21:24 Pygamber tebipçiligi: Ti | |
«Ti» harpy: ت
Medisina
تراب Toprak. Allatagala Gurhanda: «Isanyň mysaly Allanyň ýanynda edil Adamyň mysaly ýaly bolup, ony toprakdan ýaratdy » diýip, toprak hakynda agzaýar. Topragyň mizajy (tebigaty) sowuk-gurakdyr, çyglylygy guradyjy häsiýetdedir. Resulalla: «Adam oglunyň gözüni toprakdan başga zat doldurmaz» diýdi. ترمس Ak lýupin. (Lupinus albus). Tebigaty gyzgyn we gurak. Ony bal bilen garyp iýseň ýa-da sargy edip göbege ýap-saň, aşgazan-içegedäki gurçuklary öldürýär. Onuň uny ýüzdäki ýara yzlaryny (çapyklary) aýyrýar. Lýupiniň gaýnadylan suwuny sepseň tagtabiti öldürýär, oňa ýüzüňi ýuwsaň, kemsiz arassalaýar. Lýupinden köp iýmek meňziňi soldurýar, ýöne halwa iýmek bilen onuň bu zelelini dep edip bolýar. ترنجبين Ýandak şiresi. (Alhagi). Gyzgyn tebigatly bolup, agyrysyz iç geçirýär. Şirinje iýmitiniň bir görnüşi bolan bu ot çaga dermanlaryna degişli. تربد Türbet. Gyzgyn-gurak häsiýetli, inçe balgamy saz-lamakda (sürmekde) peýdaly. Eger onuň üstüne zenjebil garyp içseň, ýogyn balgamy hem sürdürýär. Ony bişirip, iç ýuwma (klizma) görnüşinde we gerdejik (tabletka) şeklinde ulanyp bolýar. تفاح Alma. (Malus domestica). Almada çyglylyk aşa ýokary. Turşy almalar örän sowuk tebigatly bolýar. «El-fethi» diýilýän alma ýüregi berkidýär, ýürek-damar kesellerine hem peýdaly. Pygamberimizden rowaýat etmeklerine görä, alma ýüregi berkidýär. Alma içgisi ýüregi güýçlendirýär we waswasylygyň aýrylmagyna peýda berýär. Almadan ýasalýan mürepbe we alma şiresi saglyga örän peýdaly. Turşy almany yzygider iýip ýörmek huşsuzlyk derdine sataşdyrýar. توت Tut (tudana). (Morus). Şam tudanasy sowuk tebigatly bolup, ol içgeçmä garşy iç gatadyjy serişde hökmünde belli. Tuduň bişip ýetişmedik ter miwesi edil sumak aşgary ýaly täsir edýär. Ondan mürepbe hem ýasalýar. Bokurdak, damak we agyz boşlugynyň kesellerini bejermekde ulanyl¬ýar. Ak tudana az ýokumly we aşgazan üçin ýakymsyz, ony tagamdan öň iýmek we yzyndan sowuk suw içmek gerek. تمر Hurma kaky. (Tamarindus). Aly: «Iň oňat hurma «Albaranydyr» diýse, Resulalla: «Siziň iýýän hurmalaryňy-zyň haýyrlysy, derdi dep edýän «Albaranydyr» diýdi. Abu Hüreýranyň rowaýatynda: «Albarany» derdi bolmadyk derman» diýilýär. Ýene bir rowaýata görä, Pygamberimiz: «Aýallaryňyza hurma iýdiriň. Iýmiti hurma bolan zenanyň perzendi mylaýym bolar» diýipdir. Merýemiň iýmiti hem ter hurmadyr. Şondan gowy iýmit bar bolsa Allatagala Merýemi şonuň bilen iýmitlärdi. Allatagala: «Hurmanyň şahalaryny yrala, saňa ter hurmalar gaçar » diýip aýtdy. Resulalla ony suwa ýatyryp, ezip goýar eken we her günaşadan ertirlikde içer ekeni. Soňra şeýle etmegi özgelere-de tabşyrypdyr we içiripdir. Rowaýatlara görä: «Hurma iýmek sanjy derdinden goraýar». Ibn Apbas: «Resulallanyň söýgüli tagamy hurma kişdesidi» diýdi. Çünki hurma kişdesi örän ýokumly, tagamly we ýeterlik iýmitdir. Onuň üstüne ýag çalyp iýseň welin, ol aňrybaş derejede ýokumly. Bir rowaýatda: «Hurma kişdesi – jennet miwelerinden» diýilýär. Bu hadysy Abu Nagym özüniň «Tebipçilik» kita¬byn-da ýatlap geçýär. Sagt ibn Aby Wakgasdan eşidip, aýtmaklaryna görä: «Säher turanda ýedi sany hurma bilen ertirlik edinýän adama şol günüň dowamynda zäher we jady täsir etmez» diýilýär. Muslimiň rowaýatynda: «Säher turanda ýedi sany hurma iýýän adama tä gijä ýetýänçä zäher täsir etmez» diýilýär. Ony her gün ertirine iýmeli. Ajwa (عجوة) atlandyrylýan hurma Medine hurmalarynyň bir görnüşidir. Ol «Saýhany » (صيحاني) görnüşinden uly we garamtyl reňklidir. Bu hurma Pygamberimiziň oturdan nahallarynyň biridir. Bu hurmadaky şonuň ýaly peýdalar, ony Pygamberimiziň mübärekläp oturdany sebäplidir. Şonuň üçin hem azap çekýän bendeleriň gabyrlaryna, ýapraksyz hurma agajynyň iki sanysyny goýmak däbi bar. Tä, şol iki agaç guraýança merhuma berilýän azap ýeňilleşýärmişin diýilýär. Termezi hem: «Hurma jennet miwesidir, onda zähere garşy şypa bardyr» diýipdir. Äşäniň aýtmagyna görä, Pygamberimiz: «Dogrudanam, hurmada beýik şypa bar» diýipdir. Oraza tutýan adamyň hurma bilen agzyny açmasy bir däpdir. Pygamberimiz: «Hurma tapan, şonuň bilen, hurma tapmadyk suw bilen agzyny açsyn. Çünki ol hem örän arassadyr» diýipdir. Hurma, kişmiş ýa-da şolar ýaly süýji zatlar bilen agyz açmak oraza bekleýän adamyň güýjüni artdyrýar, orazasyna ýardam berýär. Hezreti Alynyň kişmiş bilen agzyny açandygyny gürrüň berýärler. Pygamberimiz: «Öýünde hurma ýoguň bereketi bolmaz» diýipdir. Hurma gyzgyn-gurak häsiýetli. Ol jynsy höwesiňi artdyr-ýar, esasanam ony kedr hozy bilen garyp iýseň has köp täsir edýär. Ýöne ony şeýle usulda yzygider ulanyp ýörmek kelleagyryny döredýär, gözagyryly adamlara zyýan berýär. Şonuň üçinem Pygamberimiz gözi agyrýan wagty Ala hurma iý-mekligi gadagan etdi. Ter hurmany üzüm bilen suwa ýatyryp goýmak hem gadagan edildi. Şol sebäpli ýüze çykan zeleli bolsa badam hozunyň maňzy we haşhaş oty bilen bejerip bolýar. تمر هندي Hindi hurmasy. Tamarind. (Tamarindus in¬di¬ca). Sowuk-gurak häsiýetli. Holerany (صفراء) sürmekde, içiňi berkitmekde, gusmak-gaýtarmagyň öňüni almakda peýdaly. Döş-gursak agyrylarynyň öňüni alýar. Ony kakadylan iýmişler, tagamlar we sirkeli bal bilen ulanyp bolýar. Ondan gaýnadylyp alynýan içgi, teşneligiňi gandyrýar. تين Injir. (Ficus carica). Iň gowy hillisi ak reňkli, bişen, gabygy aýrylan injir miwesidir. Ter injir guradylan, kişde edi-len injirden has ýokumly bolup, onda gyzgynlyk bar. Ol örän ýokumly, siňmesi ýeňil, ähli ir-iýmişleriň içinde iň ýokumlysy bolan iýmişdir. Tebigatyňy ýumşadýar, balga¬myň täsiri sebäpli owaldan bar bolan teşneligi köşeşdirýär, ötüşen üsgülewikde (السعال المزمن) peýdaly, peşew akmasyny ýeňled-ýär, damarda gan akma ýollaryny açýar, ony ajöze iýmek iýmit siňdiriş ýollaryny kadalaşdyrmak üçin örän peýdaly. Hususanam ony badam we hoz bilen garyşdyryp iýmek has gowy täsir edýär. Abu Derda Pygamberimizden eşidip: «Jennetden inen miwe hakda aýtjak bolsam, injiri aýdardym. Çünki jennet miweleri şäniksiz bolýär. Ondan iýiň, ol babasyl derdini bejerýär we guragyra peýda berýär» diýipdir. Tebipler: «Ony yzygider iýmek, bedeni gujurlandyrýar» diýdi. Gyzyl injir (جميز) aşgazana ýakymsyz, ýokumlylygy hem azdyr. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |