12:21 Übtüjekler / kinniwanja kyssalar - Suwag | |
…Oturdy-da aglady.
Hekaýalar
Özem şerraýlykdan, çarbaýlyk edip möňňürip däl-de, hakykatdanam betbagt naçarlaryň halys ejizlänlerinde aglaýyşlary ýaly, sessiz-sessiz, içigip-içigip, hünibirýan göz ýaş dökdi oturdy. Üç oguljygy bilen körpe gyzjagazam daşynda. Ulujas-a ýaňy on bir ýaşynda… Kakasyna meňzäp duran ýüzjagazyny daşdan çapylana dönderipdir-de, gözlerini otlukly lowurdadyp, onuň ýüzüne gaharly dikilipdir. Lam-jim bolup, doňup dur, özem. Diňe, käte bir: “Bes et-dä! Bularyňam ýüregini ýarýaň, häzir!” diýip, dişjagazyny gyjyrdadyp, boguk pyşyrdaýar… Bu bolşam kakasynyňky ýaly… Ol neresse-de agy-gözýaşa bolmaýanlardandy. Ýanynda perýat çekseler, bozulýanyny ýaşyrjak bolubam, derrew gaharlanyp başlardy… Üç ýaşlyja gyzjagazam gujagyna dykyljyrap, kinniwanja eljagazlary bilen ýüzüni sypaýarmy, süpürjek bolup, gözlerinden biygtyýar togalanýan ajy damjalary ýaňaklaryna çyrşaýarmy, başagaý. “Etje, etje…” diýip, şol bir diýenini zol-zol gaýtalap, söz tapman kösense-de, ony köşeşdirjek bolup, bazzyk-buzzuk peltekleýär… Belaň körügem köne jaýlarynyň gopan suwagynda. Arada ýagyşly-harasatly günleriň birinde, tamyň köçe tarapynyň suwagynyň esli ýeri opurylyp gaçypdyr. Bu hem, aýal bolsa-da, gybat tapsa aş gerekmez agzyboşlara: “Ýoldaşynyň neresse bolarlygy bar ekeni! Hanha, gidenine heniz doly bir ýylam ötmedi welin, eýýäm yzyny haraba döndüräýdiler!” diýdirmejek bolup, golundan gelse-gelmese, şol ýerini abatlamagyň kül-külüne düşdi. Ilk-ä öýünde üýşüp ýatan arta-taşa harjy bolmasa-da, bolanjasyndan artdyryp-süýşürdi-de, gurluşyk harytlary dükanyndan bir halta sement aldy. Soň goňşusyndan birki araba çagyl diläp, daşady. Bu günem, öýleden soň, günüň howry gaýdyşdy diýip, çagalaryny ýardamçy tutunan boldy-da, başardygyndan suwagyň laýyny gardy. Suwagyň opurylan ýeriniň adamboýy beýikdedigi hasam işlerini kynlaşdyrdy. Onda-da, başyna baranlaryndan soň, yza tesmän, dört bolup itenek-çomanak, tapan-tupan agaçlaryndan köne merdiwanlaryny bejerişdirdiler-de, suwag etmäge girişdiler. Ýöne, näme, suwag etmekçi bolýan-a häli-häzire çenli, otuz bäş ýaşlyk ömründe öý-içeriniň işinden başga zada golaýlatman, apalanyp saklanan hatyn, hemaýatçylaram gögele çagalar. Ýa demrinden, ýa kömründen, has takygam “ussasyndan”, köne tamyň ep-esli bolup, oýulyp duran ýerine uran suwaglary, hamyry suwuk ýugrulan çöregiň tamdyryň ýüzünden syrylyşy deýin, akyp aşak gaçyp dur. Bir gezek suwag urup gördüler… Iki gezek suwap gördüler. “Suwuk bolan bolaýmasyn” diýip, çagyl goşup, garyp, täzeden suwadylar. Gilmalalap gördüler. Oýuk ýere urlan suwagyň ýüzüne bada-bat galanja gury semendi sepip gördüler. Bolmady. Erkegiň işi, erkegiňkem bolýan ekenmi nämemi ýa-da şu gilmaladyr, suwag esbaplaram halys eýesiniň eline werziş bolup, indem özge gola baş bermejek bolýarmy, bellisi ýok. Garaz, edenleri ugrun-a bolmady. Şondan soňam işiginiň öňündäki bassyrmanyň astyna geçdi-de, ýere çökdi. Munuň ýaly şowsuzlyga uçrasa, hasam iki jübüt ýaş çagaly dul galan halyna, üstesine-de şu wagtkysy ýaly her bir ujypsyzja oňaýsyzlygam “durnanyň üstüne urna” diýlip kabul edilýän ýagdaýynda, naçar görgüliniň elinden näme gelýär?! Ýüzüni elleri bilen ýapyp, daşyna egele bolan balalaryna üns bermän, nalajy ejizlikden ýaňa horkuldap aglap ugrady. Aglamjyrap oturşyna-da arasynda ykbalyndan nalaýana çalym edip, eşidiler-eşidilmez pyşyrdaýarmy, özüni kötekleýärmi, belli däl. Wah, neressäm-neressäm! Ah, neressäm-neressäm! Şol pille, edil öz başyna belanyň şondan geljegini bilen ýaly: “Şu ulagy alynman, ilki jaýymyzy abatlaýaly. Kakam-ejem pahyr bolmazlaryndan öňem-ä on ýyllap, iň bärkisi çalak-çulak reňkem çalynmady” diýip, şunça geňeşse-de, eňek bermedim-dä. Şol diňe: “Aýak ulagsyz işe gatnamaga özüň kösenýäň ahyry. Ilki ulag edineli. Soň öýümizi abatlabereris. Çagalaram heniz ýaş. Olary öýerip-çykarmaly bolýança wagtymyz köp” diýen bolup, şol diňe özümiňkini dogry etdim oturdym-da… Wah-wah, wah-wah… -Gelin?! Otyrmysyňyz?! Duýdansyz eşidilen gyryljak sese zenan allaniçigsi boldy. Ýüzünden elini aýranda bassyrmanyň öňünde gabat goňşusynyň durandygyny gördi. Ýetmiş ýaşanam bolsa, haçan görseň melleginde gydyrdanyp ýörmäge endik eden gojanyň daş sypaty, onuň şu mahalam işläp ýören ýerinden gelendigini aýdýardy. Kellesinde maňlaýynda tokgalanan solgun reňk ýaglyk, dony biline çyzgalypdyr. Aýagyndaky köne galoşy hem tot-tozan. Zenan hasyr-husur dikeldi-de, ýüzüni-gözüni süpürişdirip, ýaşyndy. Sessiz baş atyp, salam-helik alyşdy. Ýüzi gasyn-gasyn ýaşuly gep osmakladyp durmady. -Hälden bäri mellekde baglaryň düýbüni ýumşadyp ýördüm-de, suwaga gümra bolýanyňyzy synladym durdum. Gelin, herki zadyň ebeteýiniň bolşy ýaly, bu suwag diýilýän içigary galmyşyňam özüne ýetijek emeljikleri bardyr, biler bolsaň!-diýdi-de, ýaşuly hoşamaýlyk bilen myssa ýylgyrdy. Soňam özi bilen ikelläp salamlaşan oglanjyga ýüzlendi:-Hany, ýör köşek! Bu garyşdyran laýyňyzy sähel eýle-beýle edeli-de, ol opurylan ýerini derrewjik ykjamlaly. Gelin sesini çykarmady. Ýaşuly bilen oglanjyk tamyň köçe tarapyna aýlananlaram şoldy welin, ýene-de bir goňşularynyň sesi eşidildi: -Pylan aga, garaş hany, sen bir “hähini” ýetirseň bolany, häzir oglanlar bilen o taýyny özümiz bejit ýylmap, gül ýaly ederis. Ol goňşy sözüni tamamlap ýetişmänkä, ýene-de biriniň ýognas sesi geldi: -Hany, onda sen merdiwana mün, menem laý uzadaýyn! Ýaşuly, körpe, hany, siz biraz gyra çekiliň… Gelniň gözýaşlary öz-özünden kepedi. Gözýaşlar kepeýänçä-de goňşular suwagy dyndylar… | |
|
√ Togsan dört ýylyñ derdi / nowella - 27.08.2024 |
√ Mertlik hemme kişä berilmeýär / hekaýa - 16.01.2024 |
√ Haýsy gowy? / Gündogar hekaýaty - 05.03.2024 |
√ Gyzyl alma / hekaýa - 12.10.2024 |
√ Güýz ýapraklary düşende / hekaýa - 17.11.2024 |
√ Berdi jedeliň aty / hekaýa - 06.08.2024 |
√ Pedofiliň ölümi / nowella - 04.01.2024 |
√ Garagumda / hekaýa - 09.03.2024 |
√ Toý sowgady / hekaýa - 12.01.2024 |
√ Jan / hekaýa - 08.03.2024 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |