RUHY GÖWRE / edebi-filosofik söhbet
Ruh adamzadyň ýokary galmak, böwetleri ýenip geçmek isleginiň serişdesi bolupdyr. Ruh adamyň materiýadan saýlanmak, özüni materiýa bilen baglanyşdyrýan zatlardan belende galmak isleginiň serişdesi bolupdyr. Ýokary galmak, belende göterilmek adam göwnüniň hyýallylygyndan, howaýylygyndan habar berýär. Birinjilik, ilkinjilik ruha degişlidir. Ruh bolan ýerde onuň maksatlaryny amal etmegiň serişdesi hökmündäki akyl hem, ten hem ýetişýär. Şonuň üçinem delilleriň güýçlüsi – ruhuň delilidir. Ruhuň güýçlüdigi hatda ýönekeý durmuşyň wakalarynda hem belli bolýar. Ruhy güýçli adamyň öňünde ruhy pesin howy basylýar, onuň ýüzüne, gözüne garap hem bilmeýär. Türkmeniň dilinde «ot ýaly» diýilýän sypatlandyrma bar. Bu dogumlylygy, aldajylygy anladýar. «Ot ýaly» diýilmeginiň sebäbi bolsa, ata-babalarymyz ruhy ot hökmünde göz öňüne getiripdirler. Ol hem energiýa, ruh hem energiýa. Otparaz ata-babalarymyzda ot Hudaýyň ýüze çykmasy hökmünde görlüpdir.
Ruhy gymmatlyklaryň emele gelsiniň özboluşly mantygy – logikasy we mehanizmi bar. Adam göwnüniň daşky dünýä bilen baglanyşmagyndan, täsirleşmeginden ilki maddy-erkin düşünjeler ýüze çykýar. Aýdäly, adam demire elini degrip, onuň sowuklygyny, oda golaýlaşyp onuň gyzgynlygyny bilýär. Teniň berýän habary göwünde özboluşly suratda işlenilýär. Göwün hem akyl sowuklygy we gyzgynlygy maddy-empiriki düşünjelikden ruhy düşünjä öwrülýär. Adam ruhy bolsa özüniň içki tebigatyna we matlaplaryna laýyklykda, düşünjeleri ruhy närselere baglaýar. Ruhy düşünjeleriň umumylaşdyrylmagyndan ruhy gymmatlyklar döreýär. Şeýdip maddylygyň häsiýetlerine esaslanyp döredilen ruhuň dili kemala gelýär.
Ruhuň dili – teniň, akylyň, göwnüň diliniň umumylaşdyrylmasyndan emele gelen dildir.
Teniň hem nebsiň (ten duýgularynyň mukdar hem hil jemi hökmündäki ýüregiň) dili maddylygyň dilidir.
Akylyň hem göwnüň dili – howaýylygyň dilidir. Howaýylyk bile maddylygyň utgaşygyndan bolsa ruhuň dili kemala gelýär. Islendik obrazlylyk – maddylygyň hem howaýylygyň utgaşygydyr. Epitet, metafora, allegoriýa, simwol – bularyň barynyň düzüminde iki sany gatlak – maddylyk we howaýylyk gatlagy bar. Şeýlelikde, ruhy aňlatmalaryň emele gelşini anyk mysalda şeýle göz öňüne getirmek mümkin:
ot – gyzgynlyk – mähir – ýaşaýyş – haýyr (gowulyk);
buz – sowuklyk – ýigrenc – ölüm – şer (erbetlik).
Iň uly ruhy-filosofiki umumylaşdyrmalar: ölüm hem ýaşaýys.
Ölüm – tersin manyly, ýaşaýys bolsa oňyn manyly düşünjeler. Iň uly oňyn manyly ruhy-ahlak düşünje – haýyr, iň uly tersin manyly ruhy-ahlak düşünje – şer, erbetlik. Ruhy-filosofiki hem ahlak-filosofiki düşünjeleriň özara utgaşmagyndan bolsa ölüm-şer, ýaşaýyş-haýyr diýen pelsepeler gelip çykýar. Şeýlelikde, ölýän zatlaryň bary – peslikdir, ölmeýän, baky zatlar bolsa belentlikdir. Ruh ölmeýär. Emma ruh özbaşdak, maddy göwresiz hem ýaşap bilmeýär. Madda ruhy bendilige salýan ýaly bolup görünýär. Şonuň üçin hem adamzat hemişe maddadan, dünýäden azat bolmaga ymtylypdyr.
Pesligiň maddy suraty – ýer.
Belentligiň maddy suraty – asman.
Ýer – panylygyň mekany, asman – bakylygyň, ruhuň mekany hökmünde aňlanylýar. Sebäbi ähli ölen närseler ýere sinýär, jesedi hem ýere duwlaýarlar. Ölmeýän ruh asmandan başga nirä gitsin?! Degişlilikde-de asmanda jennetler, ýerde, ýeriň astynda, aňyrsynda bolsa dowzahlar ýerleşýär. Dürli halklaryň mifologiyasynda perişdeleriň – sap ruhy jandarlaryň ganatly şekillendirilmegi häsiýetli zatdyr. Ata-babalarymyz Hudaýyň emini Jebraýyl perişdäni ruhul-kuds – mukaddes ruh, ruhul-emin-emin-ruh diýip atlandyrypdyrlar. Jebraýyl perişdäniň äpet guş şekilinde göz öňüne getirilmegi-de asman düşünjesi bilen baglanyşyklydyr. Diňe guşlar asmana, belentlige galyp bilýärler. Diňe ruh belentlige galyp bilýär. Adamyň hyýaly birnäçe pursadyň içinde älem giňisliklerine aýlanyp bilýär.
Iň ýyndam zat – hyýal, jan, ruh. Adamzada ruhuň berilmegi oňa maddy dünýä ýetdirmeýän üýtgeşik erkiň, güýç-kuwwatyň berilmegidir. Ruh arkaly maddy dünýäniň kämilleşmek mümkinçiligi döreýär. Ruhsuz dünýäniň ýaşaýşy özakymlaýyn, kör ýaşaýyşdyr. Ruhdan mahrum dünýäniň düybünde nebis ýatýar. Nebis bolsa özüniň mazmuny boýunça mehanizmi ýada salýar. Nebis maksatlylyk, maksadalaýyklyk diýen zady bilmeýär. Nebisdäki ýaşaýyş – serişdelik ýaşaýyşdyr. Hemme zatlar biri-biriniň serişdesi, nebisdäki ýaşaýyş erki – bary-ýogy birek-biregi ýok etmek erkidir. Birinji ikinjini öz ýaşaýyş serişdesine öwürýär, ikinji üçünjini iýýär. Üçünji dördünjini... Şeýdip, bu nägehan soňy ýok, biakyl tükeniksizlige öwrülýär.
Ruh bu biakyl tükeniksizligiň garşysyna aýaga galýar. Ruh ýaşaýyşda matlaplylygy işleýär. Matlaplylykdan dürli ajaýyp ruhy gymmatlyklar – söýgi, many hem gözellik gelip çykýar.
Ruh – adam göwnüniň ölüme garşy beýik pitnesidir. Ruh paýhasalaýyk hem maksadalaýyk ýaşaýşy amal etmäge ymtylýar.
Ruh – dünýäniň garankylygyndaky şamçyragdyr. Şamçyragyň manysy tümlükdäki şugla diýmekdir.
Tebigat tümlük bolsa, ruh – çyragdyr.
Çyrag ýagtylygy, aýdynlygy, düşnükliligi, geçilmeli ýoluň belliligini aýan edýär. Öndäki päsgelçilikler, böwetler hem howplar aýan bolýar.
Ten kapasa bolsa, ruh – guşdur.
Guşuň kapasada galasy gelenok. Ol asmanyň belentligine telwas edýär.
Emma biz şu wagta çenli ruhy gymmatlyklaryň döremeginiň we kemala, forma gelmeginiň diňe maddy-tebigy esaslary hakynda gürrüň etdik. Adamyň jemgyýetçilik yasayjysydygy sebapli, ruhy gymmatlyklaryn jemgyýetçilik esaslary-da bolyar. Jemgyýetçilik ýaşaýşynda ruhy düşünjeler ahlaky röwüşde işlenilýär. Ruhuň äsgerilmeýän jemgyýeti tebigatyň kör kanunlary boýunça ýaşaýar. Bu ýerde hem bir-biregi iýmek düzgüni dowam edýär. Adamlaryň bir bölegi özgeleriň erkini, hukugyny öz eýeçiliginde görýär, öz baýlygyny, mal-mülküni artdyrmak üçin özgäniň «menini» serişde hökmünde ulanmaga çalyşýar. Garaz, nebis bu ýerde-de öz hökmürowanlygyny bildirýär.
Şeýle düzgüniň soňuna çykmak üçin ruh özboluşly ahlak ýörelgelerini, ruhy nusgalary öňe sürýär. Ata-babalarymyz «kämil adam» diýen ruhy gymmatlygy döredipdirler. Kamillik hem ruhy, hem ahlak idealydyr. Ruhy gymmatlyk hökmünde kämillik adamyň «meniňde» ruhy mazmunyň esasy orna geçmegini, adamyň ruhy jandara öwrülmegini göz öňünde tutýar. Ahlaky düşünje bolan «kämillik» adamyň şeriň çeşmesi bolan nebsini öldürmegini, haýyr işler üçin ýaşamagyny aňladýar. Haýyr bolsa bir özüň däl, özgeler üçin hem amatly jemgyýetçilik şertlerini döretmekdir.
Jan gözi, jan gulagy baradaky pikirleri öňe süren ata-babalarymyz ruhy göwre pelsepesini döredipdirler.
Ruhy göwre – könelerimiziň mifologiki häsiýetli düşünjelerine esaslanýar. Çünki kämillik ahlaky düşünje bolanda, iman-ynanç bilen baglanyşýar. Hudaýa ynanan adamda, ruhuň düzgünlerini berjaý eden adamyň içki barlygynda onuň daşky «menine» – göwresine çalymdaş ruhy «men» kemala gelýär. Bary-ýogy ruhuň gabygy bolup duran ten ölüp, jesede öwrülenden soň, ruhy «men» – ruhy göwre öz gazanan ölmez-ýitmezligi mynasybetli, baky ýaşaýyş hukugyna eýe bolýar. Şol ruhy göwräni köne şahyrlarymyz «ýoldaş», «iman» diýen aňlatmalaryň üsti bilen göz öňüne getirýärler. Gabyr ýoldaşy – janyň howandary.
Munda haýyr gazan – ýanyňa ýoldaş,
Ýogsa gabra ýeke-ýeke gider sen.
Köne şahyrlaryň şaýatlyk etmegine görä, olaryň ynanjyna görä, ruhy göwre sap nurdan ybarat şahsyýet bolmaly. Häzirki alymlaryň «antidünýä» diýip at berýän barlygynda esasy ýaşaýys formasy – nurlulykdyr. Adamzadyň ruhy ösuşinde işläp düzen ruhy hem ahlak gymmatlyklaryny goldanyp ýaşan adam şeýle barlyga ýetip bilýär. Ol psihiki, ruhy hem ahlak kämilligine ýeten ynsan. Jan tenden aýrylandan soň, onuň şahsyýeti ruhy göwre edinýär. Ruhy göwre bolsa antidünýäde ýaşamaga ukyply närsedir. Tebigatda ýaşamak üçin, diri bolmak üçin bedenin, organizmiň ukyplylygy gerek. Edil şonuň ýaly ruhy göwre hem özge dünýäde ýaşamaga ukyply zatdyr.
Magtymguly atamyz ýogalanda, nurdan ýaşalan deýin bir tez bedew peýda bolupdyr. Onuň nireden peýda bolandygyna hiç kimiň akyly çatmandyr. Ol edil arşdan inen dek peýda bolupdyr. Magtymgulynyň ýatan jaýynyň daşyndan tebil tapyp, üç-dört gezek aýlanypdyr-da, birdenem sumat bolupdyr. Soň onuň Magtymgulynyň ruhy göwresidigini aňypdyrlar.
Men bu gürrüňe şol wagt o diýen ynanyp bilmändim. Ýöne sona meňzeş bir ahwalaty özüm hakyt başdan geçirdim. Türkmeniň zehinli ýazyjysy Akmyrat Şir ýogalansoň, ony keselhanadan ýeňil maşynda öýüne alyp gaýtdyk. Garanky maşynyň içinde dymyşyp barýas. Birdenem Akmyradyň ýatan ýerinden gumrudan kiçiräk guş göterildi, ol kiçi kabinaň içinde daş çykjak bolup pelesaň urdy. Akmyradyň daýysy Nyýazmyrat Halow synymdan çekdi: «Ony saklama, goý, gitsin!»
Maşynyň aýnasyny açdyk. Näbelli guş – Akmyradyň ruhy göwresi uçdy gitdi.
Geçmiş akyldarlary ten göwresiniň ruhy göwrä öwrülişiniň kanunlaryny we bu geçisiň «mehanizmini» oňat göz öňüne getiripdirler. Ten göwresiniň ruhy göwrä geçişi meselesinde IX asyrda ýaşan, asly türkmen hasaplanýan Baýezid Bistamynyň we Bagdatda ýaşan Jüneýidiň taglymatlarynyň ähmiýeti uly bolupdyr.
Baýezid «fana» diýen taglymaty öňe sürüpdir. Ol düşünje türkmeniň gepleşik dilinde «pany» görnüşinde aýdylýar. Pany ýa-da fana «ýok bolmak, ýitmek» diýen manylary berýär. Adam kämillige ýetmek üçin özüniň käbir barlygyndan el çekmeli. Hususanam, ol özüni maddy dünýä bilen baglanyşdyrýan närselerden arany açmaly. Adamyň maddylyk baglanyşygyndan emele gelýän «meni» – ten göwresi ýok edilmelidir. Şeýle ýok ediliş onuň içki-ruhy-psihologik serişdelerini tijemeginiň hasabyna bolup geçmeli. Şonda adam nebisden, höwesden, haram isleglerden döreýän «meninden» el çekýär, ony ýokluga – pana berýär. Magtymgulynyň:
Ýokluga ýandyryp, menlikden sagyn
– diýen setiri Baýezidiň şol taglymatynyň gysgaça beýanydyr.
Adam şahsyýetiniň bitewüliginiň nukdaýnazaryndan Bistamynyň bu pelsepesi kämillige barýan ýoluň diňe ýaryşy bolupdyr. Galan ýaryny Jüneýit özüniň «baka» taglymaty bilen işläp düzüpdir. Ten barlygyny, ten mazmunyny ýokluga berenden soň, adam ýene-de aňly-düşünjelilik bilen özüniň ruhy göwresini kemala getirip başlamaly. Jüneýidiň «bakasy»-da şol ruhy göwredir. Dünýäden saplanan şahsyýetde täze «men» kemala geldi. Ol özüniň hamyrmaýalyk aýratynlyklary boýunca ruhy şahsyýetdir. Onuň barlygy ruhuň hem ahlagyň kanunlary boýunca dowam edýär. Bu kämil adamy ynsany peseldýän hiç bir närse öz duzagyna düşürip bilenok. Sebäp onuň köýünde artykmaç mal, pul gazanmak, ahlaky haramlyklar bilen meşgullanmak islegi ýok. Ol materiýadan doly saýlanypdyr. Kämil adamyň maddy hajatlary saglygyny saklamak üçin zerur iýmitler, sowukda üşemezlik üçin zerur sadaja eşikler, ýagyşda-garda, yssyda horlanmazlyk üçin zerur külbe bilen çäklenýär. Oňa süyji nazy-nygmat gerek däl, çünki ol süýjüligi, tagamy madda-da däl-de, ruhda görýär.
Oňa owadan, bezemen egin-eşik derkar däl, çünki owadanlygy ol maddada däl-de, ruhda görýär.
Oňa kaşan jay hem gerek däl, çünki maddanyň kaşanlygy bir günlük, ol bolsa bakylyga hyrydar.
Oňa pul hem gerek däl, çünki onuň keýpi pulda däl, Allatagalanyň wysalynda.
Oňa mal-u-mülk hem zerur däl, çünki mal-mülküň ýüregiňe berýän ynamlylygy, arkaýynlygy olary islendik pursatda ýitirmek, ondan el ýuwmak gorkusy bilen bile berilýär.
Aňyrsyna düşünen kämil adam üçin bu gymmatlyklaryň asly şeýledir. Diňe sen baýlygy edineňok, baýlyk hem seni edinýär. Baýlygyň berýän erkinligi soňy bilen alaçsyz, çäresiz gulçulyga, baýlygyň berýän artykmaç hukuklylygy sony bilen astyndan çykyp bolmaýan borja öwrülýär. Hawa, hawa.
Oňa aýal-da derkar däl, çünki aýala erk etmekden döreýän keýpiň deregine sen öz erkiňi-de oňa berýänsiň.
Oňa hatda jan hem şeýle bir zerur däldir, çünki ol amanatdyr, çünki jan onuň öz döredijiliginiň miwesi däldir.
Oňa hatda nesil-de gerekmezdir, Çünki görersiň, wagt geler, seniň özüňiň nesle zerurlygyň duzun duza zerurlygyna den bolar.
Oduna gidýän adam ýany bilen odun almaz.
Islendik adamda «men» bolýar. Ýöne köneleriň dili bilen aýdanyňda, bikemal adamyň öz «meni» bolýar, kämil adamyň öz «meni» bolýar. Häzirki dilde aýdanynda, ten göwresi bar, ruhy göwre bar. Ten göwresi galp «mendir» – ol ten baýlyklaryndan bina bolandyr. Ruhy göwre – ruhy gymmatlyklardan bina bolan «mendir».
Ruhy kämil adam, ýokarky pikir ýöretmelerden görnüşi yaly, zada mätäç däl adamdyr. «Zada matac däl» diýmek bolsa, elbetde, baý diýmekdir. «Ruhy taýdan baý» diýmekdir.
Göwnüme bolmasa, «ruhy baý adam» jümlesine köpler doly düşünenoklar. Baýlar nadan, barypýatan samsyk bolýarlar diýlip ýetmis ýyllap tekrarlanmagy, elbetde, henizem biziň aňymyzdan doly aýrylyp gidip baranok. Baýlara yigrenc bizde henizem bellibir derejede saklanyp otyr. Ruhy baýlyk bilen terkidünýälik birdir diýip dusunmeli däl. Meseläni inçeden yzarlamaly. Adam zada, maddy baýlyga eýecilik edip biler, etmelidir hem, emma şol bir wagtda-da onuň «meni» şol baýlyga ruhy taýdan mätäç däl bolmalydyr, oňa garasly bolmaly däldir. Ruhy baý kişi jübüsinde bir manady bolsa, million manady bar ýaly özüni alyp barar, jübüsinde million manady bar bolsa, bir manady bar ýaly özüni alyp barar. Diýmek, ruhy baýlyk prinsip hökmünde, maddy baýlyklary adamyň «menini» ýykar ýaly däl-de, şol «meni» kämilleşdirer, oňa hyzmat eder, beýgelder ýaly edip tertipleşdirmekdir, ýerbe-ýerlesdirmekdir we ele getirmekdir. Ruhy baýlyga «maddy baýlykdan kes-kellam ýüz döndermek» diýip, bir taraplayýn düşünmeli däl. Adam biologiki jandar bolansoň, ol maddylykdan doly ýüz öwrüp bilmez. Ruhy gymmatlyk adamyň maddy närselere ruhy gatnaşygynyň prinsipidir we derejesidir, närselere ruhy many çaýmakdyr.
Ine, biziň klassyky ruhy düşünjelerimiziň biri kanagatlylyk.
Kanagatlylyk – dünýä ruhy-ahlak gatnaşygyň belli bir nokadydyr, ol nokat serhetdir, bu serhetden geçdigiň «menini» ýitirmek howpy döreýär. Başgaca aýdanyňda, kanagatlylyk ruhuň ölçegidir. Her bir özgerişiň, ösüsiň belli bir nokada baranda, hil taýdan başga närsä öwrülişi ýaly, kanagatlylygy ýitiren adam hem öz zadynyň elindäki serişdä öwrülýär.
Beýik Mansur Hallajyň «men – han», «men – Hak» pelsepesini ruhuň nukdaýnazaryndan «men – ruh» diýen manyda teswirlemek mümkin.
«Men – ruh» diýmek bolsa, «men – baky» diýmegi aňladýar. Şeýle berk filosofiki esasy bolany üçin, Mansuryň pikiri ynanç taýdan güýçli çykypdyr. Ruhy rüstemligi üçin hem hatda diriligine dabanyndan soýlanda-da, ol «wah» diýmändir. Türkmen şahyrlary Mansuryň şahsyýetini esasan ylmy däl-de, ruhy gahrymançylygyň nusgasy hökmünde görkezipdirler. Ol gahrymançylygyň aňyrsynda bolsa ynanç – öz pikiriniň, öz gymmatlygynyň haklygyna bolan beýik ynanç ýatýar. Biziň milli ruhy gymmatlyklarymyzyň şahsyýet jähetinden seredeniňde nusgalyk ähmiýeti bar. Ruhy göwre adamkärçiligiň iň oňat nusgalaryny özünde jemleýär. Medeni geçmişimizde ruhy göwräniň biri-biri bilen baglanyşykly birnäçe tipleri aýdynlaşdyrylypdyr. Olardan käbirlerine garap geçeliň.
Zahyd. Zahyd – dünýä höwes bildirmeýän adam. Zahydyň ýüregi ruhy gymmatlyklarda. Dünýäden elini belli-külli üzen adam. «Dünýä» diýlende, bu düşünjä taryhy-ruhy nukdaýnazardan garaýandygymyzy ýörite belläp geçmeli, ýogsa okyjy bilen arada düşünişmezligiň ýüze çykaýmagy ahmal.
Orta asyrlaryň türkmen ruhunyň gülläp ösüşi başdan geçiren döwrüniň «dünýä» düşünjesi biziň häzirki aňymyzdaky «dünýä» düşünjesi bilen şol bir zat däldir. Dünýä ata-babalarymyzyň düşünjesinde adama garşy bir närse hökmünde aňlanylypdyr. Adamyň ruhuny, ahlagyny weýran edýän ol dünýäden gaça durmak, oňa owadanlygyna hem titiligine bakmazdan, höwes bildirmezlik atalarymyzyň ruhy-ahlak prinsipi bolupdyr.
Azady – dünýäden azat bolan.
Pyragy – dünýäden çekilen.
Şeýle lakamlaryň sanawyny ýene uzaltsa boljak.
Ahlak doly hem kämil işlenilip düzülende, diňe nämeden el çekmelidigi däl, eýsem nämä ymtylmalydygy-da aýdyn görkezilýär. Dünýäden çekilen zahyd ömrüni ybadata bagyş edýär. Ybadat – takwalyk, ruhy gymmatlyklar bilen, ruhy hajatlar bilen ýaşamak.
Agyr döwletlere köňül goýmady,
Bu jahanyn eşretini söýmedi,
Eski şaldan artyk puses geymedi...
Az iýgil, az ýatgyl, sözüň az etgil...
Diyrdi: dünýä durmaz, ömre baky yok,
Gündiz – roza, gije bolsa uky yok...
Pakyr. Pakyrlyk – mätäçlikdir. Emma bu maddy baýlyga mätäçlik däl-de, orta asyrlaryň dilinde, Hudaýa, häzirki, täze döwrüň dilinde bolsa baky ruhy gymmatlyklara mätäçlikdir.
Orta asyrlar adam «meniniň» ruhy hajatlarynyn iň ýiti duýlan döwrüdir. Bu ruhana döwürde adam ruhy ähli zatdan ýokarda goýupdyr. Orta asyrlaryň Hudaý düşünjesi Beýik Ruhy Şahsyýeti aňladýar. Şol Şahsyýet bilen deňeşdireniňde, adam özüniň pesligine, bikemaldygyna oňat düşünipdir. Şonuň üçinem ol özüne «pakyr» diýen ady alypdyr.
Pakyr diýmek – bagly, garaşly diýmekdir.
Adam pakyr, çünki onuň haçan doguljakdygy özüne bagly däl.
Adam pakyr, çünki onuň haçan oljekdigi özüne bagly däl.
Adam pakyr, çünki onuň ykbaly-da, rysgaly-da, bagty-da gaýypdyr.
Pakyrlyk soňy – kanagatlylyk. Kanagatly adam durmuşyň her hili oýunlaryna ýaňsy bilen bakýar, durmuşyň şatylaryna çydamak onuň üçin gahrymançylyk däl, durmuşyň gülüm-gülümi onuň başyny aýlap bilmez. Şeýdip pakyr – özüne ejiz diýip at beren bu kişi durmuşdan ruhy boýunça has ýokary galýar. Onuň ejizligi güýje, pakyrlygy baýlyga, mätäçligi gurplulyga, garaşlylygy özerklilige öwrülýär. Adam «meni» özüni ykrar etmekden ötri, özüni ahlak-ruhy güzaplara salýar, adam «meni» dünýäniň «meniňden» ýokary galmak üçin goşunyň täze hüjümden ötri yza çekilişi ýaly, dünýäden çekilýär.
Garyp. Garyp – «aýra düşen» diýmegi aňladýar. Bu aňlatma Adam atadan gaýdýar. Garyplyk Adam atanyň ýaradylyşynda we ömür ykbalynda ýüze çykypdyr. Köne dini rowaýatlara görä, Hudaý Adamy toprakdan ýaradyp, oňa deminden jan beripdir. Adamyň mazmunynda ikileýinlik emele gelipdir. Eger adamyň bedeni toprakdan bolsa, jany Allatagaladandyr. Allatagalanyň demi ruhy, jany aňladyar. Demi gelip-gidip durka, adam diridir. Diýmek, dem – janlylykdyr hem ruhdur.
Emma toprak şu dünýäniň maddasy, ruh bolsa baky dünýäniň elementi. Orta asyr aňy adamyň asyl mazmuny, hamyrmaýasy diýip diňe ruhy hasaba alýar. Diýmek, eger adam ruh bolsa, ruhuň hem mekany, asly özge dünýäler bolsa, onda adam ýurdundan jyda düşendir, ýagny garypdyr. Bu – garyplygyn Adam atanyň ýaradylyşy bilen baglanyşygy.
Garyplyk onuň Jennetden kowulmagy bilen ikinji gezek amala aşyar. Adam ýene bu dünýäde garyp, keseki, ýat.
Dünýa, toprak, materiýa bilen asly başga bolandygy sebäpli, özüni garyp saýýan adamzat dünýä bilen belli bir aralygy saklapdyr. «Garyplyk» pelsepesi adama bakylyga ymtylmaga esas berýar, ruhy ewolýusiýa badalga bolup durýar. Adamyň erkiniň daşyndan amala aşyrylan tebigy ewolýusiýadan tapawutlylykda, ruhy ewolýusiýa adama doly bagly bolupdyr. Şonuň üçinem tebigy ewolýusiýanyň hereketlendirijileriniň ornuna indi adamyň aňy, erki, akyly bilen baglanyşykly ruhy gymmatlyklar gelipdir. Bu iki ösüşiň hereketiniň usuly başgaçadyr – öň adamy arkasyndan iteklap, öňe äkiden bolsalar, indi adamyň öňünden çekip alyp barýardylar: adam ruhy nusgalary döredýär, ol nusgalar görnüşinde ony öňe äkidýän jylawyň ornuny tutýar. Emma adamyň tebigaty kyn, öňe gidenden yza gaýdan, ýokary galandan aşak düşen aňsat hem ýeňil, ýakymly ýaly. Şonuň üçinem adamzat ruhy nusgalyklary yza gaýdyş şekilde göz öňüne getirýär: adam öz ruhy aslyna, jennete, ruhlar dünýäsine dolanýar.
Zahyd hem, garyp hem, pakyr hem ruhanalyk nusgalar. Orta asyryň kämil adam pelsepesi şeýle şahsyýet ideallaryna daýanýar. Bular ata-babalarymyzyň döreden örän çuňňur hem çylşyrymly, köptaraply we düýpli ruhy baýlyklarydyr. Bularyň hemmesi-de bir zadyň – bakylygyň yşgynda. Adam şol yşgy bilen güýçli, şol yşgy bilen baý, şol yşgy bilen bagtly, şol yşgy bilen baky.
Yşk – ruhy göwräni edinmegiň ýoly. Ruhy göwre adamy özge bir giňişlige alyp çykýar.
Ruhy göwre – bakydyr.
Osman ÖDE.
Filosofiýa