00:00 Kyýamatlyk dogan okaşmak | |
KYÝAMATLYK DOGAN OKAŞMAK
Edebi makalalar
Kyýamatlyk dogan okaşmaklyk gadymy zamanlardan bäri dowam edýär. Kyýamatlyk dogan okaşýanlar içgin tanyşýarlar we gatnaşýarlar. Gylyk-häsiýetleri, edep-ekramlylygy, rehimdarlygy, adamkärçiligi gabat gelse, aralarynda dörän söýgi-hormat artsa, ömür menzilinde biri-biriniñ göwünlerini syndyrmajaklaryna hakyky göz ýetirseler, kyýamatlyk dogan okaşýarlar. Kyýamatlyk dogan okaşanlar biri-birini enebir-atabir dogandan zyýat görseler görýärler, kem görmeýärler. Kyýamatlyk dogan okaşmagyñ çuñ manysy bar. Ynsanlaryñ ykbalyny berk baglaşdyrýar. Adamlaryñ arasynda agzybirlik döredýär. Ömür menzilini gulaçlap gutarýançañ gadyrly ýaşaşmaga, gatnaşmaga tabyn edýär. Kyýamatlyk dogan okaşmak erkek adamlaryñ arasynda köp duşýar. Muña mysal edip, aşakdaky jübüt setiri görkezmek bolar: Kyýamat gardaşym molla Zelili, Sen yzymda düzüp dessan, gal indi. (Seýdi). Erkek adamlar zenanlar bilenem kyýamatlyk dogan okaşýarlar: Aglama, Aýsoltan, agañ bolaýyn. ("Görogly") Kyýamatlyk dogan okaşmaklyk musulman ymmatynyñ köpüsinde bar. Ýöne türkmenleriñ arasynda has köp gabat gelýär. Pylany pylanynyñ kyýamatlyn dogany diýlip, il arasynda ýaýraýar. Olaryñ dogan-garyndaşlarynyñ arasyndaky aragatnaşyk has-da berkleşip, agzybirlik barha pugtalanýar. Görşümiz ýaly, agzybirlik, ynsanperwerlik türkmeniñ köp beýleki däplerinde bolşy ýaly, kyýamatlyk dogan okaşmak ýaly asylly däbinde-de öz mynasyp ornuny tapypdyr. Tatar ÜÝŞMEKOW. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |