21:06 Döwrüñ hem edebiýatyñ gahrymany | |
DÖWRÜÑ HEM EDEBIÝATYN GAHRYMANY
Edebi makalalar
Beýik Watançylyk urşunyñ gazaply meýdany sowet adamlary üçin ägirt uly synag meýdany boldy. Ol meýdan mertligiñ, gahrymançylygyñ, päkize watançylygyñ ajaýyp nusgalaryny ýüze çykardy. Watançylyk urşunyñ söweşlerinde taýsyz gahrymançylyk görkezen Zoýa Kosmodemýanskaýanyñ, Aleksandr Matrosowyñ, Alekseý Maresýewiñ, ýaş gwardiýaçylaryñ, 28 panfilowçylaryñ, türkmen halkynyñ şöhratly ogly Gurban Durdynyñ, komissar Aýytguly Geldiýewiñ we ýüzlerçe beýleki gahrymanlaryñ ady edermenligiñ beýik nusgasyna öwrüldi. Türkmen halkynyñ şöhratly ogly Gurban Durdy Sowet Soýuzynyñ Gahrymany diýen beýik ada mynasyp bolanyna şu ýylyñ 9-njy noýabrynda 40 ýyl doldy. Kyrk ýyl göräýmäge az wagt däl. Bu döwürde ýatlara zat kän. Aýratyn hem, gahryman hakynda döredilen çeper eserler barada ýatlap geçmegimiz gerek. TASS-yñ şol wagtky gazetlerde çap edilen "Sowet Soýuzynyñ Gahrymany Gurban Durdy" diýen habarynda gahrymanyñ edermenligi hakda takyk maglumatlar berilýär. Ol habarda Gurban Durdynyñ goşun gullugyna çagyrylyşy, soñra onuñ söweşde görkezen gahrymançylygy hakda durlup geçilýär. Habaryñ dowamynda Gurban Durdynyñ soñky gahrymançylygy hakda şeýle diýilýär: "Biziñ bölümimize M. raýonyna abanyp duran beýikligi eýelemek buýrulypdy. Öz bölümi bilen Gurban Durdy eýýäm iki gezek hüjüme gidipdi. Biziñ çozuşymyzy duruzjak bolup, faşistler güýçli artilleriýadan ot açýardy. Duşmana hemmeden has golaý ýerleşen kiçi seržant aýgytly hereket etmek isledi. - Bölüm, meniñ yzym bilen! Şol wagt hem snarýadlaryñ biri edil Gurban Durdynyñ ýanynda ýaryldy. Agyr ýara, çydatmaýan agyra döz gelip, aýak üstüne galyp, ol üçünji gezek esgerleri yzyna tirkäp hüjüme gitdi. Aýgytly hüjümiñ öñünde durup bilmän, duşman yza gaçdy. Biziñ bütin halkymyz, mähriban Türkmenistan, Gurban Durdynyñ önüp-ösen ýeri bolan Woroşilow adyndaky kolhoz wepaly ogluna, edermen kiçi seržantyna guwanýar". Sada daýhan oglunyñ, Lenin komsomolynyñ terbiýeläp ýetişdiren hakyky watançysynyñ gahrymançylygy ýurdumyza aýan bolýar. Onuñ şol gahrymançylygy SSSR Ýokary Sowetiniñ Prezidiumynyñ 1941-nji ýylyñ 9-njy noýabryndaky Ukazy bilen resmileşdirilip, oña Sowet Soýuzynyñ gahrymany diýen belent at dakylýar. Gahrymana heniz bu beýik at dakylmanka, ukrain şahyry Iwan Nihoda 1941-nji ýylyñ 6-njy sentýabrynda "Günbatar front" gazetinde ol hakda uly göwrümli goşgy çap etdiripdir. Goşguda türkmen doganynyñ deñsiz-taýsyz edermenligini, gaýduwsyzlygyny guwanç hem söýgi bilen wasp edýär. Soñra türknen ýazyjy-şahyrlary gahryman hakda ençeme eser döredýärler. Hemme wagtda bolşy ýaly poeziýa aktiwlik, işeññirlik görkezýär. Urşuñ ilkinji günlerinden başlap, haýyn duşmana möçbersiz ýigrenç bilen nälet okaýan, sowet halkynyñ adalatly işiniñ dabaralanjakdygyny aýan edip, gowy goşgular ýazan şahyrlara Gurban Durdynyñ gahrymançylygy aýratyn joşgun hem ylham berýär. Durdy Gylyjyñ "Gurban Durdy", Ata Salyhyñ "Kabul et menden", Ata Köpek Mergeniñ "Gahrymana", Nury Annagylyjyñ "Gahrymanymyz" ýaly waspnamalary, Gara Seýitliýewiñ "Gahrymana ýadygär", Şaly Kekilowyñ "Şöhrat", Rehmet Seýidowyñ "Gahryman ýigit", N.Pommanyñ "Şiri sen", Towşan Esenowanyñ "Gahrymana", Akmyrat Çarygulyýewiñ "Batyr ýigide", Ahmet Ahundow-Gürgenliniñ "Geldi", "At eýlediñ" ýaly göçgünli odalary, Ýakup Nasyrlynyñ "Gurban Durdy", Berdi Soltannyýazowyñ "Beýik halkyñ guwanjydyr", Kemal Işanowyñ "Gutly bolsun" ýaly balladalary, Aman Kekilowyñ "Ölüm penjesinden", Beki Seýtäkowyñ "Täze Görogly" diýen uly bolmadyk poemalary we birnäçe beýleki şahyrana eserler bütin halkyñ adyndan gahrymana watançylyk söýgüsi hem gutlagy bolup ýañlanýar. Diñe bir türkmen şahyrlary bolman, ukrain şahyry Agata Turçinskaýa hem "Gurban Durdy", rus şahyry Boris Şuwalow "Gurban Durdy hakynda" diýen minnetdarlyga ýugrulan goşgularyny ýazýarlar. Şol şahyrana eserleriñ uly topary şol wagt - 1942-nji ýylda "Biziñ gahrymanymyz" at bilen özbaşdak kitap edilip çykarylýar. Olary Beki Seýtäkow ýygnap, çapa taýýarlaýar. Kitaba otuz awtoryñ eseri girizilipdir. Şol sanda G.Seýitliýewiñ terjimesinde A.Turçinskaýanyñ, B.Seýtäkowyñ terjimesinde B.Şuwalowyñ eserleri-de şol kitaba ýerleşdirilipdir. "Biziñ gahrymanymyz" kitaby ordenli halk şahyry Ata Salyhyñ goşgusy bilen açylýar. Şahyr mesnewi formasynda ýazylan uly bolmadyk goşgusynda "Türkmeniñ ýetişen mertleriñ merdini" gyzgyn mübärekläp şeýle diýýär: Sowet Soýuzynyñ Gahrymany sen, Watan üçin gaýgyrmadyñ jany sen Halkynyñ içinde artdy şöhratyñ, Taryh depderine ýazyldy adyñ Ata Salyh diýer haýyşym senden Bolşewik salamyn kabul et menden! Ata Salyhyñ goşgusyndaky şirin labyzly gutlag, ordenlu halk şahyry Durdy Gylyjyñ goşgusynyñ hem esasy özenidir. Başga bir goşgusynda "Duşmana gülledir sakgalym-murtum" diýip, watançylygyny janyndan syzdyran goja şahyr gahrymabyñ edermenligine begenip, iki bolup bilenok. Goşgynyñ ilkinji setirlerinden başlap, guwançly gutlag ahyryna çenli möwç alýar. Ine, onuñ aýry-aýry setirleri: Döräp Türkmenistandan Ýetişen Gurban Durdy. Geýnip demir donun Atyşan Gurban Durdy. Durdu Gylyç aýdar ösdüñ, Duşmany ýere basdyñ, Belentdir seniñ dessiñ Salam, Gahryman dostum, Ýoldaşym Gurban Durdy. Duşmana bolan ýigrenç, ýeñşe bolan beýik ynam, ruhubelentlij hem şähdaçyklyk goşgynyñ süññüne ornapdyr. Bu bolsa şol döwür edebiýatynyñ esasy alamatlarydy. Watançy şahyrlar döwrüñ ruhuna hem talabyna turuwdan wepaly boldular. Gurban Durdy barada ýazylan eserlerde göçgünliligiñ agdyklyk edýänligi kanunydyr. Munuñ özi halkynyñ, Watanynyñ islegine laýyk iş bitiren gerçegiñ üstünligine şatlanmakdan gelip çykýardy. Şol guwanç esgerlerde batyrlyk, watançylyk duýgusyny oýarmaga hyzmat etmelidi. Gara Seýitliýewiñ "Gahrymana ýadygär", Şaly Kekilowyñ "Şöhrat" eserlerinden hem şol hakykat eşidilýärdi. Uly göwrümli odanyñ soñky bentlerinde G.Seýitliýew şeýle ýazýar: Duman bolup gatyşanda iki serhet arasy, Dagy-daşy titredipdir gahrymanyñ nagrasy, Taryp etse bu gün ony öz iliniñ Garasy, Bökdemändir bu ýigidi ýedi gülläñ ýarasy Şeýle ynsan mert dogupdyr, merdana gaýrat bilen. Oýna ylham, oýnadykça eşitsin älem-jahan, Göroglynyñ topragyndan döredi bir gahryman. Hem Watana wepaly ol, hem halkyna mähriban Şa eser dek şöhrat tapyp, ýaşajakdyr her zaman, Millionlaryñ ýüreginde söýgüli hormat bilen. Gahryman Gurban Durdy barada ýazylan şol goşgularyñ içinden eriş-argaç bolup geçýän mazmun sowet watançylygyna eýlenendir. Milli goşgy düzülişiniñ dürli formalarynda ýazylan şol eserler milli reñkler, milli añlatmalar bilen bezelip, sowet watançysynyñ bitiren işiniñ internasional häsiýetini, maksadyny aýdyñlygy bilen okyja ýetirmäge hyzmat edýärdi. Goşgularyñ köpüsinde gahrymanyñ, halkyñ taryhynda edenli işler bitiren edermenlere, batyr ärlere deñelmegi hem ýöne ýerden bolman, döwrüñ öñe süren syýasatyna laýykdy. Bu diñe bir türkmen edebiýatynda bolman, bütin sowet edebiýatynda şeýledi. Doganlyk halklaryñ her biri öz ogul-gyzlaryny söýgüli ideallaryna deñeşdirmäge, şolaryñ watançylygy bilen terbiýelemäge çalyşdylar. Goşgularda Gurban Durdynyñ Görogla, Keýmir köre, Ýusuba, Ahmede, Döwletýar bege we beýlekilere deñeşdirilmegi hem şonuñ üçindir. Muña köp mysallary getirse bolar. Türkmen edebiýatyny toplamakda, öwrenmekde taýsyz hyzmatlar bitiren edebiýatçy alym, frontçy şahyr Ahmet Ahundow-Gürgenli gahryman hakda iki goşgy ýazypdyr. Olaryñ biri murapbag, biri gazal formasynda. Şahyryñ gazaly dolulygyna biziñ ýokarkt pikirimize kepildir: Merhaba, eý türkmen ogly, sen ajap at eýlediñ, Gylyjyñ syryp bu gün köñlüm meniñ şat eýlediñ, Zalymyñ zarbasyndan köñlümde ýygnalmyşdy düwün Sen ony weýran edip, derdini berbat eýlediñ, Sen Görogly neslisiñ - aslyña dil ýetmez seniñ Göýäki Keýmir kimin ganyma perýat eýlediñ. Ýusup-Ahmet, Bamsy Birek, Depegözüm senmisiñ, Şol goçaklar zoruny bu günki gün ýat eýlediñ. Gan döken, ülke ýykan Hysrawy-Perwiz Gitlere, Şol şirin Watan üçin özüñi Perhat eýlediñ. Görşümiz ýaly, şahyr taryh boýy halkyñ uly söýgüsi bilen ýaşaýan gahrymanlary ýatlap, halk söýgüsi bilen öz gahrymanyny mübärekläp, şol bir wagtyñ özünde-de "gan döken, ülke ýykan" zalymlaryñ mysalynda-da faşizmiñ ganhor serkerdesine tükeniksiz nälet okaýar. Şonuñ üsti bilen hem wagşylaryñ, adalatsyz zalymlaryñ hemişe nälete laýykdygyny düşündirýär. Gurban Durdynyñ obrazy şol wagtlat tylyñam, frontuñam tälim beriji gahrymançylykly obrazyna öwrüldi. Şeýle bolansoñ "Türkmen frontçularyna türkmen halkynyñ hatynda" hem şeýle sargyt jümleleri ýazylypdyr: "Gyzyl esger! Sowet Soýuzynyñ Gahrymany Gurban Durdy ýaly söweş!.. Goý, seniñ bir okuñ-da hata gitmesin..." Frontçy žurnalist şahyr Annaguly Mämmetgulyýew tarapyndan ýazylan "Frontçy türkmenleriñ türkmen halkynyñ hatyna jogabynda" şeýle setirler bar: Sowet Soýuzynyñ Gahrymanlary Gurban Durdy, Ataýew dek zorlar bar. Ot içinde önüp-ösen gahryman Tahyrow dek çyn gaýduwsyz şirler bar. Şunuñ özi hem onuñ obrazynyñ döwrüñ legendarlygyna öwrülendigini alamatlandyrýar. 1942-nji ýylda "Sowet Soýuzynyñ Gahrymany Gurban Durdy" diýen listok çykarylyp, söweşýän goşun bölümlerine ýaýradylýar. Bütinsoýuz ýaşulysy M.I.Kalinin edermen komsomollaryñ şahsy göreldesi hakda söz açýan işleriniñ birinde Gurban Durdynyñ edermenligi hakynda ýatlap geçýär. Gahrymanyñ bitiren işiniñ terbiýeleýjilik ähmiýeti, mazmuny barada ol baradaky eserleriñ köpüsinde nygtalýar. Gurban Durdynyñ gahrymançylygyny şahyrana detallar bilen, watançylyk mazmun bilen wasp etmek Hoja Şükürowyñ, Ata Köpek Mergeniñ, Çary Gurbangylyjowyñ, Durdy Agamämmedowyñ, Kemal Işanowyñ, Anna Kowusowyñ we beýlekileriñ goşgularyna-da häsiýetlidir. Beki Seýtäkowyñ uly bolmadyk "Täze Görogly" atly sýužetli eseri iki bölümden ybarat bolup, şahyr birinji bölümde Gurban Durdynyñ urşa çenli durmuşyny, Çöñür obasynyñ adamlarynyñ ony uly ynam bilen goşun gullugyna iberişini gürrüñ berýär. Ikinji bölümde bolsa gahrymanyñ söweş meýdanyndaky edermenlikleri suratlandyrylýar. Poemada şahyryñ watançylyk duýgusy bilen gahrymanyñ edermenliginiñ beýany utgaşyp gidýär. Şeýle mazmunly häsiýetnamany eseriñ ençeme setirlerinden okaýarys: Ähti ýalan duşman çozan gününde, Ol bürgüt parlady asmana galdy. Ötgür dyrnaklaryñ, polat penjesin, Duşmanyñ eýmenji başyndan saldy. Ganly söweşlerde gatnaşdy Gurban, Şir ýaly topuldy duşman üstüne, - Watan üçin - diýip, ol öñe sürdi Ganhorlary sokup ýeriñ astyna. Aman Kekilowyñ "Ölüm penjesinden" atly poemasy beýleki poetik eserlerden tapawutlyrak bolup, onda şahyr gahrymanyñ esgerlik hem söweş ýoly hakda giñräk gürrüñ bermäge çalyşýar. Poema tutuşlygyna dartgynly pursatlaryñ beýany bolup çykypdyr. Leýtenant Olisaşwiliniñ ilki tabşyryklaryndan başlap, Gahrymanyñ öz ýoldaşlary Weliýew hen Boçarew bilen razwedka gidişleri, duşmana talañ salyşlary, olaryñ wagtlaýynça duşman eline düşüşleri, duşmanyñ gabawyndan sypyp, dil getirişleri, soñky gahrymançylykly söweşleri poemada gürrüñ berilýär. Poema boýdan başa gahrymançylykly äheñ bilen beýan edilýär. Gahrymanyñ edermenligi bilen birlikde, mährem sowet Watançylygy, sowet adamlarynyñ ähli ýeñişleriniñ daýanjy bolan bozulmaz doganlyk-dostluk eseriñ içinden eriş-argaç bolup geçýär. Şahyr Gurban Durdynyñ durmuşda bolşy ýaly, belent adamkärçiligini, adamlara mähirli dünýä garaýşyny uly höwes bilen ýazýar. Onuñ gaýduwsyz watançylygyny bolsa duşman ofiserlerine beren sözleri bilen delillendirýär: Soragyña jogap, eşit, kapitan, San ýeterden kändir Sowetde goşun. Berkitmesi hem ýaragy güýçlüdir Halka gurap alar duşmanyñ daşyn. Biri barabardyr barça faşiste Söweşe girende şirlerin şiri. Topulanda meñzär algyr guşlara Ganym duşmanyny sypdyrmaz diri. Sowet Soýuzynyñ marşaly R.Ý.Malinowskiý Beýik Ýeñşiñ 20 ýyllygynyñ baýram edilýän günlerinde Gurban Durdynyñ gahrymançylygy hakda:"Dünýä kiçi seržant Gurban Durdy hakynda bilmelidir. Top okunyñ bölegi onuñ eline agyr ýara salypdyr - eli ysgynsyz ýagdaýda, diñe damarlardan asylgy durdy. Agyr ýaraly elini bedenine gysyp, Gurban Durdy öz bölümini hüjüme alyp gitdi we diñe söweşden soñ sançasta ugrady" ("Молодой коммунист" žurnaly, N"4, 1965) diýip ýazypdy. "Gyzyl Goşunyñ Stalingrady goraýan türkmen esgerlerine Türkmenistanyñ zähmetkeşleriniñ ýüzlenmesinde" şeýle ýazylypdyr:"Nemes faşistlerini gün saýyn barha ýok edip, bir ädim-de yza çekilmän, faşistik ýezitleriñ garşysyna jan aýaman, türkmen halkynyñ şöhratly ogly, Sowet Soýuzynyñ Gahrymany Gurban Durdy ýaly dogumly we başarjañ söweşiñ!" Öz gezeginde Stalingrady goraýjylar hem ýüzlenmä jogaplarynda:"Türkmen halkynyñ şöhratly ogly, Sowet Soýuzynyñ Gahrymany Gurban Durda biz ähli türkmen halky bilen birlikde guwanýarys. Onuñ edermenligi bizi gitlerçilere garşy söweşlerde ruhlandyrýar" diýip, guwançly sözlerini ýazdylar. Gahrymançylygy sosialistik Watanymyzyñ ähli ýerinde aýan bolan Gurban Durdy barada gyrgyz şahyry Guwançbek Mälikow hem ulu göwrümli goşgy ýazypdyr. Şahyr türkmen halkynyñ geçmişi, gahrymançylykly işler eden ata-babalary hajda beletlik bilen gürrüñ berip, ol halkyñ göwsünden ähli halk işinde uly goşant goşan gerçek ýigidiñ dörändigine çäksiz guwanýar. Eseriñ bir ýerinde: Tolgunýan, tolgunýan, begençden ýaña Kalbymdaky mähir alaw ýalydyr. Mähribanym Gurban Durdy barada Meñ ýüregim aýdymlardan doludyr- diýip, guwanjyny äşgär edýär. Bular hem hemmesi däl. Gahryman baradaky şahyrana eserleriñ köp dörändigini aýdypdyk. Gurban Durdy barada ençeme proza, drama eserleri-de döredildi. Şol döwürde ilki bolup ýazyjy Berdi Kerbabaýew "Düýnki kolhozçy, bu günki Gahryman" oçerkini ýazýar. Soñ şonuñ esasynda ýazyjy "Gurban Durdy" powestini döredýär. Şeýle-de şol at bilen gahrymançylykly pýesa ýazyp, onuñ obrazyny sahnada janlandyrýar. Ýazyjy Agahan Durdyýewiñ "Watan Gahrymany" hekaýasy-da, Beki Seýtäkowyñ "Gahryman" oçerki-de, Gurban Durdynyñ söweş ýoly hakda söhbet açyp, öz döwründe uly ähmiýete eýe boldy. Gahrymanyñ söweş ýoly, soñky durmuşy-da döredijilik adamlarynyñ ünsüni çekip durdy. Bu barada söweş ýollaryny geçen frontçy jurnalist hem ýazyjy, respublikanyñ at gazanan medeniýet işgäri Aşyr Nazarowyñ hyzmatyny ýörite belläsimiz gelýär. Aşyr aga ilki gahryman hakda "Esger hakda kyssa" atly kiçeñäk oçerk ýazdy. Soñra ony dürli taraplaýyn giñeldip, "Edermenlik" eserini döretdi. Özbaşdak kitap edip, okyjylara ýetirdi. Ýazyjy Mihail Gorbaçýewiñ "Dost tutunyp gatnaşsam-da köp bilen" atly baý materially ýatlama-oçerkinde-de gahrymanyñ şu günüñ talaplaryna laýyk gelýän edebi obrazy döredildi. Şahyr Italmaz Nuryýewiñ "Rowaýatdan rowaýata" ballada-goşgusy-da gahrymanyñ waspyna bagyşlanan şowly eserleriñ biri boldy. Gahrymançylykly keşbi rowaýat-legendalaryñ gahrymanlary ýaly zamanadaşlarynyñ añyna ornan Gurban Durdy gahrymançylygyna mynasyp, abraýly, şöhratly durmuş ýoluny geçdi. Ol uruşdan soñ instituty, soñra aspiranturany tamamlap, tä ömrüniñ ahyryna çenli respublikanyñ Döwlet taryh muzeýiniñ direktory bolup işledi. Medeni frontuñ işeññir esgeri bolup, göreldeli durmuş ýoluny geçdi. Respublikamyzyñ hökümeti gahrymana "Türkmenistanyñ at gazanan medeniýet işgäri" diýen hormatly ady dakdy. Halkymyzyñ söwer ogly şeýle hormatlara mynasypdy. Arman ol biziñ aramyzdan juda ir gitdi. Ýöne gahrymanlar ölmeýärler. Halkyñ eziz ogullary hemişe onuñ göreşlerinde, beýik ýeñişlerinde ýaşaýar. Döwrüñ hem edebiýatyñ söweşjeñ gahrymany bolan Gurban Durdy hem şol ogullaryñ hataryndadyr. 1981 ý. Begmyrat USSAÝEW. # söwesjenpoeziya | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |