01:30 Halypa bagşydy | |
HALYPA BAGŞYDY
Soltan akganyñ syraty gözümiñ öñünden gidenok. O pahyr uzyn boýly, nurana ýüzli, süýji sözli, mañlaýy giñ, gelşikli adamdy. Göwni çaganyñ göwni ýalydy. Sypaýy geýinerdi. Başyndaky buhary telpegi dünýe malyna degjekden diýenleridi. Gazanjyk etrabynda bir adam sylansa, Soltan Atanepesow sylanardy. Uludan-kiçä hemmeleriñ Soltan akgasydy. Soltan akga 1895-nji ýylda Gyzylarbat etrabynyñ Paraw obasynda dünýä inýär. Ol öz döwrüniñ hatly, sowatly, düşünjeli mollasy bolupdyr. Şeýle adamlar Arkaçda göz agy ýaly eken. Iş başarýan adamlar ýiti ýetmezçilik edensoñ, görnükli işlere çekilýär. 1938-nji ýyla çenli demirýolda, alyjylar jemgyýetinde, oba, raýon sowetlerinde işleýär. Oña Ýaradandan ýeten paý aýdym-saz bolany üçin medeniýet sistemasyna geçýär. Demir ýol klubynda aýdym-saz kružogyny döredýär. Kružoga ýolbaşçylyk edýär. Soltan akga paý-pyýada, aýagulagly obadan oba aýlanýar. Aýdym-saza höwesli, zehinli ýaşlary Gazanjyga ýygnaýar. Şolaryñ arasynda Sapar Gurbanow, Gylyçjan Durdyýew, Rahym Rahmanow, ezber gyjakçy Agöýli Şyhynyýazow dagy bolupdyr. Iñ körpejesi Aşyrmämmet Durdyýew 1941-nji ýylda kružoga kabul edilýär. Ýokarda agzalan şägirtler uruş zerarly onki süññüne baky zyýan ýetirip, käbirleri il-gününe gowuşýar. Aşyrgylyç Gylyçakanowyñ, Agöýli Gazakbaýewiñ söweş meýdanynda jesetleriniñ galandygyny Türkmenistanyñ halk bagşysy, proffesor Aşyrmämmet Durdyýew gamly ýatlady. Olaryñ ussat bagşylar bolandyklary barada gürrüñ berdi. Ikinji gezek zehinli ýaşlaryñ gözlegine çykýar. Saryhan Sapaýew, Molla Çäkliýew, Nurýagdy Gurbanow, Güýç Nurýagdyýew, Esger Möwlamow ýaly ýaşlary synagdan geçirip, şägirtlige kabul edýär. 1950-nji ýylda täzeden aýdym-saz kružogyny açýar. Ikinji jahan urşy ýany bilen açlyk belasyny alyp gelipdi. Soltan akga 1943-njo ýylda Daşhowuzyñ Köneürgenç raýonyna argyşa gidýär. O döwürde öz ilini abat saklamak üçin daşara däne çykarmazlyk üçin organ tarapyndan esewanly bolunardy. Kerwen Aşyr milisiýa tarapyndan saklanýar. Soltan akga ömrüni il-günüñ aladasy bilen geçiren, demir ýol ýakasyndaky ýaşaýanlara ýardam eden Aşyr Kakabaýewiñ öýüne myhman bolýar. Çaý-suw içilýär. Nahar-nowa iýilýär. Türkmeniñ gadymy däbinen "Myhman - atañdan uly" diýen pähime görä, Soltan akga keramatly dogalar okap töwir galdyrýar. Aşyr Kakabaýew: "Sahawatly molladygyñyz belli boldy. Başga näme käriñiz bar" diýip soraýar. Myhman aýdym-saza ýykgyn edýändigini duýdurýar. Başlyk tärime gysdyrylgy dutary eline tutdurýar. Saz-da çalýar, aýdym-da aýdýar. Öý eýesiniñ göwni ýetýär. Aşyr milisiýany ýanyna çagyrýar. Kerweniñ harydyny dänä çalşyp, ýüklerini tutmagy tabşyrýar. Birnäçe günden tabşyryk ýerine ýetirilýär. Kerwen ýola düşmekçi bolanda, Aşyr Kakabaýew: "Indi gelseñ, göni meniñ gapymda ýüküñizi ýazdyryñ" diýip, hoşlaşyp ýola salýar. 1950-nji ýylda Aşyrmämmet Dawudow Aşyr Kakabaýewiñ myhmany bolýar. Gije ýaryna çenli aýdym aýdýar. Başlyk: "Siziñ halypañyz Soltan akga bolmaly" diýip, kesgitli aýdýar. Aşyrmämmediñ aýdyp beren aýdymlaryna göwni ýetýär. Serpaý ýapýar. Bagşy onuñ aýdym-saza hormat goýýan adamdygyny häzire-bu güne çenli ýatlaýar. Soltan akganyñ "Göwnüm seni", "Gaşly ýar", "Aýa sataşdym", "Al sakar at", "Gezdigim ýerlere geldim", "Dagy heý" diýen aýdymlary höwesli, hyjuwly aýtmagy halaýandygyma Gazanjyk etrabynda sag-aman ýaşap ýören ýaşulularyñ güwä geçjegi azlyk etmez. Soltan Atanepesowyñ aýdan aýdymlarynyñ birnäçesi aýdym-saz hazynamyzda aýawly saklanýar. Oña Magtymguly Garly, Sahy Jepbar, Mylly, Pürli agalar, Täçmämmet Suhanguly dagylar uly sarpa goýupdyrlar. Soltan Atanepesowa 1944-nji ýylda il arasynda syýasy propoganda işini amatly alyp barany üçin TSSR Ýokary Sowetiniñ Hormat haty gowşurykýar. 1959-njy ýylda "At gazanan medeniýet işgäri" diýen hormatly ada mynasyp bolýar. Solyan akga manyly ömrüni aýdym-saza, sungata bagş etdi. Gazanjykly ýaşululardan: "Soltan Atanepesow kim bolupdy?" diýip sorasañ, olaryñ: "Soltan akga Gazanjyk iline aýdym-saz getiren ussat halypady" diýip aýtjakdyklaty ikuçsyzdyr. O pahyr öñki halypaçylyk ýyllaryny hasaba almasañ-da, 1947-1959-njy ýyllarda Gazanjyk medeniýet öýüniñ aýdym-saz kružogyna üýtgewsiz ýolbaşçylyk etdi. Şol ýyllarda "Zähmeyde tapawutlanandygy üçin" diýen medala, kaşañ edaralaryñ hormat hatlaryna mynasyp boldy. Soltan Atanepesow ýatlanmaga mynasyp halypa bagşydy. Tatar ÜÝŞMEKOW. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |