HOŞ GAL!
Munuň hemmesine öňem, soňam sebäpkär Döwran akgam. Ol meniň doganoglanym. Olar gaýraky köçede ýaşaýarlar. Ho gün oýnamaga baranymda men onuň klasdaşy Serdar bilen eden gürrüňini ogrynça diňledim. Şonda Döwran akgam baý joşup gürledi-ä. Ol klasdaşynyň – Tawusyň tarypyny ýetirdi. Tawus dünýäde iň owadan, iň edepli gyzmyş. Poçerkem gowumyş. Menem-ä tanaýan Tawusy. Ol biziň goňşymyz diýseňem boljak. Aramyzda bary-ýogy üç öýli bar. Ol Döwran akgamyň aýdyşy ýaly, beýle owadan hem däl-laý. Ýöne onuň gürrüňini diňledigimçe, Tawus göz öňümde owadanlanyp barýan ýaly. Ol menden birneme uly. Ol-a onunjyda, menem bäşinjide.
Men olaryň gürrüňini soňam diňlejekdim welin, Döwran akgam meni gördi-de:
– Eý, sölpi, nämä agzyňy öweldip dursuň. Bar, bar oýna – diýdi.
Men yzyma garaý-garaý gitdim. Ýöne näme üçindir, ýene diňläsim geldi. «Ol owadanam däl-laý. Ýöne aýdyp otyr» diýip, öz ýanymdan hüňürdendim. Ýalňyşypdyryn. Tawus owadan eken. Muňa öň üns bermändirin. Şol gürrüňden soň Tawus göz öňümden gitmedi. Onuň owadanlygyna bolsa, şol günüň ertesi men has açyk göz ýetirdim. Mekdebe baranymda ol bir gyz bilen klaslarynyň gapysynyň öňünde gürleşip dur eken. Ondan gözümi aýryp bilmän esli durdum. Niredendir bir ýerden Döwran akgam geldi. Ol kelläme «tap» etdirip urdy-da, ýuwaşja, ýöne haýbatly gürledi:
– Bar, bar, öwelip durma-da sapaklaryňy oka.
Sesimi çykarmadym. Döwran akgamyň içini ýakmak üçin Tawus dagynyň ýanyna bardym.
– Tawus... – diýip, sägindim. Näme diýjegimi hakydama getirip bilmedim. – Gürleşýäňizmi?
– Hawa, Merdan jan.
Men Döwran akgama seredip ýylgyrdym. Bu «Görseň Tawus maňa Merdan jan diýýändir» görseň» diýdigimdi. Ol muňa düşündi. Baý, hezil etdim-ä!
Öz-özüme geň galýaryn: şol wakadan soň men Tawusy hiç unudyp bilemok. Ol hemişe hyýalymda maňa ýylgyryp bakyp dur. Owadan-laý ol. Ony ýatlasam ýüregim birhili-birhili bolýar. Özem ol ýatladygymça maňa mähriban görünýär. Men «Tawus, seni söýýän» diýip pyşyrdaýaryn. Dogrudanam, men ony söýýän. Maňa söýgä düşünmeýär, entek ýaş diýýärler. Men welin düşünýärin. Düşünmän näme. Gowy görseň bolany. Gowy görýänim bolsa çynym. Telewizora seretseňem, hemişe diýen ýaly söýgi hakda kino görkezýärler. Kakam dagy maňa käte beýle kinolara seretme-de diýýärler. Seretme diýildigiçe, seredesim gelýär. Kinodakylar ýaly meniňem Tawus bilen söýüşesim gelýär.
Ho gün bilmän partadaşym Allamyrada «Tawus» diýipdirin. Onuň ýaman gahary geldi. Mugallymymyza ýamanlady. «Maňa gyzyň adyny dakjak bolýar» diýdi. Meniň beýle niýetim ýok-laý. Öýde-de bilmän, bir gezek Tawusyň adyny tutdum. Kakama «Tawus» diýdim. Kakam Allamyrat ýaly gaharlanmady. Ol ejem «Goçagymyz-a wagtyndan ir jahyl çykypdyr» diýdi.
Ýeke men däl, Tawusam meni gowy görýär. Meniň bilen hemişe ýylgyryp gürleşýär. Mekdepden bile gaýdýas. Ýolda gürleşýäris. Özem her gün diýen ýaly. Okuwymyz gutarsa, garaşýan. Tawus welin garaşanok: utanýandyr-da. Men oňa kalbymda apalap ýören pikirimi ahyr aýtdym.
– Tawus...
– Hä, Merdan jan?
– Men seni gowy görýän...
– Şeýlemi? – diýip, Tawus birgeňsi ýylgyrdy. – Menem seni gowy görýän.
– Çynyňmy?
– Çynym.
– Meni gowy görýäňmi?
– Hawa, gowy görýän...
... Tawus şol ýyl mekdebi gutaryp, kolhozda işe galdy. Menem altynja geçdim. Her gün diýen ýaly Tawusy görýän. Ol ir bilen biziň deňimizden işe geçip gidýär. Menem okuwa. Salamlaşýas. Ol ýüzüme ýylgyryp seredende ýüregim endiräberýär. Şonda ýaňagynda birgeňsi çukanajyk hem emele gelýär.
Altynjy klasy gutaryp kanikula çykanymyzda men ejemiň ýanynda Tawus barada dil ýardym.
– Eje, Tawus gowy gerek?
– Gowy.
– Sen ony dogrudanam gowy görýäňmi?
– Elbetde. Ol juda edepli gyz.
– Işeňňir.
– Hawa, işeňňir...
– Owadan.
– Owadan gyz.
– Akylly.
– Weý, weý, oglum! – diýip, ejem geňirgendi. – Näme diýjek bolýaň? Ol senden uly ahyryn. – Ejem maňa naýynjar seretdi. Soňam uludan demini alyp, meniň asla garaşmadyk habarymy aýtdy. – Ol öňümizdäki şenbede durmuşa çykýar.
– Kim? – diýip, zöwwe ýerimden galdym.
– Tawus.
– Aldaýaň, eje, aldaýaň... dogry gerek?
– Wiý, seni aldap nädeýin?
– Ol dogrudanam durmuşa çykýarmy, eje?
Ejem baş atdy.
– Kime?
– Döwran akgaňa.
– Ýok-laý.
– Olar öňräkden bäri biri-birini gowy görýärmişler.
Tawus – gowulyk menden daşlaşyp barýan dek elewredi. Ylgap daşaryk çykdym. Durup özüme rahatlyk tapmadym. Döwran akgamlaryňka ylgadym. Ol işden ýaňy gelip, çaý içýän eken. Gözüme biçak erbet adam bolup göründi. Men gaharly gygyrdym.
– Döwran akga...
– Hä?
– Sen öýlenýäňmi?
– Hawa.
– Tawusamy?
– Tawusa.
– Ol seni söýýärmi?
– Hawa – diýip, Döwran akgam ýylgyrdy.
– Nämä ýylgyrýaň?
– Ýylgyrmaýynmy?
– Ýylgyrar ýaly näme bar?
– Bolşuň nähili seniň?
– Gül ýaly.
– Üstüme sürünmäň näme?
– Ýok, entek üstüňe sürnemok seniň – diýip, men sandyradym. – Men mertdirin. Seniň ýaly nejis däldirin.
– Soň näme?
– Sen erbet adam. Mahaw sen.
– Ýeri, ýeri.
– Içigara.
– Onsoň?
– Görip.
– Men, näme, bereniňi iýmedimmi?
– Bermedigimem iýjek bolýaň. Seniň bilen göreris entek. Ýylgyran bolma, soň aglarsyň.
– Haý, samsyk, sölpi. Agzyň suwuny oňar. Çagajygam bolsa gör munuň bolşuny, mertdirin diýýär. – Döwran akgam ýerinden turdy. – Hakykatdan hem sen Tawusy söýýäňmi? Düşün. Jan inim, sen ondan ýaş.
– Maňa seniň akylyň gerek däl – diýip, hyrra yzyma öwrüldim. Ýola çykdym. Ýeňilen bolasym gelmedi. Döwran akgama sögesim, urasym geldi. Wah, meniň oňa güýjüm ýetenok-da! Ýogsam dagy men onuň maňlaýyny çilik ýaly çişirerdim. Güýçsüzligime kejebäm darygdy. Özümi öldüresim geldi. Nätsemkäm? Ýok, ejizlemeli däl. Ar almaly.
Bir gyra baryp oturdym. Döwran akgamyň köçä çykaryna garaşdym. Ol hökman köçä çykar. Belki, duşuşyga gider. Häzir bezenýändir. Bezenibersin bakaly. Üstüne gum sepsem näderkä? Gitmez ýaly edeýin-le men ony, şeýdip. Aýtdym-a, hana, ol gelýär.
Döwran akgam deňimden geçiberende men gapdalymda ýatan kesegi bat bilen zyňdym. Oňardym. Kesek baryp, Döwran akgamyň kellesinde tozap gitdi. Ol kellesini tutdy-da maňa tarap öwrüldi.
– Sen atdyňmy?
– Men atdym. Näçejigim men atdym. Gel, ur meni. Aglamaryn.
– Tawus üçin urduňmy?
– Ol seniň işiň däl.
– Haý, samsyk sölpi – diýip, Döwran akgam ýylgyrdy.
– Ýylgyran bolma. Kelläňdäki çişiňi oňar.
– Bor, inim. Meniň mähriban inim. – Döwran akgam meniň maňlaýymdan ogşamak üçin egildi. Men yza çekildim.
– Aýryl. Ogşajak bolma. Bar-da... – diýip, birden dilimi dişledim.
– Şeýt ahyryn – diýip, Döwran akgam gitdi.
Ine, bu günem toý. Menem çagyrdylar. Ýöne toýa barmajagym gara çynym. Herhal saklanyp bilmedim: Tawuslaryň öýlerini garawulladym. Günortan gelnalyjy geldi. Wolgadan Döwran akgam düşdi. Ýanynda-da klasdaşlar. Ýylgyryşan bolýarlar. Olar jaýa girip, Tawusy alyp çykdylar. Hana ol. Ak guş ýaly. Men ony doly görüp durun. Ol Döwran akgam bilen ýanaşyp, maşyna tarap barýar.
Tawus menden kem-kem daşlaşdy. Men horkuldap agladym. Nädeýin, ursamam, Döwran akgam oglanlyk söýgimi aldy gitdi-dä...
1976 ý.
Osman ÖDÄÝEW.
Hekaýalar