12:59 Bentler | |
BENTLER
Goşgular
Penjireden synlady gyz ýapragy, Agzyn tutdy, gygyrmady waý-waýlap. Didesinden dynman damdy hünjüler, Şemalyň ýapragy ýoluşyn synlap. *** Köne ýoluň hiç galmady gatnawy, Näçe asyrlary göterip arka. Bu ýoluň hiç wagt gatnawy galmaz, Dünýäde ebedi ýaşaýyş barka. *** Ýürek joşgunymy ýazýan kä mahal, “Ýazjak” diýip, oturmadym her günde. Şahyr boljak diýip ýazmaryn goşgy, Ýazaryn men sada adam hökmünde. *** Aýlanaýyn akyl doly başyňdan, Gara gözleriňden, galam gaşyňdan. Aýlanaýyn, aýlanmakan irmäýin, Ýeriň aýlanşy deý Günüň daşyndan. *** - Tüp yssyda nirä barýarsyň, Sona? Maşgalaň eklenji galdymy saňa?! Arkaňdaky halta biliň agyrdar... - Mährem ýigit, işiň bilen bolsana! *** Kapasa gabaldy bilbil, Bir şirin saýrany üçin. Kapasa oklandy arslan, Ärlerçe arlany üçin. Bilbili bu dar kapasaň, Sem etmäge ýetmez hetdi. Çäresiz bolsa-da, arslan, Arlap ýolbarslygyn etdi... *** Sebäp ýokdy aýralyga, Birden ýollar aýra düşdi. Ideg edip aýlanyban, Hatar gurap aýlar geçdi. Aý aýlanyp ýyla dönýär, Ýüregim, sojap aglama! Gördüň-ä bu ýalan dünýä, Bizi aldapdyr salgyma. Söýgi ýoluň geçdik ýaryn, Namart pelek çarhyň öwür! Asman seçdi sowuk garyn, Doňdy ykbal, doňdy ömür. Täleýim-takdyrym dymma, Bir pursat ber aýňalara. Sen isläniň etdiň, emma, Sebäp ýokdy aýralyga. Azymberdi KAKAÝEW. | |
|
√ "Ýene-de daň atdy..." / Goşgular - 01.01.2025 |
√ Bir dem ol dilber jemalyndan yrak olmak ne güýç... / Goşgular - 01.01.2025 |
√ Şaglawuk / Goşgular - 02.01.2025 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |