07:51

Ýagmyrly gürrüñ / hekaýa

Satiriki hekaýalar
Категория: Satiriki hekaýalar | Просмотров: 634 | Добавил: Hаwеrаn | Теги: Serdar Ataýew | Рейтинг: 5.0/2
Awtoryň başga makalalary

Satiriki hekaýalar bölümiň başga makalalary


Teswirleriň ählisi: 9
0
1 Bagabat  
43
Bäh, @Haweran, gardaş, nireden tapdyň-aý, muny?! Çypbakaý çynym, diňe okanymdan soň birmahallar, müň ýyl mundan ozal şunuň ýaly zatlaram ýazandygym ýadyma düşdi. Şu goýan zadyň teksti özümde-de ýok, dostum. Sag bol könäni ýatladanyňa. Şol döwürler, Kuly kassiriň adyndan başga birtopar şuňa meňzeş çaklaňja zatjyklary ýazyp, "Edebiýat we sungat" gazetine berýändigim ýadyma düşdi. Ondan bäri, tas ýigrimi ýyla golaý wagt ötäýpdir. Ýene-de bir gezek, minnetdar.

0
2 Bagabat  
43
Äý, dostum, gaty beýdip öwübermegin! Bu türkmeni öwüberdigiň bolmaz. Serdar Ataýew bolsa bar ekeni. Birnäçe gezek gazetlerde taryhy makalalar bilen jüpleýin atdaşym çykyş edende: "Senmi şo?" diýip soralan gezekleri bolupdy. Ondan başga-da pedagogika ylymlarynyň kandidaty hem bar, şeýle atly. Ol hem publisistikada köp işleýär. Garaz, ýörgünli at, familiýa. Ýöne, Ahmet agaňka çalymdaşrak aýtmyşlaýyn, häli-häzir-ä çenl-ä şü hekaýaçylykdan tokaý otlap at gazanjak bolýan diňe biri ýaly. Ýöne, öňem bir ýaşulylaň biriniň aýdyşy ýaly: "Äý bu ýoldanam atyňy uzak ýeke çapdyrmazlar-la!"...Şoňa-da şükür! Ýazýanlaryňam, okaýanlaryňam janlary sag bolsun! Esasy zat parahat durmuşda ýazylylyp-okalyp dursa, oňa ýetesi näme bar?!

0
3 Bagabat  
43
Dogrudanam, gowy ýatlatdyň, şolary tapyşdyraýyn-la. Öýde köne mekdep portfeli doly sap-sary kagyzlar üýşüp ýatyr. Içinde-de otlanmaga dözülmän, dürli redaksiýalaryň "derdine ýaraman" yzyna gaýtarylan zatlar köp bolmaly. Şolaryň içinde Kuly kassiriňkilerem-ä bolsa bardyr. Ýöne öňler meniň bir häsiýetim bardy. Neşir edilen islendik çyrşan zadymyň golýazmasyny: "ýer tutup durmasyn" diýip ýok edýärdim. Bilemok, belki neşir edilenlerinden gazetdäki görnüşi galan bolsa...

0
4 Bagabat  
43
Şol kesel-ä hemmämizde-de barmyka diýýärin. Men 13-14 ýaşymda ýetginjek badyhowalygy bilen ilki bir roman ýazdym. biggrin Dogrusy, göwrümi boýunça romandy. Şol mahallar çagadyryn-da, "roman" diýilse galyňlygyna görä ölçelýändir öýdýändirin-dä. Azyndan-a 90 sahypalyk üç sany öýjükli umumy depder-ä boldy. Bir ýyllabam iş edinipdim. Olam her iki öýjük setirine üç setirlik ownuk ýazgyny sygdyryp ýazylandy (Depderi tygşytly tutmak üçin). Özem fransuz belletristikasynyň kelläňi pyrlandyryjy täsiri bilen öz oýlap tapyjylygyňdan hem-de duýgularyňdan ýaňa tas serhoş bolup diýen ýaly ýazylan zatdy. Ýazyp bolanymdan soň üstünden bir ýyl geçirip, otladym. Ondan soň aradan çykan adamyň bikarar ruhunyň dirileriň arasyndan gidip bilmän ejir çekişi hakynda powest ýazypdym. Uly göwrümli. Olam bir uly umumy depder bolupdy. Şonam soň otlapdym...Indem üstünden şunça ýyl geçirip, beýtmeli däl ekendigim-e düşündim. Sebäbi arada şol ýyllarda ýazylan çaklaňja hekaýajyk elime ildi-de, şony täzeden işledim welin, belli bir derejede hekaýajyk bolan ýaly bolaýdy...Emma, indi ýaňky aýdyşyň ýaly, şol otlanan zatlaryň hiç haýsam dolulygyna ýadyma düşmeýär. Bölek-büçek, ygym-sagym galyndylary bolaýmasa...

0
5 Bagabat  
43
Şol ýazylan romanyň adyny aýtsam, gülüp hezil edersiňiz. "Wikont de Montegýunyň başdan geçirenleri" biggrin

0
6 Bagabat  
43
Şonuň ýaly-da, Kömek aganyň Myratgeldi bilen söhbetdeşliginde aýdyşy ýaly, hemmämizem ilki bilen megerem goşgy düzmekden başlaýan bolmaly. Menem iki-üç ýyllab-a iş edinip setir sepläp, kapyýa çeňkläpdim. biggrin  Ýöne Hudaýa şükür, Keremli Alla masgara bolup, öz-özüňi aldap, ile gülki bolmakdan hem-de bolgusyzja zatlary çyrşaşdyran bolup, halal kesbe zeper ýetirmekden gorady. Wagtynda hakyky "şygyr" diýilýän gudratyň nämedigine gözümi açdy. Şondan soňam setir kapyýalaşdyran bolmagy bes etdim. Öň çyrşalan zatlaram oduň demine.  biggrin  Ýöne, şondan ahmyrly galanym şu mahalam käte-käte bildirýär. Hekaýalaryň arasynda birdenkä setirler kapyýalaşyp, bogun ölçegi, söz sazlaşygy herekete girip ugrany özüňe-de bildirmän galýar.  biggrin

0
7 Bagabat  
43
Hakyky, gaty dogry şol aýdylany. Menem wagtynda "goşgy" diýip hasaplaýan zatlarymy ýazmagymy goýdum. 16 ýaşda.

0
8 Ependi  
284
Aýdylan tymsala-ha düşündim biggrin Soňky jümle oýlandyrdy. "Ýagmyr ýaly oglum bolaýsa, menem ýere girmezdim" diýildigi öýdýän bi

0
9 Gumlygelin  
8
Meni gyzykdyran zat roman ýazan ýazyjynyñ ýaşy.13-14 ýaşly oglanjygyñ deñ-duşlaryndan saýlanyp uly göwrümli eser ýazmaga girişmegi täsin...

Teswiri diňe saýta agza bolan ulanjylar goşup bilýär.
[ Agza bol | Saýta gir ]