3. Dünýä teswiri
Ömrüň manysy kakabaşlyk bile terkidünýäligiň arasynda ýatyr. Ömrüň manylylygy, kakabaşlyk, terkidünýälik – bularyň bary kesgitli ölçeglere daýanýan ömür ýörelgeleri bolup, olar «dünýä» düşünjesine bolan gatnaşygy aňladýar.
Magtymgulynyň dünýä teswirine geçmezden owal bir taryhy arabaglanyşyga üns çekmekçi bolýaryn. Magtymgulydan näçe ýüz ýyl owal döredilen «Gorkut atanyň» her boýy – oguznamasy gutaranda, Gorkut ata şuny aýdýar:
Imdi kany, diýdigim beg erenler?
Dünýä menim diýenler?
Ajal aldy, ýer gizledi.
Pany dünýä kime galdy?
Gelimli-gidimli dünýä,
Ahyret soň ujy ölümli dünýä.
Dünýäniň edil şu hili sypatlandyrylmasy, tas şol bir sözler bilen suratlandyrylmasy Magtymgulynyň şygyrlarynda-da gaýtalanýar.
Eý, ýaranlar, musulmanlar!
Gelip geçmeli dünýädir.
Gurby ýeten goç ýigitler
Döküp saçmaly dünýädir.
Hiç kim munda tutmaz orun,
Saglykda döküp saç baryn,
Munça ýygnap, nätdi Karun,
Taşlap gaçmaly dünýädir.
Şu hili meňzeşlik meni bir pikire iterdi: «dünýä» meselesi türkmen ruhunyň owalbaşky ýagdaýy bolaýmasyn?!
Ine, mysal üçin, Magtymgulynyň pikirler dünýäsinde şu meselä degip geçýän alymlaryň köpüsiniň bu ahwalaty kanagatlanarly düşündirip bilmeýändigi belli. Eýsem munuň sebäbi olaryň «dünýäni» diňe düşünje diýip hasaplaýanlygynda bolaýmasyn?
Belki, «dünýä» Magtymgulyda düşünje däl-de, ruhuň belli bir pursatlyk halydyr, keýpidir? Ýagny «dünýä» duýgy bilen baglanyşykly zatdyr?! Megerem, şeýledir. Dünýä – adamyň duýgy tejribelerini özünde jemleýän aňlatmadyr. Şahyryň dünýä baradaky duýgularyna düşünmek üçin ýeterlik ömür tejribesi gerek. Bu ýerde esasy zat onuň eýeleýän serhallyk ornudyr. «Leýliniň gözelligini görjek bolsaň, oňa Mejnunyň gözi bile seret» diýýärler. Magtymgulynyň duýgularyny ýürekden geçirjek bolsaň, dünýäni duýuş aýratynlyklaryň boýunça oňa ýakyn bolmaly. Ýogsam ol inçe duýguly gürrüňler zeýrenç, terkidünýälik bolup eşidiler.
Ölüm ýassygynda ýatan ýa ýaňyja öz ýakynyny ýitiren adamyň ruhy ahwalatyny göz öňüne getirip görüň. Ana, şol ýagdaýda «dünýä» düşünmek mümkin. Diýmek, bu ýerde duýgy tejribesi az hyzmat bitirenok. Adam aýry-aýry pursatlarda belli-belli hakykatlary ýüregi bilen syzýar. Dünýä diňe akyl bile düşünip bolmaýar.
Zelili:
Akly bolan ölüsine aglamaz
-
– diýýär.
Magtymgulynyň döredijiliginden görnüşi ýaly, akyly bolan däl, ýüregi bolan ölüsine aglar. Dogry-da, akyl nire, ölüm nire? Meseläni aşa hakykata alyp barmaýar. Şu manyda, umuman, pelsepe asla ylym däldir. Beýik nemes pelsepeçisi M.Haýdegger pelsepe ylmyň gutaran ýerinde başlaýar diýipdir. Juda jaýdar aýdylan pikir. Bu pikir Magtymgulynyň «dünýä» diýen aňlatmasyna diňe akyl, mantyk derňewi arkaly ýetip bolmajakdygyny görkezýär. Muňa ýetmek üçin seniň öz şahsy kämilligiň gerekdir, bu bolsa mantygy öwrenip, kitapdan alynýan zat däl. Munuň üçin ýürek hem duýgy tejribesi, durmuş sapaklary, olaryň ýürekden geçip gitmesi gerek.
Häzirki zaman adamy üçin bu meseläniň magtymgulyçylyk tebigatyna aralaşmak gaty bir aňsadam däl. Sebäbi biziň üçin dünýä «oldur», Magtymguly üçin dünýä «sendir».
Bu pikiriň çuňňur serhal manysy bar. Biziň «dünýä» bilen aramyza «durmuş» düşüpdir. Galyberse-de, dünýä biziň üçin bary-ýogy tebigatdyr. Tebigaty bolsa biz gowy görýäris. Sebäbi biz tebigaty öz enemiz, öz aslymyz hasaplaýarys.
Kim aýdypdyr pany diýip barlyga,
Ýaşanyňa juda degýär bu dünýä!
Ine, döwürdeşimiz Gurbannazar Ezizow şeýdip biziň dünýäni duýşumyzy has oňat beýan edipdi. Biz indi Magtymgulydaky pelsepewi bitewülige hem ruhy terkidünýälige ymtylamzok, biz ýaşaýşyň hem ölümiň anyk sebäplerini gözleýäris.
Magtymguly üçin bolsa dünýä barlyk däl-de, ýoklukdyr. Çünki bizden tapawutlylykda, ol dünýäden çykyp, bir gapdalda durýar. Men ýaňy «dünýä» biziň üçin «ol» diýdim. Emma belli bir manyda dünýä biziň üçin «mendir». Sebäbi biz özümizi ondan tapawutlandyramzok. Geçen wagtyň içinde biziň dünýä gatnaşygymyzda bir üýtgeşiklikler-ä bolup geçipdir.
Magtymguly üçin dünýä – duşman. Sebäbi ol adam başyna ölüm getirýär, ony aldawa salýar, onuň üstünden gülýär, ony it oýnan ýaly edip oýnaýar.
Magtymguly görüp duşman ne haryn,
Pişäm ýuwutmakdyr ýaman gaharyn.
Ütürip men ýigitligiň baharyn,
Gutulma ýok garrylygyň gyşyndan.
* * *
Magtymguly görüp duşman tagnasyn,
Mert oldur şat tuga gamdan synasyn.
Ýer ýüzi doldurmaz görüp hanasyn
Karun kibi näçe gaznaň kän bolsa.
Dünýäüze (metafiziki) heserlenmäniň belentliklerine ýetmän, Magtymgulyda dünýä sözüniň manysyna aralaşmak mümkin däl. Bu ýerde, megerem, paýhasyň Eflatundaky, Gegeldäki, Nisşedäki ruhy hyjuw hem-de pikir ýöretme hili gerekdir. Magtymgula düşünmek isleýän adamyň özüniňem beýik metafiziki gussa ulaşmagy gerek. Diňe şonda onuň pikir-duýgularyny adaty durmuşyň maddylyga ýugrulan, ýalpak ruhy diline ýakynlaşdyrmak mümkin.
Magtymgulynyň dünýä meselesinde bütin dünýä edebiýatynda nusgalyk keşp bolup duran setirleri bar:
Bir mada eşek sen, gelip sen deme,
Gasygy gam bilen doly dünýä, heý!
Dünýäni guçdugyňça, onuň söýgüsi bedeniňe awy-zäher bolup ýaýraýar, ölüm bolup ýaýraýar. Dünýäni guçdugyňça ölüm pilläň ýakynlaşýar. Ýaşadygyňça, ölüme golaýlaýarsyň. Adamyň bolsa ýaşadygyça keýpi göterilýär, ýaşasy gelýär. Magtymgulynyň pikiriçe, munuň özi öz-özüňi aldamagyň iň armanly ýoludyr.
Dünýä zendir, köp oýnaşly, äri – bir,
Bir öpüşde etiň-ganyň sorubiýr.
Dünýä – aýal, bu aýal bile ýatyp, adamzat öz ölüminiň dogulmagyna sebäp bolýar. Emma Magtymgulynyň:
Kim biler ki ahyretde neýlärler,
Iýip-içip, münüp, guçup öt ýagşy
– diýen ýörelgesi ýokarky aýdylanlar bilen nähili utgaşýar? Bu ýerde uly bir gapma-garşylyk ýok bolsa gerek. Munuň özi Magtymgulynyň däl-de, şygryň içinde gelýän başganyň sözüdir. Munuň şeýledigine «Ýat ýagşy» goşgusynyň tutuş pikir ugry-da şaýatlyk edip biler. Şol goşgy o dünýä bolan ynanç, şol ynanjyň nukdaýnazaryndan ýagşy, ýaman ahlak ýollary tapawutlandyrmak hakyndadyr.
Hoş günüňde, hoştaplaşyp gezmäge,
Baryşmaga-gelişmäge ýat ýagşy.
Gamly günüň, galmagalyň üstünde
Gardaş ýagşy, dogan ýagşy, zat ýagşy.
Biz, köplenç, pikirlerine, şygyrlaryna şeýle biparh, ünssüz garap, Magtymgulyny nähili ýüzleý derejede kabul edýänligimizi-de unudýarys. Muňa endigiň işi diýip bolar. Endik ýaramaz wagtdyr, döredijiligiň, janlylygyň ganym duşmanydyr. Ine, ýokarky bende göz aýlalyň. Ol näme hakda? Eger ol ýerde aýdylýan pikire, sözlere diňe asyl, tüýs durmuşy manysynda düşünip, şonuň bilenem bendiň manysy tamam boldy etsek, onda Magtymguly durmuş ahwalatlaryny ýöne hasaba alyjy ýöntem şahyr derejesine çenli düşmezmi?! Baryşmaga-gelişmäge keseki adamlaryň, kyn günde dogan-garyndaşyň gowulygyny bilmek üýtgeşik bir zatmydyr?! Bu, dogrudanam, şeýle. Meniň aňlaýşymça, hakyky Magtymguly şol setirleriň ýüzünde däl-de, aňyrsynda otyr. Biz bu ýerde şahyryň adaty durmuş ahwalatlaryndan misil tutup, ýönekeý sözler bilen düýpli pelsepewi mazmuny aňladýandygyny görýäris. Şonuň üçinem sözleriň içki manysyny tirmek gerek. Hoş günüň – şu dünýädäki ömrüň. Ýat – keseki – dünýä, gamly gün, galmagally gün – ölen günüň, gardaş – dogan – şu dünýäde ýagşy işleriň hem niýetleriň bilen gazanan iman baýlygyňdyr.
Haýyr gazan munda – ýanyňa ýoldaş.
Ýa-da başga bir şygrynda şahyr şeýle diýýär:
Ýagşa dost köp, ýaman bolsaň ýok gardaş.
Ýagşylyklaryň «ýoldaş» mysalynda gelmegi Magtymgulydan öňki medeni aňyň galybynda-da bar. Magtymguly şahyrlyk ylhamynyň jylawyny bir goýberensoň, ony saklajak bolman, onuň yzyna düşüp barýar. Onsoň onuň çeper aňy «ýoldaş» aňlatmasynyň üstüne «gardaş, dogany-da» ýabşyryp goýberýär. Bu ýerde hiç hili geň zat ýok, bu diňe şahyryň ruhunyň näderejede önjeýli işländigini görkezýär.
Şygryň soňky bentlerinde duş gelýän:
Halal işle, ahyretde wehmiň bar,
Pakyry ynjytma, köňül rehmiň bar.
Ýa-da:
Taňry giň eýlese bende köňlüni
Ryzk agzyna girer, tutsaň elini
– ýaly setirler Magtymgulynyň ruhy ynanjynyň yzygiderliligini, esaslylygyny hem-de sarsmazlygyny juda anyk görkezýär. Şahyryň düýp pikiri üýtgänok, ol diňe pikirlerini dürli çeperçilik eşiklerine bezäp, täsirli edip berýär, olaryň dürli öwüşginlerini hem ýokundylaryny birme-bir açyp görkezýär. Ol özüniň şu pikir – duýgy inçeligine, sözüň janly hadysasyna düşünmeýänler barada bolsa şeýle diýýär:
Nep almaýan kişi sözden, öwütden –
Enaýylygy bolmaz gury söwütden.
Iň soňunda-da ol şygryny şeýle jemleýär:
Magtymguly, dostdan syryň gizleme,
Biwepadyr, nämähremi gözleme.
Ümsüm otur, halk içinde sözleme
Sözlär bolsaň, söz aslyna ýet ýagşy.
Soňky iki setir hemmämize düşündiriş hem-de duýduryşdyr. Magtymgulynyň sözüniň düýp manysyna ýetmäge ymtylmaly. Ýöne häzir bu esasy zat däl, esasy üns başky iki setirdedir. Şahyryň dost diýýäni kim? Elbetde, orta asyryň pikirlenme galybynda dünýä duşman bolsa, onda dost hem onuň gapma-garşylygy bolan Allatagaladyr. Dünýä bolsa şahyryň birinji bendinde-de aýdyşy ýaly, keseki – nämähremdir, çünki biwepadyr.
Munça gürrüň nämä gerek?! Şahyryň ruhy taglymatyna dogry düşünmek üçin gerek. Sebäbi «dünýä» düşünjesi onuň döredijiliginde hem ruhy taglymatynda örän düýpli hadysa bolup, şuňa düşünişiňe laýyklykda-da, şahyra tutuşlygyna dogry ýa nädogry baha berýärsiň.
Şahyryň degişli düşünje bilen baglanyşykly ahlak-ruhy ýörelgesi barada bolsa, şuny aýtmaly: Magtymguly dünýäden çekilýär, munuň özi düýpli ruhy orny, uly ruhy derejäni aňladýar. Muňa gönümel maddy-güzeran ýa-da terkidünýälik manysynda düşünmeli däl. Ol ruhuň içki şahsyýetiň öz-özüne ymtylyşlaryna hem meýillerine erk edip bilmegi barada gidýär. Şeýle erkiň ýok ýerinde ruhy kämillik bolup bilmez, ruhy kämilligiň ýok ýerinde bolsa ahlak ýörelgeleri hakda gürrüňe-de ýer ýok, ol bolaýanda-da diňe boş sözlerden başga zat bolup bilmez.
Edebi makalalar