20:24 Pygamberimiziñ ahlagy we edebi: Tertip-düzgüne hem-de gözellige ähmiýet berşi | |
PYGAMBERIMIZIÑ KEŞBI, AHLAGY WE EDEBI
Pedagogika we edep-terbiýe
■ PYGAMBERIMIZIÑ TERTIP-DÜZGÜNE HEM-DE GÖZELLIGE ÄHMIÝET BERŞI Pygamberimiziñ ýaşaýşy diýseñ tertip-düzgünlidi. Ol musulmanlara-da her bir mesele-de tertipli-düzgünli bolmagy, gaýta-gaýta maslahat bererdi. Bir gün pygamberimiziñ huzuryna saçy-sakgaly bulam-bujar bir adam geldi. Pygamberimiz oña: "Bar, saç-sakalyñy timarlap gel!" diýdi. Ol hem özüni düzedip geldi. Şonda pygamberimiz şulary aýtdy: "Biriñiziñ şeýtan ýaly saç-sakalyñyz buýr-bulaşyk bolanyndan tertipli, timarlanan bolmagy oñat dälmi, eýse?" Ýene bir günem Ol ýanyna gelen egin-eşigi garagäz adamyny görkezip: "Şu adam egin-eşigini ýuwmaga suw tapmaýarmyka?" diýdi. Resuly Kerim bedeniñ, egin-eşigiñ, iýip-içilýän zatlaryñ, öýleriñ we köçeleriñ tämizligine aýratyn üns bererdi. Şeýle hem Ol göwün hem-de ruhy arassalygy barada nygtap aýdardy. Şonuñ üçin: "Musulman - elinden-dilinden musulmanyñ ýamanlyk görmedik adamydyr"[1] diýip aýdypdyr. Pygamberimiz bu hadysy bilen musulmanlaryñ il arasynda ygtybarly we ynamdar bolmagynyñ zerurlygyna yşarat edýärdi. Şol sebäpli-de Ol: "Ýalan gepli, lebzinde tapylmaýan, amanada hyýanat eden ikiýüzli mynapykdyr" diýerdi. Sebäbi durmuşda şular ýaly säwlik goýberýän musulman ynamdan gaçýardy. Pygamberimiz ýürek barada şeýle diýerdi: "Ägä boluñ! Bedende bir bölek et bardyr, şol gowy bolanda bütin bedeniñem gowy bolar, erbet bolsa bütin bedeniñem erbet bolar. Şol et bölegi hem ýürekdir".[2] Ýürek bu ýerde ruhy simwoldyr. Ol ýagşylyk bilen beslenende eýesine ýol görkezer. Estetik duýgy hem şeýle ýüreklere eýe bolmak bilen başlanar. Eger-de ýürek erbetlige ulaşan bolsa, onda beýle adamdan gowulyga, gözel duýgulara garaşmak hebesdir. Ýürekde gowy, oñat duýgulary oýandyrmazdan, ösdürmezden ruhy galkyndyrmak, ony oýandyrmak başartmaz. Ýagny, musulman ynsabynyñ päkligine üns bermelidir, wyždanyny galkyndyryp, onuñ duýgularyny gowulyga ýykgyn etdirjek bolup çalyşmalydyr. Hak Tagala hemişe ynsanyñ ynsabyna göz-gulak bolup durandyr, musulman bende muny hiç wagt unutmaly däldir, şunu berk bilip, ýalñyş, egsik hem-de hata işlerden gaça durmalydyr. Ol diñe şonda gözellige, dogruçyllyga, oñatlyga, owadanlyga talaş edip biler. Hak Tagala bize: "Eý Rebbimiz! O dünýäde-de, bu dünýäde-de biziñ halymyzy oñat et..." - diýip, doga etmegi buýurýar. Şundan ugur alan musulman bu dünýäsini hem, ahyretinu hem pikir etmelidir. Musulmanyñ añ-düşünjesi bitertip, buýr-bulaşyk bolmaly däldir. Pygamber serwerimiz taýsyz zowklaryñ üstünde ähmiýet berip durýar. Şu nukdaýnazardan Onuñ aşakdaky iki hadysy has-da ýerliklidir: "Alla gözeldir, gözelligi hem gowy görer". "Alla her bir zatda yhsany (ýokary hilliligi we nepisligi) buýrdy". "Ynsan haýsy-da bolsa bir işi edende, Alla Tagala ol işiñ oñat edilmegini gowy görer" - diýip, pygamberimiz gabryñ hem oñat edip gazylmagyny hem-de jeset topraga berlenden soñra hem guburyñ hem oñat edilip rejelenmegini islär eken. Ol bir gün (ähtimal, ogly Ybraýymyñ) jynazasyna gitdi. Ölüni ýere berip, üstü nde gubur galdyrýarlar, ýöne guburyñ bir tarapy gyýşyk bolup çykdy. Pygamberimiz onuñ derrew düzedilmegini isledi. Duranlar oña: "Bu ölüni birahat edermi?" - diýip sorag berdiler. Pygamberimiz olara: "Ýok, birahat etmez, hakykatda beýle zatlar ölüni gysmazam, ony birahat hem etmez. Emma bu diri gezip ýörenleriñ gözüne ýakymly bolmagy üçin gerekdir" - diýip jogap berdi. ___________________________ [1] Tejrid, I, 29 (Iman, 11); [2] Buhary, "Iman", 39. Terjime edenler: Ýalkapberdi MYRATGELDI, Baky ANNADURDYÝEW. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |