20:35 Şammy öldi, öküz çökdi | |
ŞAMMY ÖLDI, ÖKÜZ ÇÖKDI
Hekaýalar
Oglanrak wagtlarym bu sözi kän eşiden bolsamam, onuň düýp maňzynyň nämediginini seljererden gögele ekenim. Ýogsam bolmanda, 10-15 ýyl mundan ozal gyzylly hum ýaly ähli geçmiş baýlygymyzy, bu gün pula satyn alyp bilmeýän taryhy wakalarymyzy içine salyp, agzyny bogan garrylarymyz seýregem bolsa “köňül sandygynyň” agzyny açardylar. Şoňa penje-çaňňal urup galan bolsak belki, häzirkimiz ýaly, töweregimize ýaltaklamasagam bolardy. Bu gün göreniňi ertä goýmaýan dünýä sepgit-sepgit, möwrit-möwrit geçip dur. Her näme-de bolsa, “Bermezek taňrydan irmezek awçy alar” edip, oba-kent söküberseň şu wagt hem ýekde-tükde taryha belet gojalaryň tapylýanyna şükürimiz bar. Aşaky wakany hem maňa Was kanalynyndan aşan ýeriňde Köneürgenç raýonynyň Maksim Gorkiý adyndaky sowhozynda ýaşaýan, Hywa hanynyň döwründe aýman batyr ady bilen tanalan adamyň ady dakylan Aýman aga gürrüň berdi. Diýseň gürrüňçi, juda okumyş bir ýaşuly turuwbaşdan şeýle diýdi: - Jüneýit hany garadonly etme kemini goýmadylar. Ýöne hergiz Horezminiň oýunda-da, Ahal eteginde-de, Şagadam etrabynda-da "O hana “pylan-pismidan” diýjege çenim-çen bolsa sataşylmaz. Dogry, o-da adam, iki aýakly ynsanyň synynda namaz okabermelisi bardyr diýjek däl. Kakam pahyr aýdyp bererdi: “Bir gezek uşak obalaryň (uşak-ýomut tireleriniň biri - G.O.) birinden Jüneýidiň ýanyna bir pukara gelipdir: - Han hezretleri, obanyň baýyndan hunaba ýuwdup, zorluk görüp, siziň dergähiňize gelmeli boldum. Alty ýyl gumda “kişşikläp” dowaryny bakdym. Keýwanymyňam şolaryň gapysynda eli kesik, saçy keçe boldy. Indem “dogmamyz ýetişdi, şony öýli-işilki etmek parz, gapy açmak üçinem mal-teňňe gerek” diýsem, meniň gepime pitiwa etmän, ýeňsesi bilen gürleşýär. Başga barara gapy, söýenere hossar tapman, siziňkä gelşim şü. - Näme üçin öňräk gelmediň? - Hudaýlygymy sözlesem, "O baý siziň bilen gatnaşykly bolansoň, gelmäge çekindim, habarym alynmaz öýtdüm. - Özünden ejizi ynjydýan bolsa, ta-ap şu iki gözümiň birem bolsa, menden "Oňa eglişik, sylag bolmaz. Göwnüme bolmasa şol baýyň ýetişen gyzam bar öýdýän? Gürrüňiň öwrümine düşünmedik adam çopan sadalygy bilen baş atypdyr: - Dürs han aga bolmaly. - Onda şeýdýäs, alty ýyllyk hakyň üçin baý gyzyny seniň ogluňa berer. Ikiňiziň süňňüňizem bir, adybir uşak. Häzir men seniň üçin birküç adamy sawçylyga ibärin. Aýalyň hyzmatynam öýüňe ýetip-ýetnänkäň üzlüşer ýaly ederin. Bu gürrüňe agzy uçuklan pukara zordan gepini düşündiripdir: - O, näme, han hezretleri, eşegem öz deňini gaşaýandyr. Baý gyzyny biz ýalaka bermezem, nesibe çekip, nika buýrup alaýsagam, bizi ýaşatmaz ol. Han gürrüňi çagalatmandyr. Özüni bedew saýýanlar nebsine ejizlik etse, garyby aglatsa, şol gün eşeklige düşýändir. Bar-da toý gamyň bilen boluber, saňa, täze guruljak ojaga gyýa göz bilen garamaga milt etse, "O baýa ärmämmet diýerin men. Ine şeýleräk bolupdyr Jüneýit han diýen kişi. Indi Şammy kel hakda. Ýomutlaryň iň iri tiresi bolan öküzleriň bu hany diýseň garadan gaýtmaz, gözsüz batyr diýilýänlerden bolupdyr. Tagta raýonynyň gadymy Diregli, häzirki Lenin adyndaky kolhozynyň çäginde ýerleşen Şammy keliň galasynyň ýegsan edilip, topraga garylanyna 30 ýyl bolan bolmaly. Ine şol galanyň hüňkary Yzmykşirden Garaporsana ýetip, tä Ýylanlynyň bärsine çenli, ondanam guşluk gündogar - Polosoltan, Ysmamyt ata töwereklerinden kä Kellelibaba çenli aralygyň hany saýylýar. Has dogrusy, ol özüni külli öküzüň ýeke-täk serdary hasaplaýar. Iki goçuň kellesi owal-ahyrda bir gazanda gaýnarmy diý? - Özi on sekiz öýli öküz bolup, temegini ýere bererçe kim bolupdyr olar? Amana getirip gaýdyň. Jüneýit hanyň permanyny at guýrugyna dakan küren atly daýyrdaşyp gaýdyberýär, Diregliniň diňine çenli ýüzüni tutup. Gelibem çala çala darap görjek bolsalar, çeniň däl diýýär. Köne gazan döwüklerinden, kelleden ulurak daşlardan “ok” ýasap, topuň niline mündüren Şammynyň nökerleri asyl galanyň golaýyna eltmän, döwledip atyp duran. Rejäniň geň däldigini duýan atlylar yza öwrülip, Jüneýit hana ýagdaýy habar berýärler. Tapbilýän köpügören Jüneýit “Gaýdan bolsaňyz oňarypsyňyzdan” başga söz aýtmandyr. Şo günüň agşamy Şammy kel başga hiliräk “oýun” görkezmegi ýüregine düwýär.‘ Inisi Igdir pyşşyk ýolbaşçylaýyn ýedi ýigidi ýola atarýar. - Barşyňyza Polosoltana degip, Esenjigiň öýünde agşamlyk edinersiňiz. Soň ýarygijeler çaky ugraberiň. Şonda daňyň öň ýany han baýtalyň (ol Jüneýidi şeýle atlandyrýar eken - G.O.) galasyna bararsyňyz. Baryň işiňizi Alla asan etsin. Hawa, ýaňky pälini garaňky gijä duwlan ýedi atly Esenjigiň öýünde keramara agşam şamyny iýýär. Daňyň ujy çyzylanda, bir tilsim bilen Jüneýit hanyň galasyna giren atlylaryň baştutany ýaňy örüp daş çykan aýaldan pyşyrdy gatyşygy bilen “Han haýsy öýde ýatyr” diýip soraýar. Daňyň öň ýanyndaky pyşyrdydan, deri gaýtmadyk atlaryň üstünde telpegini çümre geýip, syçrap oturan ýigitleriň öwzaýyndan oňlulygy syzmadyk aýal hataryň iň çetindäki öýi görkezipdir-de, urduryp ýene yzyna giripdir. Ätiýaçly zenan çagyrylmadyk daň myhmanlaryna nökerleriň ýatan öýüni salgy beren eken. “Hanyň janyny jähenneme ibermeli diýen juda zabun hem berk tabşyrygy alan atlylar şeýdip, aldaw bilen aňňalak gapýarlar.” Göz açyp-ýumasy salymda bolup geçen çaknyşykda Igdir pyşşygy gurban berip, onuň jesedini ata kese basan atlylar, gelşi ýaly tüweleýläp, Bedirkendiň galasyndan çykyp gidýärler. Bolan wakany sowukganlylyk bilen ölçerip-döken, mizan terezisinde saldarlan Jüneýit han alty sany işany çagyrdyp, şeýle diýipdir: - Şammynyň özi bilen deň bolsam-a menem tyg çekip, onuň üstüne barmaly. Ýöne gardaş-gardaşy, tire-tiräni çapyp ýörmände-de, ýagy ýeterlik. Ynha, bir gapdalda türkmeniň kellesine gözüni dikip, kapyr dişini çarhlap otyr, beýleki tarapynda ahmal bolsaň içiňi owunjak sanjydan doldurjak bolup, Hywa hany gözüni çerreldip, oňaý aňtap ýör. Şoň üçinem Şammy bilen alagöz bolup oturmagy özüm-ä, iliň boýnuna düşen melamat hasaplajak. Siz bir iliň öňüne düşüp ýören dili dogaly, agzy senaly ulama-işan kişiler. Makul diýseňiz töwella baryň. “Arabanyň arşyny heriňiz bir ýana çekmäň. Öldireýin diýip baranam bolsa, Igdiriň etmişi üçin Jüneýit göwnünde kine saklanok, gaýtam, kysmatyň ýamana düşenine gynanyp otyr. Bir-birege hyň urup ýörmän, iki güýji bir ýumryga jemläli” diýip otyr diýip aýdyp görüň. Hanaw işanyň ýolbaşçylygynda gelip atdan aganlary Şammy kel sowuk ýüz bilen garşylapdyr. - Şammy, inimiz hökmünde bize gulak sal. Magtymguly akydar aýdyp gidipdir: - Agzy ala bolan iliň - Döwleti gaçan ýalydyr - diýip. Ozalam bu milletiň agzy nanly, egni bütin däl. Seniňem han adyň bar. Her bir akly keltä, biline gylyç daňyp, egnine bäşatar asana han diýläýenok. Han bolmak üçin pygamberiň nazary siňen bolmaly. Ili horlamaň-da, agzy birikdiriň Jüneýit bilen... Doňňara daşa dönen Şammy uzyn gijeläp özüne edilen töwella, berlen pend-u-nesihata pitiwa etmändir. Halkyň içinde “Tüf” diýende tüýküligi ýere gaçmaýan işanlaryň içine depilen ýaly bolupdyr. Säher namazyndan soň çaýam içmän, atlanan alty sany perişde ýaly derwezä ýetipdirler-de, birdenem hyrra yzlaryna öwrülip, nämedir bir zatlary dodagyndan bäri geçirmän pyşyrdapdyrlar-da ellerini tersine göterip, ýene jylawy dogrylap gidiberipdirler. Muny görüp duran ýüzbaşy gygyryp göýberiberipdir: - Haý, Şammy serdar, oňarmadyň-ow, ters pata göterilip, gargyşa galdyň sen-ä. Şondan alty aý geçip-geçmän, gylyç gemrip ýören Şammy kel tarpa garahassalyga uçraýar. Uzak ýatmanam dünýäsini täzeleýär. Gölegçi ugranda sakgalsaýyn ýaş göýberip duran bir ýaşuly gaty ses bilen: - Hem mert, hem perzentsiz geçen Şammy, sen öldüň, indi öküziň çökdügidir - diýipdir. Gurbannazar ORAZGULYÝEW. # “Nesil” gazeti, 10.03.1992 ý. | |
|
√ Togsan dört ýylyñ derdi / nowella - 27.08.2024 |
√ Gün dogup barýarka / hekaýa - 16.12.2024 |
√ Şahyr / hekaýa - 17.11.2024 |
√ Bars balasy / hekaýa - 09.12.2024 |
√ Ýuşka / hekaýa - 14.10.2024 |
√ Arap hekaýatlary - 15.10.2024 |
√ Jan / hekaýa - 08.03.2024 |
√ Möjekler / hekaýa - 26.04.2024 |
√ Ketenini ysgamadyk armanlar... / hekaýa - 27.11.2024 |
√ Çöldäki jaň sesleri / hekaýa - 06.03.2024 |
Teswirleriň ählisi: 1 | |
| |