15:01 Ogurlyk bägüller / hekaýa | |
OGURLYK BÄGÜLLER
Çagalar edebiýaty
Bäşinji «B» klasda okaýan Bägül Bäşimowa tutuş mekdep boýunça iň göreldeli okuwçydy. Şonuň üçin bu owadan, üst-başy tämiz gyzjagazy okuwçylaryň ählisi sylaýardy. Ýöne klasdaşy Gurduň oňa yhlasy başgaçady. Ol Bägüli gördügi aljyraberýärdi. Asyl, ol mekdebe-de «Bägül barýar» diýip gatnaýan ýalydy. Gurt özüni Bägüle halatjak bolup gowy okaýardy. Bäşliklerem Bägül üçin alýardy. Bu waka okuwçylaryň arasynda bolan bir gürrüňden başlandy. Klasda gül barada gürrüň edildi. – Indi geljek bahara çenli meýdanlarda gülem bolmaz. – diýip, Bägül Bäşimowa gynanjyny daşyna çykardy. – Wah, şu wagt paşyrdap duran sähra çemeni bolsady. Onuň ysam üýtgeşik bolýar-a! Bägül sähranyň ýa-da dagyň çuňňur derelerinde bitýän sergin, ter güller barada gürrüň edýärdi. Ýogsa, ol güle zar däldi. Onuň ejesi şu etrapdaky ösümçiliküilik institutynyň gül-tejribe meýdançasynda ylmy işgär bolup işleýärdi. Gyzjagaz ejesiniň ýanyna baranda, dürli tohumdan bolan dürli ysly, dürli reňkli bägülleri günde, günaşa görüp ýördi. Bu gürrüň şu ýerde galdy. Hepdäniň duşenbe günüdi. Irden klasa giren Bägüliň öz partaynyň üstünde paşyrdap duran owadan bägül çemenine gözi düşdi.Onuň ýüreginiň başy jigläp gitdi-de, öz ejesiniň: «Obanyň çagalary gije biziň gülhanamyza girip, nebir bägülleri ýoluşdyryp, ýyllar boýy çeken azabymyzy reýgan edäýipdirler» diýip zeýreneni ýadyna düşüp gitdi. Bägül okuwçylaryň bary klasa girýänçä çemene el degirmedi. Oglanlar, gyzlar Bägülüň partasynyň daşyna üýşüşip, ter bägül gunçalaryndan düzülen dürli ysly, dürli reňkli owadan çemene haýran galyp seredýärdiler. Ter çemeniň näzikden ajaýyp ýiti ysy tutuş klasy gaýlap aldy. Bägül ýerinden turdy-da: – Şu bägülleri kim getirdi? – diýip, gaharly sorady. Hiç kimden ses çykmady. Diňe Gurt tagtanyň öňünde» Gülleri men getirdim. Nähili, göwnüň ýetdimi!» diýýän ýaly, buýsançly ýylgyran bolup durdy. Bägül bar zada düşündi. Ol Gurda garady. – Ogurlyk bägülleriňi aýyr, meniň partamdan. Özüňem ony eken, ýyllar boýy azabyny çeken adamlardan ötünç sorarsyň, ogry!.. Okuwçylar Gurda haýran galyp seretdiler. Ogurlykda tutulan oglanyň ýüzi burç çalnan ýaly bolupdy. Arman, Gurt öz ýalňyşyna gaty giç düşündi. Onuň gije ýatman, gül ogurlamak üçin tikenli simlere nebir eşiklerini ýyrtdyryp, çeken azaplarynyň bary ýene-de biderek bolupdy. Öwezdurdy NEPESOW. | |
|
Teswirleriň ählisi: 1 | ||
| ||