08:09 Garagum | |
GARAGUM
Goşgular
Ynsany birkemsiz taplap bilýändir, Gyş aýazly, tomus gorly Garagum. Kalbyňa joşguny gaplap bilýändir, Türkmen ýüregi deý nurly Garagum. Alaňlary göýä bugdaý harmany, Sahylygyn nusga edip almaly. Seýle barsaň, düzüw pälde barmaly, Hydyr ata atly pirli Garagum. Torgaýlar saýraşyp galýarlar göge, Mele suwa meňzäp tolkunýar çäge, Wasp ederden söz kemterdir bu çaga, Bahar goýny gülgüzarly, Garagum. Jandarlary öz ryskyny peýläp ýör, Owlak-guzy bökjekleşip oýnap ýör. Meni göwün guşum saňa aýlap ýör, Täze döwran bolsun şowly, Garagum. ■ Ogluň men Mämmet Seýidowdan täsirlenme. Mymyk ýelli howaň serhoş eýledi, Al-elwan baharym, seniň ogluň men! Gözelligiň yşka terhos eýledi, Al-elwan baharym, seniň ogluň men! Ýagyş-ýagmyr bolup ýagdyň, dynmadyň, Çeşmelerde dury kalbyň synladym, Sen-ä maňa, menem saňa sygmadym, Al-elwan baharym, seniň ogluň men! Men bägülleň yşkyndaky perwana, Gözellik eçildiň paýhas durlara, Salam berdim gykuwlaşýan durnaňa, Al-elwan baharym, seniň ogluň men! Äleme dolupdyr bilbilleň heňi, Olaryň owazy ruhuň melhemi, Egsilmezdir ýuregimiň ylhamy, Al-elwan baharym, seniň ogluň men! ■ Türkmenlik borjum Joşup serden geçmäge-de hakym bar, Türkmen ýüregini göterip ýörün. Degrämde jadyly kalba ýakym bar, Türkmen ýüregini göterip ýörün. Ýaýlalarmyz – ajap çitilen haly, Hiç erkine goýmaz arzuw-hyýaly, Ýaýlyp ýatan gorly Garagum ýaly – Türkmen ýüregini göterip ýörün. Pederlermiz her bir işde saýlanan, Gözleriňe baksa kalbyň saýgarar, Magtymgulyň paýhasyna eýlenen, Türkmen ýüregini göterip ýörün. Ýollarda heňňamlar bolupdyr agyr, Hem-de az bolmandyr jenjel hem gowur, Şol günler töründe ornaşan sabyr, Türkmen ýüregini göterip ýörün. Sabyr nogsanlary eýlänsoň asgyn, Wagt doldurdy öňki ýitgileň üstün. Bir ajap zamanaň ýetirip waspyn, Türkmen ýüregini göterip ýörün. ■ Daglar Beýiklik hakdaky söhbeti bilen, Kalbymy arzuwa beslänim, daglar! Her närse döräpdir möhleti bilen, Siz dünýäň ömürlik dessany, daglar! Gudrat hem keramat gara daşyňyz, Heňňamlar hiňlenip aýdar ýaşyňyz. Haçan barsam belent tutup başyňyz, Köňülden kowduňyz gussany, daglar! Üstüňizde ak dumanyň desmaly, Birleşdirýär Zemin bilen Asmany, Her pursatda joşly köňlüň isläni, Döwletli-döwranyň bossany, daglar! Ykbal menzillerin ýada salamda, Göwün guşum al-asmana galanda, Sarsmaz gaýalary küýsäp gelemde, Tapdym sizden ýürek islänim,daglar! Salkyn jülgelerňe ýetseň, ajaýyp, Deräňden deräňe ötseň, ajaýyp, Beýikligiň waspyn etseň, ajaýyp. Synmajak sütün siz kyssama, daglar! | |
|
√ Unudan bolsañ... / Goşgular - 26.06.2024 |
√ Bu mekana gelmişem / Goşgular - 02.08.2024 |
√ Alla dälmidir / Goşgular - 16.05.2024 |
√ Шоколадка / Goşgular - 27.07.2024 |
√ Ah, köňül, kemçilikden ýat boldy-la sapalar... / Goşgular - 08.09.2024 |
√ Rep goşgular / Goşgular - 06.08.2024 |
√ Zehi zatyň nahany, ol nahandan masewa peýda... / Goşgular - 19.08.2024 |
√ Marguşda / Goşgular - 21.10.2024 |
√ Geçmişden bir ahwal ýa-da Sanjar hekaýaty / Goşgular - 17.05.2024 |
√ Wepasy hakda / Goşgular - 27.07.2024 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |