08:31 Oýlanma | |
OÝLANMA
Goşgular
Giň boşlugy böwsüp geçýän uly ýol, Sansyz ýodalardan ýatyr düzülip. Haýsy ýoda ýetir meni arzuwma? Köp ýodalar güzap berýär üzülip. Kä dogumly basyp, kä edip hatar, Öňe sary gidip barýan surnugyp. Agtarýan, sermeýän göýä kör ýaly, Bu boşlukdan tapyp bilmän urnalyk. Aýlaýar başymy hem hopukdyrýar, Penjesinde saklap çalymtyk duman. ... Arzuw atym çapyp barýaryn welin, Ýeterin-le, daşa maňlaýym urman. ■ Buşlukçy Takdyrymyň oýnudyr-la bu zatlar, Ýa-da uzak gije görýän düýşümmi? Töwerek tukatlyk, tümlük alyslar, Gürläbem durunmy? Hakyt huşum bi... Oýaly-ukuda nirä barýakam, Bu ýollaryň güzabyny arkalap. Beýle kösemände näme bolýarka, Ýa durmuşda gidermikäm erkeläp. Mümkin erkelärin gowy günlerde, Gadyryny bilmerin bu dünýäniň. Öwrenere gowy zat köp illerde, Entäk urpak ýaly meniň bilýänim. Şeýde-şeýde durmuş ynsany taplar, Onsoň adam bu barlyga saçar nur. ... Kynçylyklar, bu görülýän azaplar – Bagtly ertämiň buşlukçysydyr. | |
|
√ Bir dem ol dilber jemalyndan yrak olmak ne güýç... / Goşgular - 01.01.2025 |
√ "Ýene-de daň atdy..." / Goşgular - 01.01.2025 |
√ Şaglawuk / Goşgular - 02.01.2025 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |