14:08 Nika gyýdyryp, aýry-aýry ýerde ýedi aýal bilen ýaşaşan adam | |
NIKA GYÝDYRYP AÝRY-AÝRY ÝERDE ÝEDI AÝAL BILEN ÝAŞAŞAN ADAM
Geň-taňsy wakalar
"Ýer ala, ýurt ala" diýleni. Dünýäde her hili zatlar bolup geçýär. Käbir bolgusyz nysaklar indi geñem görlenok. Iñ ýamany-da adamlaryñ käbiri öz kanagatsyzlyklaryna, gara nebislerine, gowşak uçgurlaryna dini perdelenýärler. Şeýdibem öz açgözlüklerini aklaýjak bolýarlar. Ýöne il-güne sygmaýan iş hemme jemgyýetde-de halanylmaýar, oñlanylmaýar. Türkiýeli Ömer Syrtaş hem şular ýaly edýän hereketleriniñ nähili netije bilen gutarjagyny bilmeýän ýa-da bilse-de bilmezlige salyp ýaşaýan doýdum-dolmaz akylly samsyklaryñ biri. Dini nika esasynda bir wagtyñ özünde biri-birinden habarsyz ýedi aýal saklan Ömeriñ toruna dördünji bolup ilen aýaly Sewgi T. "Ynanýañyzmy, işini bahanalap dowamly şäherden çykyp gidýändigini aýdardy. Hepdede tegelek alty günläp öýe gelmezdi. Men pahyr adamym işläp öýe gazanç getirýändir öýtsem, ol başga aýallarynyñ ýanynda ýatyp-turup ýören bolsa näme. Birküç raýon añyrrakda başga bir aýal bilen ýaşaşýandygynyñ elinjek üstünden bardym. Ynanar ýaly däl, gaty erbet ýagdaýa düşdüm" diýdi. Hawa, "saçyna ak girse-de añ girmändir" diýlişi ýaly, ýaşy kyrkdan aşsa-da akly goýalmadyk 41 ýaşly Ömer Syrtaş bir wagtyñ özünde ýedi aýal bilen ýaşaşdy. Özem ýedisiniñem biri-birinden habary ýok ýagdaýda! Zora zor diýmeli! Görgülileriñ hemmesi-de Ömer öýden çykanda, tä yzyna köwlenýänçä "ärjagaşym haçan gelerkä?.." diýip ýoluna göz dikip garaşandyr. Nirden bilsinler olar kezzap ärsumagyñ günde bir aýalynyñ gujagyna myrlap ýörendigini. Käbir adamlar hilebazlykda, kezzaplykda şeýle bir derejä ýetýär welin, şeriñ ojagy hasaplanýan şeýtanam olar ýalyny görende, toba edip ýakasyna tüýküriberýämişin. Ömeriñ ýedi aýalyndan jemi alanda bäş çagasy dünýä indi. Geñ galaýmaly. Munça çaganynyñ ykgy-çokgusyny biri-birinden habarsyz ýedi aýala sepini bildirmän nädip birnäçe ýyllap ýaşap bildikä? Dogrudanam, zora zor diýmeli! Ýöne "Bir menzile ýetmez ýüküñ egrisi, basym sandan çykar oba ogrusy" diýlişi ýaly, bilinmän galjak zat barmy näme. "Pişigiñ ýyndamlygam samanhana çenli" bolarmyş. Türkiýäniñ "Sabah" gazetiniñ žurnalisti Dilek Ýamanyñ berýän habaryna görä, Ömeriñ gaýyneneleriniñ biri oña jañ edende, başga bir aýaly telefony galdyrýar. Şeýdibem onuñ iki aýalyn biri-birinden habarly bolýar. Şol wagtdan başlap misli detektiw kimin adamsynyñ syrly hereketlerini yzarlap başlan Sewgi T. Ömeriñ ähli pyrryldaklarynyñ üstüni açdy. Ol ýalan-ýaşryk bilen geçen ýyllary barada ahmyr bilen başyny ýaýkap şeýle gürrüñ berdi: • "Alty aýlap yzymda hozanak boldy" Ol meni razy etmek üçin alty aýlap yzymda gezipdi. Ömer boýdaşlarym bilen bir ýere gidenimde sataşypdy. Şu günki ýaly ýadymda, 2012-nji ýyldy. Hiç yzymdan aýrylmady. Alty aýlap ugrumda daşymda perwana boldy. Öýmüziñ töwereginde gezip girsem-çyksam gün bermedi. Maña öñ üç gezek öýlenip aýrylyşandygyny, indi mynasyp taýyny tapyp, hemişelik maşgala gurmak isleýändigini aýtdy. Iki gezek şereketiniñ batandygyny, ýöne her gezegem täzeden özüni tutandygyny aýdypdy. Ejem öý hojalykçy, kakam mugallym diýipdi. Emma kakasynyñ mugallym däl-de, ymamdygyny aoñ bilip galdym. Alty günläp öýe gelmeýän wagtlary bolýardy. Görüp otursam başga aýallary bolsa näme. Ol täze maşgala gurmak isleýändigini, ýöne öñki aýaly bilen aýrylyşma möhletindedigini aýdypdy. Asyl ol öñem sallah bolsa näme! Aradan birnäçe aý geçdi. Biz nikalaşmagyñ ugruna düşdük. Ahyrynda men dini nika gyýylmasyna razy boldum. Göwreli boldum. Çagany abort etdirjek bolanymda, "Hiç bir ýagdaýda aramyzdaky gatnaşyk üzülmesi gowy" diýip garşy çykdy we meni çagany dogurmaga razy etdi. Adamym her gün öýde bolanokdy. Iş üsti bilen şäherden çykyp gidýändigini aýdyp, hepdäniñ dowamynda alty günläp öýe gelmedik wagty bolýardy. Soñ-soñ bizden birnäçe raýon añyrrakda başga bir aýal bilenem ýaşaşýandygy ýüze çykdy. Elbetde, bularyñ anygyna ýetmek üçin meniñ birnäçe ýylymy aldy. • "Başga aýalynyñ bardygyny bilmegime ejem sebäp boldy" Çagamy dogrupdym. Başyma inen şowsuz hadysa sebäpli jigerbendimden uzak wagtlap aýry ýaşamaly boldum. Şol wagt çagama ejem göz-baş boldy. Ömer ejemden ep-esli mukdarda pul karz alypdy. Bir gün ejem algysyny sorap oña jañ edende, telefony S.E. atly aýal galdyrdy. Bu aýal özüniñ Ömeriñ aýalydygyny we ondan bir gyzynyñ bardygyny aýtdy. Ömer şonda S.E.-niñ ýanynda meni we çagamy asla tanamaýandygyny aýtmaga bogny ysdy. Menem öz gezegimde kazyýete ýüz tutup, oglum W.-niñ Ömeriñ ogludygyny subut etdim. • "Beýleki aýaly bilen el-ele berdik, başga aýallaryny-da tapdyk" Suduñ karary çykandan soñ S.E. bilen dil birikdirdik. Men başymdan geçen maddy kynçylyklar sebäpli çagamy döwletiñ hossarçylygyna bermäge mejbur boldum. S.E. bilen başymyzdan geçenleri dertleşdigimizçe, Ömeriñ beýleki aýallarynyñam bardygyny ýüze çykardyk. Meniñ we S.E.-niñ başyna inenler ýumagyñ ujy ýalydy. Ýumagyñ ujuny çekdigimizçe özümizden gizlenen kän-kän zatlaryñ üstüni açdyk. Pikir edip görüñ, siziñ bir adamynyz bar, ol gazanç edýär diýip bir ýassykdan örmezligine kaýyl bolýarsyñyz. Emma ol welin, ýöne işläp öýüne pul getirýändir öýdüp ýörkäñiz, başga aýallaryñ düşeginden örüp ýör. S.E. hem edil maña aýdylan zatlar bilen aldanan eken. Olam indi-indi nämäniñ nämedigine düşünip başlapdy. • "Puly dagy kän bolsa, ýene nijeme aýallar bilen ýaşaşmaga ukyply kezzap..." Üstünden barlan aýallaryñ biri maña ynanmazlyk etdi, hatda agzyna gelen hapa-paýyş sözleri aýtdy. Ömeriñ aýallaryny ýeke-ýeke anyklap başladym welin, onuñam gözi gyzaryp, howply adama öwrüldi. Men gorkyma hukuk goraýjy edaralaryñ işgärlerine ýüz tutdum. Oglumyñ şular ýaly kezzap kakasynyñ bardygyna diýseñ gynanýaryn. Bu adamyñ puly kän bolsa we mümkinçilik berilse ýene nijeme aýal bilen ýaşaşmaga ukyply kezzapdygy görnüp dur. Nähili gynançly ýagdaý. Meniñ kimin şular ýaly tetelli adamlaryñ toruna düşüp, hak-hukugy ugrunda göreşmäge çekinýän aýal-gyzlara seslenýärin: Men gorkmadym, dymmadym. Sizem gorkmañ, sizem dymmañ, aýaga galyñ! Dilek ÝAMAN. # "Sabah" gazeti, noýabr 2019. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |