12:48 Şu ýerde golýazma kesilýär... / esse | |
ŞU ÝERDE GOLÝAZMA KESILÝÄR...
1924-nji ýylda 65 ýaşynda aradan çykan italýan kompozitory Jakomo Puççini «Turandot» atly operasynyň dörtden birini – soňky aktyny tamamlap ýetişmändir. Iki ýyl soň Milandaky meşhur La Skala teatrynda operanyň ilkinji görkezilişi taýýarlanýar. Onuň galanja bölegini – ahyrky ariýasyny hem-de jemlemesini Puççininiň şägirdi Franko Alfano ýazyp gutarýar. Ol munuň üçin halypasynyň galdyran golýazmalaryndan peýdalanypdyr. Spektaklyň üstünlik bilen geçirilmegi üçin hemme zat taýyn. Teatr tomaşaçylardan ýaňa hyň berýär. Eýýäm aýatda dirikä nusgawy kompozitor hökmünde tanalan ussadyň hoşlaşyk eserini diňlemek üçin hatda dünýäniň dürli künjeginden gelen myhmanlaryňam sany az däl. Orkestre döwrüň iň belli dirižýory hem-de Jakomo Puççininiň kyýamat dosty Arturo Toskanini ýolbaşçylyk edýär. Diňleýjileriň ählisi heniz opera soňlanmanka birmeňzeş pikire gelýär: bu hakyky chef-d’œuvre – ajaýyp, kämil eser (Şol döwrüň Ýewropa intelligensiýasy üçin fransuz dilini bilmezlik uly kemçilik hasaplanýar). Sahnada aýdymçylar dymdygy, saz peseldigi jemagatyň içinden italýançany bilmeseň-de, manysy düşnükli sözler ýaňlanýar: Bravo!.. Bellissimo!.. Magnifico!.. Hasam «Nessun dorma» (Hiç kes uklamaz) atly ariýa hiç haçan ýatdan çykmajak täsir galdyrýar. Ine-de, opera paýawlap barýar, gahrymanlaryň, şazada bilen şagyzynyň ykbaly çözülmeli. Iň dartgynly pursatda Toskanini elindäki taýajygyny tapba ýatyryp, sazandalary saklaýar. Soňam tomaşaçylara tarap öwrülip: «Operanyň şu ýerinde maestronyň ömür tanapy kesildi» diýýär-de, spektakly tamamladym edýär… Gürrüň bu ýerde kompozitor bilen dirižýoryň dostlugy ýa halypa hormaty barada barmaýar. Esasan ünsüňizi çekesim gelýän zat – sungatda (şol sanda edebiýatda-da) gutarylmadyk eseriňem taryhda öz ornuny eýeläp bilýänliginde. Dünýä edebiýatynda-da adamzat mirasynyň altyn hazynasyna giren soňlanmadyk eserler az däl. Hernäçe geň görünse-de, eseriň soňlanmanlygyna päsgel berýän diňe bir ajal bolmandyr, onuň başga-da sebäpleri kän. Döredijilik adamlarynda her jüre geň-taň häsiýetler gabat gelýär. Heýkeltaraşlykdan mysal getireýin: beýik fransuz skulptory Ogýust Roden «Dowzahyň gapysy» atly uly eseri üçin niýetlenen bir heýkeliň üstünde işläp ýören eken. Ine, bir günem ussahanasyna gelen myhman şlýapasyny nirede asjagyny bilmän, şol heýkele geýdiräýmezmi? Şondan soň ýaňky heýkeli tamamlamagyň gürrüňini etmeg-ä beýlede dursun, Rodeniň gaýdyp oňa elinem degresi gelmändir. «Men asgyç ýasaýandyryn öýtmändim…» Tamamlanmadyk eserleriň sany boýunça nemes ýazyjysy Frans Kafka bilen egin deňäp biljek adam ýok bolsa gerek. Awstriýaly halypa üç roman ýazypdyr, üçüsinem soňuna ýetirmändir. Ýogsam 1924-nji ýylda ýogalan ýazyjy olaryň birini 13 ýyl, ikinjisini 10 ýyl, soňkusynam 2 ýyl öň ýazyp başlapdyr. Balzak, Dýuma ýa-da Stiwen King ýaly ýazyjylaryň ýylda iküç roman ýazmaga ýetişendigini göz öňünde tutsak, Kafka ep-esli puryja berildi diýsegem ýalňyşmarys. Ýöne Frans Kafkanyň haýal-ýagallyk etmeginiň sebäbi wagt ýetmezçiliginde däl-de, ylhamy joşmasa – ýazmaýanlygynda. Ylhamynyň bolsa aýlap-ýyllap «gara bermeýän» wagtlary hem bolýar. Bu barada ol halaşýan gyzy Felisa Bauere, soň Milena Ýesenskä ýazan hatlarynda özem boýun alýar. Biziň döwrümizde kitap görnüşinde çap edilen ol hatlaryň möçberi romanyň golýazmasyndanam agramlyja görünýär (Kafkanyň günüň dowamynda şol bir adama üç hat iberen halatlaram bolupdyr, olaryňam her biri ençeme sahypa uzap gidýär). Bu gün kitap görnüşde çap edilýän ol hatlaram bellibir manyda tamamlanmadyk eser hökmünde okalýar, çünki Kafka toý sähedini alsa-da, halaşan gyzlarynyň hiç biri bilen durmuş gurmaýar… «Der Verschollene» (Ýitirim bolan) atly romanyny Kafka 1911-nji ýylda başlapdyr, ýöne eserden göwni geçip taşlapdyr. Eserdäki wakalar hyýaly ABŞ-da bolup geçensoň (hyýaly diýilmeginiň sebäbi – Kafka hiç haçan ol ýere gidip görmändir) ýazyjynyň edebi mirasyny saýhallan dosty Maks Brod onuň sözbaşysyny üýtgedip, «Amerika» ady bilen çap edýär. «Der Process» (Proses), «Das Schloss» (Kasr) atly romanlary bolsa sözlemiň orta gürpünde, Maks Broduň eli bilen ýazylan «Şu ýerde golýazma kesilýär» diýen bildiriş bilen gutarýandygyna garamazdan, XX asyryň iň täsirli romanlarynyň hataryna girýär. Täsin ýeri, eseri okan adamlaryň aglabasy üçin kitabyň duýdansyz kesilendigi duýulmaýar. Çeh ýazyjysy Ýaroslaw Gaşegiň öz ömri-de gyzykly başdangeçirmelerden doly satiriki romana çalym edýär. XX asyryň başynda Awstro-Wengriýa imperiýasyna tabynlykda ýaşan çeh halkynyň şol döwürdäki taryhyny diňe Gaşegiň terjimehaly boýunça-da dikeldip bolaýjak ýaly. Öz halkyna hiç hili dahyly bolmadyk urşa gatnaşmagy, bimany ýesirligi… Gaşek bu synaglaryň barysyny gülki bilen ýeňýär. Onuň «Gerçek esger Şweýkiň başdangeçirmeleri» atly romanyndaky wakalar Birinji Jahan urşunda bolup geçýändigine garamazdan, baş gahrymanyň gülkünç hereketleri okyjynyň göwnüni göterýär. Basybalyjylaryň diýdimzorlugyndan halys ýadan çeh okyjysy üçin bu eser, gürrüňsiz, ruhy melhem bolandyr. Arman, ýazyjynyň alty bölüme ýetirmäge niýetlän romany dördünji bölümiň başynda kesilýär. Ýazyjy 39 ýaşynda aradan çykýar. Gaşegiň «öldi» habary uruş hem ýesirlik döwründe-de, hatda ondan soňam kän çap edilip ýörlensoň, bu gezek dostlary çyn täzelige-de ynanmandyrlar. Merhumyň dostlarynyň biri şum habara şeýle sözler bilen seslenipdir: «…ol bizi ýene oýnajak bolýar. Ynanamok! Öňem näçe gezek ýogalypdy. Gaşegiň ölmäge haky ýok! Ol heniz kyrkynam dolduranok ahyryn». Fransuz ýazyjy Alber Kamýunyň «Le premier homme» (Ilkinji adam) atly soňlanmadyk romany awtory aradan çykandan 34 ýyl soň, 1994-nji ýylda okyjylara ýetirildi. Ýazyjynyň Alžirde geçen ýaşlygyna, maşgalasyna, synpdaş dostlaryna, çykyş eden futbol toparçasyna bagyşlanan eseri döredijiliginiň iň bir ýagty, göwün göteriji sahypasyna öwrülmelidi. Gynansak-da, ony tamamlamaga ýazyjynyň nesibesi ýetmedi. Golýazma ýol heläkçiligine uçran ýazyjynyň torbasyndan tapylypdyr. Onuň döwürdeşi hem ildeşi Antuan de Sent-Ekzýuperiniň «Citadelle» (Berkitme) atly ajaýyp romanynyň ykbaly hem şoňa çalymdaş. «Terre des hommes» (Adamlar planetasy), «Pilote de guerre» (Harby uçarman), «Kiçijik şazada» (Le petit prince) ýaly şeýle parasatly, pähim-paýhasly kitaplary döreden ýazyjy üstünde işläp ýören eseri hakynda: «Mundan öňki döredenlerimiň bary şu eserime taýynlyk» diýip belläpdir. Ýöne ynsanperwerligi wagyz edýän iň kämil eserini tamamlamak tejribeli uçarman hökmünde Watan goragyna çykyp, gahrymanlarça wepat bolan ýazyjynyň ykbalynda ýok eken. Ýowuz ýeri – Sent-Ekzýuperiniň uçaryny oka tutan nemes uçarmany Horst Rippertiň özem onuň kitaplarynyň muşdagy bolup çykýar: «Uçarmanyň özüni görmändim, onuň Sent-Ekzýuperidigini soň bilip galdym». Ýazyjynyň wepat bolandygy baradaky habar uzak wagtlap tassyklanmandyr, ony dereksiz ýiten hasaplapdyrlar, hatda özüni heläklän bolmagy ýa gaçgakdyr diýen bolgusyz gürrüňlerem peýda bolupdyr. Rippert wepat bolan gahryman ýazyjynyň adyny şeýle gara ýöňkemelerden saplamak üçin, eden etmişini 2008-nji ýylda ahyry boýnuna alypdyr. Nasume Soseki XX asyr ýapon edebiýatynyň nusgawy ýazyjysy hem-de özünden soň dörän uly ýazyjylaryň halypasy hasaplanylýar. Mysal üçin, halypasyndan ak pata almak üçin, hut Akutagawa Rünoskeniň özi oňa ilkinji eserlerini okadypdyr. Dünýäde edil Rünoske, Oe, Misima ýa Kobo Abe ýaly meşhur bolmasa-da, Sosekini Ýaponiýada ürç edip okaýarlar. Hatda onuň suraty bir döwürde 1000 ýene barabar kagyz puluň ýüzünde-de ýerleşdirilipdir. Ýazyjy edebiýata juda giç gadam basypdyr. Ol ilkinji romanyny 38 ýaşynda çap etdirýär. «Ýagtylyk hem tümlük» atly uly göwrümli eserini welin soňlap ýetişmändir. Ýöne bu romanyň ýazylan bölegi göwrümi boýunça, dogrudanam, ýazyjynyň ýazan beýleki eserleriniň ählisindenem uly bolupdyr. Hytaý kyssaçysy Lao Şeniň ykbaly has-da gynandyryjy (hopukdyryjy diýsemem bolman durmaz). «Pişikler şäheri hakda ýazgylar» hem-de «Rikşa» ýaly dünýä belli romanlaryň, islendik romany bilen terezini deňläp biljek nowellalaryň awtory Lao Şe «Gyrmyzy tuguň astynda» atly iri göwrümli eserini ýazyp gutarmandyr. Has dogrusy, gutartmandyrlar… Hytaýda ençeme ýazyjylary, alymlary, umuman, jemgyýetiň sowatly gatlagyny heläk edip, ganly harazdan geçiren medeni rewolýusiýa başlaýar. 1966-njy ýylyň 23-nji awgustynda Lao Şe işe ugraýar. Ol ýerde işdeş ýoldaşlaryna hunweýbinleriň azar berip duranyny gören 67 ýaşly ýazyjy olaryň arkasyny çalanlygy sebäpli suwa salma ýenjilýär. Gijaralar Lao Şe özüni kynlyk bilen öýüne taşlaýar, emma ertesi onuň ýalaňaçlanan, diňe içki eşikdäki jesedi şäheriň etegindäki Taýpinhu kölünde tapylýar. Gojanyň geýim-gejimi kenarda ýatan eken. Suwuň ýüzünde bolsa kagyzlar ýüzüşip ýörmüş. Olary derrew polisiýa ele salypdyr, şeýlelikde merhumyň garyndaşlary golýazmalara ýekeje gezek göz aýlabam bilmändirler. Ýazyjy özüni heläkledimi ýa öldürildimi –bu hemişelik syr bolup galdy. Amerikan ýazyjysy Frensis Skott Fisjeraldyň terjimehaly bilen tanyş adamlar üçin onuň «The Last Tycoon» (Iň soňky tüçjar) atly soňky romanyny ýazyp gutarmanlygyny geňläp oturasy iş ýok. 1930-njy ýyllarda ýazyjynyň güzerany kynlaşýar. Bir zaman ABŞ-nyň iň meşhur ýazyjysy okyjylar tarapyndan unudylyp başlanýar, üstesine-de ol döredijiligini bir gyra goýup, Holliwud üçin ssenariý ýazyp, gazanç etmegiň kül-külüne düşýär, onuň ylham çeşmesine öwrülen aýaly Zelda bolsa dälihana ýerleşdirilýär (Fisjerald aýalynyň: «Dälihana dykyp, menden dynaýjak bolýansyň!» diýen teýeneli gürrüňinem çekip çydamaly bolupdyr), galyberse-de spirtli içgiler, göwnüçökgünlik öz täsirini ýetirýär… 1939-njy ýylda Fisjerald Holliwudyň tütjarlary hakynda kinossenariý ýazyp başlaýar, emma beýan edýän hekaýaty ony şeýlebir özüne çekýär welin, ýönekeý gurak wakalary gürrüň berýän kinoçydan ýene hakyky ýazyjy üstün çykýar – Fisjerald başlan kinossenarisini romana öwrüp ugraýar. Emma ýazyjy 1940-njy ýylda dünýeden ötýär. «The Last Tycoon» romany bolsa doly ýazylmandygyna bakmazdan, «arzuwlaryň fabrikasy» diýlip atlandyrylýan Holliwudyň durmuşyna bagyşlanan iň kämil eserleriň hataryna girýär (Ýarym asyr soň bu mowzuga Fisjeraldyň iň uly muşdaklarynyň biri Çarlz Bukowski hem ýüzlener. Bukowski Holliwud üçin kinossenariý ýazyşy hakda roman döreder, döredip ýörkä-de interwýu alnanda şeýle sözleri dilinden sypdyrar: «Aslynda Holliwud özi hakda ýazylan erbet zatlaryň baryndanam dört ýüz esse beter. Ondaky (romandaky) zatlaryň ählisiniň çyndygyna garamazdan, elbetde, ýazyp gutardygym, işimi kazyýete tabşyraýmaklary ähtimal. Onsoň men kazyýetiň geçişi hakda-da roman ýazmaly bormukam diýýän…») 1975-nji ýyldan başlap rus-amerikan ýazyjysy Wladimir Nabokow wagtynyň köp bölegini «The Original of Laura» (Lauranyň hakykysy) atly soňky romanyny döretmäge bagyş edipdir. Hatlarynyň birinde ýaňzytmagyna görä, ol eseri aňynda tamamlapdyram, emma kagyz ýüzüne geçirip ýetişmändir. 1977-nji ýylda ýazyjynyň sanaglysy dolýar. Ol ölenden soň golýazmanyň ýoguna ýanylmagyny wesýet edipdir. Emma mirasdüşeri – ogly merhumuň bu islegini bitirmäge dözmändir. 2009-njy ýylda golýazma bolşy ýaly surata düşürilip, kitap görnüşinde çap edilýär. Nabokow olary eliň aýasy ýalyjak ululykdaky kitaphana kartjagazlaryna ýazan eken. Ussat nemes romançysy Tomas Mann Birinji Jahan urşundan öň – 1911-nji ýylda ýazyp başlan romanyny ömrüniň ahyryna (1955) çenli-de tamamlap ýetişmändir, ýogsam şol aralykda «Der Zauberberg» (Jadyly dag) atly ýassyk ýaly galyň romany, «Joseph und seine Brüder» (Ýusup we onuň doganlary) atly dört tomluk epopeýasy, «Doktor Faustus» romany we ýene iki sany iri göwrümli eseri, başga-da ençeme kitaby okyja gowuşýar. Romany soňlap ýetişmejegini Tomas Mannyň özem aňan bolsa gerek. Ol ýazyp ýetişen bölegini 1954-nji ýylda «Bekenntnisse des Hochstaplers Felix Krull» (Kelekbaz Feliks Kruluň içdökmeleri) ady bilen çap etdirýär. Eseri okyjylar-a elden düşürmeýär, tankytçylaram – dilden. 44 ýyllap ýazylsa-da, gutarylman galan ol romanyň möçberi käbir ýazyjylaryň 40 ýylda ýazan kitabynyň üçden biriçe-de ýok… Awstriýaly ýazyjy Robert Muzil 1921-nji ýylda «Der Mann ohne Eigenschaften» (Edähetsiz adam) atly romanyň üstünde işläp başlaýar. Şondan laýyk ýigrimi bir ýyl soň gaýdyş bolýar. Şol iki aradaky ömrüni Muzil tas dolulygyna diýen ýaly «Edähetsiz adama» bagyş edipdir. Ýogsam 1930-njy ýylda ol eseriň birinji hem ikinji kitabyny çap etdirende, okyjylar oňa kän bir ünsem bermändir. Diňe 1950-nji ýyllarda romanyň ýazylan bölegi gaýtadan çap edilende, eseriň gymmatyna göz ýetirilýär. Häzir ol XX asyr nemes edebiýatynyň iň beýik romanlarynyň biri hasaplanylýar. Ýazylyp gutarylmadyk romanlara owal-ahyr gabat gelnip durlupdyr. 1870-nji ýylda beýik Çarlz Dikkensiň «The Mystery of Edwin Drood» (Edwin Druduň syry) atly romanynyň diňe ýarysy okyjylara gowuşýar. Olar eseriň dowamyna derek gazetlerde söýgüli ýazyjysy hakyndaky ajy habary okamaly bolýarlar. Döwürdeş tankytçylary Dikkense «garaşylmadyk wakalary ýazyp bilmeýär» diýip, gyjalat berer ekeni. Detektiw mazmuny bolan bu romany ýazyjy şol teýeneli gürrüňlere jogap hökmünde ýazyp başlapdyr. Ol wakalaryň haýsy ugur bilen gitjegini çaklap bolmajak derejede syrly eser döretmegi niýet edinipdir. Soňlanmanlygy zerarly bu eser henizem Dikkensşynaslaryň arasynda jedel baryny döredýär. Dikkensiň eserlerini çap etdirişiniň öz aýratynlygy bar eken. Ol ýazyp ýören romanlaryny ahyrlaýança garaşyp oturman, öňünden baglaşylan şertnama görä, gazet-žurnallaryň her sanynda bapma-bap çap etdiriberýär (umuman, bu tejribe şol döwürde ýoň bolupdyr). Eseriňi gyzgyny… bu ýagdaýda gyzgyn sözi bärden gaýdýan ýaly… hatda ýakyp barýan ot-ýalny bilen okyja ýetirmegiň keçje tarapy – oňa soňra kän bir üýtgeşme girizip bolmaýanlygynda. Elbetde, kitap neşirini taýynlanlarynda awtorlar eserde goýberen käbir säwliklerini düzedipdirler, emma eseriň mazmunyna «batyrynjak» gümanyň ýok eken. Ine, rus ýazyjy Nikolaý Gogol bolsa meşhur «Öli janlar» (Мертвые души) romanynyň (awtoryň özi ony «poema» diýip häsiýetlendiripdir) ikinji bölüminden göwni suw içmänsoň, heniz çap edilmedik golýazmasyny oda taşlapdyr. Ol eserini durmuşa geçirip bolmajak derejedäki kämillige ýetirip bilmeýänligi üçin diýseň kejigipdir. On günden soň ýazyjynyň özüniň-de kazasy dolupdyr. 2009-njy ýylda edebiýatçylar Gogolyň şol ýakylan golýazmasynyň birinji bäş babynyň göçürmesiniň üstünden bardylar. Şoňa deňiç poemanyň diňe dört babynyň käbir parçalary belli eken. Tamamlanmadyk iri göwrümli eser Fýodor Dostoýewskiniň döredijiliginde-de bar. Ol 1849-ýylda sürgün edilmänkä «Netoçka Nezwanowa» atly powestiň üstünde işläpdir. Sürgünden gelenden soň, bu eserine gaýdyp dolanmandyr. Döredijiliginiň irki döwründe ýazylan bu eserdäki gürrüňi edilýän wakalaram, olaryň beýan edilişem okyjylaryň öwrenişen Dostoýewskisine mahsus däl. Eserde çylşyrymly, agyr, saldamly, pelsepewi oýlanmalar kän ýer tutmaýar, basgançakdan düşýänçä dünýäň oý-pikirini edip ýetişýän gahrymanlar gabat gelmeýär. Diňe Netoçka Nezwanowa atly gyzjagazyň agyr ykbaly, görýän görgüleri suratlandyrylýar. Ýeri gelende, Dostoýewskiniň «Братья Карамазовы» (Doganlar Karamazowlar) atly romanynam tamamlanmadyk hasaplasa bolar. Halk tarapyndan ymykly ykrar edilmegine getiren bu eserini beýik akyldar ýene bir jilt bilen dowam etdirip, epiki eser derejesine ýetirmegi ýüregine düwüpdir. Haýp, maňlaýyna ýazylmandyr… Tamamlanmadyk romanlar, elbetde, türkmen edebiýatynda-da duş gelýär. Mysal hökmünde Berdi Kerbabaýewiň «Öten günler» atly awtobiografik romanyny getirip bolar. Onda sowet türkmen kyssasynyň kerwenbaşysy Myrat atly gahrymanyň üsti bilen özüniň çagalyk, ýetginjeklik hem ýaşlyk ýyllaryny ýatlapdyr. Kitap iň gyzykly ýerinde – 1924-nji ýylda, Myradyň ýaňybir edebiýata gadam basýan uçurlarynda şarpa kesilýär. Dogrusy, kitabyň şol ýerde kesilmegi geň däl, sebäbi roman ýazylan döwrüniň ruhunda: «Sowet adamsyny, ol hatarda Myrady hem şeýle ajaýyp ruhda terbiýelän Lenin partiýasyna, beýik Sowet döwletine ŞÖHRAT!» diýen joşgunly şygar bilen jemlenýär. Mundan soňky wakalary, aýratynam 1930-njy ýyllarda gopan pajygaly ýagdaýlary şeýle ajaýyp ruhda beýan edip boljagy gümana. Gutarylman galan işleri ýatlanymyzda, Gurbannazar Ezizowyň «Görogly» operasy üçin ýazyp başlan librettosynam agzaman geçip bolmaz. Ony halkymyzyň söýgüli şahyry özüniň ýegre dosty – beýik kompozitorymyz Nury Halmammedow üçin ýörite ýazyp ugrapdyr. Bu niýetleri amala aşanlygynda, ol opera türkmen saz sungaty üçin, gör, nähili uly hadysa bolardy! Stendalyň «Lýusýen Lewen», «Lamýel», Gýustaw Floberiň «Buwar hem Pekýuşe», Ýan Potoskiniň «Manuscrit trouvé à Saragosse» (Saragosadan tapylan golýazma), Mihail Bulgakowyň «Театральный роман» (Teatr romany), Jeýn Osteniň «Wotsonlar», Jon Ronald Ruel Tolkiniň «The Children of Húrin» (Huriniň çagalary), Žorz Peregiň «53 Jours» (53 gün), Oguz Ataýyň «Eylembilim» (Hereket ylmy)… ýaly soňlanmadyk romanlary ýekänme-ýekän sanap geçseňem, soňuna ýetip bolasy ýok, söhbedini etmek üçin-ä aýratyn kitap ýazmaly bolardy. Ony ýazmaga bolsa bir adam ömrüniňem ýeterlik boljagy gümana. Şol sebäpden… (Şu ýerde golýazma kesilýär…) Maksat BÄŞIMOW. https://galamdas.com/proza/su-yerde-golyazma-kesilyar-maksat-basimow/ | |
|
Teswirleriň ählisi: 1 | ||
| ||