12:43 Batyrlyk-gorkaklyk hakda şiwe sözli şygyr | |
Batyrlyk-gorkaklyk hakda şiwe sözli şygyr
Goşgular
Bir nätanyş ýoldan barýarkam gije, Ýyldyzlara bakyp aýdamda aýdym. Kalbym gorkman gorky bilen etdi jeň, Bu jeň özüme-de dym ýarady, dym. Gepi ýok bedeniň arryk bolannyň, Oňa derek ruhda bolsun tendarlyk. Tüm gijeler aýdym aýdyp bilenleň, Ganatly kalbyna misgin ten dardyr. Bu ýat ýol-ýodada bolup ýolagçy, Bir ajap aýdyma zowlatdym baýak, Golaýma gelmedi gorky-talaňçy, Aýdym bilen batly basamda aýak Aýdym-batyrlygyň elinde baýdak! Aýdym-gorkaklygyň aýagna badak! *** On barmakdan dürler döken eý, ussat, Begen, berilmänne onki barmagyň. Artykmaç bolanda haýsydyr bir zat, Şol zatdan her demde gorkubermeli. Şirin janymyzy gynap, köýýäris, Beýtme diýip aýtsalar-da nijezar. On barmagmyz bilen sygnap iýýäris, Ýara düşýär onki barmak içegä. ■ Gülki Menem aglap gelendirin gelemde, Bilemok bu agy gynançmy-begenç?! Käte pesläp, kä-de galyp belende, Geldim bäş gün etmek üçin gezelenç. Ah, ýöne, binamys gülýän kalplaryň, Boluşlarna birden geldi aglasym. Onki süňňüm ýakyp derde gaplady, Depämden inende töhmet belasy. Gorkup, ody basyp gördüm özüme, Gülüp tagma basjak wagtym kesekä. Bir bendäni ýaksaň töhmet közüne, Pyntyk ýaryp, jan girermi kesewä?! Şonda-da üstünden gülsem biriniň, Şum gülkimi gutarmankam düwündim. Şol gülküler ýüregimde birigip, Içim-bagrym doly düwün-düwündir. Synlap ýaşap ýörşüňizi ýalandan, Men gülüp giderin gidemde belki. Ýöne maňa töhmet atyp gülenleň, Ýüregini agyrtmasyn şol gülki. ■ Sekiz sowal Adamyň azda-kem bezzatlygyny Aýdyp bolarmyka nejislik diýip? Ýa-da edip ýören kezzaplygyny Nebsiniň öňünde ejizlik diýip? Güýjüne baýrynýan gedem ýanynda Güýjüň görkezmezlik namartlykmyka? Ertäňi oýlanyp bu gün baryňdan Bazar edip bermek jomartlykmyka? Epeý adam ýalan gepläp otursa Dymyp durmak ýagşy edepmikä ýa? Suwjuklyk edeni toba getirsem Aýratyn yzgytsyz gödekmikäm ýa? Gybatdan çekinip ýalňyz aýala Kömek bermän geçseň gorkaklykmyka?! Şol borjuňy diňe öz aýalyňa Düşündirip bilmek erkeklikmikä?! ■ Goňşyň göwün saýaň Geljek nesillere ajap nusgadyr, Goňşy-golam bilen gowy gatnaşyň. Gülüp-oýnap aladasyz-gussasyz, Goňşy-golam bilen gowy gatnaşyň. Goňşyň gelse gülüp garşy çykara, Gül ýüzüň öwürsin gyşy bahara, Goý, arada gatnap goňşyokara, Goňşy-golam bilen gowy gatnaşyň. Girmesin gapyňdan gyşyň ýelleri, Goňşyň gowy bolsa aşyň bal deýin, Göwni pes tut, belent başyň galdyryp, Goňşy-golam bilen gowy gatnaşyň. Gyssanan pursatyň geler gapyňdan, Garyndaş deý eziz bolar ýakyndan, Gussa çekseň senden beter gamgyndyr. Goňşy-golam bilen gowy gatnaşyň. Galkynyşly gül açyşly döwrümiň, Görk-görmegi toýhanaly törümiň Gulak goý, sözüni diňle göwnümiň, Goňşy-golam bilen gowy gatnaşyň. Sylapberdi MUHAMOW. | |
|
√ Heýkeltaraş Saragt Babaýewe / Goşgular - 17.11.2024 |
√ "Zülpükar gylyjy Hezret Alynyň..." / Goşgular - 27.08.2024 |
√ Ýene-de Stalin hakynda / Goşgular - 12.10.2024 |
√ Ajymdan öldüm / Goşgular - 11.06.2024 |
√ Rep goşgular / Goşgular - 06.08.2024 |
√ Eý, ady gözel Ýusup, üçekde ýöräp gidýän... / Goşgular - 12.09.2024 |
√ Ene hakynda / Goşgular - 28.05.2024 |
√ Agyr meseläniň ýeňil çözgüdi / Goşgular - 23.05.2024 |
√ Ýolma guşuñ ganatyn / Goşgular - 07.09.2024 |
√ Wepasy hakda / Goşgular - 27.07.2024 |
Teswirleriň ählisi: 1 | |
| |