12:27 Durmuşyň hemişe peýda berjek kadalary | |
Durmuşyň hemişe peýda berjek 19 sany kadasy:
Söhbetdeşlik
1. Özara bähbitlilik kadasy – Özgeleriň ýalňyşyny ýazgarmakdan öň, özüňizi ünsli seljeriň. Özgelere palçyk zyňýan adamyň eli arassa bolup bilmeýär; 2. Ynjy kadasy – Göwnüne deglen adamyň özem beýlekileriň göwnüne degmäge ymtylýar; 3. Ýokarky ýoluň kadasy – Biz haçan-da özgeler bilen olaryň bize bolan gatnaşyklaryndan has gowy gatnaşyk saklap başlanymyzda durmuşy ýolunyň has ýokarky derejelerine geçýäris; 4. Bumerangyň kadasy – Haçan-da biz özgelere kömek edýärkäk, özümize kömek edýäris; 5. Çekijiň kadasy – Goňşyňyzyň maňlaýyna gonan siňegi öldürmek üçin hiç haçan çekiji ulanmaň; 6. Alyş-çalyş kadasy – Beýlekileri ýerinde oturtmagyň deregine, olaryň ýerine özümizi goýup görmegimiz gerek; 7. Öwrenmek kadasy – Bize sataşýan her bir adam bize nämedir bir zat öwretmäge ukyplydyr; 8. Harizma kadasy – Adamlar diňe özleri bilen gyzyklanýan adama gyzyklanma bildirýärler; 9. 10 ballyň kadasy – Adamlaryň gowy häsiýetlerine bolan ynam olary gowy häsiýetlerini ýüze çykarmaga mejbur edýär; 10. Hadysanyň kadasy – Haýsydyr bir hadysanyň siziň üçin özara gatnaşyklardan ýokarda bolmagyna hiç haçan ýol bermäň; 11. Bobyň kadasy – Bobyň hemmeler bilen meselesi bar bolan wagtynda, adatça Bobyň özi onuň iň esasy meselesi bolup durýardy; 12. Elýeterlilik kadasy – Özüň bilen ýeňil gatnaşyk, beýlekilere biziň bilen erkin gatnaşmaklyga mümkinçilik berýär; 13. Garymyň kadasy – Haçan-da söweşe taýynlanýan wagtyňda, özüň bilen bilelikde dostuňam ýerleşer ýaly garym gaz! 14. Ekerançylyk kadasy – Hemme gatnaşyklary ekmek we idi-yssywat etmek mümkinem, hökmanam; 15. 101 göterimiň kadasy – Biziň ylalaşýan bir göterimimizi gözläp tapmaly we biziň güýjümiziň 100 göterimini şoňa gönükdirmeli; 16. Sabyrlylyk kadasy – Beýlekiler bilen syýahat etmek hemişe-de ýeke özüň syýahat edeniňden haýal bolýar. Uzaga gidesiň gelse – bilelikde git, çalt gidesiň gelse – ýeke git; 17. Bir medalyň iki tarapynyň kadasy – Özara gatnaşyklaryň hakykylygy diňe bir dostlarymyz şowsuzlyga uçranda, biziň olara wepadarlygymyzyň derejesi bilen barlanman, eýsem, olar üstünlik gazananda biziň olara näderejede begenýändigimiz bilen hem barlanýar; 18. Mähirlilik kadasy – Başga şertleriň deňliginde adamlar özlerine ýaraýanlar bilen işleşmäge ymtylýarlar, eger-de başga şertler deň bolmasa-da barybir adamlar şeýle hereket edýärler; 19. Hyzmatdaşlyk kadasy – Bilelikdäki iş bilelikde ýeňiş gazanmagyň mümkinçiligini artdyrýar. Çeşmesi: http://fit4brain.com/1735 | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |