12:25 Interwýu / satiriki hekaýa | |
INTERWÝU
Satiriki hekaýalar
Döwliniñ haçandan bäri klub müdiri bolup işläp ýörenini hiç kim bilenokdy. Hatda onuñ özem bu soraga jogap berjek bolanda ýaýdanjyrardy. Oba adamlarynyñ degşip: "Aý, biz-ä bilemizok welin, ol dünýä bäri şol ýerinde işläp ýörmüşin" diýýänlerem bardy. Hawa, hakykatdanam Döwli bu ýerde indi köpden bäri işleýärdi. Bakyda duran malyñ eýesi bilen öwrenişişi ýaly, indi Döwli hem bu iş bilen halys öwrenişipdi. Onuñ işine "ezberligini" diýsene! Öýde ýatan ýerinden etmedik işini etdim diýip, hasabat bermäni dagy eşekden palan alança-da görmezdi. Döwli kluby açmak üçin gelende, gün eýýäm guşluk bolupdy. Ol açaryny gözläp, jalbarynyñ jübüsine elini sokdy. Döwliniñ gapdal jübüsi edil dyzyna ýetip ýatyrdy, onuñ içinden kinniwanja açar tapmak dagdan mumyýa tüpeñländen añsat däldi. Döwliniñ jübüsini obada käbir adamlar ölçeg birligine meñzetse, ýene biri ony ýiten zatlaryñ saklanýan ýerine meñzederdi. Şonuñ üçinem Döwlini tanaýan adamlar haýsydyr bir zadyñ mukdary hakynda gürrüñ etseler "Döwliñ jübüsi bilen ölçäniñde, näçe jübi boljak?" diýip sorardylar ýa-da biri zadyny ýitiren bolsa, oña "Döwliniñ jübüsini barlap gördüñmi, şoñam-a jübüsinde adamdan başga zat barmyşyn" diýip gülşerdiler. Dogrudanam, onuñ jübüsiniñ boş wagty ýokdy, haçan görseñ, gurbaga ýuwdan ýylanyñ böwri ýaly pökgerip durdy. Häzirem onuñ ilkinji eline ilen zat gyrasy kenaraly uly ak ýaglyk boldy. Ol ony çykardy-da, mañlaýynyñ burçak-burçak bolup duran derini syldy. Soñra ol ýene-de elini jübüsine sokdy. Bu gezek onuñ "toruna" düşen zat iki ýüz gramlyk stakandy. Ol stakany görüp, birhili gultunyp gitdi. "Be, içigara öýde galaýdymyka, diýip, jübüsini silkeleşdirdi. Onuñ jübüsindäki zatlar mekdebiñ jañy ýaly, alazenzele bolup seslendi. Gözlegler özüniñ oñat netijesini berdi. Ol ep-esli sermeneninden soñ, bir topbak açary penjeläp jübüsinden çykardy. Döwliniñ kluby açjak bolup çemeleneni hem şoldy welin, onuñ özüne tarap ýetip gelýän adama gözi düşdi. "Beh, şu adamlaram suwumsyz bolupdyrlar-ow, açaryña mähetdel, sokjarylyp gelýärler. Hamala diýersiñ, bu ýerde akyp ýatan bal bar ýaly" diýip, ol hüñürdedi. Onýança ol adam gelip ýetdi. - Salam! Bagyşlañ, siz klub müdirimi? - diýip, gelen adam Döwliden sorady. Ol sesini çykarmady. "Hawa" diýen manyda baş atdy. - Men oblast gazetinden Saparow, interwýu almaga geldim - diýip, ol özüni tanatdy. - Wiý, onda salawmaleýkim, ýoldaş Saparow. Geçiñ, geçiñ, oturyñ - diýip, Döwli göwresine gelişmeýän çalasynlyk bilen habarça elini uzatdy. - Inwentar almaga gelen bolsañyz, inim, şujagaz ýerde hojalyk harytlary magazini bardyr, barar gaýdaýarys. Magazinçi tanyş oglandyr, añrujy bir zady bar bolsa, özüne goýanam bolsa tapdyrarys. Arkaýyn bolaý- diýip, ol sözüniñ üstüni ýetirdi. Habarçy zordan gülmän saklandy. Atylan okuñ nyşana dogry degmänliginy añyp, ol özüniñ nämüçin gelendigini has sadarak dilde düşündirjek boldy. - Döwli aga, şu günlerki alyp barýan işleriñiz bilen baglanyşykly üç-dört sany soragym bardy, gazetimiziñ okyjylaryna şolar barada gürrüñ beräýseñiz oñat bolardy. Magazine-de gitsek, soñ gider ýörerdik-dä - diýip, Saparow sypaýyçylyk etdi. - Öz işim barada gürrüñ bermeli bolsa, oñ ýarasy ýeñil-le. Ýogsa-da, sizem ýadap gelensiñiz, ýoldaş nämäýew, ä-ä ýoldaş Saparow, gowusy, ýörüñ öýe baralyñ, dem-dynjyñyzy alarsyñyz, hemem näme soragyñyz bolsa çaý başynda düşünişerdik-dä. Hä, nähili görýärsiñiz - diýip, klub müdiri habarça özüniñ hyzmatyny hödürledi... Ol edilen hezzet-hormat üçin müñ keren alkyş aýdyp, özüniñ ilkinji soragy bilen Döwlä ýüzlendi. - Ynha, şu günler sizde pagta ýygymyñ iñ gyzgalañly döwri, kolhoz önümçiligi bilen nähili aragatnaşyk saklaýarsyñyz, ine şol barada birki agyz gürrüñ beräýseñiz - diýip, Saparow nämedir bir zatlar belleşdirmek üçin elindäki bloknotynyñ gatyny açyşdyrdy. Döwliniñ gökdäki dilegi ýerde gowşana döndi. Ol soragyñ berlerine öñdenem garaşyp oturan ýaly, haýal etmän gürrüñe başlady: - Biziñ kolhoz önümçiligi aragatnaşygymyz diýseñ oñat. Ynha, hut häzirjegiñ özünde-de kluby bir açdym adyny etsem, pagtaçylaryñ üstüne gideýin diýip durdum. Meýdana çyksañ hezillik, birhili göwnüñ açylýar. Dogrusyny dogry aýtmaly, henize çenl-ä öñdebaryjy brigada bilen yzda galak brigadanyñ duşuşygyny geçirip bilemzok. Elbetde, onuñam özüne ýetesi sebäbi bar. Häzir bizde aýratyn öñe saýlanyp, ýa-da yza galyp barýan brigada ýok diýýärler, olañ hemmesem bir gyradeñ barýamyş. Ýöne şu ýyl Allanazaryñ brigadasy weli yza galar diýip, ähli kişi gürrüñ edýär. Oñ başlyk bilen ugry ýokmuş. Şonuñ üçinem ony başda suwdan birneme kösänmişler. Pagtanyñ ýagdaýyny özüñ bilýäñ, sähel suwuny kem etseñ, neresse çaga ýaly süllerişip otyr. Dogrusy, men özüm-ä baryp göremok, ýöne iller şeý diýýär. Onsoñam: "Il agzy keramat" diýipdirler, belki, şeýle-de bolsun-da. Onsoñ näme, biziñki hezillik, beýleki brigadalar bilen ýañky yzda galjak brigadanyñ gezekleşdirip duşuşygyny geçirip ýörmeli. Ýogsa-da, bkzi her aýda bir gezek raýona ýygnaga çagyrýarlar. Hemmesine baryp bilmesegem, iki aýdan üç aýdan barjak bolýas, işem köp bolýar. Ýöne her gezek barañ-da, şol bir aýdylýan zatlar. Meýdan düşelgelerine gündelik gazet-žurnal eltip durmaly diýip, gulagyñy kamata getirýärler. Walla, halus peteñ-bizaryñy çykarýar-laý. Meñ özümiñ-ä şoña kän pisindim oturanok. Bu wagt, tüweleme, adamlar gaty hatly-sowatly bolupdyrlar, onsoñam her kim öýüne goş ýazdyryp dünýäñ gazet-žurnalyny alýar, how. Goý, öýlerinde-de okasynlar-da! Dogru-da walla. Sen, inim, gazetçi bolsañ belläp goý, biz diñe bir kolhoz önümçiligi bilen däl, eýsem kolhozçylaryñ özleri bilen hem ýygy aragatnaşykda. Ynha, şu üstümizdäki aýyñ başlaryndady öýdýän, ähli öýlere diýen ýaly ýekeme-ýeke, girip çykdyk, oba Sowetoñem how, işi gutaranok - diýip, Döwli şol gürläp otyrdy. Ýöne ol hernäçe gürlese-de, haýsy brigadalaryñ özaralarynda ýaryşýandygyny, şeýle hem kolhoz boýunça geçen ýyl her gektardan näçe sentner pagta hasylynyñ alnandygyny bilenokdy. Öñdebaryjy ýygymçylaryñ islegleri boýunça konsert bermek diýen ýaly zatlar-a asla onuñ ýadyna-da düşenokdy. Habarçy onuñ gürrüñiniñ arasyny böldi-de, ikinji soragy orta atdy. - Hawa, Döwli aga, meniñ eşidişime görä, maldarçylygam siziñ hojalygyñyza iñ esasy pudaklaryñ biri ýaly. Şolara medeni hyzmatyñ ýola goýluşy nä derejede? - Ýoldaş Saparow, Siziñ aýdýanyñyzyñ dogry bolaýmagam ähtimal. Ine hut şonuñ üçinem biz maldarlar barada aýratyn alada edýäris - diýip, Döwli ýene-de tükezzybana tutduryp ugrady. Ýogsa-da, şu gurçuk janawarlaram maldarçylyga degişlim-aý? - diýip, ol gürrüñinin arasynda habarçydan sorady. Saparow onuñ soragyna çalarak ýylgyrdy. Soñra "Hawa, aýdyberiñ" diýip, nämedir bir zatlary bloknotuna belleşdirdi. - "Hawa" bolsa diñle, medeni hyzmaty biz diñe bir maldarlara däl, eýsem hut mallaryñ özlerine-de edýäris. Kolhozymyzyñ ýüpek gurçuklary bizden nägile bolup bilmezler. Her ýyl gurçuk wagty ynha, şu kluby biz şolara başy bilen berýäris. Han özleri, soltan özleridir, näme edeýin diýseler, olaryñ towugyna tok diýýän ýokdur, kimden sorasañam aýdar. Olaryñ pianinonyñ içine girip pile sarap ýörenlerem bar how, biz şonda-da geçirimlilik edýäs, zat diýemzok. Aslynda arkalaşyk diýilýän zat gowy zat, biz şonam edýäs, dogrusy, ondan görýän zyýanymyzam ýok. Onsoñam: "Söýenişen ýykylmaz" diýipdirler ahyryn... Saparow klub müdirine ýene bir sorag berip gördi. Öñki soraglara berlen jogaplar soñkularyñ ýanynda toýlaýmalydy. Şonuñ üçinem ol derrew gaýtmak bilen boldy. - Beren gürrüñiñiz üçin sag boluñ, Döwli aga. Gazet sahypasynda duşuşýançak - diýip, habarçy çykyp gitdi. Şondan soñ geçen bolsa bir hepde geçendir-dä, oblast gazetiniñ sahypasynda "Tanyş boluñ, gepleýär Döwli" diýen feleton peýda boldy. Ony okap gören oba adamlary Döwlini "gutlamak üçin" alñasaýardylar. Oña ilkinji sataşanam kolhozyñ şofýory Myrat boldy. - Döwli aga, gutlaýas, gazetde "öwüp" arşa çykarypdyrlar, okansyñ-la - diýip, ol kabinadan boýnuny uzadyp gygyrdy. Öwgi sözüni eşiden Döwli: "Ýok" diýip, birneme ekezlendi. - Onda okap gör, şu günki oblast gazetinde - diýip, Myrat maşynynyñ gazyny köpeltdi. Döwli özi hakynda ýazylan feletony okap boldy-da: - Be, habarçylaram ownapdyrlar-ow, şo diýen zadymy tapmadyñ diýip, gör, kezzabyñ ýazýan zadyny - diýip başyny ýaýkady. Täçmämmet JÜRDEKOW. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |