00:50 Taryhlaryñ gysgaça beýany -2: Hoş gylykly halypalar hakynda | |
IKINJI BAP
Taryhy makalalar
HOŞ GYLYKLY HALYPALAR HAKYNDA Möminleriň emiri Abubekr Syddyk (Alla ondan razy bolsun!), hezreti Resul Ekrem, (Alladan oňa salam bolsun!) Merre ibn Kagab bir ýere ýygnandylar. Ol kureýiş tiresindendir. Merre ibn Kagab Pygamberimizden bäş ýa-da üç ýaş kiçidir. Menni atly obada doglandyr. Yslam dinini otuz ýedi ýa-da otuz sekiz ýaşynda kabul edipdir. Ömrüniň ýigrimi alty ýylyny yslama bagş edendir. Onuň şan-şöhratyna taý geljek ýokdyr. Hezreti Resul alaýhyssalamyň öňünde pitwa2 bermek ýaly beýik işleri hem ýerine ýetirendir. Yslama uýandan soň, hat-da ondan has jahylýe döwründe-de şerap içen däldir. Älemleriň Serweri perişdeler älemine meýil edenlerinden soň Sakyke ibn Sait Kureýiş barada hadysa rowaýat edipdir. Ähli adamlar birleşip, ony halypa saýlapdyrlar. Hezreti Abubekr bary ýogy 2 ýyl 4 aý halypalyk eden hem bolsa şu gysga döwürde kän söweşip, kän ýeňişleriň şaýady boldy. Hezreti Resul alaýhyssalamyň (Alladan oňa salam bolsun!) buýrugy bilen Usama ibn Zeýdi leşgerbaşy belläp, Kazaga taýpasynyň üstüne jeňe iberdi. Soňra Halyd ibn Welidi arap taýpalaryndan düzülen leşgere baş edip, Ýemam söweşine iberdiler. Ilki bilen Halyd, Talha bilen urşup, ony ýeňip, oljadyr, ýesir aldylar. Soňra Ýamamda Beni Hanyfanyň ýaşulysy bolan Museýleme (ýalan pygamber) bilen söweşip, kän ölüm-ýitimlere duçar edip, soň möminler bilen ýeňijilige ýetip, Museýlemäni öldürdiler. Soňra Hezreti Abubekr Halydy Yraga ýollap, ol ýerleri parahatlyk bilen basyp aldy. Ondan soň Abulala Hazarmini Bahreýniň üstüne iberdi. Ýöne musulmanlar deňizden geçer ýaly gämi tapmadylar. Soňra Abulala Hazarmi täret kylyp, iki rekat namaz kyldy we Ýa, Halym (Eý, Halym), Ýa, Alym (Eý, Alym), Ýa, Azym (Eý, Azym) diýip dileg etdi. Soňra esgerleriň ählisi derýadan geçip, Bahreýni eýelediler. Hezreti Abubekr hezreti Halyd ibn Welidi ýigrimi müňden geçýän goşun bilen Şamy eýelemäge ýollady. Şam ugrunda birnäçe gezek söweş edildi. Bu söweşleriň birnäçesinde musulmanlar ýeňiş gazandylar. Şol döwürde Hezreti Abubekr Hakyň rehmetine gowuşdy. Damask ýetmiş gün gabawyň netijesinde Hezreti Omar döwründe eýelendi. Şamyň galan şäherlerini hezreti Halyd ibn Welid eýeledi. Bir bölegini bolsa Hezreti Abu Ubeýde ibn Jerrah Salyh basyp aldy. Hezreti Abubekr (Alla ondan razy bolsun!) altmyş üç ýaşynda wepat boldy. Yslam halypalygy Hezreti Omara tabşyryldy we Abubekr Syddyk (Alla ondan razy bolsun!) pygambermiziň (Alladan oňa salam bolsun!) mazarynyň ýanynda jaýlandy. Möminleriň emiri Omar ibn Hattap (Alla ondan razy bolsun!) kureýiş tiresindendir. Hezreti Resulyň (Alladan oňa salam bolsun!) diýşine görä,, bu beýik şahs perişde sypat, adyl, parasatly adamdy. Halypalyk döwründe gowy işler alyp bardy. Takwalygynyň1, dindarlygyň başarjaňlygynyň çeni-çägi ýokdyr. Halypaat zamanynda Damask we şonuň ýaly başga-da birnäçe ýerler basylyp alyndy. Soňra Haýbardan kapyrlar çykarylyp, möminler ýerleşdirildi. Tutuş Yrak basylyp alyndy. Hijriniň 14-nji ýylynda Basra şäheri guruldy. Hamas, Hamad, Halap, Antakyýa, Sermin, Geraz, Meraş eýelendi. Soň Kisar we Teblis basylyp alyndy. Hezreti Omar mukaddes öýi hem basyp aldy. Soňra bolsa Saad ibn Abu Wakgasy (Alla ondan razy bolsun!) Eýran illerine jeňe ýollady. Rüstem bilen söweşlerde goşuny dargadyldy. Soňra bolsa Kesranyň täji we hazynasy Medinede paýlaşyldy. Başga-da Tekrit we Mosul eýelendi. Hijriniň 16-njy ýylynda Hezreti Omar haj parzyny berjaý etdi. Bir ýyldan soň Kufe basylyp alyndy. Saad ibn Abu Wakgas (Alla ondan razy bolsun!) Medinede wagty hezreti Omar metjidi-haramyň ýerini giňeltdi. Bir ýyldan soň möminler Ahwaz we Tuştary eýelediler. Soňra bolsa Kesranyň goşunynyň serkerdesi Hurmuzany ele saldylar, ol yslam dinini kabul etdi. Hijriniň 18-nji ýylynda Mekke Medinede agyr açlyk derdi peýda boldy. Hezreti Omar çar tarapa hat ýollady. Hezreti Abu Ubeýde ibn Jerrah Şamda dört müň düýe ýüki bugdaý bilen kömege geldi. Hijazda bugdaý arzan hem köp boldy. Hezreti Omar öz ýaranlary bilen Allatagalladan ýagyş dilemek üçin sähralara çykdylar. Hezreti Apbasa doga etdirdiler. Sähradan heniz Medinä gelip ýetmänkäler Alla öz rähmetini inderdi. Güýçli ýagyş ýagdy. Şondan bäri ýagmyr dilegi hem sünnetdir. Hijriniň 19-njy ýylynda Müsür we Aleksandriýa basylyp alyndy. Hijriniň 21-nji ýylynda bolsa eýranly serkerde Gizran 150 müň goşun bilen Hemedanda yslama garşy söweşip, aňrysy-bärisi görünmeýän esgerlerini gyrdyrdy. Gizran gaçyp daga çykdy. Özüni abraýdan gaçyrdy. Soňra Hemedan, Yspyhan, Azerbeýjan, Deraz, Jürjan, Gazwin, Zenjan, Tabarystan eýelendi. Günbatarda Barka, Trablus we Tuba bilelikde basylyp alyndy. Wazyf ibn Kaýys Horasana baryp, ýezdigerdleri kowup, Türküstana gaçyrdy. Hyraty, Merwi eýeläp, Balhda sägindi. Hijriniň 25-nji ýylynda Hezreti Omar Gurban aýynyň altysyna ertir namazyny okap duran pursatynda Mugyra ibn Şabeniň Lulu atly kapyr guly ony ynjydyp, iki ýüzli hanjar bilen alty ýerine urdy. Üç günden soň bu beýik ynsan Hakyň rehmetine gowuşdy. Pygambermiziň (Alladan oňa salam bolsun!) mazarynyň ýanynda jaýlandy. Halypalyk döwri 10 ýyl 6 aý 8 gündir. Has dürs ygtybarly altmyş üç ýaşynda wepat boldy. Halypalygyň emir el möminlik derejesi Hezreti Resul ekremiň iki gezek giýewsi hezreti Osman ibn Afwana ynanyldy. Ol zinnureýin (iki gezek nurlanan) lakamynyň eýesidir. Diýseň ýygra sahaba bolanlygy üçin Allanyň perişdeleri hem ondan haýa ederdiler. Gurhany Kerim onuň döwründe ýygnalypdyr. Hezreti Osman halyflyga bellenenden bir ýyl geçmänkä öňki halyf Hezreti Omaryň bellän adamlarynyň köprägini işden boşadyp, öz garyndaş kowmyndan olaryň ornuna işe belledi. Şonuň üçin pitne ýüze çykdy. Hijriniň 24-nji ýylynda Sijestan we Bekran basylyp alyndy. Hijriniň 26-njy ýylynda Nyşapur eýelenip, kän olja alyndy. Bu ýyl Günbatarda Afrikany eýelemek ugrunda uly söweş bolup, 200 müň sany kapyr esgeri gylyçdan geçirilip, oljadan bolsa her bir atla üç müň altyn gymmaty möçberinde paý ýetdi. Ol ýyl Istahr we Aryjan eýelendi. Şamyň emiri Mugawyýe hezret Osmandan rugsat alyp, Kipre goşun iberip, ýykyp ýumurdy. Herbir kişä 7 müň altyn bermekleri netijesinde parahatçylyk bagş etdiler. Yslam esgeri Andalus welaýatyna geçip, kapyrlary ýesir etdiler. Hijriniň 30-njy ýylynda Hezreti Osman sahabalaryň goldawyna daýanyp, hakydalaryndaky Gurhany ýazga geçirmek maksady bilen ähli şamlylar we Yragyň halky toplandy. Bu ýyl pygamberimizden galan ýüzük Hezreti Osmanyň (Alla ondan razy bolsan!) barmagyndan gaçyp, ýitdi. Hijriniň 31-nji ýylynda Sasanlylar döwletiniň soňky hökümdary Ýezdigerd III heläk boldy. Bu ýyl ähli horasanlynyň günäsi sebäpli, musulmanlar Horasany täzeden basyp aldylar. Şu ýyl Hezreti Osman (Alla ondan razy bolsun!) Hezreti Resulyň (Alladan oňa salam bolsun!) metjidini giňeltdi. Boýy 160 zera, giňligini 106 zera etdiler. Hijriniň 35-nji ýylynda Müsür we Yrakdan birnäçe ýaramaz adamlar gelip, Hezreti Osmanyň garyndaşlaryndan arz etdiler. Netijede ol ýerde nebsine we şeýtanyň pyglyna aldanyp, Hezret Osmany gabadylar. Müsürli bir betbagt Hezreti Osmany (Alla ondan razy bolsun!) şehit eden wagty ol Gurhan okaýardy. Edil olaryň ýamanlyklaryndan sizi Alla halas edýär. Ol eşidiji we bilijidir1 aýatyna ýeten pursatynda mübärek gany döküldi. Wakada ýolbaşçylyk edenleri Allatagalla heläk etdi. Hezreti Osman (Alla ondan razy bolsun!) doly 12 güni kem 12 ýyl halypalyk etdi. Ýetmiş bäş ýyl, käbir rowaýata görä bolsa has hem kän ýaşapdyr. Emir el mömünin Alynyň hökümdarlygy barada Ol Muhammet pygambermiziň kakasynyň doganynyň ogludy. Ol Käbede doguldy. Hiç haçan şerap içmändir, parasatly bolupdyr. “Men ylymyň şäheridirin” diýip belläpdir. Aly Hezreti Resul alaýhyssalamyň gyzy Patmanyň adamsy we Hezreti Hüseýin bilen Hezreti Hasanyň kakasydyr. Ol hakynda Resul alaýhyssalamyň “Musa üçin Harun nähili bolan bolsa, sen hem meniň üçin şeýlesiň, ýöne menden soň pygamberlik ýok” diýen sözleri bar diýlip rowaýat edilýär. Hezreti Osmanyň ölüminden soň bu beýik sahaba hijriniň 18-nji ýylynda halypalyk tagtynda oturyp, äleme höküm edipdir. Birnäçe wagtdan soň Hezreti Aly (Alla ondan razy bolsun!) Hezreti Osmanyň goýan adamlaryny wezipesinden boşatdy. Olaryň her haýsysy – biri Şamda, beýlekisi Müsürde, ýene biri Yrakda örän güýçli adamlardy. Olar Hezreti Osmany (Alla ondan razy bolsun!) Aly öldürdi diýip, Osmanyň hununy ondan talap etdiler. Şamda Hezreti Mugawyýe, Basrada Osman ibn Hanyf garşylyk görkezdiler. Her biri uly leşger jemläp, Hezreti Ala garşy durdylar. Pitnäni ýatyrmak maksady bilen Hezreti Aly (Alla ondan razy bolsun!) Medineden çykyp, Basra bardy. Hezreti Alynyň ýanyndaky esgerleriniň sany dört müňdi. Dört ýüzi pygamber alaýhyssalamyň ýaranlaryndan (ýagny behişti esgerler), sekiz ýüzi medineli musulmanlardy. Hasan, Hüseýin we Muhammet ibn Hanapyýa-da biledi. Sahabalardan Abdylla ibn Apbas, Ommar ibn Ýasyr, Muhammet ibn Abubekr bilediler. Basranyň bolsa otuz müň goşuny bardy. Söweşden öň hemişe bolşy ýaly, her tarapdan bir merdana esger orta çykyp, jedel bilen gaýduwsyz söweşip, başardyklaryndan öz egindeşleriniň ýüzüni ýere salmajak bolup, çyn ýürekden söweşýärdiler. Iki leşger arasynda uly söweş bolup, basralylar ýeňildiler. Köp adamlar öldürildi. Bu söweşde Hezret Zubeýir ibn Awwam, Talha ibn Ubeýdullah öldürildiler. Hezreti Aly (Alla ondan razy bolsun!) bu beýik sahabalaryň jynazasyny okady. Hijriniň 35-njy ýylynda Mugawyýe ähli şamlylar bilen, Hezreti Aly ähli yraklylar bilen Safaýyn diýen ýerde ýüz on gün bolup, togsan gezek aýgytly hüjümler edildi. Bir gezek juma gijesi Gün dogynça söweş dowam etdi. Ol gije Hezreti Aly dört ýüzden hem köp gezek tekbir1 getirdi. Ol adam öldürmese, tekbir aýtmaýardy. Söweş netijesinde, 45 müň şamly, 25 müň yrakly gyryldy. Beýik sahabalar Hezreti Alynyň tarapyndadylar. Emma Ommar ibn Ýasyr ýaly we Hazyma (iki gezek şehit bolan) Zulşahadateýin ýaly, Weýsil Karany ýaly adamlar şu söweşde şehit boldylar. Netijede, Amru ibn As şamlylar hem yraklylaryň barynyň gyrylyp barýandygyny gördi. Iki tarapyň hem aksakallary bir ýere üýşüp maslahat geçirdiler. Her haýsysy Allanyň kitabyna laýyklykda, oňa halypa diýdiler. Ahyry urşy ýatyrdylar. Yraklylar bu ýagdaýy görüp, örän men-menlik etdiler. Hezreti Aly “Bu hiledir, ynanmaň” diýlenine seretmedi. Soňra iki esger aýrylyp, Seledreç diýen ýere geldiler. Örän köp galmagal etdiler. Şamlylar halypasymyz Mugawyýe diýerdiler. Yraklylar, horasanlylar, ýemenliler, mekgeli we medineli musulmanlar barysy Hezreti Ala halypamyz diýýärdiler. Bu kyssadan soňra 8 müň yrakly goşun Hezreti Alynyň üstüne ýörediler. 8 müň goşunyň 4 müňi hezreti Ala tabyn boldy, 4 müňi hiç kime tabyn bolman ikisine-de garşy çykyp, özlerine Hawarç diýen at aldylar. Hawarçlar Nahrywan diýen ýerde ýygnandylar. Hezreti Aly olaryň ählisini gyrdy. Alynyň esgerlerinden 7 kişi öldi. Mugawyýeniň hökümdarlygyny ykrar edenler Allanyň ýolundakylara goşuldyk diýip düşünipdirler. Ýagdaýa görä,, başda olara razylyk berip, onuň häkimligini ykrar edenlere hezreti Aly “Razy bolmaň” diýipdi. Soňra olara hezreti Aly nesihat etdi, emma olar diňlemediler. Emir el möminin Alynyň hawarçlaryň elinden öldürülişi Hawarçlardan 3 kişi diri galdy. Şol 3 kişiniň biri Abdyrahman ibn Müljümdi. Ol hijriniň 40-njy ýylynyň Remezan aýynyň 17-sinde juma gijesi Hezreti Alyny öldürdi. Ommar we Amru ibn As Müsürde şehit boldy. Bu beýik şahsyýetleriň nuruna Älem mätäç galdy. Hawarçlaryň biri Mugawyýe sejdä giden wagty pyçak bilen arkasyndan urdy. Mugawyýe örän iri we etlek adamdy. Oňa pyçagyň urgusy täsir etmedi. Ol ölümden gutuldy. Amru ibn As ol gije hassa bolup, metjide barmady. Onuň ýerine hawarçlaryň biri Amru ibn Asdyr öýdüp, şol metjidiň ymamyny öldürdi. Ibn Müljüm Kufa metjidinde gizlenip durup, Hezreti Aly (Alla ondan razy bolsun!) donuny çykaran wagty mübärek başyna urup ýaralady. Ibn Müljümi tutdylar. Hezreti Aly ol gije-de ýaşap, ertesi Hakyň rähmetine gowuşdy. Ogullary Hasan we Hüseýin, Abdylla ibn Jafary bilen kakalaryny ýuwup, jynazasyny okadylar. Wagtyň howply bolanlygy sebäpli gije jaýladylar. Hezreti Aly (Alla ondan razy bolsun!) 63 ýaşynda Hakyň rähmetine gowuşdy. Halypalyk döwri 3 aýy kem 5 ýyldyr. Olardan otuz iki adam aýryldy. Şol otuz iki adamyň on altysy aýal, on alty sanysy bolsa erkek kişidi. Soňy. Hezreti Alynyň ogly Hasan (Alla ondan razy bolsun!) kakasy aradan çykandan soňra Yrak, Horasan, Hijaz we Ýemende 7 aý halypalyk eden soňra hijriniň 47-nji ýylynyň dört tirkeşikleriniň birinji aýynda 40 müň esgeri bilen Mugawyýanyň üstüne söweşe bardy. Mesgen atly ýerde Mugawyýanyň ýanyna iki esger bilen habar iberdiler. Eger söweş bolsa musulmanlardan birnäçe müň adamlaryň gany döküler diýip, Mugawyýe bilen parahatlyk şertnamasyny baglaşmak islediler. Ýöne ol “Bir şert bilen, senden soň halypalyk maňa (Mugawyýa) geçsin” diýdi. Soňra “Alynyň neslinden hiç kim halypalyga dawa etmesin, meniň ýaranlarymyň hiç birini ynjytmasynlar. Hazynadan näçe pul gerek bolsa, alyp bilerin” diýen şert bilen şertnama baglaşdylar. Bir gün Hezreti Resul hem münberde Hezreti Hasany çaga wagty öňüne alyp, “Meniň bu oglum (agtygym) seýitdir” diýip, onuň beýik hökümdar boljakdygyna yşarat edipdi. “Tizara Allatagalla munuň sebäbi bilen iki uly esgeriň arasynda parahatlyk getirer” diýipdi. Şol aýdan sözleri takyk anyklandy. Soňra Hezreti Hasan Medinä gelip, ol ýerde on ýyl töweregi garaşdy. Taryhyň ellinji ýylynda aýaly Jagdanyň elinden zäherlenip, kyrk sekiz ýaşynda şehit boldy. Indi habary Emir El Möminin Hüseýinden (Alla ondan razy bolsun!) alaly. Hezreti Hasanyň wepatyndan soň, medineliler we yraklylar köpçüligi we arap taýpalary Hezreti Hüseýiniň halypalygyny ykrar etdiler. Şu ýagdaýa görä,, ol Mekge Mukerremede Meret, Baýram we Boş aýlary Halypalyk etdi. Soňra Kufa öz doganoglany Müslim ibn Akyly iberdi. Ol Kufa gelip, Hezreti Hüseýine (Alla ondan razy bolsun!) tabyn bolmagy nygtady. Hezreti Hüseýin (Alla ondan razy bolsun!) bu ýagdaýy görüp, Kufe tarapa gaýtdy. Tötänlikde, Ýezit bu meseläni eşidip, Abdylla ibn Zyýady Kufe meselesini çözmek üçin iberdi. Kufeli musulmanlar Mugawyýanyň hökümdarlygyndan ýüz öwürdiler. Soňra ibn Zyýad musulmanlary tutup, olary heläkledi. Hezreti Hüseýin Kerbela diýen ýere gelende ibn Zyýadyň ýolbaşçylygyndaky ilki 2 müň atly, soňra 4 müň atly gelýärler. Soň Semer melgun müň atly bilen olara goşulýar. Hezreti Hüseýiniň ýanynda bolsa bary-ýogy ýüz esger bardy. Hezreti Hüseýin ol gije olara rugsat berip, öýlerine iberipdi. Öz ýanynda bolsa diňe otuz atly, kyrk pyýada galdy. Soňra aşura güni säher gün dogan wagty söweş boldy. Netijede,, Hezreti Hüseýin (Alla ondan razy bolsun!) söweş wagtynda Ýefrata tarap ýola düşen wagty, ony ok bilen atyp, şehit etdiler. “Esetnama” atly kitapda aýdylşyna görä,, Muhtar ibn Abdylla altmyş altynjy ýylynda goşun ýygnap, ibn Zyýadyň üstüne ýöredi. Aýyň onunjy güni Hezreti Hüseýin (Alla ondan razy bolsun!) elli ýaşynda şehit boldy. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |