22:23 Pygamber tebipçiligi: Dal, Zal, Ra | |
■ «Dal» harpy: د
Medisina
دار صيني Dalçyn. (Cinnamomum). Ol gyzgyn-gurak tebigatly, aşgazana ýakymly bolan ösümlik. Dalçynyň saglyga berýän uly peýdasynyň biri ol aşgazanyň işleýşini güýçlendirýär. دبس Toşap. Gyzgyn-çygly tagam. Kähalatda ganyň hapalanmagyna sebäp bolýar. Toşap sebäpli hapalanan gany mindal hozuny, haşhaşy ýa-da künji ýagyni iýip, arassalap bolýar. Ibn Halyly «Futuhu-ş-Şam» atly eserinde bu barada şeýle diýýär: «Haçanda Omar Şam sebitlerine gelende, adamlaryň toşap gaýnadýandygyny görüp, onuň nämeligi hakda sorapdyr. Şamlylar oňa üzümiň suwyny sykyp alýandyklaryny, tä üçden biri egsilýänçä gaýnadyp bişirýändiklerini aýdypdyrlar. Omar olara garap: «Diýmek, haramy gidip, halaly galýar. Awusy gidip, mazasy galýar» diýipdir hem-de öz esgerleriniň güýç-kuwwatyny artdyrmak üçin olara toşap iýmegi buýurypdyr». دجاج Towuk. Guşlaryň içinde iň oňady towuk etidir. Ol birinji derejeli, gyzgyn-çygly bolup, aşgazan üçin ýeňil iýmit, tiz siňýän, gowy täsirli (hyltly), beýniň işjeňligini we ynsan tohumyny artdyrýan, ýüzüňi nurlandyryp, akylyňy güýçlendirýan tagamdyr. Ýöne elmydama, yzygider iýip ýörmek bogunagyry keseliniň döremegine getirer. Entek ýumurtga guzlamadyk towugyň eti iň ýokumly we iň şypalysydyr. Horaz bolsa çyglylygy az, örän gyzgyn häsiýetli guş. Garry horazyň eti aşgazan-içegedäki sanjyny we ýumurtgalykdaky agyryny aýyrmak üçin örän şypaly. Horaz eti siňmesi çalt, ýokumlylygy örän oňat bolan iýmitdir. Pygamberimiz horaz hakynda ýatlap: «Horaz sesini eşiden wagtyňyz Hudaýdan fazly-merhemet diläň. Sebäbi horazlar perişdeleri görende gygyrýarlar» diýipdir. Ygtybarly kitaplarda Pygamberimiziň towuk etini iýendigi hakda ýatlanylýar. Ibn Baýtaryň ýatlamagyna görä, «Jüýje çorbasy aşgazandaky gyzgynlygy ýatyrýar». Jüýje eti hem çalt siňýän, tebigatyňy ýumşadyjy, beden üçin gerekli bolan suwuklygy döredýän iýmitdir. دقيق Un. Bu hakda çörek barada aýdanymyzda ýatladyk. ■ «Zal» harpy: ذ ذباب Siňek. Tebipler siňegiň berýän peýdasy barada hiç zat aýtmadylar. Diňe ary ýa-da içýan çakanda, agyryly ýere agzyňy süýkemekligiň örän uly we aýdyň peýda berýänligi hakda ýatladylar. Eger ony ýara ýa-da çişe owkalasaň tiz gutular. Resulalla bu haýwan barada şeýle diýdi: «Eger biriňiziň içgiňize (içen suwuňyza) siňek gaçsa, ony şol suwa doly batyryň we soňra çykaryp zyňyň. Çünki siňegiň bir ganatynda zäher, beýleki ganatynda şypa bar¬dyr». Buhary hem bu hadys hakda öz eserinde ýatlap: «Eger suw içýän gabyňyza siňek gaçsa» diýip agzady we bu barada ýörite bir bölüm berdi. Ibn Majeniň we Abu Dawudyň rowaýatlarynda: «Siňek zäherli ganatyny ilki, şypalysyny bolsa soň sürýär» diýilýär. Hattaby bu söz hakda ýatlap: «Ýagşy zatdan nesibesi bolmadyk adamlar bu hakda gürlände: «Siňegiň iki ganatynda zäher bilen şypa neneňsi jemlenip bilýärkä? Zäherli ganatyny ilki sürüp, şypalysyny soň batyrýandygyny adamlar nädip bilýärkä?» diýmegi mümkin» diýipdir. Bu elbetde akmak-nadanlaryň, zat bilmeýänleriň ýa-da bilmediksirän bolýanlaryň sowalydyr. Eger ol pikirlenip görse, özüniň ýa-da ähli janly-jandaryň durkunda gyzgynlyk bilen sowuklygyň, çyglylyk bilen guraklygyň bile (jemlenip) ýaradylandygyna göz ýetirerdi. Ana, şolar hem biri-birine garşy gelýän häsiýetler ahbeti. Soň hem Allatagalanyň bir haýwanda iki sany ters zady: zäher bilen şypany ýaradandygy inkär edip bolmajak zatdyr. Ol bal arysynyň kalbyna mumdan öý tutunmagy we şonda bal toplamagy saldy. Ol garynjalaryň kalbyna gerek bolýan wagta çenli azyk-owkatyny çöplemegi saldy. Ol siňegi ýaratdy we bir ganatyňy öň, beýlekisini soň herekete getirmelidigi hakda ýaradylyş berdi. Oňat pikirlenip görseň, dünýädäki ähli zatda Onuň (Hudaýyň) birdigine delil bolýan aýat-alamat bardyr. Tebipleriň aýtmagyna görä «ze-raryh » atlandyrylýan siňegiň hem bir ganatynda zäher, beý-lekisinde şypa bardyr. ذهب Altyn, gyzyl. Onuň tebigaty kadaly we ýaramly gyzgyndyr. Altyn göwün açyjy, şatlandyryjy, ýüregi güýçlen-dirýän magdanlaryň biridir. Agyz boşlugynda dörän ýaralary bejerýär. Ony az-kem agzyňda saklasaň, ol ýerde ýüze çykýan ýaramaz, porsy ysy aýyrýar. Altyn ýürege kuwwat, güýç ber-ýär. Göwniçökgünligi, sussypesligi dep edýär. Hususan-da, gara öt dertlerine, melanholiýa bilen bagly kesellere örän peýdalydyr, köňül howsalasyny, demgysma keselini dep edýär. Resulalla altyndan we kümüşden ýasalan gap-çanaklary ulanmagy gadagan etdi, ýöne olar bilen saglygy bejermäge rugsat berdi. ■ «Ra» harpy: ر راوند Yşgyn. (Rheum officinale). Oňa gyzgyn tebigatly diýýänlerem, sowuk tebigatly diýýänlerem bar. Iň oňady güýeden, gurçukdan arassa we abat bolan, ter yşgyndyr. Ol bagyrda ganyň dykyn almagyna dermandyr, ötüşen gyzzyrma keseli bolanlara we suwly çiş derdine uçranlara örän ähmiýetli serişdedir. رازانج Arpabadyýan. (Foeniculum). Gyzgyn-gurak tebi-gatly ösümlik. Onuň sykylyp alnan suwy gözüňi ýiteldýär, peşewiň we aýbaşynyň ýeňil akmagyna ýardam berýär. Süýdi az zenanlar ony iýmit hökmünde ulansa, derdinden saplanar. Ony gaýnadybam, bişiribem, owradyp alynýan un hökmünde hem goldanyp bolýar. رطب Ter hurma. Bu hakda «ti» harpynda «temr» – «hurma kakyny» ýatlamyzda aýdypdyk. Ol gyzgyn-çygly bolup, yzygider iýip ýörmek käte agyz boşlugynda ýaramaz ysyň döremegine getirýär. Bu ýakymsyz ysy gyzgyn sirkelibal ýa-da turşy nar aýyrýar. Ter hurma miwesini guradylan hurma bilen bile iýmegi Pygamberimiz gadagan etdi. رمان Nar. (Punica granatum). Bu ösümlik hakda Alla¬ta-gala: «Ol ýerde dürli ir-iýmişler, hurma we nar bardyr» diýdi. Süýji nar gyzgyn-çygly bolup, onuň suwy üsgülewigi aýyr-ýar. Naharyň üstüne nar iýmek, tagamyň aşgazanda zaýa¬lan-ma¬gyna böwet bolýar. Iň oňat nar imlisi görnüşidir. Turşy nar sowuk-gurak bolup, öt haltanyň (safra) bölüp çykarýan artykmaç ajylygyny aýyrýar. Narpyz garylyp ýasalýan nar içgisi gusdurmak üçin ajaýyp serişdedir, ol aşgazany berkidýär. Turşy nar häsiýeti boýunça ol ikisiniň arasynda bolup, naryň ähli görnüşleri ýürek tolgunmasyny (الخفقان) köşeşdirýän täsire eýedir. Enesiň Resulalladan nar barada sorandygyny Abu Nagym gürrüň berdi. Pygamberimiz «Her narda jennet dänesiniň biri bardyr», «Nar iýen adamyň kalby ýene oňa tarap öwrüler, şeýtan bolsa nar iýýän adamdan gaçar», «Alla nar iýen adamyň kalbyny nurlandyrar», «Meniň nar iýmegim jennet suwunyň damjasyndan gandygymdyr (datdygymdyr)» diýdi. Ibn Apbas nar dänesine gözi düşse, ony alyp iýer eken. Bu hakda oňa ýatladanlarynda: «Her narda jennet dänesiniň biri bardyr. Belki, ýaňky däne şol bolmagy mümkin» diýipdir. Kä-bir eserlerde: «Size nar iýmegi maslahat berýäris. Ony gabygy bilenem iýiň, çünki ol aşgazany eýleýändir (berkidýändir)» diýilse, El-Amedi Ibn Mitlakdan eşidip şeýle gürrüň beripdir: «Üç günläp birnäçe nar dänesini iýen adamyň, bir ýyllap gözi agyrmaz». Ýene bir rowaýatda: «Bir ýylda üç sany nar dänesini ýuwdan adamyň bir ýyllap gözi agyrmaz» diýilýär. رمل Çäge. Resulalla bu hakda ýatlap: «Suwly çiş (sarysuw, wodýanka) keseline duçar bolan adamy çägä gömseňiz, onuň agyrysyny aýryp peýda berer» diýdi. ريحان Reýhan. (Ocimum basilicum). Gyzgyn ösümlik. Ony ysgamak ýüregiňi berkidýär. Suw garylan reýhan ukladyjy täsire eýedir. Buharynyň Pygamberimize salgylanyp aýtmagyna görä, reýhan sowgat edilen adam ony yzyna gaýtarmaly däldir. Ol götermesi ýeňil, ýakymly ysy bolan ösümlikdir. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |