00:40 Taryhlaryñ gysgaça beýany: 1-nji bap | |
MÄHRIBAN WE REHIMLI ALLANYÑ ADY BILEN
Taryhy makalalar
Bizi dogry ýola gönükdiriji, dogry ýola düşmegi ündeýji, pygamberleri we mursallary dogry ýoly görkezmek üçin iberen, alymlaryň dogry garaýşy bilen biziň ahyrýetimizi mäkämleşdiren, adalatly patyşalar we halypalar bilen düz ýoldaky bu milleti beýgelden Hudaýa şükürler bolsun! Ol ýaradanlaryň içindäki iň eziz bendesi bolan Muhammet Mustapany pygamber edip ýollady. Goý, oňa we onuň päkize nesil-neberesine, dost-ýarlaryna, eshablaryna ötüp duran aý-günleriň, gije-gündizleriň mukdaryça salamlar we salamatlyklar bolsun! Bu “Taryhlaryň gysgaça beýany” atly kitapdyr. Bu her bir zatdan many-ybrat alýan we her bir kişiniň soňuny gözleýän, seljerýän adamlar üçin taryhy kyssalardyr. Beýik we jomart Allatagaladan ýagşy umytlar bilen, men bu kitaby birnäçe baplara, bölümlere, kadalara we usullara böldüm. BIRINJI BAP Mursallaryň serweri, pygamberleriň iň soňkysy Muhammet ibn Abdylla ibn Abdylmutallyp, ibn Haşym, ibn Abdymanaf ibn Kazy, ibn Urwa, ibn Mura, ibn Kagp, ibn Galyp, ibn Meý, ibn Fehd, ibn Mälik, ibn Nudar, ibn Kinana, ibn Medreke, ibn Magd, ibn Adman, ibn Odin, ibn Semyg, ibn Hamal, ibn Kaýduz, ibn Ysmaýylyň ömür beýany Ol pygamberleriň soltany, resullaryň şerapatlysy, mertebelileriň müňlerçe ýagşy häsiýetlerini özünde jemlän ynsandyr. ● Beýt: Her bir kişi wasp eder ol şahy, Ylymdan ýaňa akyl guly boş galar. Şol kişiniň alajy Allatagala baglydyr. Allatagala pygambermize gylyç hem kitaby mubini – aýdyň Gurhany berendir. Muhammet aleýhyssalamyň Gurhandan başgada müňlerçe uly mugjyzalary bardyr. Mälim bolşy ýaly, Hezreti Muhammediň (Аlladan оňа salam bolsun!) hormatly aýallary dünýäde iň ýagşy zenanlardyr. Olar pygamberiň eshaplaryndan soň iň beýik we haýyrly adamlardyr. Zenan ymmatynyň iň ýagşysydyr. Ahyrzamanda hezreti Isa gökden inip, tä kyýamat gopýança meşhur bolup, pygambermiziň ymmatyndan bolan hezreti Mätiniň yzynda namaz kylsa gerekdir. Bir rowaýatda bellenilşine görä,, bütin älem jahan Muhammet pygamberiň (Аlladan оňа salamlar bolsun!) hormatyna ýaradylandyr. Ol owwaldan ahyra älemleriň serweridir. Onuň dünýä inen ýyly Mukaddes fil ýylynda bolandyr. On iki ýaşlarynda kakasynyň dogany Abu Talyp bilen Şama bardy. Ýigrimi ýaşlarynda “jyn “ taýpasy onuň dergähinde imana geldiler. Kyrk ýaşlarynda bolsa onuň egnine pygamberlik ýüki ýüklendi. Elli ýaşlarynda Magraj wakasy bolup geçdi. Elli üç ýaşlarynda Medinä tarap gitmek oňa Alla tarapyndan emr edildi. Yslam taryhy, ýagny hijriniň düýbi tutuldy. Sadyk sahabalar bilen bile din ugrunda ýigrimi ýedi gezek gazawat boldy. Şol gazawatlaryň biri Bedir söweşidir, beýlekileri Hendek, Benu Karyza, Elmostallek, Haýbar ýaly ýerleriň, Mekgäniň eýelenmegidir. Şol döwürde on müň leşger din ugrundaky söweşe taýyndylar. Başga-da Huneýn, Taýyf we Tabuk söweşleri hem şeýle söweşlerdir. Şu söweşlerde otuz müň leşger taýyn boldy. Käbir rowaýatlara görä,, şol gazawatda kyrk müň, kä rowaýatlara görä,, ýetmiş müň leşger gatnaşypdyr diýilýänem bolsa, bu söweşe onuň özi gatnaşyp bilmändir. Yslam sahabalaryndan birini serdar belläp, olary söweşe ýollapdyr. Otuz sekiz gaza bolupdyr diýseler hem käbir rowaýatlara görä,, has köpräk bolmaly. Pygambermiz hijriniň 10-njy senesinde “Haçelwuda” (hoşlaşyk hajy) parzyny ýerine ýetirendir. Bu gün siziň diniňizi kämil kyldym, nygmatymy nogsansyz doly we bol edip berdim, hem siz üçin Yslamy din edip saýladym1 süresi şonda inderildi. Bu aýatyň agyrdygyndan ähli bendeler takat getirip bilmän oturdylar. Hijriniň 11-nji ýylyň Sapar aýynda Pygamberimiziň saglyk ýagdaýy üýtgedi. Dört tirkeşikleriniň birinji aýynyň sekizinji güni, baş güni pygamberimiz dünýäden ötüp, jennete gowuşdy. Ol Medine Münewwerde hezreti Äşä enemiziň otagynda jaýlandy. Eý Alla, saýlap, seçip, pygamber edip, iberen Muhammediňe salamlar we rähmetiň bolsun. Eý Alla, Seniň jomartlygyň, keremiň bilen bizi kyýamat güni pygamberler, syddyklar, şehitler we her bir salyh adamlar bilen bile turuz. Pygamberimiz altmyş üç ýaşyndady. Ähli adamlar bir ýere jemlenip, namaz kyldylar. # Taryhlaryñ gysgaça beýany" ("Muhteser-at-tawaryh") | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |