ÝOMUT ATLARY
Seni batyr mündi, şalar münmedi,
Sen köşgi däl, sähralary bezediň.
Güzerana tetärekler indedi,
Sen hemişe ýoksul bilen bilediň.
Sen ýüregniň baýlygydyň türkmeniň,
Oňa hossar bolup, dolap daşyňy,
Ýow güni men diýen mert ýigitleriň,
Deňinde goýupdyň senem başyňy.
Sen hossardan ileridiň ahyry,
Sen gardaşdan, garyndaşdan artykdyň.
Saňa ýetmän şa atlarnyň ahyry,
Nesibäň giň sähralara dartypdyr.
Säherler ýüzünden togap islänim,
Sen kitap- taryhyň ýowuz hatlary.
Ýazylan synaňa, eý, penakärim,
Hem-de çyn hossarym- ýomut atlary.
10.07.1988 ý.
Öwezdurdy NEPESOW.
Goşgular