18:54 Pygamber tebipçiligi: Dermanlar we iýmitler | |
IKINJI BÖLÜM
Medisina
Ikinji ugur iki bölümden ybarat: 1. Iýmitler hakda. 2. Dermanlar hakda. Dermanlar hem öz gezeginde iki topara bölünýär. Olaryň ilkinjisi ýönekeý dermanlar bolup, Buhary bu hakda özüniň «Kitabut-tybby wel-edwiýe» («Tebipçilik we dermanlar») kitabynda beýan etdi. Tebipleriň aýtmagyna görä, bedene ýiti täsir edýän derman birinji derejeli derman hasap edilýär. Eger täsir edip, zyýan etmese ikinji derejeli; zyýanly bolsa-da, ölüm ýakasyna ýetirmese üçünji derejeli; eger ölüm halyna ýetirse, ol dördünji derejeli bolup, oňa «erbet ýa-da ýaramaz täsirli derman» di-ýilýär. Däri-dermanlaryň özünde saklaýan güýji synag-tejribeleriň üsti bilen anyklanýar. Düzümi çylşyrymly dermanlar hem iki topara bölünýär. 1). Emeli usullar bilen taýýarlanýan – tirýek ýaly dermanlar; 2). süýt ýaly tebigy dermanlar. Çünki süýdüň düzüminde suw, ýag we gaýmak bardyr. Dermanyň ysy ýiti bolsa, ol onuň gyzgyn dermanlara, yssyz bolsa sowuk dermanlara, ysy kadaly bolsa orta hilli dermanlara degişlidigini görkezýär. Ine, dermanlaryň ýagdaýyny şeýle usulda bilip bolýar. DERMANLAR WE IÝMITLER Men bu bölümdäki dermanlaryň we iýmitleriň adyny elipbiý tertibinde getirdim. Allatagala: «Ýeri bolsa ýaýbaň, giň etdik hem-de onda (ösümlikdir miwelerden) her dürli gözel jübütleri öndürip-ösdürdik (Biz muny Perwerdigärine dolanjak her bendä görkezme we ýatlama bolsun diýip şeýle etdik) » we «Eýsem olar, biziň ençe dürli peýdaly ösümlikleriň näçesini ýaradyp goýan ýerimizi görmedilermi? » diýip aýtdy. Katada Hasandan eşidip, şeýle diýdi: «Süleýman alaýhyssalam jaý gurup bolanyndan soňra metjide giripdir. Birdenkä, onuň gözi metjidiň içinde ösüp oturan gök agaja düşüpdir. Süleýman pygamber namaz okap bolanyndan soň, şol daragt dillenip: «Sen neçün meniň kimligimi soramadyň?» diýipdir. Süleýman: «Sen kim?» diýip soranda, «Men şeýle-şeýle derdiň dermany bolan daragt» diýipdir. Süleýman ony ýolmaklygy buýurypdyr. Ertesi gün metjide gelip görse, ýene şonuň ýaly başga bir daragt ösüp otyrmyşyn, özü-de ýene bir derdiň dermanymyş. Ine, şeýdip, Süleýman her gezek metjide gelende, şonuň ýaly daragty görüpdir, her daragt özüniň niçiksi derde dermandygyny habar beripdir. Şondan başlap Süleýman py¬gam¬ber tebipçiligiň esasyny goýupdyr, tebipçilik we der¬manlar hakda kitap ýazypdyr». Ibn Apbasa salgylanyp aýtmaklaryna görä: «Süleýman pygamber her gezek namaz okanda, öz öňünde ösüp oturan agajy görer eken. Süleýman onuň nämeligini soranda, ol «Men pylan agaç» diýip jogap beripdir. Süleýman oňa bakyp: «Sen haýsy zat üçin ýaradylanyňy aýt, bezeg-saýa üçin bolsa, täze ýerde oturtjak, dermanlyk bolsaň ýazyp aljak» diýipdir. Ine, indi bolsa dermanlyk ösümlikleriň sanawyny getirýäris. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |