BIR ASYRA SYGMAJAK BUÝSANÇ
Nurgeldi uniwersitetiň žurnalistika bölümini tamamlandan soň, respublikan gazetleriniň redaksiýasyna işe bardy. Mazaly, ol bu redaksiýa tüýs bir sargyt bilen baran ýaly boldy.
Nurgeldiniň tüýs men diýen wagtydy. Bu göwni edil bir şugladan doly, göwni açyk, mydama ýagşy niýetli, güler ýüzli, näme ýumuş buýursaň, ilgezik ylgapjyk ýören, eli, dili, hulky süýjüden ýakymly ýetginjekdi. Ol bu redaksiýada ýaş işgärler-ä däl, ýaşy bir çene baran işgärlere çenli, ählisine hemaýatyny, dil, el kömegini ýetirjek bolup, yhlas edýärdi. Ol redaksiýa irden, heniz hiç gelmänkä, işe gelýärdi. Işiň ahyryna çenli başyny galdyrman işleýärdi.
Ol bu ýerde nobatçy bolmalam bolsa, taýýar gazeti okamalam bolsa, korrektor, hatda podçiçjik bolmalam bolsa, hyk-çok edip duranokdy. Ýöne redaksiýanyň ýolbaşçylary Nurgeldini has möhümräk ýumuşlarda ulanmak isleýärdiler. Ony döwrüň iň beýik ýumuşlaryna ýaradaslary gelýärdi.
Nurgeldi okuwy tamamlap, bu redaksiýa işe gelip, işläp başlanyndan soň soň has ekabyrlandy. Onuň aňy, gözýetimi has açyldy, aýdyňlaşdy. Ol gündelik gazetleri, žurnallary uly buýsanç, uly söýgi bilen okaýardy. Türkmenistanyň her bir ösüşine, raýat hökmünde-de, Watan ogly hökmünde-de juda guwanýardy. Ol öz begenjini, guwanjyny ýazýan her bir makalasynda parlap, her bir okanyň kalbyna, ýüregine ýeter ýaly edip ýazmaga çalyşýardy.
Ol Garaşsyzlyk bilen ýalkanan gözel Türkmenistanyň döwlet başyna Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhammedow geçenden soň, Türkmenistan dünýäniň depesine çykdy. Garaşsyz, Hemişelik Bitarap Türkmenistan durmuşyň ähli meselesinde juda beýik ösüşlere, beýik üstünliklere eýe boldy. Bu gün Türkmenistan Halk hojalygynyň ähli ugrunda, oba hojalygynda gowaça, bugdaý ekip, onuň bol hasylyny almakda, öz pagtamyzyň hasabyna pagtany gaýtadan işleýän, öz pagtamyzdan egirýän, dokaýan, dünýäniň gyzan bazarlarynda iň uly isleg bildirýän žinsi, pombarh, beýleki matalary dokamakda,dürli ölçeglerdäki sapaklary taýýarlap dünýä bazaryna çykarmakda heniz görlüp, eşidilmedik işler edilýändigine buýsanýardy. Onda-da ýüzden gowrak dokma kärhanasynyň ählisi barada ýazsam diýip arzuw edýärdi.
Ol bu gün Garaşsyz, Hemişelik Bitarap Türkmenistanyň öz bugdaýyna halkyny bol – elin ekläp, onuň üstesine-de, dünýä döwletlerine-de türkmeniň ak bugdaýynyň bal ýaly ununy satmagyny nähili keremat bilen deňeşdirjegini bilmeýärdi. Sebäbi, ol Soýuz döwründe Türkmenistanyň halkyny özüni oňarmaýan, beýleki doganlyk döwletlere elgarama ülkejik hökmünde görendiklerini, onuň hem esasan bugdaý, un meselesinde ýüze çykandygyny ol uniwersitetde okaýarka, okapdy.
«Emme her döwür bir döwür bolýan eken! Bu günki Türkmenistanyň beýle beýik ýeňişine onsoň, kim ynansyn» – diýip Nurgeldi oýlanýardy.
Ol edip oturan işinden başyny galdyrdy.
– Ýok, bu barada şeýle bir makala ýazmaly. Ony okanlaryň buýsançdan ýaňa akly haýran galsyn.
Nurgeldi ilki bölüm müdiriniň ýanyna baryp, oňa niýetini düşündirdi, ondan makullanma alanyndan soň, baş redaktoryň ýanyna baryp, Köneürgenjiň un zawodyna bir hepdelik rugsat sorady. O öz matlabyny redaktora düşündirdi. Redaktor rugsat bereninden soň, ol öýlerine baryp, iş sapary bilen Daşoguz welaýatyna gidýändigini ejesine duýdurdy. Şondan soň ol awtobusa münüp, täzelikde açylan uçar menziline bardy.
Bu uçar menzili aklyňy haýran galdyrýan, dünýä uçar menzilleriniň arasynda taýy bolmadyk gözel, owadan bu ugurda iň ygtybarly, iň kämil uçar menzili bolup, bezelişi, täzeçillik bezeg tapyndylary ilkinji sapar ulanylýan häzirki zaman sazlaşykly binady. Şeýle uçar menzilleri Türkmenbaşy şäherinde-de, Mary, Daşoguz, Türkmenabat şäherlerind-de gurulyp, ulanylmaga berilipdi. Olar bu gün welaýat merkeinde halka günübirin hyzmat edýärdi.Iň esasy ýeri, şol uçar menzillerinden hem edil Aşgabadyňk ýaly «Boing» uçarlary gatnaýardy.
Nurgeldini haýran galdyran ýagdaýlaryň biri, Gözel Aşgabadyň aklyňy haýran galdyran uçar menzilinden dünýäniň çar künjegine iň täzeden täze «Boing» uçarlary her sagatda uçup durdy. «Türkmen nire, bu uçar menzili, bu uçarlar nire?» – diýip, Nurgeldi bagtyýarlyk bilen oýlandy. Salyp geçmänkä, ony ýaňy alan petigi boýunça Daşoguz welaýatyna uçýan uçara çagyrdylar.
Nurgeldi uçara ýaňy münen wagty onuň gapdalyna bir ýaş gyz elindäki peteginden gözüni aýyrman gelip saklandy. Ol gyzyň iki gözi peteginde bolany üçin, ol öňe-yza garanjaklap, özüniň oturmaly ýerini anyklajak bolýardy.
Oňa çenli ýol belet gyz onuň ýanyna geldi.
– Men bu petekde ýazylan sanlara düşünmejek bolýaryn, mümkin bolsa, meniň ýerimi görkeziň – diýip, ol gyz elindäki petegini uçaryň ýol beledine berdi. Ýol belet gyz onuň gulagyna, gyzyň ýeriniň içerki salondadygyny aýtdy. Soň olar tirkeşip has içerräk gitdiler.
Nurgeldi uçaryň içki bezegine, rahatlygyna, oturgyçlaryň juda rahat, sygymlydygyny razylyk bilen synlady. Onuň ýadyna şu dünýä belli uçar menzili açylyp, ulanylmaga berilen mahaly, ABŞ-yň Birleşen Ştatlarynyň uçar ýasaýan «Boing» kärhanalaryndan şeýle tipli uçarlaryň ençemesiniň satyn alnandygyny ýatlady.
– Hawa-da, biziň ata-babalarymyz «Köp ber, gözel al!» diýip dogry aýdypdyrlar. Diňe şu uçaryň özem bäçe bereniňe hem degýär. Meniň halkymyň dünýäniň gazananlarynyň iň bir hözirlisniň hyzmatyndan peýdalanmaga haky bar ahyryn. Hormatly Prezidentimiz halkyny eşretleriň ak ýoluna çykaryp dogry edýär.Öňki döwürlerde respublikamyzyň welaýatlaryna, şäherlerine «TU» diýer, «AN» diýer, «Ýak» diýer, şoňa meňzeş uçarlar gatnardy. Olara-da haçan görseň petek tapmak garagörgüdir. Adam başynda her dürli ýakymsyz ýagdaýlar hem ýok däl ahyryn, ine, şonda agyr külpete galynýan ýagdaýlar az bolmaýardy. Nurgeldiniň özüniň hem şeýle ýagdaýlarda görgä galan wagtlary az bolmandy. Ine indi bu ýurtda-da özüňi hakyky ynsan hakyky raýat saýyp bilersiň, ýoldaş Nurgeldi Meredow! – diýip, ol guwanç bilen içini gepletdi.
Kän garaşdyrman, «Boing» uçary emaý bilen asmana galdy. Nurgeldi uçaryň salonyna getirilen gazet-žurnallardan saýlap birine eline aldy. Bu žurnal aýal-gyzlar žurnaly eken. Ol žurnalyň gatlaryny açyşdyryp, suratlary, makalalary synlap başlady. Onuň birden žurnalyňahyrraklaryndan «Döwrüň talaby» atly makalada gözleri eglendi. Makalanyň meselesi ýitidi. Žurnalist bu görlüp-eşidilmedik ajaýypdan aklyňy haýran edýän beýik döwürde aýal-gyzlaryň öz orunlaryny tapmaklary baradaky möhüm meseläni orta atýardy.
Nurgeldi makala gyssanmaç göz aýlady-da, bu makalany kimiň ýazandygy bilen gyzyklandy. Makalanyň ahyrynda «Galamgär Akgözel Abaýewa» diýilip ýazylypdy. Ol makalany täzeden, gaýtalap okady.
«Gowja makala eken. Döwrüň iň möhüm meselesini-hä gozgapdyr. Ýazsaň şular ýaly makala ýazaýsaň» – diýip gysgajyk oýlandy.
Soňra Nurgeldiniň bar pikir-oýy döwür, raýatlar, olaryň ählisiniň, olaryň aýaly-erkegi ýok, barynyň äk niýetini, tutuş maksadyny döwri beýgeltmäge, döwre, Hormatly Prezidentimize şirin jany, ähli gujur-gaýraty bilen goldaw bermäge gönükdirmeli.
Nurgeldi talyp mahaly bir makala okapdy. Şol makalada 1936-njy ýylda Ikinji sapar Amerikanyň prezidentligine saýlanan döwürlerinde Amerikanyň başyna , agyr kynçylyklar düşüp, onuň pulunyň hümmetsizlenip, banklaryň işiniň bozulyp, gahatçylygyň düşendigini, şonda ABŞ-yň şäherleriniň köçelerinde olaryň pullary bolan dollaryň juda hümmetsiz bolandygyny, şol döwürlerde ABŞ-yň prezidenti Franklin Ruzweltiň hepdelik radioçykyşlarynyň birinde amerikan halkyna ýüzlenip: « – Hormatly amerikanlylar! Häzirki wagtda Amerikanyň başyna juda agyr kynçylyk düşdi. Şonuň üçin häzir her bir amerikan raýaty: «Amerika maňa näme berdi!» diýmän, «Men amerika näme berdim!» – diýip oýlanmalydyr» diýip aýdandygy Nurgeldiniň ýadyna düşdi.
«Hudaýa şükür! Häzirki wagtda Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistanyň halkyna beýle dýip bolmaz. Milli manadymyz öz gymmatyny doly saklap gelýär. Bazarlarymyz, dükanlarymyz zerur, elýeter harytlardan dolup dur. Aýlyklarymyz, pensiýe, kömek pullarymyz, talyp haklarymyz wagtly-wagtyna, ýokarlandyrylan görnüşde berilip dur. Hormatly Prezidentimiz gijesini gündiz edip, juda parasatlylyk, juda paýhaslylyk bilen ähl zady gül ýaly çözüp otyr. Indi türkmen raýatlary şu ýagdaýda nähili bolmaly?
Nurgeldi bu owalyna özi jogap saýlady.»Hormatly Prezidentimize her bir raýat tüýs ýüregi bilen, halys göwünden el bilen, pähim-paýhas bilen, dil bilen, ylym bilen, bilim bilen halys göwünden hemaýat etmeli! Ata-babalarymyz «Eli döwük işlär işlär, göwni döwük işlemez» diýip ýöne ýere adadan däldir-ä. Hormatly Prezidentimiziň agzyndan çykan her bir sözi gyzyla gaplap, bada-bat ýerine ýetirmeli. «Bag ekeliň!» diýdimi, tutuş Türkmenistany bada-bat bagy-bossana öwürmeli. Mermer şäherimiz Aşgabady arassa saklap, söýginiň hemde gözelligiň arassa, äkize şäherine öwrüp, arassa saklalyň!» diýdimi ýurduň her bir raýaty Aşgabadyň her köçesiniň, her bulwarynyň, her bir seýil bagynyň, prospektiniň, Şaýolunyň gül pürkülen ýaly bolmagy barada yhlas etmeli...»
Hawa, şu eşretden, bagtdan, bolçulykdan bark urýan şäheriň ähli eşretiniň , gözelliginiň, bolçulygynyň hözirini ine-ganaganyp ýören halyma, men bu eşretli eýýama, öz halkynybagtly aşatmak üçin gijesini gündiz edip ýören eziz Prezidentimize, bagtly türkmen halkyna men näme peýda etdim? Ine, sen Nurgeldi, jogap berip bilseň, ine, şu sowala jogap ber!
Tutuş türkmen halky, şol sanda senem şu güne çenli, ýaltaçylyk, hallaň- sallaňlyk bilen, işiň iň peýdalysyna, ýeňil- ýelpaýyna kowalaşyp, gün geçirip geldiň. Ýöne indi biz bu bolşumyzy düýbünden taýlap, Hormatly Prezidentimiziň sözi, parasatly paýhasy bilen işlemelem, ýaşamalam. Bu meselede seniň goýýan meseläň juda dogry hem hakykat Akgözel Abaýewa!» diýip, Nurgeldi elindäki žurnaly ýapyp, çykala tarap gadam goýdy.
Daşoguz şäheri ýaş ýigidi henize çenli görlüp-eşidilmedik bir ýakymly, müşkmi, atyrmy, ýa-da başga bir keramatly ys bilen garşylady. Nurgeldi Aşgabatdan tä Daşoguza çenli giden meýdanlaryň bir iki gatly häzirki zaman, içinde bagtly ýaşamak üçin hemme mümkinçilikler döredilen, daşynda mal saklamak üçin, ekin- tikin bilen meşgul bolup, eli giň, köwli giňlikde gagta beslenip ömrüň, döwrüň hözirini göreüp, rahat, bagtly ýaşamak üçin gurlan sapaly, eşretli jaýlaryň müňlerçesiniň tutup oturmasyna guwanmak guwandy. Ýaş oglan öňlerem-ä, bu mekana telim gaýta gelip görenem bolsa, bu gün onuň gözleriniň görýän şäheri – Ruhyýet köşgi, Andalyp adyndaky, sazly-drama teatrynyň ajaýyp binasy, Taryhy we ülkäni öwreniş muzeý-köşgi, Myhmanhanalar, keselhanalar topumy, atçylyk sport kompleksi,beýleki ajaýyp-ajaýyp gatbar- gatbar binalar, Oba hojalyk institutynyň owadan binas ýaly aklyňy haýran edýän köşgi-eýwanlar öň görlüp-eşidilen şähere hiç meňzänokdy. Uçar menzili dagy-ha, edil uly gyzyň elýaglygy ýal, päkizedi.
Nurgeldi şol haýran galyp durşuna, birden hälki uçaryň üstünde eline petegini alyp oturmaly ýerin gözläp duran gyza gözi düşdi. Ol edil bir ençeme-ençeme wagtlap ýitiren hossaryna tötänden duşup, indem ony ýene ýitiräýmeginiň mümkindigine ynanýan bende ýaly, uçaryň trapyndan düşen badyna şol gyz tarapa howlukdy.
Ol orta boýly, ullakan goýun gözlerinde nurly şugla çyrpynyp duran , bir eli bilen goşuny göterip, bir eli bilen tokmak ýaly gara saçlaryny Daşoguzyň garagolja bahar şemalyndan saklap durşuna, älem-jahany haýran galdyryp, şeýle bir enaýyja, şeýle bir owadandan näzijek ýylgyryp barýardy welin, tutuş bu mekanyň ynsy, jynsy, bagy-bakjasy, uçardan düşüp barýanlaryň ählisi, aý, garaz Nurgeldiden başgalaryň bary, hatda Daşoguz şäheriniň uçar menziline çenli, bu näzenin perizadyň alynda dyzlaryna çöküp, oňa sadyklyk bilen tagzym edip duran ýalydy. Bu ýagdaý Nurgeldiniň göwnüne bolmagam, ýöne hakykatdan hem şeýle bolmagam ahmaldy.
Nurgeldi gyza bakan ýöredi. Ol gyzyň deňine baryp – Ýeriňizi tapdyňyzmy? – diýip samrap goýberdi.
Gyz oňa düşünmedi. Oňa çenli bir ulag gelip gyzyň öň ýanynda saklandy. Ulagyň ýanasyndan kellesini çykaryp, boýnuny uzadan sürüji gyza habar gatdy:
– Akgözel, geldiňmi?!
Gyz başyny galdyrdy-da sürüjä geň galma bilen garap:
– Geldi, kursdaş, senmi? – diýdi. Soňra: – Şähere äkidermisiňiz? – diýip, ýuwaşja gepledi.
Sürüji begençli gygyrdy.
– Men ýörite geldim-ä. Ejeňi gördüm. Ol sanitoride dynç alyp ýör. Seni soradym welin, ol «Şu günki uçarda gelmelidir – diýdi. Onsoň menen okuwy gutaranymyz bäri göşemizok – diýdim-de ulagymy alyp, uçar menziline gaýtdym. Gel, mün.
Ulag bir gyra sowulyp durdy. Gyz nätanyşam bolsa, Nurgeldini unutmady. Ol ýigidiň uzyndan owadan didaryna, gapdalyna gaýtarylyp, ak mapraç, nurana ýüzüne gelşip duran gara saçly başyna, berdaşly göwresine hyrydarlyk bilen garady-da:
– Adyňyzam bilemok welin, sizem şähere barmalymy? – diýdi.
Nurgeldi birden, bu keramatly mekana gelip düşenden elkezlenen ýaly boldy. Häzir onuň kalbyna bir çogdam ylham gory guýulan ýaly boldy. Onuň häzir adama ýük bolasy gelmedi.
– Meniň adym Nurgeldi Meredow. Respublikan gazetde habarçy bolup işleýän. Welaýatyň Galla önümleri zawodyna iş sapary bilen geldim. Soň Köneürgenje gitjek.Siz arkaýyn gidiberiň. Men hiç-le, siz gitseňiz bolýar. Men yzyma petek aljak. Soň barmaly ýerlerim bar, sag boluň, gidiberiň.
Olar eýtdiler, beýtdiler, ahyry Nurgeldini bu ulaga münmäge yrdylar. Nurgeldi ulagyň yzky oturgyjyna münüp, ýagşy jaýlaşansoň, özünde bolup geçen ýagdaý barada oýlandy. Indi onuň gözleri bu dünýä başga bir nazarýet bilen garaýardy. Onuň kalbynda beslenen niýet, päkize duýgular, ýaş ýigidiň heniz özünde bolmadyk bir joşgunly hyjuwa beslenipdi. Onuň häzir şeýle bir gözel-gözel makalalay ýazasy gelýärdi. Onuň ýazan makalalaryny okan her bir okyjy bu döwre, Hormatly Prezidentimize ähli yhlasyny, ähli myratyny, köňlüniň eşret şerbetini türkmen halkyna bagyş edibermelidi.
Ýaş ýigit bu gyzyň kalbyndaky ähli ýagşy, şatlykly, bagtly duýgularyň özüne geçen bolaýmagynyň hem ahmaldygyny güman etdi. Ýöne bu tanamadyk, bilmedik maşgalasynyň kimdigini, nähili adamdygyny bilmezden bir zat diýip bilmedi.
Oňa çenli sürüji ýigit gyza habar gatdy.
– Akgözel, ýagdaýlaryň gowumy? Okuwy tamamlanymyz bäri näme üýtgeşiklik bar. Men-ä öýlendim. Iki çagamyz bar, aýalym bakjada işleýär.
Akgözel ähli syryny açmaly boldy.
– Men-ä Geldi, okuwy gutaryp şol «Aýal-gyzlaryyň «Bägül» žurnalynda Akgözel Abaýewa bolup, işläpjik ýörün.
Bu söze Nurgeldiniň ýüregi jig edip gitdi. Ol:
– Şo-ol Akgözel Abaýewa sizmi? Berekella! – diýeninem duýman galdy. Gyz Nurgeldiniň ýüzüne şeýle bir geň galma, haýran galma bilen dikanlap bir seretdi welin, ýaş yigidiň tutuş süňňi gyzyň gözleriniň alasyna baglanyp, onyň dünýäsine gaplanyp giden ýaly boldy.
– Hä, näme boldy? – diýip, gyz ondan jogap sorady.
Nurgeldi buýsanç bilen:
– Žurnalda ýazýan makalalaryňy okaýan welin, tüweleme, goýýan meseleleriň tüýs beýik döwrüň möhümden möhüm meselesi bolup dur. Meseläni goýuşyň, ony çözüşiň, makalalaryň diliniň süýjüligi haýran galdyrýar, men şonuň üçin «berekella!» diýdim – diýdi.
Gyz adaty bolmadyk, başga hiç kime meňzemeýän ajaýyp keşbini mähir muhabbete ýuguryp, ýylgyrdy. Şonda Nurgeldi bu gyzy ýagşy synlady. Gyzyň giň maňlaýy, ýüzüne gelşipjik duran burnuna ýetip, ondanam pisse ýaly dodaklaryndan ýüzüne biçilip ýasalan ýaly eňeginden owadan göwüslerine tarap juda gelşik bilen gaýdýardy. Tokmak ýaly saçlary bolsa tutuş kükregini tutup ýatyrdy. Onuň egninde ýüzüne gelşip duran lawsan köýnegi iri-iri nagyşly ýakasyny güjeňläp durdy. Gyzyň dykyz, berdaşly bedeni onuň juwanlyk hyjywyny gizlejegem bolman, gaýta ony has güjeňlemek bilen paş edip durdy.
Nurgeldi gözlerine erk edip bilmän, tutuş töweregi, gyzyň didarynyň üstaşyry synlaýardy. Daşoguz şäheri çäginem, keşbinem düýpli üýtgedipdi. Täze- täze owadan binalar şäheriň giň, eremli gujagynda edil bir Akgözeliň owadan synasynyň ýerbe-ýerligi ýaly, edil gözleriň agyny iýip barýardy. Bu beýikden owadan, gözel binalary, asyrlaryň deňine ýetýän köşgi-eýwanlary synladygyňça synlasyň gelýärdi.
Ulag Daşoguz şäherindäki ajaýyp köşgüň, täzeje myhmanhananyň öňünde saklandy. Nurgeldi myhmanhana baryp, özüne boş otaglaryň birini ýazdyryp aldy. Bir seretse, Akgözel bilen Geldem onuň yzyna düşüp gelýän eken. Olar hem ýaş ýigidiň myhman jaýynyň ýagdaýyny bilmekçi bolupdyrlar.
Geldi habar gatdy.
– Dost, biziň ilde myhmany öýüňe çagyrmazlyk, ony myhmanhanada taşlap gitmek gaty aýyp görülýär. Şonuň üçin sen ilki biziň garyp çatma barsaň, biziň saçagymyzdan duz-tagam dadyp, soň nirä gitseň, senden razy bolardyk. Mazaly, meniň uniwersitetde bäş ýyllap bileje okan gyzymyz hem gelen eken. Onsoňam, şu gün meniň körpeje çagam, oguljygymyň doglan güni. Şonuň üçin häzir bize gideli...
Nurgeldiniň ýüzi üýtgäp gitdi. Ol bu täze tanyşynyň mürehedinden nädip boýun gaçyrjagy barada oýlandy.
Ol bu häzirki zamanyň iň soňky gazananlary esasynda gurulan, bezelen otagy höwes bilen synlap duran Akgözele garady.
– Ýok, dostum, sen maňa gideli diýme. Men juda uly ýumuş bilen bu ýere gyssagly geldim. Aşgabatdan, redaksiýadan her ädimimi yzarlap oturandyrlar. Men- ä gitsem, yzymdanam maňa jaň etseler, tapmasalar, olar näme pikir ederler. Sen maňa öý salgyňy, telefon belgiňi ber, men boşandygym, barar gaýdaryn.
Geldi ýer depip durmady. Ol myhmana, onuň işiniň möhümligine düşünip, basym razylaşdy. Mazaly, olar heniz otagdan çykyp gitmänkäler, häkimlikden jaň edip soradylar.
– Siz Nurgeldi Meredowmy?
– Hawa men Meredow. Bolýar, bolýar. Häzir myhmanhananyň daşyna çykýaryn.
Nurgeldi olar bilen tirkrşip myhmanhanadan çykdy. Olary iki sany epeý pyýada garşylady.
Olar salamlaşdylar.
– Men welaýat galla önümleri zawodynyň ýolbaşçysy Togsanbaý Akmedow... Bu ýigidem welaýat häkimliginiň senagat bölüminiň müdiri Welbaýew! Siziň näme ýumşuňyz bar.
– Men welaýatyň Könürgençdäki un zawodyny görjek. Soň Daşoguz ýag zawodynyň işini görjek. Ine, meniň şu günki etmeli gyssagly işlerim. Agşam bolsa şolar bardada düýpli makala ýazyp, internet arkaly redaksiýa ibermeli...
Nurgeldi ýoldaşlary bilen hoşlaşdy. Ol Akgözeliň islegi boýunça myhmanhandaky otagynyň telefon nomerini, el telefonynyň nomerini berip, olar bilen hoşlaşdy.
Nurgeldi ýoldaşlary bilen göni Köneürgenje ugrady. Ol ýerde bulara garaşyp duran ekenler Nurgeldi, zawoda aýlanyp, olaryň iş ýagdaýlary bilen içgin tanyşdy, olaryň degirmenlerini, galla gorlaryny, iş düzgünleri bilen düýpli tanyşdy. Soň olar bilen hoşlaşyp, Daşoguz şäherindäki pagta çigidinden ýag alýan zawoda ardyp, gijäniň bir wagty myhmanhana geldi. Ol ýuwunyp, ardynyp, naharlanyp, stoluň başyna geçip «Notbugyny» açdy.
Ol Könürgenjiň un zawodynyň şu güne çenli öndüren ununyň tutuş respublikanyň halkyny tutuş ýyllap doýuryp biljekdigi barda, zawodyň işi barada, işçileri barada alan maglumatlaryny edil läle düzen ýaly edip, şirin dil, hoş owazly hulk bilen şeýle gowy makala ýazdy welin, özüniň hem gözlerine ýaş aýlanyp gitdi.
Biz ýyl ýaňy başlanandygyna aramazdan eýýäm tutuş ýylyň jemini jemläp otyrys – diýip, degirmen sehiniň müdiri Ýazdursun Gazakowanyň buýsançly gürrüňini makalada getirdi. Makalanyň adyny «Beýik toýlaryň badalgasy» diýip goýdy. Soň makalany ýene bir sapar okady, kesdi, biçdi, timarlady-da Internet boýunça redaksiýanyň saýtyna ugradyp goýberdi.
Soň ol Daşoguz şäheriniň ýag zawody baradaky makalasyny ýazmaga başlady. Ol respublikamyzyň Lebap welaýatynyň Türkmenabatdaky, Mary welaýatynyň Baýramaly şäherindäki, Ahal welaýatynyň Akbugdaý etrabyndaky Balkan welaýatynyň Serdar şäherindäki ýag zawodlarynyň ýagdaýyny Daşoguz şäheriniň Daşoguz şäherindäki ýag zawodynyň derejesi, depgini bilen deňeşdirip, bu zawodda işleriň juda önjeýli gidýändigini sanlar, mysallar, önümçilik öňe gidişlikleri bilen birin-birin, şirin dilde, akgynly, süýjilikli beýan bilen bäş ýarym kagyz makalany ýazyp, oňa-da, «Ýag derýasynyň kuwwatly bulagy» diýen at bilen, Internetiň üsti bilen redaksiýanyň saýytyna iberdi. Ol un zawodynda-da, ýag zowodynda-da iş ulgamyndan işgärleriň üç dört sany suratyny ertir gyssagly redaksiýa iberiň – diýip, bu kärhananyň ýolbaşçylarynyndan haýyş edipdi. Ol bu haýyşyny ertir irden hem olara duýdurmak üçin olaryň el telefonleriniň nomerlerini alypdy.
Nurgeldi işlerini bir ýüzli edip, bir käse çaý içeýin diýip, saçagyň başyna ýaňy geçende onuň el telefony jyňňyrdady.
Ol telefonyny açanda nätanyş nomere göz düşdi. Ol telefonyň düwmesini basdy.
– Salam!
– Salam!
– Bu men, Akgözel! Nurgeldi! Nähili, işleriňden dynyşýaňmy?
Nurgeldi begenip, özüni ykjam ele aldy.
– Hawa, Akgözel, Könürgenjiň un zawodyna-da baryp, haýran galyp, aýlanyp gaýtdyk. Dünýäniň iň kämil enjamlary, edil ýüpek ýaly ak un! Näçe waspyny etseň, bärden gaýdýar, Akgözel! Soň Daşoguz şäheriniň ýag zawodyna-da baryp aýlanyp, işler bilen tanyşyp, maglumat alyp, myhmanhana gelip, iki zawod barada-da makala ýazyp, Internet arkaly redaksiýa-da iberdim.
– Makalalaryňa näme at dakdyň?
Nurgeldi güldi.
– Gör, näme diýseňem, kärdeş-dä, gyzyklanýan zadyna gara!
Ol uly buýsanç bilen:
– Un zawody baradaky makalam-a «Beýik toýlaryň badalgasy» diýip at goýdum. Ýag zawody baradaky makalama-a «Ýag derýasynyň kuwwatly bulagy» diýip at goýdum. Bolupmy?
– Tüweleme, bolupdyr. Hersi kompýuterde näçe sahypa?
– Birinji makala alty sahypa, ikinji makala bäş ýarym sahypa.
– Tüweleme, sen-ä gaty çaltam işleýän ekeniň!
Nurgeldi tolgundy.
– Men, Akgözel, ýurdumyzda bolup geçýän bu ýetilen beýikden beýik üstünliklere şeýle bir guwanýan, şeýle bir begenýän. Bar üstüliklerimiz barada beýik aýdymlar ýazyp, edil döwrüň çür başyna çykyp, şol oturan ýerimden aşak aýagymam sallap oturyp, bar sesim bilem, belent owazda dünýä ýaýyberesim gelýär. Ine şonuň üçin öz hyýallaryma berlip, seniň häzir nirededigiňem soramandyryn. Ejeňi gördüňmi, öz ýagdaýlaryň ýagşymy?
Akgözel: – Menem Berdilerde galmadym. Ol Daşoguz sanitorisine ejesiniň ýanyna gelendigini, ertir bu sanitoriý barada maglumat alyp, ejesi bilen yzyna gaýtjakdygyny gürrüň berip başlanda telefon kesildi. Nurgeldi el telefonyna başga bir çakylygyň gelendigini duýdy.
– Alo, alo! Nurgeldi, özüňmi? Men Sopy Garly-laý. Redaksiýadan – bölüm müdiriň. Sen meni diňle, ýaňy maňa baş redaktor jaň etdi-läý. Ertir günüň dowamynda Türkmenistanyň hormatly Prezidenti Lebap welaýatynyň Türkmenabat şäherine barýar, şol ýerde köprüleri açylýar. Ýadygärlik açylýar. Nurdeldi jan, inim, eşit, ol saňa hökman şol ýere barsyn-da köpriniň açylyşy barada gowja material taýýarlasyn diýdi. Sen şony gaýrat et, onda!..
Nurgeldi baş atdy. – Bolar! – Ol gyssagarada Sopy Garlyýewi öz işleri bilen habardar etdi.
– Men iki zawod barada-da makala ýazyp redaksiýanyň saýytyna iberendirin. Suratlar ertir barar. Şondan habarly bolawer.
Sopy aga begençli gygyrdy: – Baý, şon-a tüýs oňarypsyň, ýaşşa!
* * *
dowamy bar..
Hekaýalar