ILIM-GÜNÜM BOLMASA – AÝYM-GÜNÜM DOGMASYN! / edebi-filosofik söhbet
Wagt dil arkaly ruhy ýöntemleşdirýär. Emma ruh şeýle bir erkli hem özdiýenli zat, onsoň ol wagta gaýtawul bermäge pursat, puryja tapman galanok. Ruh wagty hakydanyň üsti bilen ýesir alýar.
Hakyda adam ruhunyň içindäki özboluşly wagt. Daşky wagtdan tapawutlylykda, onuň çuňňur bir täsirliligi bar – içki wagt yzyna dolanyp, zatlaryň, şeýle hem hadysalaryň ilkibaşky ýagdaýlaryna gaýdyp baryp bilýär. Bu ruhuň beýikligi, ruhuň maddanyň öňündäki artykmaçlygy. Ten, dünýä, madda yza dolanyp bilmeýär, wagtyň içinde ýaşaýan dünýä geçmiş hem geljek diýilýän zady bilmeýär, ol diňe şu gününi, şu pursady bilýär.
Ruhuň wagt bile şeýle gatnaşygy onuň maddanyň kölegesi däldiginiň subutnamasydyr. Ruh maddany özgerdiji, üýtgediji güýçdür.
Meniň hakyda hakynda gürlemegimiň sebäbi ruhuň şahyrana tebigaty bilen baglanyşykly. Adam üçin iň süýji zatlaryň biri hakyda.
Hakyda bolsa geçmişe dolanmak mümkinçiligidir. Geçmişe iki ýol bilen – ýatlamalarda hem düýşlerde dolanýarsyň.
Düýşüň özboluşly, ajaýyp poetikasy bar. Kämahal oýlanyp oturýan weli, düýşüň poetikasy maňa «Görogly» eseriniň üýtgeşik ertekileç owadanlygyny ýatladýar.
«Göroglyny» okanyňda, onda suratlandyrylýan wakalaryň, galalaryň, eseriň çeper wagtynyň hem giňişliginiň aňyrsynda, birhili, kalbyňy heýjana getiriji, süýji arman dörediji şahyrana alyslygy görýärsiň. Bu, elbetde, geçmişiň owadanlygydyr. «Görogluda» içgysdyryjy eklenç-gazanç bilen baglanyşykly güzerançylyk ýok. Sebäbi ol – geçmişiň suraty.
Geçmiş bolsa hakydanyň şerbet suwudyr. Bir gezek atam şeýle diýipdi: «Ýaşadygyňça, geçeniň gowy görnüp, owadanlanyp barýar». Munuň özi adam hakydasynyň içindäki wagtyň tebigatyndan gelip çykýar.
Geçmiş – süýji hyýal.
Geljek – ham-hyýal.
Şu gün bolsa – hakykatdyr.
Türkmeniň döwletsiz ýyllarynda döredilen «Görogly» eseri türkmeniň taryhy hakydasynyň düýşüdir. Düýşüň bolsa öz reňkleri hem öz owazlary, öz alyslygy hem öz giňişligi bar. Düýşdäki hem «Görogludaky» reňkler daşky dünýädäkisinden has goýazy, has aýdyň. Hakyda gününiň has ýiti şuglalaryna minaralary, gümmezleri ýalpyldaýan galalar, atlara dakylan her hili bezegleriň kümüş-tylla lowurdysy, gelin-gyzlaryň egnindäki eşikleriň zer ýalpyldysy gözüňi alyp barýar, gözüňi gamaşdyrýan bu reňklerden ýaňa aýňalmaýandygyňa akyl ýetirip bolanok. A owazlar? Çür gaýada otyrkaň, edil jülgäniň iň çuň ýerinden gelýän owazlar ýaly, bu dünýälik däl owazlar kalbyňa geçmişiň lezzetini salýar. Ol owazlaryň eşidilişi özboluşly, olar dereden derä düşýän sesler ýaly titräp-titräp, böküp-böküp, ýaňlanyp-ýaňlanyp gidýärler. Munda, bu ýurtda, şindiki dünýä bilen hiç haçan tapyşmajak bu dünýäde reňkler däl-de, eýsem ýalpyldylar, sesler däl, eýsem ýaňlar bar.
«Görogly» – düýş, türkmeniň oýalykdaky çeper basyrganmasy.
Çagalyk düýşlerem muňa çalymdaş. Ine, mekdep, ine-de, seniň birinji, hakyt, birinji klasda okan ýeriň. Içine girjek bolup, zalda duran ýeriňden gapa eliňi uzadýarsyň. Emma – täsin zat, seniň islegiňi okan gapy eliň ýetmänkä öz-özünden açylýar. Bu ýerde ähli zatlaryň – gapynyň, partalaryň, tagtanyň edil adamyňky ýaly aňy, hakydasy bar. Olar, birhili, janly ýaly, seniň ýüzüňe ýylgyryp bakýan ýaly, seniň entek aýtmadyk sözüňi eşidip, yşaratlary, hereketleri, owazlary bilen jogap berýän ýaly. Hatda olaryň jynsy hem durmuşdaky zatlaryňkydan hem tapawutly, hem olaryňka meňzeş. Bular, birhili, daşyndan tagtadan ýasalana meňzese-de, elläp göreniňde, hamana, myşsadan ýasalan ýaly maýyşgak, towlanyp, eplenip, süýşüp, gaýyşyp durlar. Birdenem, aňlamakdan ýaňa aňk bolup galýarsyň: seniň öz hakydaň, aňyň şu zatlara geçipdir, indem sen şolar bolup, özüňe bakýarsyň, hawa, sen özüň bolup, özüňe bakýarsyň. Bu iki dünýäniň tapyşygy ýaly, hersi bir ýyldyzdan gelenleriň tapyşygy ýaly täsin duýgyny döredýär. Ine, birdenem talapkär mugallymyň talapkär sesi gelýär. Düýn oýna güýmenip, öý işiňi işlemän geleniň ýadyňa düşýär. Etmişde tutulan ýaly, aljyraýaň, girere deşik tapaňok. Emma girere tapylmasa-da, çykara deşik tapyljak eken – oýanýarsyň.
Şahyranalyk ruhuň iň ajaýyp häsiýetleriniň biri. Ruh hut şu häsiýeti arkaly saňa dünýäni, ýaşaýşy owadanlap, gözelleşdirip görkezýär. Onsoň adam bilen adamyň, adam bilen il-günüň ruhy bitewülige öwrülmegi üçin süýji esas döreýär. Meniňçe, şu esas beýlekilerden – rysgal birliginden, gan-garyndaşlyk birliginden, ahlak hem däp-dessur birliginden, akyl birliginden az görnükli, az duýarlykly bolsa-da, adam ömrüniň gaýtalanmazlygy nukdaýnazaryndan has ejiz, has gymmatly, has eziz esasdyr. Çünki rysgal, däp-dessur, garyndaşlyk – milliligiň baldagydyr, ruh bolsa milliligiň miwesidir hem gülüdir. Hut şonuň üçinem halkyň milliligi, ilkinji nobatda, onuň ruhunyň aýratynlyklary bilen kesgitlenýär.
Ruh maddanyň ýetmezçiliginiň öwezini dolýar.
Hawa, ruh şol sanda ganyňam, şejeräniňem ýetmezini, öwezini dolýar. Ine, pikir edip göreliň: meniň aslymam – millet, meniň neslimem – millet. Sebäbi garyndaşlyk, madda çäklidir, ruh – çäksizdir. Men, aýdaly, öz aslymy yzarlaýan diýeli. Näçe arka atalarymy anyklap, kesgitläp bilerin? Dört – bäş, alty-ýedi, bar, sekiz-on diýeli, emma ondan aňryk men öz aslymy anyk, gaýtalanmaz şahsyýetler hökmünde göz öňüne getirip bilmerin. Soň meniň aslym anyklykdan umumylyga öwrülýär. Ol ruhy, gan umumylygy bolsa «türkmen» diýen milletdir.
Pikirlenip otursaňyz, adamyň geljekki nesli barada-da şu hili hakykatyň üstünden bararsyňyz. Meniň oglum meniň anyk neslim, agtygym, ondan soňkular anyk neslim, emma aňryk gitdigiňçe, ýene ten-gan anyklygy öz ornuny ruhy umumylyga berýär. Meniň nesil degişliligim türkmen ady dakylanyň hemmesi bolup çykýar. Şeýlelikde:
Adamyň ruhy sallançagy-da – millet.
Adamyň ruhy aramgähi-de – millet.
Meniň özümem – millet.
Meniň soňumam – millet.
Milletiň «meni» şahsyýetiň «meninden» has köp ýaşaýar. Şahsyýet milletiň içine siňip gidýär. Şahsyýet ruhy ähmiýetliligi, ruhy gabarasy boýunça milli möçberdäki hadysa öwrülip bilse, diňe şonda onuň milletiň hakydasyna girmäge mümkinçiligi bolýar.
Millet – absolýut ruhy gymmatlykdyr.
Hudaý – absolýut ruhy gymmatlykdyr.
Şonuň üçinem türkmen aňynda bu iki ruhy gymmatlyk deňeçer zatlar hökmünde ýaşaýar. Türkmeniň düşünjesine görä, Hudaý ideýasynyň taryhda halk arkaly amal edilýändigi hakdaky pelsepesi türkmeniň örän gadymy taryhy döwürlere degişli asylbaşky, ezeli ruhy gymmatlyklarynyň biri bolupdyr. Yslamdan öňki döwürlere gideliň. Şol döwürlerde, bilşimiz ýaly, ata-babalarymyz oda çokunypdyrlar. Älemdäki iň uly otlar bolsa Gün hem-de Aý hasap edilipdir. Şonuň üçinem otparazlaryň Hudaýlary Gün bilen Aý bolupdyr. Olar Gün bilen Aýa sežde edipdirler.
Gün – atalyk, Aý – enelik başlangyjy diýip eždatlarymyz hasaplapdyrlar.
Milletimiziň nesilbaşysy Oguz hanyň enesiniň Aý kagan bolandygy ýöne ýere däl. Türkmende zenanlaryň atlarynyň Aý bilen baglanyşdyrylmagy-da aslyny şondan alyp gaýdýan dünýägaraýyşdyr.
Elbetde, bu häzir, wagtyň geçmegi bilen telperlenip, diňe owadanlyk baglanyşygy boýunça göz öňüne getirilýär. Emma aňyň ýaşaýyş, ösüş kanunalaýyklygy boýunça owadanlyk baglanyşyklary ruhy baglanyşyklardan has soňraky hadysadyr, şonuň netijesidir.
Dilimizde «Gün» sözüniň çuňňur pelsepewi manylaryny görüp haýran galýarsyň. Örän köp sanly durnukly söz düzümleri «Gün» bilen bagly. Ruhuň taryhy nukdaýnazaryndan, durnukly söz düzümi – munuň özi ata-babalarymyzyň bize gelip ýeten pikir we akyl endikleridir, munuň özi dünýägaraýyş pelsepesini özünde saklap galan dil gaýmaklarydyr we olaryň dünýäni aňlaýyş babatdaky özi ýönekeýje, emma aňyrsy uly sözlem galyplarydyr.
Frazeologiýa diliň iň milli tarapy ahbetin, şonuň üçinem olary özge bir dile geçirmek tas mümkin däl. Ine, Gün sözi ata-babalarymyzyň dilinde ruhy-filosofiki düşünje derejesinde aňlanylan söz bolupdyr. Saklanyp galan durnukly söz düzümlerde «Gün» – durmuş, güzeran, ýaşaýyş, barlyk, älem, hamyrmaýa manylarynda gelýär. Iň elýeterli mysallar: gün görmek, gününe goýmazlyk. Şularyň manysyny ýoýmazdan, özge bir dile geçirjek bolup görüň hany!
Meniň pikirimçe, oguzlardan hem öň, oguzlaryň ata-babalary bolan gunlarda – Günlerde «Hudaý» bilen «halk» düşünjeleri bir söz arkaly aňladylypdyr. Dilçi alym S.Atanyýazow häzir dilimizde işjeň ulanylýan il-gün düzümindäki soňky söz beýleki milletleriň «gun» diýip aýdýan sözüdir diýipdi, ol söz hem «il» diýen manydadyr we oguzlaryň ata-babalary bolan halkyň adydyr. Diýmek, il-gün hem bala-çaga, ýaş-ýeleň, garry-gurty ýaly manydaş tirkeş sözleridir. Gyzykly ýeri, gunlarda gün Hudaýyň hem ady bolupdyr. Şeýlelikde «uly ilde Allanyň ady bar!» diýen gaty ýaş görünýän türkmen ruhy pelsepesi juda-juda gadymy döwürlere gidýär, ruhumyzyň hamyrmaýasyny düzýär.
Biz gunlar (Günler) diýýäris. Aslynda biziň «gun» diýýänimiz «Gün» bolmaly. Rus dilinde «ü» sesi bolmanlygy üçin, ol «gun» diýlip alnypdyr.
Ýokarky simwoliki many agtaryşlaryndan soň, şu türkmen nakylynyň içki pelsepesi aýdyň boldumyka diýärin:
«Ilim-günüm bolmasa, Aýym-Günüm dogmasyn!»
Nakyl – sungat hem pelsepe, şonuň üçinem munda many gatlagy, adatça, birden köp bolýar. Men bu ýerde iki sany many gatlagyny – ezeli many gatlagyny we soňky many gatlagyny görýärin. Soňky gatlak şeýle diýýär: ilim-günüm bolmasa, ilden aýra düşsem, menem ýaşamaýyn, öleýin. Çünki adam üçin ak Günüň dogmazlygy wagtyň durandygyny, ölümi aňladýar. Şunuň üçinem türkmende: «Ölmedige gün geçip dur» diýen jümle ýörgünli. Emma bu meniň pikirimçe, has soňky many.
Has irki many bolsa şeýledir: il-günüm bolmasa, Hudaýyňam geregi (manysy) ýok. Muňa goşmaça hökmünde «Dinden çyksaňam, ilden çykma» diýen durmuş pelsepesini getirmek mümkin. Diýmek, janly taryhy prosesde dini gymmatlyklara garanda, milli türkmen pelsepeleri has durmuşa ukyply gymmatlyklar bolup çykypdyr. Il-gün – milletiň içki ruhy bitewüligini aňladýar.
Goç ýigide toýdur-baýram
Her iş gelse il biläni.
Ilinden aýra düşen
«Ah» urar, ili gözlär.
«Il näme diýer?» – ine, türkmeniň ýönekeýje durmuş ýörelgeleriniň biri.
Iliň sözi – jemgyýetçilik pikiridir. Türkmen durmuşynda şahsyýetiň hereketlerini kesgitlemekde bu durmuş ýörelgesi Allatagalanyň kanunlaryndan gaýra durmandyr. Bu bolsa milletiň bir bitewülik hökmünde öňküdenem berkemegine hyzmat edipdir.
Türkmenleriň watan däl, döwlet däl, il-gün bolup ýaşan zamanlary Görogly begiň zamanydyr. Milli ýaşaýşyň tärleri bolan watan, döwlet bolup ýaşamakdan tapawutlylykda, il-gün bolmak – köpçüligiň içki erkanalygy we erkiniň daşky babatlarda-da absolýut azatlygydyr. Men «Görogluda» beýleki ähli ruhy gymmatlyklarymyzy saklaýan ýadygärlikler bilen deňeşdirilende, şerabyň hem çilimiň juda uly orun tutýandygyny görüp, munuň sebäbiniň hem manysynyň üstünde köp pikirlendim. Bularyň ýöne bir mesligiň alamaty däldigi-hä düşnükli. Meslik türkmeniň iň bir ýigrenýän närseleriniň biri. Men şeýle netijä geldim: şerap hem çilim bu ýerde bütinleý erkanalygyň simwoly. Köpçülik, il-gün erkiňi çäklendirmek diýilýän zady bilenok, bilmek hem islänok.
Goç ýigitler il üstünde
Namys bilen ar gerekdir.
Goç ýigidiň bir elinde – gylyç, birinde Gurhan.
Türkmenler öz gahrymanlaryny şeýle göz öňüne getiripdirler.
«Ile görä bolubermek», «il nirä – bizem şoňa».
Bu hili pelsepeler şahsyýetiň jogapkärçiligini üstünden aýyrmaýar. Ol diňe her bir türkmen ýigidiniň öz halky bilen bir jan-bir tendigini aňladýar. Ol halk oňlasa, iň eziz, iň ýakyn dosty hasaplaýan atyny hem soýmaga taýýar. Halky «Ýör!» diýse, onuň birjik-de ikirjeňlenmezden ölüme gitjekdigini, başgaça pikiriň bolmagynyň asla mümkin däldigini alamatlandyrýar. Şeýle aýratynlyklar bilen hem türkmeniň il-gün pelsepesi özge halklaryň il-gün pelsepelerindenm köp derejede parhlanýar.
Osman ÖDÄÝEW.
Filosofiýa