05:01 Çäre görüldi / satiriki hekaýa | |
ÇÄRE GÖRÜLDI
Satiriki hekaýalar
Şäher teatrynyñ baş režissýory Şöhrat Şyhyýewiç gahar bilen gapyny ýapdy-da, ýerine geçip oturdy. - Içigar galmyş, ýene-de gazete urupdyrlar. Görýän welin, gazetçileriñ bizden başga işi gutarypdyr öýdýän - diýip, ol ähli günä elindäki gazetde ýaly, ony eliniñ tersi bilen bir gapdala dazyrdadyp zyñyp goýberdi. Gazet gaýyp ýere gaçdy. Ol ony galdyrjagam bolmady. Iki elini eñegine diräp, açyk duran penjireden uzaklara seretdi. Bu ýagdaýdan çykalga tapmak üçin näme etmelidigi barada oýlandy. Tomaşaçylar bilen ýeterlik iş geçirilmeýämişin! Biz näme olary elinden tutup süýräp getirmelimi. Ýok, adamlaryñ özüniñ känbir teatr sungatyna ysnyşaslary gelenok. Men pylan edaranyñ ýolbaşçysydyryn diýen bolup döşüne kakyp gomparylyp ýören käbir adamlaeyñ ýakasyndan tutup: "Iñ soñky gezek haçan teatrda bolduñyz we haýsy oýna tomaşa etdiñiz?!" diýip sorasañ aýtmaga söz tapman ýuwudynar durarlar. Onsoñ olañ beýlekisinden näme tama etjek. Ýöne gowusy redaktoryñ tanşyny tapmaly, şular ýaly tankydy materialy gazetde bermejek boluñ diýip haýyş etmeli... Yzyndan ýagy gelýän ýaly, kürsäp kabinete giren adminstrator baş režissýoryñ edip oturan pikiriniñ arasyny böldi. - Şöhrat Şyhyýewiç, bu günki spektaklymyzy ýatyraýsak näderkä? Bary-ýogy on sanjak bilet satylypdyr. Hä, nähili görýäñiz? - diýip, ol ardynjyrady. Öñem gaharyny kimden çykarjagyny bilmän, ýel berlen sanaç ýaly çişip oturan baş režissýor stoly ýumruklap ýerinden turdy. Ýuwañ seçegi ýaly seçelenip duran saçyny ýangynlylyk bilen mynçgalady. - Ho ýerde ýatan gazeti al-da, oka, näme etmelidigini onsoñ özüñ bilersiñ - diýip, Şöhrat Şyhyýewiç çommalyp duran barmagyny adminstratoryñ gözüne dürtäýjek boldy. Nämäñ-nämedigini çalarak añan Italmaz Şöhrat Şyhyýewiç bilen kesekleşmek isledi. Ol mönsürän bolup: - Näme, öwüpdirlermi, başlyk? - diýip, gazeti almak üçin aşak egildi. Baş režissýor elini arkasyna tutup, ikiýana gezmeläp ýörşüne gahar bilen gygyrdy. - Hawa, öwüpdirler. Baýram-zadam berläýmegi mümkin, telpegiñi göge zyñ. Haý, berebekgeý, tomaşaçy toplaýşyñ şu bolsa öwerlermi? Döwüpdirler! Italmaz edil göwni bir ýaly, alñasaman gazeti eýläk-beýläk agdaryşdyrdy-da, onuñ iñ soñky sahypasyndaky "Halyñ niçik, teatr!" diýen feletony tapdy. - Be, ýene-de bizi ýepbekläpdirler-ow. Nätmeli borka?! - diýip ol birhaýukdan soñ seslendi. Olar gyssagly görnüşde teatryñ çeperçilik sowetiniñ maslahatyny çagyrmaly diýen netijä geldiler. Şol günüñ ertesi irden teatryñ baş režissýorynyñ kabinetine çagyrylan adamlaryñ hemmesi ýygnandy. Şöhrat Şyhyýewiç osmakladyp oturmady. - Ýoldaşlar, direktorymyz ýok diýip şama-şaýyrda ýol bermeli däl. Wagty gelse, o-da bolar, keramatly ýerler boş bolýan däldir, bilip goýuñ. Häzir gürrüñ başga zat hakynda megerem, düýnki gazeti hemmäñiz okan bolsañyz gerek. Ynha, şony ara alyp maslahatlaşmaly, ondan degerli netije çykarmaly! Gazetiñ redaksiýasyna oñatja jogap taýýarlamaly - diýip, ol oturanlaryñ ýüzüne hilegärlik bilen seretdi. Kollektiwde ady belli komiki aktýor Akmyrat Hojaýew oturan ýerinde hüñürdedi. - Zaññarlar zor meñzetme tapypdyrlar-aý. Keliñ saçy ýaly, her ýerde bir tomaşaçy otyrdy. "Sekiz geçä dokuz teke" diýlişi ýaly, sahnada çykyş edýän aktýorlaryñ sany zalda oturanlardan köpdi. Elbetde, bu aýdylýan zatlaryñ jany... - Her ýerde özüñ ýaly gepe çepe çeper adamlar bardyr, inisi. Arkaýyn bolaý, ýeke goýbermezler. Ynha, arada raýonlañ birine gitmek üçin awtostansiýa baramda daýanykly, görmegeý bir adam awtobusa girdi-de, "Be, maşynyñ içi edil teatrymyzyñ içi ýaly, gaty boşlawlyk eken-aý, geñ göräýmeli" diýip, öñ ýanymdaky oturgyja özüni goýberdi. Ol adam meni tanap, kakdyryp aýdanam bolsa bilemok - diýip, režissýoryñ sag tarapynda oturan aktýor Akmyrat Hojaýewiñ gürrüñini alyp göterdi. Aýdylýan teýeneli gürrüñleri diñläp oturmaga Şöhrat Şyhyýewiçiñ kanagaty ýetmedi. Onuñ ýeñse damary kiriş ýaly dartyldy. - Hany, geliñ, samahyllaşyp oturman, döwlerli maslahat edeliñ-le. Belki, şäheriñ mekdep ýolbaşçylaryna ýalbar-ýakar edip okuwçylary köpräk sürjek bolmaly. - Onam edip gördük, Şöhrat Şyhyýewiç. Peýda bermedi. Dogry, okuwçylar puluny töläp, biletem alýarlar, ýöne teatra gelenoklar. Hamala diýersiñ, olary bu ýerde biri tutup alyp galýan ýaly - diýip, adminstrator baş režissýoryñ teklibine nagt jogap berdi. - Onda bolmasa, zähmet kollektiwleri bilen aragatnaşygymyzy gowulandyrmagymyz gerek. Näme üçin maşyn-gurluşyk zawodynyñ kollektiwi biziñ teatrymyza agzybirlik bilen ýygy-ýygyfan gelýärler-de, beýleki edara-kärhanalar garalaryny görkezenoklar. Ine, şu zatlaryñ sebäbini öwrenmeli. Meniñ pikirimçe, biz olar bilen ýeterlik iş geçiremzok, ýoldaşlar. Akmyrat Hojaýew elini kelemenledip gürledi: - Onuñ sebäbi başga zatda, başlyk - diýip, ol ýerinden turdy. Ýaltaklap, töweregine seredip dymdy. - Biziñ aktrisamyz Gülendam Kiçiýewanyñ adamsy şol zawodyñ ketdesi bolup işleýär. Hany, onsoñ gelmänem bir görsünler, her kim çaga eklemeli ahyry. Meniñ pikirimçe, bu ýagdaýdan ýeke-täk çykalga bar, olam Gülendam Kiçiýewany köpüräjik sahna çykarjak bolmaly - diýip, ol soñra gürrüñiniñ üstüni ýetirdi. - Ýeserje pikir. Sen ýöne bir zady göz öñünde tutýañmy, ýoldaş komik? Bu pikiriñ añyrsynda ullakan tragediýa ýatyr. Elli ýaşlaryndaky aýaly men ýaş gyzyñ rolunda oýnadyp bilmen ahyryn. Ýa ýene-de gazetçiler üçin tema boljak bolýañmy? - Olar ýaly zat beýleki teatrlarda hem edilýär. Bu bir täzelik däl, Şöhrat Şyhyýewiç - diýip, Akmyrat Hojaýew öz pikirinden dänmedi. Baş režissýor stoluñ añry başynda ak kagyzyñ ýüzüne gyzyl galam bilen nämedir bir zatlar çyrşaşdyryp oturan ýaşuly aktýora ýüzlendi. - Berdimyrat aga, nähili etsek teatrymyza köp tomaşaçy çekip bileris, belki, siz öz baý iş tejribäñizden bir zat aýdarsyñyz. - Bu öñem şeýle-di, şeýle-de bolar. Oñ üçin arrygyñyzam gynap oturmañ. Telewizor çykyp teatryñ bazary sowuldy, ýogsam aktýorlarymyzyñ oýnaýşy merkezi teatrlaryñkydan pes däl - diýip, kimdir biri Berdimyrat gobsunýança aýtjagyny aýtdy. - Ýok, gardaş, telewizory ýamanlama, onda günä ýok - diýip, Berdimyrat haýallyk bilen ýerinden turdy. - Wah, oñaryp bolsa etmeli zat belli-le, başlyk. Ýa-ha aktrisalarymyzyñ ýanýoldaşlaryny ýa-da aýallarymyzy iri-iri senagat hem-de gurluşyk kärhanalarynyñ ketde wezipelerine ýerleşdirjek bolmaly. Onsoñ maşyn-gurluşyk zawodynyñ işgärleri ýaly, beýleki edaraladyñam adamlaey baý teatra zygyr-zygyr gatnarlar-a - diýip, ol baş režissýora seretdi. - Dogry pikir. - Berdimyrat aganyñ aýdýanyjy goldamaly - diýen ýaly sesler dürli ýerden eşidildi. Bu teklibe, dogrusy, baş režissýoryñam pisindi oturman durmady. Ol elini owkalaşdyryp, kabinetde oturanlary birlaý gözden geçirdi. Başga üýtgeşik pikir ýok bolsa, onda gürrüñi jemlemek gerek diýen netijä geldi. - Gördüñizmi, yhlas bilen aglasañ, sokur gözden ýaş çykýan eken. Çykalga tapyldy, ýoldaşlar. Aslynda maslahatly edilýän iş oñat netije berýär. Onda näme, ýañky berlen döwletli maslahaty durmuşa geçirmek üçin her kim elinden gelenini etmeli, gerek bolsa tanyş-bilişlerem, daýy-daýzalaram görüşdirmeli. Garşy bolmasañyz, gazete-de feleton ara alnyp maslahatlaşyldy, ondaky görkezilýän kemçilikler, esasan, dogry tapyldy. Teatryñ ýagdaýyny üzül-kesil gowulandyrmak barada birnäçe anyk çäreler bellenildi - diýip, jogap ýazaýjak. Hä, nähili görýäñiz?! Hiç kimden ses-seda çykmady. - Öñde bir dananyñ aýdyşy ýaly, dymmaklyk razyçylygyñ alamatydyr - diýip, baş režissýor seçelenip duran saçlaryny yza tarap silkip goýberdi. Täçmämmet JÜRDEKOW. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |