11:11 Edebi tankydyñ esgeri | |
EDEBI TANKYDYÑ ESGERI
Edebi tankyt
Türkmen edebi tankydynyñ ösüş etaplaryna seredeniñde, Saýlaw Myradowyñ hyzmaty özboluşly sahypalary eýeleýär. Saýlaw Myradow çeper döredijiligiñ bu uçursyz agyr hem hysyrdyly, şonuñ ýaly-da örän jogapkärli hem hormatly žanryna altmyşynjy ýyllaryñ başlarynda, heniz studentlik partasyndan saýlanyp-saýlanmanka baş goşupdy. Onuñ ownukly-irili kitaplara resenziýalary, edebi çekişmelere hyjuwly seslenmeleri bu gujurly zehiniñ ady bilen şol ýyllaryñ gazet-žurnallarynyñ sahypalarynda häli-şindi çykyp durýardy. Soñabaka S.Myradow bu ugruñ ygtybarly awtorlarynyñ birine öwrüldi. Ol hemişe gürrüñçilikde: "Rast, okyjy saña ynanýarmy, sen şol ynama şikes ýetirmeli dälsiñ" diýen pikiri öñe sürerdi. Özi hem şol pikire ömrüniñ ahyrky pursatlaryna çenli hyzmat etdi. Saýlaw Myradow biziñ günlerimiziñ iññän sowatly we talap ediji okyjysynyñ, juda arassa ynanjyñ bilen gürlemeseñ, gürrüñsiz ýazgarjakdygyna düşünýärdi. Şony maslahat berýärdi. Şonuñ üçin hem onun ady hormatlanýan edebi tankytçylaryñ arasyndady. Saýlaw Myradowyñ edebi-tankydy döredijiligi köp taraplydyr. Ol çeper edebiýatyñ ähli žanrlary hakda öz pikiriñi düýpli, derñewli aýtmagy başarýardy. Tankytçy poeziýa, proza, dramaturgiýa ýaly çeper edebiýatyñ esasy žanrlary hakda, publisistika hem çagalar edebiýaty barada şeýle hem edebi tankydyñ hut özi dogrusynda ençeme düýpli, ynandyryjy makalalar ýazdy. Şol makalalaryñ ençemesi tankytçynyñ "Edebi çekişmeler", "Poeziýanyñ ädimleri", "Taryh. Edebiýatyñ taryhylygy", "Durmuş bilen aýakdaş" ýaly türkmen edebiýatynyñ meselelerine bagyşlanan kitaplarynda okyjylara gowuşdy. Saýlaw Myradow klassyky-edebi mirasy öwreniji hökmünde-de wagtal-wagtal ýazan ownukly-irili makalalary bilen birlikde "Asyrlaryñ jümmüşinden", "Zelili" ýaly kitaplary arkaly-da bu ugurda-da düýpli yz galdyrmaga ýetişdi. Ol soñky ýyllarda çeper döredijilik bilen hem yzygider gyzyklanyp başlady. S.Myradowyñ tomaşaçylarda gyzyklanma döreden birnäçe drama eseri, "Saýgaklar" romany onuñ bu ugurdaky ukybyny kepillendirýär. Elbetde, bu işleriñ köpüsi, dogryñy aýdanyñda, onuñ öz güýjüni synap görmesidi. Ýöne S.Myradow haýsy ugurda iş alyp barsa-da, ol sözüñ doly manysynda hakyky realistik düşünjeli, çeýe ynançly edebi tankytçydy. Ol hemişe edebi durmuşyñ içinde bolansoñ, onuñ jedelli meselelerine örän işjeñlik bilen gatnaşýardy. Şeýle usul bilen dörän ençeme uly bolmadyk makala - resenziýalary, edebi çykyşlary metbugat sahypasynda galdy. Onuñ kitaplarynda ýerleşdirilen düýpli işleri, edebi-döredijilik keşpleri (şeýle ugra ol soñabaka köpräk üns berdi) problemalaýyn häsiýete eýe boldy. Bu eserleri onuñ döredijilik işine juda ezberleşendigini, dünýägaraýşynyñ kämil derejelere ýetendigini, syýasy pozisiýasynyñ örän berkdigini her bir okyja seredilýän döwrüne, seredilýän, gozgalýan meselä degişli ýeterlik maglumat alyp bilýär. Munuñ özi bolsa makalalaryñ düýpli problemalaýyn häsiýete eýedigini kepillendirýär. 1986-njy ýylda "Literaturnaýa gazetada" türkmen edebi tankydynyñ ýagdaýy barada Sergeý Nikiforowyñ "Käbir pikirlere gyzygyp" atly düýpli meseleleri, esasan, dogry gozgaýan makalasy çap edildi. Makalanyñ uly gyzyklanma döredendigi gizlin däl. Awtor makalanyñ iñ soñky jemleme abzasynda şeýle bir pikiri öñe sürýär: "Gürrüñ analiz edýän synçylyk eleginden geçýän işler hakda barýar. Respublikanyñ edebiýat metbugatynda häzir ýetmeýän zat şol". Edil häzir munuñ bilen ylalaşmazlyk mümkin däl. Ýöne şeýle häsiýetli işler biziñ edebiýatymyzda az ýazylmandy. Şolaryñ hem aglaba köpüsi S.Myradowyñ galamyna degişlidir diýsek, ýalñyş bolmaz. Bu häsiýet onuñ ähli kitaplarynda-da bardy. Aýratyn hem "Durmuş bilen aýakdaş" kitabyndaky makalalar dolulygyna şol usulda ýazylypdyr. Arman, şol eserler az sanly ekzemplýarda çap edilip, okyjylara doly ýetmän galdy. Şol eserler rus dilinde-de çap edilip, bütinsoýuz okyja-da ýetirilmäge doly laýykdyr. S.Myradowyñ galamy aýry-aýry žanrlarda has ötgür boldy. Bu babatda onuñ poeziýa žanryna degişli makalalary aýratyn ünsüñi çekýär. Tankytçy muña yzygider ýüzlendi hem özüniñ pikirlerini aýtmagy başardy. Onuñ esasy zehini şu ugurda açyldy diýsek ýalñyşmarys. Adatça poeziýa hakda, onda-da liriki poeziýa hakda makala ýazmaga her bir edebiýatçy höwesek bolup durmaýar. Onuñ hem özüne ýeterlik sebäbi bar. Poeziýanyñ derñewinde onuñ esasy maksadyny setirleriñ arasyndan okamaly, şahyryñ garaýyşlaryny şol ýerde "paş etmeli". Bu zeýilli derñewe her bir edebiýatçy ukyply bolup duranok. Saýlaw Myradow bolsa bu ugurda has ezberdi. Onuñ "Poeziýanyñ ädimleri" atly kitabyna ýerleşdirilen makalalarynyñ gymmaty sözümize doly kepildir. Tankytçynyñ 20-30-njy ýyllaryñ poeziýasyna nazar aýlaýan "Iki ugur" makalasynda-da, şol döwürleriñ poeziýasyny döretmäge sebäp bolan, itergi beren taryhy hakykatyñ tebigatyna aralaşýar. Şol makalalaryñ obýekti bolan şol şahyrana eserleriñ ruhuna, matlabyna, galyberse-de, bitiren hyzmatyna baha berilýär. Bu onuñ öz usulydyr. Poeziýanyñ syýasy-publisistik eserleri hakda, aýry-aýry ýörgünli temalara bagyşlanan eserleri hakda dürli edebiýatçylar az ýazmadylar. Emma soñky onýyllyklaryñ ownuk liro-filosofiki, intim-etiki we käbir beýleki eserleri hakda onçakly kän işler edilip durlanok. Onuñ sebäbi-de öz-özünden düşnükli: şahyrlarda gutarnykly bir şahyrana usul, döredijilik keşp emele gelmese, olaryñ eserlerine baha beribermek ýeñil däl. Emma Saýlaw Myradow bu babatda-da ep-esli işler etmäge, görelde görkezmäge ýetişdi. Ol şu günki döredilýän goşgulara şahyrlaryñ "gündelik hysyrdylary" hökmünde garady. Hut şuña meñzeş atlar bilen hem makalalar ýazyp başlady. Onuñ "Gündelik hysyrdylarymyzyñ gürrüñi", "Durmuşyñ poeziýasy, poeziýanyñ durmuşy", "Ýaşlaryñ poeziýasyna bellikler" ýaly yhlas bilen ýazylan makalalary şol garaýyşlaryñ önümi boldy. Şol makalalaryñ biziñ edebi tankydymyzyñ döwrebaplyk derejesini has baýlaşdyrdy. S.Myradow biziñ poeziýamyzyñ aýry-aýry wekilleriniñ döredijilik keşbini çekýän düýpli derñew-analizli, şahyrana kesgitlemeli, uly göwrümli makalalaryñ hem ençemesini ýazdy onuñ şahyr M.Seýidowyñ ýetmişinji ýyllar töweregindäki liriki poeziýasynyñ aýratynlyklaryny ýüze çykarýan "Beýikleriñ bu-da bir beýikligi, Elmydama saklaýarlar bir tabyn" atlandyran makalasy, Akjemal Omarowanyñ romantiki öwüşginlere ýugrulan soñky ýyllardaky lirikasyna häsiýetnama berýän "Jeýhun ýaly gaýnap-joşdum baharda", olaryñ yz ýanyndaky şahyrana nesliñ soñky ýyllar poeziýasynda ýüze çykan aýratynlyklara, olaryñ şahyrana oý-pikirlerine bagyşlanan "Ýürek sarsgynyndan dörän setirler, Perzent ýaly önýär gara bagyrdan" ýaly makalalary, bularyñ adyndan hem görnüp durşy ýaly, tankytçynyñ poeziýanyñ jadyly, gizlin syrlaryny okyja düşündirmekde, onuñ ruhy sagdynlygyny goramakda şahyrlara hemaýat etmekde hyzmatynyñ az däldigine kepil geçýär. Soñky ýyllarda ezber tankytçy ownuk resenziýalary selçeñlendirdi. Oña derek, biziñ edebiýatymyzda öz döredijilik keşbini görkezmegi başaran, edebi tankytda degerli baha almadyk käbir ýazyjylaryñ döredijiligine köp üns berdi. Olar hakda giñişleýin gürrüñ edip, häsiýetli pikirler aýtmaga çalyşdy. Biziñ edebiýarymyzda düşünjeli yz galdyran Bekge Pürliýewiñ döredijiligine bagyşlanan makalasy-da, Atajan Taganyñ Watançylyk urşy temasynda ýazylan prozasyna bagyşlanan makalasy-da şeýle häsiýetlidir. Tankytçy B.Pürliýewiñ eserleriniñ analizine ýüzlenende onuñ tematiki tarapy, gozgaýan meseleleri hakda güýmenip durmaýar-da, gönüden-gön niýet edişi ýaly, onuñ ruhy dünýäsine aralaşyp başlaýar. Makalada näme hakda gürrüñ gidýändigini, dogrusy, adyndan hem añmak mümkin. Awtor makalany "Sagdyn pähimiñ, ruhy güýjüñ hem arassa ahlagyñ tarypçysy" atlandyrmak bilen, B.Pürliýewiñ tutuş döredijiligine bolan garaýyşlaryny äşgär edýär. Makalada çeper döredijilige poeziýadan, soñra ownukly-irili pýesalar ýazmak bilen başlan, ussat prozaçy bolup ýetişen ýazyjynyñ soñabaka ýene dramaturgiýanyñ zehinli eserlerini döredendigi höwes bilen gürrüñ berilýär. Şu makalany düşünjelilik bilen okan her bir okyjy, hatda Pürliýewiñ döredijiliginden onçakly habary bolmasa-da, ýazyjynyñ döredijiligini ýeterlik derejede göz öñüne getirip biler diýen netijä gelýärsiñ. Diýmek, ýazyjy hakyndaky tankydy makalanyñ özi sungat eseriniñ derejesine ýetirilipdir. Özi-de, bilşimiz ýaly, onuñ gahrymanlarynyñ kämil añ-düşünjesini, ahlak sypatlaryny ökdelik bilen derñemek arkaly şeýle edilýär. Zähmetsöýer tankytçy öz döredijiliginde edebiýatda taryhy-rewolýusiom temanyñ işlenişine öwran-öwran ýüzlenipdi. Bu ugurdan düýpli, çuñ derñewli uly göwrümli makalalar ýazypdy. Hatda onuñ "Taryh. Edebiýatymyzyñ taryhylygy" atly kitaby tutuşlygyna şol meselä bagyşlanan makalalary öz içine alýar. "Durmuş bilen aýakdaş" kitabyndaky "Taryhy hakykat hem ýazyjylaryñ fantaziýasy" atly düýpli makalasy-da olaryñ üstüni ýetirýär. Tankytçy bu işlerinde häzire çenli türkmen edebiýatynda taryhy-rewolýusion tema bagyşlanan powestlerdir romanlaryñ üstünde her taraplaýyn durmagy başarýar. Köplenç ýagdaýda ol eserlerde taryhy hakykat bilen çeper hakykatyń birligini, özara gatnaşygyny açyp görkezmäge çalyşýar. Ol munuñ üçin kän sanly taryhy dokumentleriñ, ylmy işleriñ gatyny dörüp, eserler hakdaky tankydy pikirlerine dogry deliller tapýar. Makalalarda ýazyjylaryñ-da, okyjylaryñ-da göwnünden turup biljek peýdaly öwrediji netijelere gelinýär. Saýlaw Myradowyñ bu temada ýazan makalalarynyñ internasional mazmunynyñ juda baýdygyny ýörite bellemek gerek. Onuñ "Taryh. Internasionalizm", "Taryhy hakykat hem ýazyjylaryñ fantaziýasy" diýen makalalary ýörite planda ýazylandyr. Ol bu makalalarynda Orta Aziýa hem Gazagystan respublikalarynyñ ýazyjylarynyñ ýokarky temada ýazylan eserleriniñ şowly hem şowsuz taraplaryny, çeperçilik gymmatlyklaryny deñeşdirmeler arkaly umumylaşdyryp baha berýär. Şol çeper eserler hakdaly ylmy-tankydy işlere-de, taryhy çeşmelere-de birsyhly ýüzlenip durulýar. Doganlyk halklaryñ ýazyjylaryna, edebiýatçy hem taryhçy alymlaryna uly hormat bilen sala salýar. Işiñ umumy bähbidini goramagy-da ýatdan çykarmaýar. Saýlaw Myradowyñ öz häsiýetinden gelip çykýan, eserlerinde mese-mälim duýlup duran bir hakykaty ýörite belläsimiz gelýär. Ol hem onuñ iññän hakykatçylygydyr. Onuñ üçin eseriñ awtorynyñ kim bolanlygynyñ, edebi gürrüñdeşinuñ kimdiginiñ hiç hili parhy ýok. Ol birjikde çekinmän, diñe hakykaty aýdardy. Pikirler hemişe şowuna düşüp durmasa-da, onuñ öz ynanjy bardy, diñe şeýle edilmelidir. Öz wagtynda onuñ şeýle mazmunly makalalarynyñ birnäçesi Türkmenistanyñ Lenin komsomoly baýragyna mynasyp bolupdy. Tankytçy S.Myradow türkmen sowet edebiýaty hakda işeññirlik görkezişi ýaly, klassyk edebiýat hakda-da öz sözüni aýtmaga ýetişdi. Onuñ beýik Magtymgulynyñ durmuşyna, poeziýasyna bagyşlanan köp hysyrdyly işi "Asyrlaryñ jümmüşinden" at bilen okyjylara gowşupdy. Başga bir uly şahyryñ durmuşyna, döredijiligine bagyşlanan "Zelili" kitaby bolsa watançy şahyryñ 200 ýyllyk ýubileýine uly sowgat bolupdy. Edebi jemgyýetçilik-de, okyjylar köpçüligi-de bu kitaplary söýgi hem hormat bilen garşylap, öz medeni baýlyklaryna goşdular. Gürrüñi edilýän bu kitaplar Türkmenistanyñ Magtymguly adyndaky Döwlet baýragyna mynasyp boldy. Bu bolsa zehinli hem yhlasly tankytçynyñ ýadawsyz zähmetiniñ miwesine berlen mynasyp baha boldy. 1986 ý. Begmyrat USSAÝEW. #edebidurmusymyz | |
|
√ Ýaş şahyrlar we şahyr ýaşlar - 10.01.2024 |
√ Söýginiň tarypy - 14.10.2024 |
√ Amin Maluf we "Empedoklyñ dostlary" - 03.03.2024 |
√ Palestin ýazyjysy Gassan Kanafaniniñ "Haýfa gaýdyp gelmek" hekaýasy hakda - 16.06.2024 |
√ Döredijilikde ideýa meňzeşligi bolup bilermi?! - 07.06.2024 |
√ A.M.Gorkä hat - 19.10.2024 |
√ Aýdyp bolmaýan pikir ýok, aýdyp bilmeýän adamlar bar - 05.12.2024 |