogan Depegöz oguz iliniň başyna betbagtlyk baryny getirýär. Adam iýýän Depegöz tas oguz iliniň soňuna çykýar. Türkmenlerde binika çaganyň – çöpdüýbiniň, hürriniň juda halanmazlygy-da şondan gaýdýar. Şeýle çagany – çaganyň özüniň bigünälidigine garamazdan, juda ýaramaz jemgyýetçilik alamaty hökmünde görüpdirler, onuň dogulmagyny erbetlige ýorupdyrlar.
Şeýlelikde, halallyk, türkmeniň düşünjesinde baky abadançylygyň, sazlaşygyň, bolçulygyň, durnuklylygyň, adamyň elinden gelýän, adama bagly ahlak esasydyr. Ruhy gymmatlyk bolany üçin munda bakylygyň erki bardyr. Bakylygyň erki özüni bildirýän, şol bir wagtda-da ahlaky gymmatlyk bolany üçin, jemgyýetçiligiň hem zamanyň erkini aňlatmak bilen, durmuş ähmiýetli düşünje bolup durýar. Haramlyk adama-da, millete-de garşy işleýär.
Çig süýt emen adamyň: «Haram baýlygam, baýlykdyr-da, eýder-beýder, bir peýdasyz bolsa, bir peýdaly bolar» diýip aldanmagy mümkin. «Aý, onsoňam, halal ýa haram diýlip zadyň ýüzüne ýazylyp goýlan ýeri barmy, hemmesi-de bir zat – şol bir çörek, şol bir pul, şol bir altyn», emma ahlak kanunlarynyň bozulmaz hökmürowanlygy bujagaz, telperje pelsepäni tiz ýalana çykarýar.
Haram zat irde-giçde bir ýerden çykýar, asla adamyň inine siňmeýär. Galyberse-de, gep adamyň bir özündemi näme?! Ata-babalarymyz: «Haram zat adamyň öz ömründe bildirmäýende-de, onuň ýedi nesliniň dowamynda bir erbetlik bolup çykmalydyr» diýen pähime uýupdyr.
Näme üçin bize haram ýokanok? Çünki türkmen asly halal millet, asly halala haram ýokmaýar. Munuň asly halaldygyny Oguz hanyň durmuşy-da tassyklaýar.
Halallyk hem haramlyk hakynda bir şorta sözi gürrüň bereýin.
Kemine Äraly piriňkidekä, aýratyn bir hüjrejikde ýaşap ýören eken. Gurbanlyk gelende, Kemine birinden bir goýun diläp, alyp gelýär. Pir Keminäniň goýun alyp gelýändigini görüp, sopularyna:
– Baryň, şonuň goýnuny bir hile bilen elinden alyň – diýip, olary iberip, özi hem gözenekden garap durýar.
Sopular köpriniň aşagynda ýatýarlar. Olar Kemine goýny idip, köpriniň üstüne gelen wagty, donlaryny başlaryna büräp, goýny ürküzýärler.
Goýun ürküp, Keminäniň elinden sypýar. Kemine:
– Haý, doňuz – diýip, goýna topulýar. Pir sopularyna:
– Indi degmäň, ol goýny haramlady – diýýär. Onýança sopularyň biri goýny tutup:
– Gowy mal eken! – diýýär.
Pir onuň «Gowy mal eken» diýen sözüni eşidip:
– Ol ýene halallanyp, goýun boldy, çekiň! – diýip buýurýar.
Aýdylyşy ýaly, degişme-dä!
Ýöne türkmen taryhda hemişe halal ýaşamaga çalşypdyr, haramyny ýekinde ýigrenipdir. «Haramylyk goç ýigidi har eýlär» diýen ynanç her bir kişiniň kalbynda berk ornapdyr.
Halallyk – türkmeniň ýüzüniň tuwagydyr.
Osman ÖDÄÝEW.
Filosofiýa