00:14 "Öýkejikler, kinejikler nämemiş..." | |
"Men yşkdan müň ýola ötünç soraýan,
Hem-ä seň adyňdan, hem öz adymdan." Aşyr Hanow Görüp bolsa, bagta sebäp kän eken, Geldiň — gussalarym öňküden ýuka. Uzak hasrat çekip boljak däl eken Ynjyjak sözleriň siňýärkä ruha. Gökden ýer peýleýän, bolup uçmakçy, Ýere hiç sygamok (ýalňyş oýlama!). Bedenim — dowzahlyk, köňlüm — uçmahçy, Gülüp, mugthor hasratlary jaýlaýan. Sesiňi eşitsem, serim sämemiş, Her gülkiňde millionlarça şygyr bar. Öýkejikler, kinejikler nämemiş, Biz olary kowalarys owarra. Arzuwym, maksadym jem boldy sende, Ylham alýan gara gözleň odundan. Ykbala minnetdar bolýan her günde, Hem seniň adyňdan, hem öz adymdan. 09.07.2019 ý. 00:08 Sapa HOMMADOW. | |
|
√ Şemally gün / Goşgular - 27.01.2024 |
√ Damak belasy... / Goşgular - 22.05.2024 |
√ Sumbaryñ kenarynda / Goşgular - 01.01.2024 |
√ "Gelin jan..." / Goşgular - 26.03.2024 |
√ Täjir tanşyma / Goşgular - 16.01.2024 |
√ "Ulag gidip barýar..." / Goşgular - 28.04.2024 |
√ Atlar / Goşgular - 25.06.2024 |
√ Yzany yşkyma ýamag etdim / Goşgular - 15.04.2024 |
√ Ata-ene hakynda / Goşgular - 18.05.2024 |
√ Kalbymyň tümünde galan sargyt / Goşgular - 29.06.2024 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |