17:30 Übtüjekler / kinniwanja kyssalar - Raýdaşlyk | |
…Gögerçiniň şorja etinden kebap edip iýseň, ne süýji!
Hekaýalar
Köze gömüp iýseň ondanam datly. Pomidor-sogany gaýym dograp, saçda batyrma edinseň dagy-y-y… Pah-pah-pah… Iýeniňden soň müň ýyl ötse-de unutmaýaň… Hasam, özüň awlap, özüň soýup, özüň bişirseň. Özüň ýaly dostlaryň bilenem bileje… Tomusky dynç alyşda näme güýmenjeklerini bilmeýän dostlar, şu jümleler bilen biri-birine meçew berdiler-de, bäş bolup bir çukura tüýkürdiler. Günortanyň tüp yssysynda gögerçinleriňem ýalynly epgekden gizlenip, üýşýän ýerleri – köne mekdebiň ýekegat jaýynyň üçegine dyrmaşyp çykdylar. Her haýsynyň elinde bir gamaýja agaç bölegi. Alagaraňky üçekde “gyk-da-wak, pasyr-da-pusur”, gögerçin kowalap başladylar. Ýöne, “ýeser ýerde gaý tutdy” diýilýäni, heniz birdir-ikidir gögerçini awlap ýetişmänkäler, daşardan mekdebiň gaharjaň garawulynyň haýkylygy inlerini tikenekletdi: -Häý, enesi ýalamadyklar! Düşüň derrew o taýdan! Ýohha-da häzir, merdiwany alyp gelip, yzyňyzdan mündügim baryňyzyň işiňi görýän! Munuň ýaly jygba-jyg ýagdaý başyňa düşüp durka, aw küje, olja küje?! Bäşisem gollaryndaky aw “ýaraglarynam”, olja saljak haltalarynam taşlaga-da, üçekden güsürre düşüp, “assa gaçan namart”, her haýsy bir ýana ökjäni göterdiler. Garawulam munuň kibi gaçha-kowluklary kän görüp, tejribe baryny toplan bolara çemeli. Gaçgaklaryň haýsy birini kowalajagyny bilmän aljyrap durmady. Iň asgynragynyň yzyndan ýegdekläp eňiberdi. Oglanlaryň ekabyrragy mekdebiň howlusyndan esli daşlaşdy-da, sägindi. Yzyna garanjaklanda, garawulyň gara bürgüt ýaly bolup, gaty gaçyp bilmeýän dostunyň yzyndan ýetip gelýändigini gördi. Göz açyp-ýumasy salym oýurganyp durandan soňam, belli bir netijä geldi-de, garawul bilen dostunyň arasyna düşer ýalyrak çen bilen, gyýalap, olara garşy ylgady. Garawul dostunyň yzyndan “ýetdim-ýetdim” boluberende-de, olaryň arasyna düşdi. Il deňinde özünden gaçyp başyny gutaryp bilse razy bolmagyň tersine, gaýta üstüne gelýän bu bezzat, garawulyň içini ýakdy. Ünsüni özüne çekdi. Ol her näçe sapalak atyp, sypmakçy bolsa-da, garawul onuň pirimine per bermedi. Garbap tutdy. Tutan dessine-de ilk-ä şekerlije şapbatlardan birki ýola agyrtsa-da müçükdiräýmez ýaly edip, ýeňseçukuryna gondurdy. Soňam bir eli bilen gulagyndan towlap durşuna, ony idenekledip, ýoluň gyrasyndaky tutlaryň ýakynyna getirdi-de, çygar çybyk döwündi. Injigimi, söbügimi, çem gelen ýerine “şarpyldadyp” çawlap, ony öýlerine garşy südenekledip başlady. Hem urýar, hem ezeneginden tutup, idenekledip barýar, hemem käýinýär: -A-haw, diýmäýin diýsemiň eşegatalylary! Bi ýykylyp-sürşüp, galan ömrüňize maýyp bolup galaýsaňyz, kim türmä basylmaly bolar?! Menmi?! Ýa, siziň ataň-eneňiziň ýüzüne nädip serederin, men onnoň?! Hä?! Ýör, hany, kakaňa bir elteýin, seni! Nädersiň, ýöne, meniň çygar çybygym dagy saňa “jana” diýen ýalaky bolup görnäýse… Bu-da, hemişeki ekabyrlygyny edip, degen ýerini daglaýan “şarpyldylara” dişini gysyp çydaýjak bolýar welin, çydadar dagy eder ýaly däl. Bar gazabyny gözüne üýşürip, öz jelladyna käte bir gabak astyndan alarylyp, süýreklemäniň zarbyna itenek-çomanak, gidip barýar. Müýni ýetik bolandygy sebäplem, daşyndan-a “wäk-wäkden” başga seza çykaryp bilmeýär welin, içinden oňa: “Hä, wuruber, wuruber! Saçyň çalyndan utanman, çagaň ýaly çagany wurmaga utanmasaň, wuruber bakaly! Häý, mysalaň gursun! Göroglyny urýansyň-ow! Arapreýhany ýa-da paraşýutdan böken paşisti tutansyň-ow! Boýy gap bilinden geçmeýän çagany köçä göz-gülban edip, idenekledip barşyna serediň-ä, bu işigaýdanyň!” diýip, hemle urýarmy, käýinjireýärmi, zeýrenjireýärmi, garaz, pikirler-ä dek duranok… Dergazap bolup gädiklerinden garan garawul, öňlerinden çykan kakasyna hemme zady bolşy-bolşy ýaly aýtdy. Iki essesin-ä üstüne goşup, onam üçe köpeldip… Garawuly höre-köşeläp ugradan kakasam, onuň öňem eýmijiniň ýetendigini ýüzüni sallap, burnuny şuguldadyp durşundanam, sag gulagynyň gabarasynyň çepiniňkä iki esseräkligindenem aňdy. Şonuň üçinem, gaýtadan onuň daşyna geçjek bolup, azara galmady. Gaharlanmadam. Ýöne, etmişini temmisizem goýmady. -Bar, saçyňy ölläp gel!-diýip kesgin aýtdy. Ol aýdylanyny edenindenem, öňünde çommaltdy-da, päkisini alakga, saçyny syrmaga girişdi. Päkisini ynjytmanjyk ýöredip durşuna-da, hüňürdeýär: -Hä, bu gün-ertirem ol kelte tirkelen dostuň agasy öýlenýär dälmi?! Iňňän gowy boldy. Kelläňi täp-täzeje ýalpyldadyp toýa gideriň ýaly! Agyryňa çydasaň müň ýaşa. Ýene-de garagolluk et. Sen ýaltanmasaň menem saçyňy syrmaga irinmen… Birhaýukdan soň syryp boldy. Soňam dözmedimi nämemi: -Bäh, bü-ýä ýaman gowy gelişdi-aý! Beýle ajap bolar öýdüp özümem garaşmandym! Al, hanha, nesip etsin! Aýna ýaly etdik, ine munuňy! Indi irdenlerine sakgal-murt syrmakçy bolsak, hammamdaky aýnaň öňünde dikilgazyk bolman, seň kelläňe garanyp, sygyryp-syrynyp oturmaly bolduk!-diýip degişdi-de, ýylçyr kellesine çalaja pitikledi. Onuň bolsa bar keýpi uçdy. Misli, kellesini ýalpyldadyp köçä çykaýsa, her öňýeten gyzyl-gyran üstünden gülüp başlaberjek ýaly, gädiklerinden garaman oňdy. Ýüzüni sortduryp, bir içerik girip, bir daşaryk çykyp, keýpsiz aýlanyp ýörşüne-de, öz-özüne gaharlanyp, içini it ýyrtyp ugrady. Ýeri, beýden bolup, mertsirän bolup, hakyky dostsuran kişisiräp, kime, näme subut etdiň diýsene?! Gögerçin awlamaga giren-ä bäş adam, urlup-ýenjilip, syýrgynyň ugry bilen gulagyndan towlanyp süýrelip, ahyrynda tekiz şyr-takyr edilenem ýeke özüň… Hany, seniň şol dostlaryňdan biri ýanyňa gelýärmi, şu mahal?! Hatda, seniň halas etmek üçin özüňi garawulyň goluna gowşuryp, goranyň hem garasyny görkezäýmez, asyl!... Häý, oýnatgyň biri diýse… Öz etini özi iýip, ol gün giçlige barýança, howlularynda köw-söw aýlandy ýördi. Diňe gün ýaşar uçurlary, howlularynyň açyk derwezesinden awdaş ýoldaşlary ogrynça jyklanlarynda onuň biraz ýüzi açyljak boldy. Emma, olaryň ýanyna baranda hemmesiniň toý eşigindedigini görüp, onuň keşi üýtgäp gitdi. Ýüzi boz-ýaz boldy. Toýa barýarlar. Hemmesem saçly. Ol özüniň birdenkä daralyp-daralyp goşawujyň göwrümine dönen gursagynda ýüreginiň nämedir bir zatdan elheder alan guşjagaz kimin busurylýandygyny syzdy… Dostlary ony toýa gitmäge yrjak bolup, gowur turzup ugradylar. Baş bermedi. Ýüzüni awyň sapy ýaly edip, ýere bakdy durdy. Hamana: “Ine, siziň dostlugyňyzyň bahasy! Siz üçin dagam şunça jepalar çekdi bu eziz janlar!” diýip, öz perişan halyna täk özi gyýylýan dek… Deňdeşleri birsellem ýalbaranlaryndan soň, ony raýyndan gaýtaryp bilmejekdiklerine düşündiler-de, gitdiler. Ses-selemsiz, başlaryny sallaşyp, müýnli gadam urup baryşlaryndan olaryňam keýpine sogan dogralandygy bildirdi. Bu-da, kellesiniň ýylçyr buýnuzagyny agşam şapagyna gyzgylt öwüsdirip, içini hümletdi galyberdi. Dogrusy, olar gidenlerinden soň-a, birhili toýa gitmändigine sähelçe ökünjegem boldy. Ýöne, syrylaly bäri täze dörän endigi, ýylçyryna elini ýetirip sypan dessine-de, akylyna aýlandy. Dogry-da walla. Häzir şu sypatyň bilen toýa barsaň, deň-duş oglanlaryň-a bir güler goýar welin, dilleriniň duzuny gyryp alyp, kelem duzlamaga ulanybermeli gyzlaryň-a gözüne ilen özüň bolma. Bu wakanyň üstünden ýene-de milliard ýyl ötse-de, gabat gelen ýerlerinde gelişse-gelişmese ýatladar ýörerler… Ol ýene-de howlularynda näme işlejegini bilmän söw-söw aýlanyp başlady. Gün ýaşdy. Ilerki köçeden onuň gitmedik toýunyň şowhuny ýaňlanyp, dünýäni göçüräýjek bolýar. Bäh, dostlar-a bu mahal, toýuň dürli-dümeninden garynlaryny doýrup, heziller edip, toýuň keýpini görýändirler… Ol bolsa, bärde… Ýeke… Tukatlyk… “Dostlary” diýen bolýar welin, hakykat-da dostlarymyka beri?!... Ol daş-töweregini eýelän gije garaňkylygyna çalymdaş oýlaryny kellesinde aýlap, köçä tarap ýönelende, gädiklerinde söm-saýak bolşup duran dört sany garany gördi. Ýüregi jigläp gitdi. Begençdenmi, oslagsyzlykdanmy. Ýanlaryna ýakynlanda, dostlarynyň dördüsiniňem kellesiniň şyr-takyr syrylandygyna gözi düşdi. Birhili, kükregi ýylap gitdi. Ol näme diýjegini bilmän, söz agtaryp durýança, onuň garawuldan halas eden çepiksije dosty dillendi: -Dost, ýeke özüň nemetme diýip, bizem ine, öýe gidip, saçymyzy syrdyryp geläýdik… | |
|
√ Mazarsyz galan adam / hekaýa - 09.11.2024 |
√ Jüren / hekaýa - 07.09.2024 |
√ Mint / hekaýa - 24.08.2024 |
√ Pedofiliň ölümi / nowella - 04.01.2024 |
√ Güýz ýapraklary düşende / hekaýa - 17.11.2024 |
√ Bulutlaryň döreýän ýeri / gysga hekaýa - 17.11.2024 |
√ Gijeki gapydanyň ýazgylary / hekaýa - 25.01.2024 |
√ Möjekler / hekaýa - 26.04.2024 |
√ Kyrk ýyldan soñ gaýdyp gelen şol aýazly gün / hekaýa - 19.01.2024 |
√ Bakylygyň bosagasynda / hekaýa - 21.06.2024 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |