* * *
Nurgeldi Lebap welaýatynyň Türkmenabat şäheriniň uçar menzilinde uçardan düşende bu ýer eýýäm märekeden güw berýärdi. Ol bu märekäniň arasyndan özüniň uniwersitetde bile okaýan, indem welaýat gazetiniň redaksiýasynda işleşip ýören dostlaryny tapdy. Olar bilen ýaňy hal-ahwal soraşyp, bu günki ýagdaýlar barada mesawy gürrüň edişip otyrka onuň el telefony jyňňyrdady. Ol telefonyna seretdi-de, bir gyraraga çekildi. Soň telefonynyň düwmesini basdy. Aňyrdan aýal maşgalanyň sesi eşidildi.
– Alo, Nurgeldi, sag-aman ördüňmi? Menem häli turdum-da, çaý içip, senden habar alaýyn diýdim – diýdi. Bu Akgözeldi. Onuň sesine Nurgeldiniň tutuş süňňi eräp, elenip gitdi. Gyzyň sesinde üýtgeşik bir mähribanlykmy, näzikden şirinlikmi, çyrpynyp duran tebigy bir gyzgyn söýgi bolup, olam ýüregiňi käkiligiň gursak peri bilen sypalan ýaly, keramat bilen, iniňi dygladyp, sypalaýan ýalydy. Nurgeldiniň aladaly ýatyp, daňdandan bäri alada bilen gysylyp duran kalbyna näzik röwşenlik çaýyp goýberdi.
– Akgözel, tanadym, aýdyber, oňatmy, özüňem, ejeňem. Menem gowy. Indi has hem gowy!
Akgözel bir salym dymdy. Soň ýuwaşjadan:
– Ejemem gowy, olam saňa salam aýdýar. – O bir salym sägindi-de enaýyja äheň bilen: – Nurgeld-ii – diýip goýberdi. Eger kyn görmeseň, şu gün agşam Andalyp adyndaky teatrda gowy spektakl bar eken. Şoňa ejem üçimiz gidäýeliň?!
Nurgeldi aladaly ýylgyrdy.
– Akgözel, bilýäňmi, men häzir Lebap welaýarynyň Türkmenabat şäherinde. Maňa öten agşam redaksiýadan jaň edip, gyssagly şu ýere gelmeli – diýdiler. Men bu ýere redaksiýanyň ýumşy bilen geldim. Ýöne gynanýan, ýogsa bu teklibi özüm etjekdim welin...
Olar çalt hoşlaşdylar. Märeke Aşgabat tarapdan uçup gelýän owadan uçary garşylamak üçin toplanyp başlady. Sähel salymdan tutuş halky umydyny ak mähre besläp, eziz arkadagymyz Türkmenabat şäheriniň uçar menziline düşdi. Halk ony uly buýsanç, mähribanlyk, guwanç bilen garşy aldy. Şondan salym geçmäne ýene bir «Boing» gelip gondy. Ondan Özbagistanyň täze saýlanyp, saýlanandan soň ilki bilen Türkmenistana Döwlet sapary bilen Türkmenistana gelen Şöwket Mirzäýew düşdi. Märeke bu hormatly myhmana-da edilmeli sylag-hormatyň kemini goýman berjaý etdi. Olar söz sözläp, Lebap halkyny bu günki dabara bilen gutlanlaryndan soň, Amyderýanyň boýuna bakan ugrady.
Nurgeldi Amyderýanyň üsti bilen Farap etrabyna geçýän demir ýol köpürisiniň hem onuň gapdalynda gurlan ulag köpürisiniň açylyşyna-da gatnaşdy. Iki Prezidentiniň çykyşyny çaklaňja magnit enjamyna ýazyp aldy. Hatda ol bu köpüriden geçip ilkinji bolup geçen otla-da mündi. Uly, täze awtobusda ulag köpürisinden hem geçip gördi.
Bu çärelerden soň, Olar Özbegistanyň Ilkinji Prezidenti, türkmen halkynyň uly dosty Yslam Abdyganyýewiç Karimowyň, Türkmenabat şäheriniň merkezinde, «Karimow» prospektiniň ugrunda ýadygärliginiň açylyşyna-da gatnaşdy. Prezidentleriň sözläm sözüni magnit enjamyna ýazyp aldy. Çäre tamam bolandan soň, lebaply dostlary oňa üýtgeşik bir teklip aýtdylar.
– Nurgeldi, biz Owganystan bilen aralykda täze açylyp, ulanyşa berilem Atamyrat – Ymamnazar – Akina demir ýol menzillerini dikuçarly synlamaga gidýäs. Meýliň bolsa, bir ýer-hä bar – diýdiler. Nurgeldiniň gökdäki dilegi ýerde gowuşdy. Olar oglanlaryň iň ekabyrragy Jumanyň tanyşynyň uçar menzilinde garaşyp duran tanyş uçarmany Açyl aganyň dikuçaryna münüp, asamana göterildiler. Dikuçar misli Nurgeldini haýran galdyrjak bolýan ýaly, Türkmenabat şäheriniň üstünden öwrüm berdi. Nurgeldi bu gözel şäheriň juda owadan didaryny görüp, Ruhyýet köşgüni, welaýat taryhy we ülkäni öwreniş muzeýini, welaýat kitaphanasyny, Seýdi adyndaky döwlet sazly-drama teatryny, welaýat «Ene mähri» keselhanasyny, welaýat keselhanalar, myhmanhanalar, atçylyk sport toplumuny, stadiony, Belentden belent ýaşaýyş, medeni durmuş jaýlaryny, arassadan päkize welaýat merkezini, beýleki köşgi-eýwanlary görüp, dikuçardam düşüp, bu gözelden gözel ajaýyp şäheriniň näzik ýaňagyndan ogşaýasy geldi. Ol hem buýsançdan hem guwançdan ýylgyryp baryşyna dikuçar bu gudrat bilen bina edilen ajaýyp şäheriň üstünden aýlanyp, Amyderýanyň çyrpynyp ýatan uzaboýuny adam eli bilen bezäp ýatan gözel ymaratlaryň, ekinzarlyklaryň, bagy-bossanlygyň depesi bilen, bu häzirki zamanyň gözellikler bilen utgaşyp oturan Atamyrat şäherine geçip gitdi.
Dikuçar Atamyrat şäheriniň düzgünlije künjeklerinden bir öwrüm etdi-de, demirgazyk güşündogarda seleňläp görünýän daglara bakan ugur aldy. Ondan hem gündogarlygyna tutdurdy-da aşakda uzalyp gidýän Atamyrat – Ymamnazar – Akina demir ýoluny yzarlap ugrady.
Gapdalda Nurgeldä ýüzbe-ýüz oturan Juma myhmanyň ýüzüne garady-da elini dikuçaryň aýnasyndan görnüp duran demir ýol ulgamyna bakan uzatdy.
– Ine, şol diýilýän täze ulanylmaga berilen demirýol!
Nurgeldi baş atdy. Dikuçar ýokary galyp baryşyna öwrüm berip başlady.
– Biziň gelmeli ýerimiz tamam boldy. Hana Amannazar, hanha-da Akina menzilleri. Şu ýerdenem gowy görnüp dur! – dilip dikuçara erk edip barýan Açyl aga aýtdy. – Indi yza gaýtmaly.
Nurgedi haýran galdy. Ol Owganystana demir ýol çekildi diýseler-de, edil munuň ýaly azap, harajat siňdirilendir öýtmeýärdi. Ol öňem Tejen, Sarahs – Maşat demir ýol ulgamynyň, Gazagystan, Türkmenistan, Eýran demir ýol ulgamynyň, Gyzylgaýa, Bereket, Etrek, Maşat demir ýol ulgamlarynyň gurluşygyna gatnaşyp görüpdi. Ol şonda Hormatly Prezidentimiziň hut özüniň alada edip, berk gözegçilikde saklaýany üçin bu demir ýol ulgamlarynyň juda berk, kämil gurulýandygyny görüpdi. Bu gün bolsa ol Atamyrat – Ymamnazar – Akina demir ýolunuň juda berk, synmaz, sarsmaz derejede, müň bir sany desganyň, köpriniň, beketlrň, ýaşaýyş jaýlarynyň, beýleki medeni-durmuş, ýaşaýyş desgalarynyň utgaşmagynda, şäher yzyna şäher bilen utgaşyp gidýärdi. Nurgeldi, bu zatlar barada oýlanyp-oýlanyp şeýle pikire geldi.
Hormatly Prezidentimiziň çuňňur paýhasy bilen Türkmenistanda demir ýol gurmak ulgamy şeýle bir ýokary derejelere ýetirildi. Bu ugurda beton demir ýol agylaryny ýasamakda, demir ýol ugurlaryny demir beton ýassyklaryna berkidilen görnüşünde taýýarlanylan ugurlary ýüzugra goýup gitmekde, ýol ugurlaryndaky köpürileri, geçelgeleri, owadan, häzirki zaman menzillerini gurmakda, şol menzilleriň töwereklerinde bagtly, gözel ýaşamak üçin ähli mümkinçilikleri bolan medeni- durmuş jaýlaryny berk, ygtybarly gurmakda, demir ýoly dolandyrmakde şele uly tejribeler toplanylyp, juda kuwwatly güýç, iň häzirki zaman tehnikasy, tejribeli işçileriň giden bir armyýasy döredildi. Indi Türkmen demirýolçulary diňe bir öz watanymyzda däl, tutuş dänýä ýurtlarynda-da, şäherlerinde-de, eger nebiti-gazy bolmadyk bolsa-da, diňe demir ýol gurmak bilen hem dünýäniň iň kuwwatly, iň baý ýurdy bolup bilerdi.
Onuň bu pikiri hälki bir çaklama däldi-de hakykatdy.
Nurgeldi yzyna gaýdyp gelýän dikuçardan Türkmenabat-Farap aralygynda gurulan polat sütünlerine basyrynyp oturan bu juda berk, kämil demir ýol hem-de ulag ýoly geçelgelerini indi telim gezek synlaý-synlaý bu pikiriniň arassa hakykatdygyny öz ýanyndan tassyklady. Onuň bu buýsançly kalbyba birden Akgözel, onuň edil bir käkiligiňki ýaly owadan kellesi, edil pisse ýaly dogaklary, tylla yýala ýaly goçak, owadan mähirli gözleri düşdi. Ýaş ýigit tä myhmanhana barýança bu şirin duýgulardan saplanyp bilmän, hyýalynda bu ezizden eziz gyz bilen gürleşip gitdi.
Ol mymanhana ýerleşip, bara-barmana Nowbigini açdy. Soň ýuwundy-da, kreslo geçip, bir salym oýa batyp oturdy.
Otaga onuň ýoldaşlay girdiler.
– Nurgeldi, ýöri aşak düşüp, restoranda garbanaly. Oglanlar eýýäm, aşakda, restoranda ugruna çykyp ýörler – diýip Juma onuň gününe goýman naharlanmaga yrdy. Nurgeldi naharlanyp, otagyna geldi-de, ýoldaşlary bilen çaýyň ugruna çykdy. Olar çaý içip otyrkalar onuň el telefony jyňňyrdady. Ol çaýly käsesini stoluň üstünde goýdy-da – Hä Akgözelmikä?! – diýip süýjülik bilen oýlandy-da telefonyň düwmejigini basdy. Telefondan Akgözeliň kümüş düwmejigiň sesi ýaljak sesi däl-de: – Alýo, Nurgeldi, men Sopy Garly-laý. Bölüm müdiriň. Meniň aýtjak zadym, neme-läý, makalalaryň ikisem gül ýaly, Un zawody nomere gidip dur. Ýag zawodyňam suratlary geldi, taýýarja dur, olam sekretariatda. Bizar etdiň-äý diýme, neme, maňa baş jaň etdi, düşündiňmi, baş diýdigim baş redaktor-daraý, ol diýdi, gyssagly tilpun ur diýdi. Saňa ýumuş, Türkmenabatdan göni, Ýolötene, Günorta Osman guýusyna git. Şol ýerde bir möhüm çäre-hä bar-öz-ä. Şondan gowja material alyp gel. Düşdüňmi, bor, sag bol!
Nurgeldi telefonyny ýapyp ýaňy ýerine geçende telefon ýene jyňňyrdady. Ol «Şul-a Akgözeldir!» diýip gyssagly oýlanyp telefonynyň düwmejigini basandan:
– Men-läý, eý, inijik, ýürege düşdäý diýäýmegin-ow, bormy, onda sag bol, hoş! – diýip telefony ýapdy. Ol özüne alada bilen garaşyp duran ýoldaşlaryna «Gyssagly Ýolötene gitmelidigini aýdyp, olar bilen hoşlaşanyndan soň, Notbugynyň başyna geçdi. Ol magntofonyny işleden badyna bar zat göz öňüne geldi. Ol başyny galdyrman «Dostlary dogan edýän köpüreler» diýip sözbaşy goýdy-da başyny galdyrman ýazyp başlady. Ol ýüzugra Hormatly Prezidentimiziň şeýle hem Özbegistanyň täze Prezidenti Şöwket Mirzäýewiň sözlän sözlerinden degerlije mysallar alyşdyrdy. Şeýdip bu köpürileriň gurulmagyndan simwoliki manylar çykaryp, iki halkyň dostukly tarynyndan, olaryň bu bagtly günlere şuglasyny salýandygy baradaky bagtly, buýsançly jümleler bilen makalasyny tamamlady. Soň ony gaýtadan dykgatlyja okap, timarlap, kesip-biçip, boldum etdi-de, Internetiň üsti bilen redaksyýanyň saýtyna oklap goýberip, işlerini boldum etdi-de, Akgözeliň telefonynyň nomerini aýlady.
Akgözeliň edil kümüş jaňjagazyň sesi ýaly ýakylly sesi «Alo!» diýen badyna Nurgeldiniň keýpi birden göterlip gitdi.
– Salam, Akgözel!
– Salam, Nurgeldi. Herne jaň edäýdiň, ejem ikimiz seni alada edip, jaň edeli, ýagdaýlaryňy soraly – diýip otyrdyk. Nähili ýagdaýlaryň oňatmy?! Bizem ejem bilen demir ýol menzilinde seni ýatlap otyrys.
Nurgeldi Akgözeliň bu sözüne güldi.
– Hä, näm güldüň? – diýip Akgözel geň sowaly berdi.
Nurgeldi, telefonyny gulagyna has golaý tutup:
– Akgözel! – diýdi. – Gülýänimiň sebäbi bar. Men ýaňy oglanlar bilen dikuçarda Atamyrat – Ymamnazar – Akina demir ýolunyň ütünden uçup, ol demir ýol menzillerini ýokarsyndan synladyk. Gülýänimiň sebäbi, men seni ýekeje salymam ýanymdan goýmadym. Men şol menzillere, şu günki çärelerem diňe, düşünýäňmi, diňe seniň bilen bileje aýlandym diýjek bolýan.
Akgözelem mylaýymja ýylgyrdy.
– Bolaýypdyr – diýdi.
* * *
Akgözel belli neýrohirurg Aman Annabaýewiň ýekeje gyzydy. Aman Annabaýewiň iki ogly bardy. Olaram bir wagtlar öýli-işikli bolup, hukuk goraýjy organlarda sag-aman işleşip ýördüler. Emma Akgözeliň bagty henize çenlem açylyp gidiberenokdy. Ony-da Aman aganyň aýaly Maýsa gelneje gyzynyň juda dannawçyllygyndan görýärdi.
Bu gyz bara oňa ker diýer, muňa kör diýer, ýene birine eýle diýer, başgasyna beýle diýer, şeýdip, «Dannan dal uçurar, iki gözi kör uçurar» diýenleri bolar». Öňküleriň, «Bilme-de, bileniňkä gitme-de» diýişleri ýaly, öz-ä bir hiç zat oňaranok, oňaranyňkynam edenok» diýip, joralarynyň, garyndaş-doganlarynyň «A gyz Maýsa, bu gyzyňy çykarman näme saklap otyrsyň?» diýip, osmakladyp soramasyna şol bir jogaby gaýtarýardy.
Maýsa gelnejäniň oňurgasynda bitişme bardy. Ol ömrüni dogmanyň üstünde geçirensoň, şu derde uçrap galypdy. Şonuň üçin adamsynyň maslahaty bilen Daşoguz welaýatynda täze gurulan ajaýyp sanitoriýa dynç almaga gelipdi. Bu sanitoriniň beýleki sanitorilerden esasy tapawutly ýeri, ýagny oňurgalarynyň biri-birine bitişen ýerleri bolup, oňa oňurgalaryňy suw arkaly, maşk arkaly, ýörite hünärmen lukmanlaryň gözegçiliginde çekdirýän ekenler. Ondan başga-da näsaglary lukmanlaryň, şepagat uýalarynyň mähribanlygy, eli juda süýji aşpezleriň bal ýaly tagamlary bilen, juda gowy, iň ýokary derejedäki hyzmatlar bilen bejerýän ekenler. Maýsa gelnejäniň bu sanitoride bir aladasyndan başga, ähli derdi dep bolan ýaly boldy. Ol gyzy Akgözeli ýanyna çagyrdy. – Gel, gyzym, şu ýer seniň göräýmeli ýeriň eken. Sen ýazyp-pozup ýören çag-a. Görersiň, ýazsaň ýazarsyň, ýazmasaň birkije gün ejeň bilen bileje dynj-a alarsyň – diýdi. Onuň gyzyny bu ýere çagyryp, onuň bilen belli-külli gepleşjekdi. Ol gyzyna aýtjak dözümlije sözlerini gep düwünçegine düwüp otyrdy.
Akgözel hem ejesiniň niýetini aňýardy. Ol şonuň üçin işinden gyssagly rugsat alyp, Daşoguzyň täze snitorisyndan makala ýazmaga hem-de ejesini görmäge sapara gaýdypdy.
Ol uçar menzilinde boýy boýuna, niýeti niýetine laýyk gelip duran garagözelek, gözlerinden nur çyrmynyp duran mähriban oglany görüp otlara düşdi oturyberdi. Ol tutuş ömründe beýle-beýle duýgulara baglanmandy. Onuň näzik gyz kalbynda päkize söýgi oýandy duruberdi. Oňa deň-duş joralary çyn söýginiň nähili bolýandygyny gürrüň bererdiler. Emma Akgözel orta mekdepde okady, Türkmen döwlet uniwesitetinde bäş ýyllap okady, inden üç-dört ýyl bäri «Bägül» žurnalynyň «Medeniýet» bölüminde müdir bolup işläp ýör. Ýöne ol heniz-ä joralarynyňa aýdyşlary ýaly diýseň keramatly duýga-ha duşmandy. Ýöne düýn Aşgabadyň uçar menzilinde onuň gyzlyk dünýäsini heniz ömründe bolmadyk bir täsin süýjülik onuň tutuş gyzlyk dünýäsini gaplap aldy. Ol ömründe görmedik-bilmedik süýji, ezizden näzik bir dünýä gaplanan ýaly boldy. Ol duýdansyz ýagdaýda pel-pelläp uçdy-da, garşysynda duran nuranadan asylly ýigidiň dünýäsine gonuberdi. Ol şol pursat gyzlyk ejabyny däl, utanjy-haýanam däl, tutuş özüni unutdy. Käte-käte özüne gelende näme diýip oturanyny, nirede duranyny aňşyrjak bolup azara galdy. Emma sähel pursatdan ýene-de özüni unuty. Ol diňe bir uçara münenini, birem uçardan düşenini aňşyryp bildi.
Akgözel ejesiniň ýanyna-ha bir özüni atdy. Ejesi onuň gelenine gaty begendi, onam bilýär. Ol çaýyň başynda ejesine özünde bolan bu täsin ýagdaýy utanman, uýalman gürrüň berdi.
Eje jan, ýekje sapar gördüm ony öňem hiç haçan görmändim. Ol nireli, kimleriň çagasy, nähili adam ony menden sorama. Ony aýdyp biljek däl, eje.
Maýsa daýza gyzyna näme diýjeginem, oňa käýejeginem, ýa bolýar, ýa ýok diýjeginem bilmedi. Öz ýanyndan «Bu zamanyň çagalary-da, indi muňa näme diýip, näme aýtjak?» diýip, müýnürgäpler oýlandy. Ahyram:
– Aý gyzym, ol oglan öýlenen dagy eden bolaýmasyn. Onam bilmediňmi?
– Maýsa özüni ele alyp bilmän oturyşyna:
– Ýok, eje, onam bilmedim. Men ony nireden bileýin, eje? Men onuň bilen gürleşibem bilmedim-ä – diýdi.
Eneli gyz bu gürrüňiň eýle tarapynda bardylar, beýle tarapyndan bardylar.Ýöne onuň hiç ugur-utgasyny tapmadylar. Ýöne günortanlyk naharyndan soň Maýsa gelneje bir gep tapdy.
– Sen ol oglanyň telefonyny bir aldyňmy? – diýdi. Akgözel huşy gaçan ýaly bolup oturyşyna «Aldym, bolmaly!» – diýip goýberdi.
Ejeli-gyzyň ol oglany görmek meýli birleşdi. Olar ahyry «Şu gün Andalyp adyndaky teatrda spektakl bolmaly. Ol oglanam alyp şol teatrda ýediniň ýarynda duşuşmaly» – diýen karara geldiler.
Maýsa gaty tolgunýardy. Onuň myssyjak eliniň ýüpek seçek ýalyjak barmaklary titr edýärdi. Ol myhmanhana her näçe jaň etse-de, aňyrdan trubkany göterip, jogap beren bolmady. Ahyry ol ol oglanyň el telefonynyň belgisini tapdy.
Jaň etdi. «Nurgeldi!» diýdi. Bu men Akgözel – diýdi. – Soň öz matlamyny aýtdy. Herne, şol wagt onuň ýanynda ejesiniň bolmanam bir gowy boldy. Bu gyzyň gaýa ýok, gopuz ýok ýerden beýle bir elden – aýakdan düşmesini ejesi gören bolsa dagy, şonda näme diýerdi. Ýöne Akgözeliň lapy keç boldy.
– Asyl, ol Daşoguzda dälem eken-ä, eje! – diýip, Akgözel özbaşyna hümürdedi. – Ol gyssagly ýumuş bilen Lebaba, Türkmenabat şäherine gidipdir-ä. Indi näderis, eje?!
Bu habara Maýsa gelneje darykmady.
– Gitse, bähbit bolsun, herne. Taňrynyň gününiň ahyry däl. Hany, birazajyk sabyr edeliň-ä. Ýöne indi ikimiz demir ýol menziline baryp, ýol petegini alyp, öýmüze gaýtmaň aladasyny edeliň...
Akgözel ejesi bilen razylaşdy. Ol ejesi ýol şaýyny tutýança, bu sanitoriniň ýolbaşçylary bilen gürleşdi. Olardan bu sanitorinyň beýleki sanitorilerden ara tapawudyny anyklady. Bu sanitori haçan ulanylmaga berlip, onuň ulanylyşa berileni bäri näçe raýatyň bu ýerde şypa alandygynyň hasabyny aldy. Dynç alýanlara şypa edilýän otaglara baryp, lukmanlar, şepagat uýalary, aşpezler we beýleki zerur hasap eden işgärler bilen gürrüňdeş boldy. Sanitoriniň işini has gowulandyrmak üçin nähili çäreler görülse gowy boljakdygyny soraşdyrdy. Soňra bu ýerde dynç alyp ýören gojalar, köp çagaly aýallar, gelin-gyzlar bilen gürrüňdeş bolup, olaryň minnetdarlygyny we isleglerini ýazyp aldy.
Ol bu sanitorilyk işini bir ýüzli edip gelende ejesi Maýsa gelneje goşlaryny düwüp,taýýar bolup otyrdy. Olar maşyn tutup demir ýol menziline gelip, otla mündiler. Otly ugran badyna Maýsa gelne çaý diýse-de, onuň bar aladasy gyzydy. Ol Akgözeliň halan ýigidi barada içginden anygrak maglumatlar bilesi gelýärdi.
– Gyzym, sen bir zat tapdyň-da, meniň ýüregimi gul-gula saldyň goýaýdyň. Hany ol gören ýigidiň barada maňa ýene bir ýeri-ýatagy bilen gürrüň ber hany?! Onuň nähili ýigitdgini, şunça ýaşapsyň, heý çeni-çaky bilen bolsa-da bir zatlar aňansyň-a.
Akgözel ejesine ýalan sözläp biljek däldi. Ol uçar menzilindäki pikir- duýgularyny bolsa ulygyz gursagyna mäkäm kebşirlä goýupdy. Şonuň üçin ol ejesiniň ýüzüne aladaly garady.
– Eje jan, men saňa ol oglan barada näme diýeýin. Onuň görk-görmeg-ä, bir gyz halar eken. Soň men ol oglanda bir ruhy danalyk gördüm. Meni bendi eden zat onuň juda parasatlylygy hem-de asyllydan salyhatlylygy boldy. Ol oglan meniň halys naçarlap, ejizlik bilen gep uruşymam, özümi ele alyp bilmän aljyrap duruşyman görüp, duýup durka-da menden ýüz öwrübem gidibermedi, ýa bolmasa keliç-külüç gep uran bolup, dilini ondak-mundak urup durmady. Men şundan başga saňa näme adaýyn. Aşgabada bararyn, onuň bilen telefonda gepleşerin, şonda seniň gowja anykla diýenleriňem anyklaryn...
Eneli-gyz gijäniň bir wagtyna çenli şol bir gürrüňi hetjikleý-hetjikleý, ahyry ýerlerine geçip düşeklerine girdiler. Daşarda bolsa otlynyň çyralarynyň ýalkymyna Garagumuň günuzyn ot-ýalyn öwsen gum depeleri bahar aýynyň salkyn demine toýdan gaýdan ýaş gelinler ýaly bolup, sülmüreşip otyrdylar.
Bu wagt köňlünde Akmaralyň pikir-hyýallary pasyrdap duran Nurgeldi Marynyň uçar menzilinde Ýolötene aşmagyň aladasy bilen meşgul bolup ýördi. Ol uçardan düşüp, menzilden çykan ýerinde «Nirä gitjek-de nirä gitjek? bolşup duran ulagly adamlaryň ýüzünde ýagşylyk yşnygy mese-mälim görnüp duran orta ýaşlaryndaky adamyň sowalyna « – Ýolötene äkidermisiň?!» diýip ýüzlendi.
– Hä, özüm Ýolötenden äkidip bilerin. – diýdi. – Hany, ýörüň.
Olar tirkeşip ýaşulynyň ulagynyň ýanyna bardylar.
– Goşuň-golamyň ýokmydy?
– Ýok.
Olar uçar menzilinden günortalygyna tarap sürüp ugradylar. Ýaşuly gürrüňçil eken. Ol ilki özüni tanatdy. – Maňa Arnageldi dymma diýýändirler. Ýolötende, Pendide, Tagtabazatda, Guşgyda Arnageldi dymma diýseň tanamajak bolmaz. – Ol soň tä Ýolötene çenli Nurgeldini süýjije söhbetdeşlik bilen güýmäp gitdi.
– Aý, biz-how, etdil hazynanyň üstünde oturan bolsak näme? Aýtmaýalarmy, Ýolötende Jopbam baý diýip biri bolupdyr – diýip. Ýaňky Jopbam akga baýlygyny jemleýä welin, syrram, edil bir torba bolup durmyş. Olam bir torba tyllany nirede goýjaklaryny bilmän dumyşlar. Onsoň, inim, bular ýaşaýan öýleriniň bosagasynda gömmeli edýärler. Aý, näme, gözüň alynda, giren-çykan belli bolup dur diýýäni. Onsoň bu waka gije ynsyň-jynsyň, itiň-guşuň uka gidip, diňe bir Hakyň perişdeleriniň «omyn» diýip duran wagty bolup geçýär. Är aýal ýatýarlar, turýarlar, namaz parzlaryny ýaňy tamamlap, öňlerine nan, çaý alanlarynda Welsähet diýen bir çoluklary bar eken. Ol «Essalowmaleýkim, Jopbam akgam jan!» diýip işikden girmezmi. Ol bedibagtam Jopbam akgasynyň turap zakguna dönen ýüzüni görüp, içeri giren ýerinde, bosaganyň agzynda özüni ýere goýberip, ýöne çökäýipdir. Özem demi-demine sygman:
– Jopbam akgam, sen gyzyň Akbikäni maňa bermeseň bolmyýa. Ol maňa jutda pary durar. Tap men Akbikäni almysam bolmaý durar! – diýip samahullap durmuş. Bu çolugyň agzyndan çykýan sözleri Jopbam akgam eşidip, myrryhy has atlanan. Ol öňem terzi halys üýtgäp giden gotrawsy ýüzüni eňşidip bir aýalynyň ýüzüne birem bu bidöwlet çolugyň ýüzüne garadyp, görse bu çoluk hakgyt hälki bosaga gömülen tyllaly torbanyň üstünde otyrmyş. Jopbam akgam:
– Kesä çekil-eýt, çolluk – diýip, jynssyz gygyrypdyr. Çolugam gyra çekilip, birden, der basan ýüzüni kirjimek, äpet aýasy bilen çalyp, gyra çekilme bilen, Jopban akgamyň aýagyna ýykylypdyr.
– Jopban akgam jan, bir çemçe ganymy geçeweri, şeýtan agzyma salyp, diýmejek zadymy diýdirip baty. Günämi geçeweri diýip, ak öýden zymdyrylyp çykyp gidipdir – diýilan bir gürrüň bar. Ine, şonuň üçin, Ýolöteniň ili agzyny ondak- mundak uruberse, gaty görmäňler, gaty göräýmäňler. Ol olaryň adamkärçilik edebimiň pesliginden däl-de, olaryň ömür boýy aňyrsy-bärisi ýok uly hazynanyň üstünde ýaşap ýörenligi üçindir...
Arnageldi aga Nurgeldä öýüne myhman bolmagy mürehet etdi. Emma ýaş ýigidiň göwni bu gün bütin dünýä ýaň salan beýik gurluşygyň demini duýup, onuň gudratly howasyndan dem almaga telwas edýärdi. Onuň üçin ol:
– Sag bol, agam – diýip Arnageldi aga bilen hasaplaşyp, uly ýola bakan ugrady.
Ol bäş-on ädim ädip ätmänkä yzyndan ulag ýetdi. Kabina açylyp, Arnageldi aganyň sese eşidildi.
– Gel-ä, oň ýaly bolsa, men Mary ýaly ýerden seni bu ýere alyp geldim. Gel-äýt, indi işi çig etmaly. Mün ulaga.
Nurgeldi ulaga mündi. Günorta gaz ýatagy Saragsdan beýle bir uzagam däl eken. Olar täzeje asfaltlanan tekiz ýol bilen hä diýmän Günorta Osman gaz ýatagyna baryp ýetdiler. Günorta Osman-Bagtyýarlyk gaz ýatagy tutuş durky bilen nurly şugla çümüp otyrdy. Bu ýere gije diýer ýaly däldi. Hol al-asmanda gaz bilen kebşirleýjileriň kebşir enjamlaryndan pürkülip duran ot seçmejikleri lowurdaşyp hem-ä daş-töwerege çabyraýardy, hemem tutuş çölüň industriýasyny gündizlige öwrüp goýberýärdi. Daş-töwerek birden-hä imisalalyk bolup, birden-birdenem her ýerden, her ýerden hümürdiler çykyp, giden çöli ynsanlaşdyrýardy.
Arnageldi aga ulagyndan düşüp bu äpet gurluşygyň demine diň salyp durdy-da, birdenem:
– Ýöri. Bu gurluşygyň hojaýynyny tapaly – diýip, Nurgeldiniň bagtýar ýüzüne garady.
Olar tirkeşip, bir gyrarakda ak nura çümüp oturan owadan bina garşy ýörediler. Olar işikden girenlerinden, berdaşly öz-ä ýüzi bir tanyş öz-ä diýilýän ýigit mylakatly garşy aldy
– Size ýolbaşçylar gerekdir. Häzir bizde häli, öýländen bäri ýygnak gidip dur. Hytaý halk respublikasyndan işewür myhmanlar geldiler, şol hem-de soňky üç aýyň jemi jemlenilýär. – diýdi. Olar bu ýigidiň maslahaty bilen bir burçaky oturgyçlara geçip, garaşmaga başladylar.
Nurgeldi kreslo çümen badyna oýa batyp galdy. Ol Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň bu günki beýik ösüşleri barada, onuň bu gün ýeten beýik derjeleri barada oýlanyp-oýlanyp ahyry öz ýanyndan şeýle netijä gelipdi. Türkmenistanyň Hormatly Prezidenti Gurbahguly Berdimuhamedow sözüň doly manysyndaky akyldar. Onuň akyldarlyk taglymatyny düýnä döwlet gurmak we ony parasatlylyk bilen, başga birine meňzemän alyp barýan akyldarlyk taglymatlary düzýär! Hormatly Gurbanguly Berdimuhamedowyň birinji akyldarlyk taglymaty: Türkmenistan döwletini parahatçylyk, bolçulyk, halk razylygy we makullamasy esasynda dünýä döwletlerini haýran galdyryp dolandyrmasynda. Hormatly Prezidentimiziň Ikinji akyldarlyk taglymaty, akyldarlyk paýhas-parasady bilen XXI asyryň beýik gudraty bolmak bilen aklyňy haýran galdyrýan, diňe bir özünde, daşary ýurtly erkin hünärmenleriň kesgitlän bahasyna laýyklykda 26 trilion 2 milliard, 2 million kub metr gaz goruny özünde jemleýän Ýolöten, Günorta Osman – «Galkynyş» gaz ýatagynyň açylmagynyny batyrgaýlyk we gaýduwsyzlyk bilen guramagydyr!
Hormatly Prezidentimiziň beýik akyldarlyk batyrgaýlygy – Asyryň taýsyz hazynasyny, «Asyryň gurluşygy» adyny alan, başlangyjyny Lebap welaýatynyň Hojambaz etrabynyň «Ýaşyl depe», «Bagtyýarlyk» gaz käninden baş alýan, uzynlygy 8 müň kilometrden hem geçýän Türkmenistan-Hytaý gaz geçirijisini gurmagydyr!
Hormatly Prezidentimiziň akyldarlyk ulgamynyň üçünji belntligi – dünýäniň syýahatçylyk-şypahanalyk ulgamlaryny haýran galdyrýan asyryň göwheri bolup duran, özünde dünýä derejesindäki iň ýokary rahatlyk mümkinçilikleriniň ählisi döredilen, otelleriň,şypahanalaryň, dynç alyş ulgamlarynyň onlarçasyny, elektrik, suw süýjediji beketleri, beýleki desgalaryň giden toplumlaryny özünde birleşdirýän Awaza milli syýahatçylyk zolagyny gurmagy we halkyň hyzmatyna bermegidir
Şeýle hem Türkmeenistan, Owganystan, Päkistan, Hindistan gaz geçirijisiniň taslamasy, Gazagystan, Türkmenistan, Eýran, Yslam, Respublikasy aralygyndaky, Gyzylgaýa, Bereket, Etrek, Eýran demir ýol ulgamlaryny gurdurmagy we ulanyşa bermegi – diýip pikir etdi. Ol Hormatly Prezidentimiziň bu beýik çözgütleriniň aslynda beýik raýatlyk batyrgaýlyklary bilen akyldarlyk çözgütleriniň bitewileşmagini görýärdi. Ine, ol bu gün bolsa Şol beýik akyldarlyk çözgütleriniň dünýäniň aklyny haýran galdyrýan bir beýikmenzilinde daş-töwereginde, alnyp barylýan beýik işlere höwes bilen syn edip otyrdy.
Bu ýygnak – maslahat uzaga çekdi. Ýöne bu beýik gurluşygyň ýolbaşçysy Ýagmyr Ýamadowa Aşgabatdan iş sapary – ýörite tabşyryk bilen habarçylaryň gelip, garaşyp oturandygyny habar beripdirler.
Ýagmyr Ýamadowyç maslahatda arakesme mahaly, gelip Nurgeldi bilen salamlaşyp, ertir irden görüşmegi maslahatlaşyp, onuň rahat ýerleşmegi barada degerli adamlara tabşyryklar berip gidipdi.
Nurgeldi Arnaöwez agany minnetdarlyk bilen, razy edip ýola salyp, berlen otagynda ýerleşdi. Oňa çaý, nahar hödür etdiler. Ol duşa düşüp, garbanyp düşegine geçip-geçmänkä, el telefony jyrlap başlady.
Nurgeldi telefonynyň düwmejigini basyp, ony gulagyna tutdy.
– Alo!
– Salam Nurgeldi, bu men Akgözel! Sen nirede bolsaňam yzyňdan ýetip tapaýýanmy? Ýüregiňe-ä düşýän däldirindä, herne! – Gyz dymdy.
Nurgeldi sözlemek gezegini aldy.
– Ýok-la! Şu wagt ýerleşip, elim boşansoň, özüm jaň edip, halyňdan habar alaýyn diýip oýlanyp otyrdym. Nähili, ejeň? Oňat dynç alýarmy? Sen aljak diýen maglumatlaryňy alyp bildiňmi? Sen häzir nirede?
Akgözeliň telefony öçdi. Nurgeldi ýerine geçip, ýaňy irkilende telefon ýene-de jyrlady.
Nurgeldi ukusyndan açylyp telefonyny eline aldy.
– Men-le, Akgözel! Şu ýerlerde telefon tutman galyberdi. Bagyşla. Saňa azar bermejegem bolýan welin. Ýene alada edersiň diýdim. Neme, bir zat sorajakdym, men bu makalamyň sözbaşysyny «Dertlileriň dermany-şypahana!» diýsem gowy bolarmy, ýa-da «Lukman Hekimiň şägirtleri» diýsem gowy bolarmy. Bir maslahat beräýseň. Nurgeldi az-kem oýa batdy. Soň birden aňy açylyp gürläp başlady.
– Akgözel, men-ä senden maslahat alaýyn – diýip tolgunyp otyryn, sen bolsaň meniň ýaly bialaçdan maslahat soraýaňmy?
Akgözel ýumşajyk güldi.
– Beý diýme, Nurgeldi, Sen meniň bilýän Nurgeldim boljak bolsaň, ýöne möne Nurgeldi bolmaly däl. Biziň ýalylara halypalyga ýetiberen Nurgeldi bolmaly.
– Nurgeldi güldi.
– Bäh, çynyňmy?!
– Gara çynym!
– Onda ýaz.
– «Dertlere şypa gözleýän lukmanlar!»
Akgözeliň sesi dabaraly çykdy.
– Sag bol, tüýs şaplaşdy duruberdi.
Gürrüňiň arasynda Akgözeliň sözi syrlyja, pikirlije eşidildi.
– Nurgeldi özüň-ä bir tanyş, hem nätanyş bir gowy oglan. Sen maňa özüň barada gürrüň bersen-e!
Nurgeldiniň özem bu gözelden mähribanja gyza özüni tanadasy, onuň özi barada içginräk bilesi gelýärdi. Sebäbi bu gyz ýaş ýigitde çynlakaý söýgi duýgularyny döredip barýardy. Ýöne ol ol gözel pursady, Aşgabadyň syrdan doly, jadyly, owadan agşamlaryna galdyrasy gelýärdi.Aşgabadyň dünýädäki başga bir şähere meňzemeýän mermer serpaýly, tylla çüwdürimleri baryp Aý degip gaýdýan, her bulwaryndan, her bir bagy bosanyndan müň gülüň ysy kükäp duran owadan gijeleriniň eşretli gujagynda söwer ýaryň bilen ýanba-ýan oturmagyň özem bir şirin ömür ahyryn.Emma onuňky «gyz gerege, tiz gerek» bolup barýar. Ol «Nesip bolsa, eziz Aşgabadymyň gujagynda-da syrlaşyp otyrarys!» – diýip gysgajyk oýlandy.
– Men näme, Akgözel, Aşgabatda doglan. 14-nji mekdepde onýyllygy tamamladym. Kakam Aşneftemaş zawodynyň işisi. Ejem wraç. Men biriniň ýeke ogly. Uniwersitetiň Dil-edebiýat fakultetini tamamlap, häzirki işleýän gazetimiň redaksiýasyna işe bardym. Işläp ýörün. Indi diýýän gyzyma saňa duşdum. Eger ylalaşsaň durmuş barada, toý barada oýlanybermeli.Ýöne sen razy bolsaň. Ýöne.. Ýöne seniň ýaly gowy gyzyň hyrydary köp bolýandyr. Onam bilýän. Şonda-da...
Akgözel aladalyja dem aldy.
– Sen-ä oňardyň oturyberdiň, Nurgeldi. Dünýe meniň ýaly gowy gyzdan dolup ýatandyr-la. Seniňki ýöne «hem tanyşlyk, hem gudaçylyk» diýenleri boldy duruberdi. Men tanyşaly diýsem, sen maňa söýgi habaryňy aýdyberdiň-le. Biz ýekeje sapar görüşdig-ä!? Bu söýgi, durmuş üçin juda az bolýar, Nurgeldi!
Nurgeldi dymdy.
– Akgözel, men saňa seni söýýänimi, seniň ýaly mähriban gyzy ilkinji gezek görýänimi aýtdym. Indi jogap senden. Galan ýagdaýlaram Aşgabada baranymda gürleşeris. Öýde-de, iýýänimiň igenç bilen zeýrençdiginem aýdaýyn. «Öýlen! Öýlen! Öýlen!» sözi henizem gulagymda ýaňlanyp dur. Men saňa duşmasam, seni görmesem, onsoň nädip öýleneýin. Ine, indi seni tapdym, saňa sataşdym, saňa öz pynhan duýgymy aýtdym. Indi başga gürrüň...
– Akgözeliň telefony kesildi. Nurgeldi her näçe çytyraşsa-da Akgözeli alyp bilmedi. Ol süýji düýşleriň dünýäsine beslenip galdy.
– Irden ol otagda nätanyş guşlaryň saýraýşy ýaly sese oýandy. Gözüni açyp garasa beýleki krowatlarda iki sany del ýurtly öz dillerinde gürleşip otyrdy. Olar soňa bakan rus dilinde gürleşip ugradylar. Olaryň biriniň ady Kan bolara çemeli. Ol ýoldaşyna Huw Ha diýip ýüzlendi:
– Kaýn, sen bir zady bilip goý, biz dünýäniň erkin ekspertleri bolsagam bu günorta Ýolöten – «Bagtyýarlyk» gaz ýatagyna 26 trilion 2 milliard, 2 million kub metr gaz bar diýip baha kessegem, bu biziň bu ýatagyň ähli gaz hazynasyny hasapladyk diýdigimiz däl. Biz diňe üstki we orta gaz ýataklaryny şunça diýip kesgitledik. Ýöne bu gaz ýatagynyň düýbünde näçe trilion gaz baryna akyl ýetirmek kyn. Häzir Çyna akýan gaz bu hasaba girenok. Ol bu ýatagyň gapdalyndaky ýataklaryň hasabyna akdyrylýar.
– Hawa – diýip Kuw Ha – aýtdy – Maslahatda men aýtdym-a: Türkmenistanyň bu «Bagtyýarlyk» gaz känine dünýäniň ähli gaz derýalary akyp gelip, ýygnanýar. Bu gaz käni näçe aldygyň-ça, barha artmak bilen bolar. Türkmenistanyň Prezidenti bu gaz ýatagyny açyp, Çine gaz prowodlaryny çekmek bilen şeýle uly açyşlar edipdi. Diňe şu ýatagy açany, ulanyşa bereni üçinem oňa, dünýäniň iň uly baýragyny bermek bolar.
– Sen Kuw Ha şuny öten agşamky maslahatda aýdanyňda, menem diňläp, «Gaty dogry aýdýar» diýip makulladym. Sag bol!
Sähel salymdan myhmanlaryň yzyndan bu beýik gurluşygyň baş ýolbaşçysy, Ýagmyr Ýamadow hem salykatlylyk bilen otaga girdi. Ol Nurgeldä garap:
– Nurgeldi Meredowiç, men sizem, myhmanlaram bir käse çaýa çagyrmaga ýörite geldim. – diýip, görmegeýden peşeneli ýüzüni güldürdi. – Hany, turalyň onda. Myhmanlar häzir ugramalydyr!
Nurgeldi gaty tiz turup, ýuwunyp, myhmanlar turýança, taýýar boldy. Olar Ýagmyr Ýamadowyň iş otagynda ertirlik edindiler. Ertirlik mahaly bu beýik gurluşygyň baş ýolbaşçysy Nurgeldini «Galkynyş» gaz käninde alnyp barylýan işler bilen birin-birin tanyşdyrdy.
– Hormatly Prezidentimziň talaby bilen dünýäniň erkin ekspertleri gaýtadan çagyrylyp, bu gaz ýatagynyň möçberleri gaýtadan kesgitlendi. Netije, haýran hagaldyryjy. Öňki möçberlerden hem ýokary. Şonda-da, öňki «Günorta Osman-Ýolöten – «Bagtyýarlyk» gaz ýatagynda 26 trilion 2 milliard, 2 million kub metr gaz gory bar!» diýlen netijede durmaly edildi. Onuň möçberiniň barha köpelýändigi doly ykrar edildi. Häzirki wagtda «Bagtyýarlyk» Gaz ýatagynda gazy kükürtden arassalamak, arassa görnüşinde satmak üçin akdyrmaga doly taýýarlamagyň binalaşdyrylyşynyň birinji tapgyry doly gutaryş ýagdaýnda. Bu tapgyrdan soň, ikinji tapgyra geçmek üçin, ähli taýýarlyk işleri görüldi. Şu gün sagat dörtde Awaza milli syýahatçylyk zolagynda Türkmen gazynyň ikinji tapgyryny Hytaý Halk Respublikasyna ibermegiň, Türkmenistan, Owganystan, Päkistan, Hindistan gaz prowodynda innowasyýa täzeçilligini ornaşdyrmagyň oňaýly ýagdaýlary» – diýen halkara maslahaty geçýär. Biz, myhmanlar bilen şol maslahata uçmaly – diýdi. Nurgeldi daň säherden bäri uly joşgun bilen alnyp barylýän bu beýik gurluşyga buýsanç bilen aýlanyp, uçastok proraplarynyň ikisinden, gurluşygyň baş inženerinden, birki sany brigadirden, kebşirleýjiden maglumat alyp, bolýan otagyna ýaňy gelip, heniz eşiklerinem çykaryp ýetimänkä, el telefony jyrlady. Nurgeldi el telefonynyň düwmesini basyp gulagyna tutdy.
– Alo!
– Alo, Nurgeldi, waleýkim. Men Garly-laý redaksiýadan, ýaňy baş jaň etdi, maňa. Aýtdy. Nurgeldini gaty çalt tap-da aýt, şu gün sagar üçde Awazada, «Türkmen gazynyň ikinji tapgyryny Hytaý Halk Respublikasyna ibermegiň, Türkmenistan, Owganystan, Päkistan, Hindistan gaz prowodynyň gurluşygynda innowasyýa täzeçilligini ornaşdyrmagyň oňaýly ýagdaýlary» – diýen halkara maslahaty başlanýar. Şoňa ýetişip barsynam, gowja makalany ertirki nomere taýýarlasynam diýdi. Hawa, hut başyň özi şeý diýdi. Düşnüklimi?!
– Düşnükli. Bolýar, sag bol. Ol telefonyny öçürip, Ýagmyr Ýamadowiçyň gözlegine çykdy.
* * *
Nurgeldi sagat ikilerde Türkmenbaşynyň uçar menzilinde uçardan düşüp, Awazanyň keramatly eşretlerden doly gujagynda, bu görýän gözelliklerine haýran galyp, aýlanyp ýördi. Ol öz ýanyndan: «Her näçe gowy-gözel diýip eşideniňden bir sapar göreniň gowy eken» diýip oýlandy. «Asyl Awazadaky gurulýan bu ajaýyp jenneti mülki, owadan-owadan köşgi-eýwanlary, myhnanhanalary, şypahanalary, beýikden-beýik, gözelden-gözel binalary, seýil baglaryny suw çüwdürimlerini nädip, kim gürrüň berip biljek. Ýok, ýok, Awaza gözelligini diňe köňlüň, bagryň, iň duýgur duýgylaryň gözi bilen görmek gerek. Ine, şonda Hormatly Prezidentimiziň beýik akyldarlygynyň şirin nygmatyna düşünip bolar.
Ol gül satyp oturan gelinden bir owadan çemen satyn aldy.
– Bu gözel mekanda eliň gülsüz gezip bolmaz-a!
– Ol Halkara maslahatynyň geçýän owadan köşgüne bakan assaja ýöräp gaýtdy. Ýaş ýigidiň häzirki ersgin duýgulary: «Eliňe al, el telefonyňy, Akgözel bilen gürleşip, onuň bilen begenjiňi paýlaş!» diýýän ýalydy. Ol gül çemenini çep eline geçirip, sag eli bilen el telefonyny aljak bolanda gapdaldan «Nur-gel-di!» diýen mylaýym gyz sesine başyny galdyrdy.
Ol özüne tarap ýylgyrjyklap gelýän owadan gyzy görüp, öz gözlerine ynanmajak boldy.
– Akgözel! Senmi!
– Hawa, Nurgeldi, tanamajak bolduňmy?! Akgözel gökden ýere düşen päkize perizat ýaly bolup, ýylgyryp gelşine, Nurgeldiniň gül-çemenli elinden mähir bilen tutdy.
– Salam!
– Salam! Senem geldiňmi, Akgözel!?
– Menem gyssagly Halkara maslahatyna gitmeli – diýip, sapara iberdiler.
Gyz daş-töweregine begenç, buýsanç bilen garap baryşyna, ýylgyryp:
– Görsene, Nurgeldi, Bahar günleri, ajaýyp Awaza, ikimiziň bu gözel ýerde duşuşmagymyz – bular durşuna bir keramatly şatlyg-a. Bu şatlyk, bu begenç, bu beýik buýsanç bir güne sygmaýar, Nurgeldi! – diýdi.
Nurgeldi Akgözeliň şeýle owadan nurly şugla beslenip duran didaryna garap, başyny haýran galma bilen ýaýkady.
– Hawa, eziz Akgözel bu şatlyk, bu begenç, bu buýsanç bir güne, bir aýa, bir ýyla-ha däl, asyra-da sygmaýar! – diýdi-de, saklanyp bilmän, baryp Akgözeli mähir bilen gujaklap, owadan ter çemenini gyzyň näzik ellerine gowşurdy.
Öwezdurdy NEPESOW.
Hekaýalar