17:13 Bize sazlaşykly we bagtly ýaşamaga päsgel berýän endikler | |
Bize sazlaşykly we bagtly ýaşamaga päsgel berýän 30 endik:
Psihologiýa
1. Özüňe ýaramaýan zatlara çydamak; 2. Öz-özüň däl-de kimdir başga birine meňzäp, şol boljak bolmak; 3. Özüňe baha bermek ukybyňy ýok edýän adamlar bilen gatnaşyk saklamak; 4. Başgalaryň aýdýan zatlary barada oýlanmak; 5. Hemme zady öz gözegçiligiňde saklamaga çalyşmak; 6. Akymyň ugruna görä ýüzmek we özüňe iň pes garşylyk emele geljek ýoly saýlamak; 7. Öz pikirleriňi we nukdaýnazaryňy içiňden çykarman saklamak; 8. Bagty satyn almaga çytraşmak; 9. Ýalňyşmakdan gorkmak; 10. Özüň hakda pikir etmän, diňe başgalar hakda oýlanmak; 11. Hemmelere ýaranjak bolmak; 12. Ýakynlaryňy we ataň-eneňi ýatdan çykarmak; 13. Öz boş wagtyň hemmesini dört diwaryň arasynda geçirmek; 14. Elmydama howlugmak; 15. Öz-özüňi ýazgarmak; 16. “Men başaramok” diýmek we özüňi diňe şowsuzlyga taýýarlamak; 17. Özüňi başgalar bilen deňeşdirmek; 18. Diňe geçmişiňi seljerip, ökünip ýörmek; 19. Diňe geljegiň barada pikirlenip ýörmek; 20. Durmuşyňdan zeýrenmek we öz-özüňe nebsiň agyrmak; 21. Öýke-kinäňi özüňde saklap ýörmek; 22. Gerek däl zatlary satyn almak we saklap ýörmek; 23. Hemme zady özbaşdak etmäge çalyşmak; 24. Kämil bolmaga dyrjaşmak; 25. Jogapkärçiligi başgalaryň üstüne atmak; 26. Göriplik etmek; 27. Mydama gaşyňy çytyp ýörmek; 28. Hemmeler bilen basdaşlyk edip ýörmek; 29. Hemmeler üçin hemme zat bolmaga dyrjaşmak; 30. Gadyrbilmez bolmak. Ine, şu endiklerden dynmasa, adamlaryň bagtly ýaşap we şahsyýet hökmünde ösüp bilmejekdigini käbir hünärmenler nygtaýarlar. Çeşmesi: http://fit4brain.com/3795 | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |